17:22 Çal möjegiň işden kowluşy / satiriki hekaýa | |
ÇAL MÖJEGIÑ IŞDEN KOWLUŞY
Satiriki hekaýalar
Ýanymyzdaky çagalar bagynda terbiýelenýän alty ýaşly oglumyz Döwran bize çakylyk hatyny getirdi. ― Kaka, bagymyzda Täze ýyl baýramy bolýar. Şoňa ejeňizem, kakaňyzam, doganlaryňyzam alyp geliň diýdiler ― diýip, oglum bize begenip aýtdy. Biz bir süri bolşup, çagalar bagynyň bezelgi zalyna bardyk. Hemmeleriň ruhy belent, baýramçylyk keýpi bilen ýürekler jeýhun bolup möwç urýardy. Ortarada bezelgi beýik ýolka lowurdap otyrdy. Çür başyna bäşýyldyz berkidilipdir. Biri-birinden owadan jäjeklerden ýaňa şahalarda barmak basara ýer ýokdy. Çagalaryň gowrundan ýaňa ýaňlanyp duran giň zala birden ümsümlik aralaşdy. Çep eli uly haltaly, sag eli ujy tommaýly uzyn taýakly, sakgaly guşaklygyna düşüp duran, biri orta çykdy. Hiç kimden ses-üýn ýok. Ýaňky Aýaz baba söze başlady: ― Salam çagalar! ― diýip, ol zaly ýaňlandyryp gygyrdy. ― Salam! ― diýşip, çagajyklar başly-baradrak jogap berdiler. ― Sizi ýetip gelen 1981-nji ýylyň Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn ― diýip, Aýaz baba taýagyna söýenip duran ýerinden bizi gutlady. ― Sag boluň, Gözel Amanowna! Sizem gutlaýarys! ― diýip, ekabyrrajyk gyzlardan biri ýerinden turup aýtdy. Zaldakylar gülüşdiler. ― Oglanlar, ol-a Aýaz baba däl, ol biziň müdirimiz Gözel Amanowna ahyry ― diýip, horja oglan gygyrdy. ― Çagalar, ýuwaş! ― diýip, Aýaz baba taýagyny taýly gezek parkete düňküldedip urdy. Emma gowur köşeşmedi. Amanownanyň döredýän Aýaz baba obrazy çagalara ýaramady öýdýän. Hany, soňuna syn edeli nämeler bolarka. ― Çagalar, men size Täze ýyl sowgadyny getirdim! ― diýip, Gözel Amanowna ― Aýaz baba içi zatdan doly giň haltany oturanlara görkezdi. Zaldakylar dymdylar. ― Ynha, içi sowgatly şu haltany bilýäňizmi kimiň getirendigini, muny Symrug diýen guş çüňki bilen siziň üçin alyp gelipdir ― diýip, Aýaz baba çyna berimsiz edip aýtdy. ― Ol-a biziň öz bagymyzyň prostynýasyndan tikilen halta ― diýip, tokgaja, garaýagyzja oglan ýüzüne künji sepilen ýaly çyparja gyzjagaza seretdi. Dogrudanam, haltanyň birküç ýerinde gara tuş bilen ýazylan nomur basylan ştamp mese-mälim görnüp durdy. Şindiki çagalary erteki bilen güýmejek, hakykatdanam kyndy. Gözel Amanowna aljyrady. Ol uludan demini aldy-da: ― Ine, çagalar, size Täze ýyl sowgady! ― diýip, haltanyň bagyny çözüp, agzyny açdy. Çagalar el çarpyşyp, hezil edinip gülüşdiler. Çünki haltada towşan bar ekeni-de, ol çykjak bolýardy. Şol barmana-da ýaňky towşanyň ýüzüne geýen maskasynyň ýüpi üzüläýdi. Boldy bir gülki, turdy bir şowhun, heý ýöne goýaý, çagalar zaly göçüräýjek bolýardylar. ― Salam, Dürli Hanowna, baýramyňyz gutly bolsun! ― diýşip, çagalar towşany hor bolşup gutladylar. Terbiýeçi Dürli Hanowna bolsa näderini bilmän aljyrady. Maskasyny bir eli bilen ýüzüne tutup, ýolkanyň düýbündäki çatmajykda gizlendi. Ssinari boýunça-da towşan haltadan çykyp, çatmada gizlenmelidi. Ýöne weli, maskanyň bagynyň üzülmegi bir säwlik bolupdy. Ses, gowur-galmagal ýatyşdy. ― Çagalar, häzir şu ýere ertekidäki Akpamyk gelmeli! ― diýip, Aýaz baba habar berdi. Şeýle diýip, Gözel Amanowna tommaýly taýagy bilen parketi üç gezek düňküldetdi. ― Karam-kuram, bum, paf! ― diýip, Aýaz baba bir zatlar sanaşdyrdy-da, Akpamygyň gelmeli tarapyna seretdi. Emma garaşylan netije çykmady. Aýaz baba aljyrap: ― Paf-puf, hüş! Karam-kuram! ― diýip, parketi deşere getirdi. Şonda-da Akpamyk gara bermedi. ― Gözel Amanowna, Akpamyk öňräjik magazinden bir çüýşe alyp gelýädi ― diýip, gözi äýnekli ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk çyny bilen aýtdy. «Oglanly öýde ogurlyk ýatmaz» diýleni-dä. Muňa-da, zaly başlaryna geýip, çagalar gülüşdiler. Gözel Amanownanyň gahary geldi, ol uzak garaşyp bilmedi. Çalt-çalt ýöräp, zaldan çykyp gitdi-de, esli salymdan Akpamygy aldy geläýdi. ― Çagalar, Akpamygy ýaňy ýolda ak döw bilen gara döw goýbermän saklapdyr! ― diýip, Aýaz baba oturanlara ýüzlendi. Çagalar el çarpyşyp, täsin ertekiniň gahrymanyny gutladylar. ― Çagalar, häzir men ýolkanyň çyralaryny gudrat bilen ýakjakdyryn! ― diýip, Aýaz baba taýagyny pola urmaga taýynlyk gördi. ― Karam-kuram, buş, paf-puf! ― diýip, Gözel Amanowna jaýa pürs edäýmeli äpet taýagyny parkete bäş gezek urdy. ― Puh! Puf! ― diýip, ýene iki gezek parkete batly-batly kakdy. Ýok, eger-eger, çyralar ýanmalydyryn öýdenokdylar. Sekuntlar yzly-yzyna geçişip durdular. Gözel Amanowna aljyrady. Aýaz baba çykgynsyz ýagdaýa düşdi-de, Akpamygyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Olam «Bolar, bolar» diýen äheňde zol başyny atýardy. Gözel Amanowna çagalara ýüzlendi. ― Çagalar, görýäňizmi ak döw bilen gara döwüň erbetdiklerini, biziň çyramyzy ýanmaz ýaly edäýipdirler-dä, ol namartaýlar ― diýip, Aýaz baba zaldakylara seretdi-de, ýalandan ýylgyrdy. Emma onuň häzir gülesi gelenokdy, özi döwe öwrülip bilse, Akpamygy derrew lak-luk atasy gelýärdi. ― Gözel Amanowna, döw toga hiç zat edip bilmeýär ― diýip, bir gyzjagaz gygyrdy. ― Rele işlänok ― diýip, tokgaja oglanjyk pikirini aýtdy. ― Göneldiji blokdaky kenotron köýendir! ― diýip, has ekabyrrak oglan zaly ýaňlandyryp gygyrdy. ― Ýarym geçirijini žiklýoryň massasyndan daşrakda goýandyrlar ― diýip, uly adamlardan biri degişip aýtdy. Akpamyk birden yzyna öwrüldi-de, gitmek bilen boldy. Şol wagtam onuň aýagyna toguň simi ildi. Gürp-tarp! Zaldakylar pakyrda berdiler. Akpamyk ýykylan wagty jöwher keteniden tikilen köýnegiň etegi serpilip aşagyndan göwşüllän jinsi jalbar göründi. Akpamygyň jübüsinden «Tu-134» çilim bilen bir gap otluçöp pola gaçdy. Ol ýerinden turup: ― Çagalar, bu çilimi men döwe çekdirjek. Onsoň ol üsgürip-üsgürip öler gerek, şeýle dälmi?! ― diýip, Akpamyk ssenariden daşgary, özüçe bir zat diýen boldy. Emma çagalar onuň pikirini goldamady. ― Bu-ýa Akpamyk däl ekeni-laý, ol-a Ilmyradyň kakasy, Hojam aga-laý ― diýip, äýnekli oglanjyk seslendi. Eýdip-beýdip, itiň gününi görüp, ahyrsoňunda ýolkanyň çyrasyny ýakdylar-ow. Soňra çal möjek geldi. Ol ýolkanyň töwereginde ysyrganyp aýlandy, towşany gözledi. Lapykeç halda oturyp, çilim otlandy. ― Limonad bir içeýin-laý! ― diýip, çal möjek torbasyndan londa bir çüýşe çykardy. ― Ol-a limonad däl, «Çemen!» diýişip, çagalar el çarpyşdylar. Karnawalyň şu ýerine ýetileninde, men-ä turup gaýtdym. Bir hepdeden soň, çagalar bagyna oglumy alyp barsam, raýon halk magaryf bölüminiň buýrugynyň bir kopiýasy asylgy dur. Mahlasy, 1981-nji ýylyň Täze ýyl baýramy 13-nji çagalar bagyna düşmändir. Onuň müdiri Gözel Amanownadan başlap, tä jaý süpürijisine çenli käýinç alypdyr. Buýrukda: «Elektrik montýory Hojam Gullyýewi Akpamygyň rolunda içgili oýnadandygy üçin, hojalyk bölüminiň müdiri Kowus Jamadowyň çal möjek bolup, köpçüligiň öňünde çakyr içendigi üçin işden boşatmaly» diýlen paragryflar bardy. Gepiň gysgasy, garaz, ýaňky «ak döw bilen gara döw» işi bulaşdyrypdyrlar-da. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |