ÇAKYLYK
Nazar gündiziň günortanynda ýatan ýerinden wägirip diýen ýaly oýandy. Turansoňam gözlerini owkalap durşuna esli wagtlap diňşirgenip oturdy.Onýança içerik ejesi girdi. Gele-gelmäne:
- Oglum, ýagdaýlaň gowumy?—diýdi.
- Gowy, eje.
- Gygyryp oýandyň welin...
- Eje, neme...
- Näme, oglum?
- Bet düýş görüpdirin, gorkunç ýerlerem bar.
- Düýşe ynanyp ýörmezler, köşek. Dur, häzir men saňa suw getireýin—diýip, Oguljennet eje daşaryk ýumlukdy, dessine-de gaýdýp geldi:
- Al, suwdan owurtla, aslynda oňarsaň gündizine ýatmazlar.
- Eje, bilýäň-ä ýekeje dynç günüm bar, gyşaraýyn diýdim.
- Meniň-ä ýekeje dynç günümem ýok. Şonda-da gyşaramok. Indi niçe ýyldyr öýüň hysyrdysy bilen günüň-aýyň neneň dolananynam bilemok. Onsoňam, oglum. -- Oguljennet eje ýüregindäkisini aýtdy.—Sen oglan, haçana deňiç öý işlerini meniň bir özüme etdirjek ýörjek? Heý-de munuň soňy bolmazmy? Ýa gartaşan ejeňe haýpyň gelenokmy?
- Wah, eje jan, uzakly gün gydyrdanyp geçireniňe haýpym gelmek däl, ynan, ýüregim awaýar. Hany, sen otur, şu günki işleriň ählisini meniň özüm edeýin.
- Oglum, men bir günüň işini diýemok. Öňem bäş ýyllap okuwa gitdiň, ähli zada döz geldim-ä.Tüweleme, eli diplomly oba dolanyp geldiň, işe duranyňa-da iki ýyl boldy. Özüňdenem bileňok. Bolmasa, maňa rugsat ber, men saňa...Seniň öz işleýän daýhan birleşigiňde-de gyzdan kän zat ýok.
Nazar dymdy. Ejesiniň gürrüňiniň nämäni, niräni tozadýandygyny bilýärdi. Oňa haýpy-da gelýärdi.
--Eje, her işiň öz wagty bar diýýän sen dälmidiň, bu meselede ýene-de azajyk howlukmaly, bolýamy?
--Bolýa, guzym, goý seniň diýeniň bolsun. Munça garaşypdyryn, ýene-de garaşaryn. Ýöne ataň gidensoň,özümi halys ýalňyz duýýan, oglum. Ataň pendem seni öýermekdi, gözli-başly etmekdi. Düşün-ä, saba bilen işe turup gidýäň, gara agşamam öýe dolanýaň. Onsoň menem giden howluda, harabalygy saklap oturan baýguş misli, bir özüm sopbaş halyma içimi hümledip oturýän...
Ine, bar bolany. Düýşli meseleden soňky gürrüň şeýle gutardy.Gutarsa-da gutardy welin, Nazaryň gören düýşi asla onuň aňyndan çykmady. Şonuň üçinem ol wagt tapyp iki ýyl mundan owal öz welaýatyna işe iberilen Gülendamdan habar almak isledi, gyssandy.Munuň üçin oňa telim öwre jaň hem etdi. Näçe jaň etse-de, oňa duşmady. Trubkada her gezek jogap berýänem şol bir tanyş sesli, hemişe bir sözüni gaýtalap duran zenan maşgala boldy: ”Müşderiniň telefony öçürilendir ýa-da ol aragatnaşyk desgasynyň hyzmat ediş çäginden daşdadyr”. Ýogsam Nazaryň telefon belgilerini Gülendamyň özem bilýärdi ahyryn, nämüçindir iki ýylyň içidir bir gezegem jaň edenokdy. Nazary alada basypdy. Gülendam bilen bagly görülen düýşüň hakykata öwrülerinden gorkdy. Ýöne näme, gündelik iş-aladalar bilen oňa el hem degmeýärdi.
Çünleriň birinde welin Nazary iş sapary bilen paýtagtda geçiriljek oba hojalyk önümleriniň sergisine ýolladylar. Üç günläp dowam etjek bu sergiden soňam degişli edaralara baryp, daýhan birleşigine berilýän täze ulaglaryň hatyny-petini düzeltmelidi. Dogrusy, oňa Meretdurdy atly bir ýaşuly gitmelidi. Ol nähoşlansoň, sen şähere belet diýip, Nazara tabşyrdylar. Garaz, pederlerimiz aýtmyşlaýyn, bir okda iki towşan urmalydy. Dogrudanam Nazar paýtagta beletdi. Ol şäherdäki Oba hojalyk uniwersitetinde bäş ýyllap okapdy.
Serginiň ýokary derejede guralyşy Nazaryň göwnünden turupdy. Oňa diňe bir türkmen telekeçileri däl, eýsem daşary ýurtly telekeçileriňem onlarçasy özleriniň öndüren önümleri bilen gatnaşýardy.
Sergide her dürli önümler hatar-hatar edilip goýlupdy. Olaryň hersiniň ýanynda-da bir adam –gözegçi hünärmen goýlupdy. Nazar degirmen bölüminde aýak çekdi. Onuň näzirki görýäni degirmeniň maketi däldi, hakyky degirmen göçürilip getiriläýýän ýalydy. Asyl ol ýokardan yzygiderli akdyrylyp goýlan suw arkaly häzirem uly ses bilen işläp durdy. Adamlaryň gözüniň alnynda guş gursak däneler ap-ak una öwrülip gidýärdi. Nazar üçin bu täzelik däldi. Bu onuň öňem onlarça gezek gören degirmenidi. Bu mahal degirmeniň işleýşini synlap oturan adamlar kändi. Olar degirmençi kilwana her tüýsli sowallar bilen ýäz tutýardy. Kilwan bolsa ýetişibildiginden olara jogap berýärdi. Ýöne şu dara-direlikde kimdir biri oňa: „Halypa, kilwanyň towzasy bolanda näme bolýar?“ diýip, täsin sowaly berdi. Dogrusy, degirmençi kilwan birneme kürtdürip durdy, birbada näme jogap berjegini bilmän töweregine elewredi. Nazar ýagdaýy aňdy-da, orta çykdy:
--Towzaň nämedigini men aýdyp bereýinmi?—diýdi.
Hemmeler aňka-taňka boluşdylar. Hälki degirmençä sowal beren kişi: „Hany aýt?“ diýýän şekilde Nazaryň ýüzüne garady.
--Degirmende galla üwelende degirmençiniň alýan hakyna towza diýilýär.
--Dogry aýdýar, towza kilwan haky. Bize muny Oba hojalyk uniwersitetinde öwretdiler.
Hemmeler adamlaryň arasyndan çykan zenan sesine üşerilip seretdi. Ol başy owadan ýaglykly, egni ketenili daýanykly bir görmegeý gyzdy.
-- Gülendam, bu senmi?—Nazaryň Gülendama gözleri düşende begençden ýaňa ýaşaryp gitdi.
--Nazar!
Olaryň birek-birege nazary düşdi.
--Bä, „Ölme-de ýit“ diýleni. Senem görünjek ekeniň-dä! Asyl baryň-ýoguň belli bolmady seň. Nädip şähere çykyp bildiň?
Nazar Gülendamyň sowallaryna jogap bermegiň ýerine, goýun gözlerini güldürip, şol bir çekinjeňligi bilen gepledi.
-- Senem sergä geldiňmi? Janyň sagmy? Oba-gara gurawmy?
Olar çete çekilip, birek-birek bilen hal-ahwal soraşdylar. Gülendamyň adaty şähtaçyklygy, şo bir alçaklygydy welin Nazar öňkülerinden birneme agras görünýärdi. Onuň garaýagyz ýüzüniň eti çekilipdi hemem garalypdy. Ony Gülendam nazaryndan sypdyrmady. Halyndan habar almak üçinem ondan sorady;
--Sen öýlenen bolmaly!? Aýtsana, nähili gyza öýlendiň? Ýa-da görmedik-tanamadyk gyzyňa öýerdilermi? Eger öýlenen bolsaň, taň edipsiň, toýuňa bäş ýyllap okan ýoldaşlaryňy nä çagyrmadyň?
Nazar dymýardy. Agzyny açsa, sözünde tutulaýjak ýaly, nämeden başlajagyny bilenokdy.
--Neme... men...
--Nazar, näme diliňi ýuwutduňmy ýa-da osalgsyz ýerde duşanyma aklyňy çaşyraýdyňmy?
--Hawa, aklymy çaşyrdym. Asyl iki ýyl bäri nirede, näme işläp ýöreniňdenem habar alyp bilmedim. Men seniň öňüňde günäli. Iş-aladalar bilen, soňam öý-işik, hojalyk aladasy, iki ýyllykda başymy galdyrmaga maý bolmady, senden habar almagy hem ubudypdyryn.Ötünç soraýan.
--Unudypdyryn diýsene. Bolubilýä. Ötünç soramagyň geregi ýok, beýle-beýle ýagdaýlar durmuşda bolup biler. Gülendam şondan soň Nazaryň durmuşynda uly bir täzeligiň bolup geçenine ikirjiňlenere ýer galmady.
--Öz ýagdaýlaň gowumy? Men-ä gaýdyp seni görmenmikäm diýip gorkup ýördüm. Takdyr bizi ýene-de duşurjak ekeni. Onlarça gezek telefon aýlandyryn. Hijisinde-de saňa ulaşmadym. Hatda bir gezek düýşümde görüp, seni biçak alada etdim. Şonda saňa uly howp abanýardy.
--Şükür men sag, iki ýyllap hassa ejemiň ýanynda boldum. Seniň uly howp abanýar diýýäniň hem şol bolmaly. Ol ölüm halynda ýatdy. Bir aýagym işde bolsa, bir aýagym öýde boldy. Yhlasym ýerine-de düşdi, ejem jan, ýolugan derdinden gutuldy, şükür aýaga galdy.
--Gözüňiz aýdyň.
--Sag boluň.—Gülendam hemişekileri ýaly bu gezegem kahha-kahha güldi:-
--Hany, sen gürrüň bersene,seni öýerdilermi, ýa özüň tapdyňmy?
--Nämäniň öýlenmesi? Kimi?
-- Sallah dälsiň-ä!
--Diýdim-ä, iş-aladalar bilen hiç bir zada elim degmedi.
--Çynyňmy?
--Çypbakaý çynym. A sen...
--Menmi, eýse meniň çakylygymy almadyňmy?
--Ýok.
--Dogrudanammy?
--Dogrymy aýdýan, çakylyk-plan almadym.
--Onda garaşyber, ýoldadyr, bir gün alarsyň.
--Ýogsa, seni durmuşa çykarýarlarmy?
--Ýok.
--Onda nämäniň çakylygy?
--Ejem „Ýigrimi bäş ýaş toýuňy uludan bellejek“ diýdi. Menem „Ýoldaşlarymy çagyrsam bolarmy?“ diýdim. Olam çagyr diýdi. Ana, şo toýuň çakylygynam ilki bolup saňa iberipdim.
Nazaryň ýüzi ýagtylyp gitdi.
-- Eýse, doglan günüňe laýyk iki aý bar ahyryn.
--Iki aý nämejik. Toýy toý şekilli geçirjek bolsaň, oňa uludan taýýarlyk görmek gerek.
Nazaryň aňy bulaşdy, gözüniň öňünde nämeleriň bolýanyna düşünmedi. Diňe Gülendamyň kahhalap gülen gülküsi ony özüne getirdi, şo dem egninden basmarlan agyr ýük el bilen syrylyp aýrylan ýaly, ýeňledi.
--Bilýäňmi, näme? Biziň öýmüzde tutuljak toýa diňe men däl, agtyk küýsän ejemem, dogan-garyndaşlarymam, tutuş obadaşlarymam köpden bäri garaşyp ýör.
--Düşünmedim.--Gülendam düşünse-de düşünmezlige saldy.— Olar ýaly bolsa, sen olary garaşdyryp näme etjek!? Derhal, öýlen, näme, gyz gytmy? Olar öz iş ýeriňde-de bardyr.
--Dogry aýdýaň, Gülendam, öýlenmegiň, özbaşdak durmuş gurmagyň zamany geldimikä diýýän. Ýogsam, ejem öýlen-öýlen diýip şu çaka çenli halys gulak etimi iýdi. Iki bolup bu meseläni çürt-kesik etmesek, ol meniň bir özüme başartjak iş däl.
Olaryň gürrüňiniň arasy tapba kesildi. Hä diýmänem sergiň açylyş dabarasy başlandy. Olar şol gün öýlänler talyplyk ýyllarynyň geçen ýerlerine aýlandylar. Şäheriň gözelliklerini synladylar. Hoşlaşanlarynda bolsa, olar ýene-de çakylykly gürrüňlerine gaýdyp geldiler.
--Gülendam, mende bir teklip bar?
--Näme barada?
--Ýigrim bäş ýaş toýuňy durmuş toýy bilen goşaga-da, ony hem biziň öýmüzde uludan belläýsek diýip ejeme sala salsam bolmazmy? Hä, neneň görýäň?
Gülendam jogaba derek Nazaryň agzyna aňkarylyp galdy, dymdy. Dymsa-da dymdy welin,onuň akmeňiz ýüzi şo dem çapady ýaly gyzardy. „Ýüzi gyzaranyň ýüregi ýuka bormuşyn“ diýerdiler garrylar. Gülendamyň ýüzi gyzarmazça-da däldi. Asyl ol baryp talyplyk döwründen geçen soňky tutuş iki ýylyny Nazaryň şu teklibine garaşyp geçiren bolsa näme. Ýöne ol bu barada hiç kesiň, hatda käbesiniň ýanynda-dan dil ýarmandy, bu inçe duýgyny ýüreginiň iň bir çuň ýerinde bukup saklapdy.Gülendam häzirem ýagşydan-ýamandan dil ýarmady,ol ne bolýar diýdi, ne-de bolanok diýdi. Elbetde, bu uzak dymmaklyk Nazaryň peýdasynady, çünki dymmaklyga hemmeler razylygyň alamaty diýip düşünýärler ahyry. Nazaram şu pikirdedi. Bu hakykatdanam şeýledi. Gülendamyň häzirki dymyp oturmasy onuň göwün beren ýigidiniň durmuş gurmak baradaky teklibi bilen bir ýürekden gopandygyna şaýatdy. Soňra olaryň hersi öz obasyna ganat baglap uçup gaýtdy.
Oguljennet eje oglunyň gören düýşüni öňem gowulyga ýorupdy. Oglunyň getiren hoş habaryny eşidensoň-a, aňyndaky iki-baka at salýan soňsuz pikirler ylla suwda gysymlanan duz kimin, pagyş-para eremek bilen boldy. Ogluny gujaklap, ýüz-gözünden öpdi. Şondan soňam onuň bir ýerde oturmaga mejaly bolmady. Toýuny ilden üýtgeşik tutmagyň aladasy bilen örtendi. Şatlygyny goňşy-golamlara ýetirmäge howlukdy. Eýýämden toý üçin gerekli boljak tagandyr gazanlary, güpdür semewarlary toplamagy, bu meselede goňşulara sala salmagy ýüregine düwdi.
Toý tutuljak habary uly oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Şol gün Oguljennet ejäniňkä gözüň aýdyňa gelenleriň yzy üzülmedi.
Hekaýalar