09:05 Çap atym, çap / hekaýa | |
ÇAP, ATYM, ÇAP
Hekaýalar
Garataý aýlaw gurap ýazgyn bir depäniň üstüne çykdy, soňam burnuny al-asmana tutup bir geňsi parryldatdy-da, misli adam kimin uzaklara nazar saldy. Töwerek imi-salalykdy. Atyň bu wagt keýpiçagdy. Onuň endamy Günüň şöhlesine lowurt-lowurt etdi. Soňam suwly ýaba girip, hezil edip suwa düşdi. Çykansoňam suw düwmelerini töwerek-daşa syçradyp, endamyny öňküsinden-de ýalpyldatdy. Gök ýorunjadan mazaly garbanansoň-a duran ýerinde aýaklaryny ýere urup, tars-tars etdi, pelesaň urdy. Ol çapmaga häzirlendi. Kuwwatly aýaklary oňa ganat berdi, bar güýjüni tijäbem,depeden aşaklygyna gadam urdy. Özem çynyny edip çapdy, sähraň adaja öwüsýän mymyjak şemalyny ikä böwsüp, göýä ondan ozjak bolup çarpaýa galdy... Ol şeýdibem bir ýarym ýyla çenli enesiniň ýanynda gezdi. Enesinden aýrylyp, özbaşdak idedilensoň hem çapdy, tä aýaklarynyň kuwwaty egsilýänçä çapdy, özüne basdaş küýsedi. Dogrusy, heniz aýlawlarda bolup görmese-de, deň-duşlarynyň ýanynda gaýratyny-güýçlüligini telim-telim synlap görüpdi. Şonda öňüne at geçirtmändi, özüne göwni ýetipdi. Şonda uly-uly aýlawlarda, birgiden janköýerleriň gykuwlaşyp ses etmeklerinde köpçülikleýin geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak, onda öz güýjüni görkezmek höwesi döredi. Hawa, oňa öňde uly ýaryşlar, ýeňişler, şöhratlar garaşýardy. Şeýle-de boldy. Garataý o günleri hem gördi. Oňa ökde seýis sataşdy. Etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda baýrakly orunlara eýe bolmak bagtyna mynasyp boldy. Ady dilden düşmedi. Şu günlerde-de ol toý-tomaşalarda, baýramçylyklarda guralýan çapyşyklaryň bezegi boldy. Garataýyň türgenleşdirijisem, atbakaram, çapyksuwaram Ökdür aganyň özüdi. Oňa obada seýisgärçilik hudaýtarapyn berlen adam diýilýärdi. Ol köplenç wagtyny atlaryň ýanynda geçirerdi.Ökdür aga özüniň idedýän atyny başga birine ynanmaýardy. “Çopany köp bolsa toklusy haram öler”, atyň ideginde diňe bir adam bolmaly” diýerdi. Aty aşa söýýärdi, gijelerine obaň gaýrasyna tämiz howa gezelenje çykarardy, tä aýaklary çydaýança ony göwnüne jaýlap çapardy.Gyşyna sowukdan, tomsuna yssydan goramagyň aladasyny ederdi. Atlaryň endamyna ýörite tikdiren ýyly haltalardan ýapýardy.Şeýle bolansoň ol ömründe Garataý ýaly atlaryň telimsini ösdürip ýetişdiripdi. Zähmetiň rehnetini hem görüp ýördi. Ökdür aga Garataýyň atasy Garaýeliň ýakyn aralyklara çapylanda hemişe aw guşundan ozan gezeginiň köp bolandygyny atasy Şyhy pahyrdan eşidipdi. Oňa ömrüniň ahyrky gününde-de at çapyp, göwün solpusyndan çykyp, şol günüň agşamynda-da öýünde süýnüp, jan beripdir diýdiler. Ökdür aga atşynaslaryň ýakyn maslahatçysydy. Şeýle bolansoň at bilen baglanyşykly häli-şindi sowallar çykyp durdy. Şu gün hem onuň durmuşynda şatlykly bir waka bolupdy. Golaý goňşularynyň atynyň taýçanaklan gününe gabat geldi.Olary säher bilen goňşularyň oguljygy Meretgeldi oýardy. --Ökdür aga, öten agşam taýçanagymyz boldy. Oňa at goýup beräýseň diýip, meni size kakam ugratdy—diýip, gele-gelmän, jedir-jedir etdi. --Gözüňiz aýdyň, oglum. Gutly bolsun. Sag-amanja köpelen bolsaňyz bolýar. Gör-ä, onuň ýagmyry gasbatlap dogluşyny. Siziň taýçanagyňyz öz ady bilen dünýä indi. Kakaňa-da onuň ady Ýagmyr bolsa kem bolmaz diýdi diýip aýdaý. --Sag boluň, Ökdür aga. --Dur entek oglum, buşlugyňy alyp gid-ä.-- Annagözel eje Meretgeldiniň her eline bir tokga gant tutdurdy. “Annasähediň iki gyzdan soň oguljygy bolupdyr, onuň şanyna toýy uludan tutýar, onda göreş tutdurylyp, at çapdyryljak” habary oba arasyna tiz ýaýrady. Bu ýaryşa özüne göwni ýetýän bilegi güýçli pälwanlar hem çagyryldy, iki, üç, dört ýaşar atlaryň hem birnäçesi çapyşyga taýýarlanyldy. Baýrak almasa-da, her kes garaz şol toý-baýramçylyklarda öz bagtyny synap görmek isleýärdi. Aslynda baýrak üçin göreşilenokdam, at hem çapdyrylanokdy. Oňa toý eýesine goýulýan hormat diýlip düşünilerdi.Ýöne ogul toýy, sünnet toýy, jaý toýy we beýleki toýlar üçin toý eýesiniň öz göwnünden çykaran baýragy bolardy. Çapyşyga ýygnanan atlaryň arasynda şöhraty äleme dolan meşhur Garataý hem bardy. Ony bir ýerde uzak saklamak kyndy, ökde capyksuwar üçin hem güzaplydy. Agyzdyrygyny çeýnäp, iki-baka bökjekleýärdi, üstünde gaty çeýe oturaýmasaň, ol seni ýykaýmagam ahmaldy. O mahallar häzirkiler ýaly obada at çapylmak üçin ýörite meýdançalar hem ýokdy. Ýöne her gezegem at çapyşygy üçin iki obanyň arasyndaky ulag ýoly saýlanylyp alnardy. Onsoň şol gün ol ýola başga ýolagçy goýberilmezdi. Ilkinji çapyşyga bäş at goşulmaly edildi. Annasähet hem toýuň baş baýragy edip bir semiz maň goýun eçildi, başga-da ownukly-irili sowgatlar goýuldy. Dogrusy atlaryň eýelerem, olary çapýan çapyksuwarlaram Garataýdan çekinmän duranokdylar. Ýöne näme, ýaryş ýaryş bolýar, her kesiň özüne ynamy bolşy ýaly, atynyň ozjagyna-da bil baglaýanlar bardy. Pellehana ýygnanan adamlar has kändi. Olaryň arasynda goňşy obalardan, şäherlerden hem gelenler bardy. Ine-de, atlar uzak aralyga goýberildi. Aralyk esli bardy. Ony ädimläp ölçäp duranam ýokdy, her kes ol aralygy göz çaky bilen dört kilometr çemesi bardyr diýip hasap edýärdi. --Atlar çapyşyga goýberilendirle-how!—diýip, beýik depeleriň birinde aýbogdaşyny gurup oturan haýsydyr bir eli dürbüli adam ýagdaýy aýan etdi. Şeýdibem goňşy obadan çapyşyga goýberilen bedewler ýola düşdi. Häzir kimiň atynyň ozanlygy, kimiň yzdan gelýänligi belli däldi. Ýollar öwrüm-öwrümdi, diňe atlaryň toýnaklarynyň astyndan tüweleý ýaly asmana göterilýän inçemik ak tozan göze ilýärdi. Heniz aňlap-ölçärden, belli netije çykarardan irdi. Ine, birdenem ilkinji öwrümden atlar göründi. Bäş atyň dördüsini saýgarmak başartdy. Kemerli ýaryşyň öňüni çekip gelýärdi, Gyrsakar, Sabyrly, Dorjeren dagylar deňeçeräk gelýärdiler. Ökdür aganyň Garataýy bolsa iň aýakda çaň-tozana garylyp, birsydyrgyn çapyp gelýärdi. Atlar soňky depeden aşanlarynda-da şol bir ýagdaý üýgtgemändi. Indi ýaryşyň öňüne Gyrsakar geçdi, sähel salymdanam ony yza galdyryp Sabyrly, Dorjeren ozup geçdi. Hemmeleriň gözi Garataýdady. Ol häzirem iň soňundan gelýärdi. Adamlaryň arasynda Garataý hakynda tomaşa gelen ýaşulularyň arasynda hyşy-wyşy köpeldi: --Garataýam indi garrapdyr, höwre goýberibermeli bolupdyr öýdýän, bolmasa-ha mundan ozal öňüne at geçirden bedewlerden däldi. -- Ýa Garataý garrapdyr ýa onuň çapyksuwary. Ökdür aga kim, beýdip yza galmak kim? --Bu işiň içinde başga bir iş bar, adamlar. Ökdür seýis adyny Güne ýatyp alan adamlardan däldir!.. Ýagdaý henizem öňki-öňküliginedi. Pellehana çenli bolsa bary-ýogy bir kilometr çemesi ýol galypdy. Turuwbaşdan öňdeligi bermän gelýän atlaryň aýaklarynyň birneme kuwwaty gaçyp, olaryň hereketi barha haýallap başlapdy. Ökdür aga olaryň hereketini ýolboýy synlap gelýän bolmaly, atynyň boýnundan gujaklap onuň gulagyna adaja pyşyrdady: “Çap atym, çap, gaýratyňy görkezmeli wagtyň gelendir”. Şondan soň ol Garataýyň jylawyny gowşadyp, ony öz erkine goýberdi, aty gamça basdy. Bu göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi. Öz maýdalyna goýberilen Garataý ýyldyrym deý süýndi, öňden barýan atlaryň yzyndan ýel bolup kowdy. Eý-ho, atyň şol wagtky gazabyny gözüň bilen görmeseň, ynanar ýaly däldi. Özüniň yzda barýanlygyna namys eden ýaly, bary-ýogy otuz-kyrk ädim galanda bäsdeşlerini yzda galdyryp, pellehana birinji gelmegi başardy oturyberdi. Ökdür aga pellehana ýetdim-ýetdim diýlende hemişelkileri ýaly bu gesegem gaba telpegini göge zyňdy, şol zyňyşy ýalagam ony yzyna gapyp aldy. Özem uly ses edip gygyrdy: “Sag bol gardaşym, aýagyňa saglyk!” Adamlar ör turdular. Garataýyň ýyndamlygyna, Ökdür seýsiň ezberligine ýene bir öwre göz ýetirdiler. Ökdür aga bolsa birsalymdan özüniň meşhur Garataýyny çapdyryp, ýaryşyň baş baýragy bolan maň goýun bilen bilelikde adamlaryň öňünden geçip gitdi. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |