10:19 Çary Aşyry ýatlap... | |
ÇARY AŞYRY ÝATLAP...
Ýatlamalar
Gysgajyk şu ýazgymyzda türkmeniň zehinli ogly, ady halkyň kalbynda hemişelik orun tutan ussat ýazyjy Çary Aşyrowy ýatlamagy parz bildik. Çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurda baştutanlyk etmegi bilen, edebiýat, sungat wekillerine bolan alada artdy. Ç.Aşyrow edebiýatyň hemme žanrynda-da işlän halypa ýazyjy-şahyrdy. Oňa terjime sungatyna uly goşant goşan şahyr-ýazyjy diýseň dogry bolar. Geçen asyryň 50-nji, 60-njy ýyllarynda Ç.Aşyrow döwlet neşirýatynyň baş redaktory hökmünde rus we beýleki halklaryň nusgawy edebiýatyny terjime edip, ile ýetirmekde uly işleri bitiripdi. L.Tolstoýyň, A.Tolstoýyň, A.Çehowyň, Turgenewiň, Gogolyň, A.S.Puşkiniň, M.Lermontowyň, Nekrasowyň, ukrain şahyry T.Şemçenkonyň eserlerini türkmen diline geçirmekde Ç.Aşyrow uly ussatlyk görkezipdi. Şol eserler, şol terjimeler şol wagtam, şu günem türkmen edebiýatynyň edil türkmen dilindäki eserleri ýaly bolup, biziň edebi baýlygymyza öwrüldi. Mahlasy, onuň poeziýadan eden terjimeleri 100 müň setirden geçýär. Şonuň üçin, Ç.Aşyrowa türkmen edebiýatynda terjimeçilik mekdebiniň halypasy diýilse ýalňyş bolmaz. Ol türkmen terjimeçilik mekdebini açmakda, guramakda uly halypa, uly guramaçydy. Ol dünýä edebiýatyny gowy bilýärdi. Şonuň üçin hem Ç.Aşyrowyň gatnaşmagyndaky terjimeler juda gowy. Terjime ýöne dil bileniň bilen bolmaýar. Ol her sözi şol dilde öz manysynda gowy bilmegi talap edýär. Ine, aýdaly, Nekrasowyň rus halkynyň durmuşyny orta çykarýan «Russiýada kim şat ýaşaýar?» diýen eseri rus halkynyň gowy görýän eseri. Ýa-da Taraş Şewçenkonyň aradan çykanda Dnepriň kenarynda jaýlamagy wesýet eden goşgusy bar. Goşgynyň adam «Wesýetler». Bu goşgy bütin dünýäde belli goşgy. Şony Ç.Aşyrow türkmen dilinde okanda ukrainler şoňa sözme-söz düşünýän ýaly el çarpýardylar diýip gürrüň edilýärdi. Şeýdip, Ç.Aşyrow terjimeçilik sungatynyň uly wekili boldy, onuň özüni hem uly şahyr hökmünde orta çykardy. Ol rus klassykasynyň iň köp terjime eden şahyrdy. Özem goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýärdi. Çary aga myhmansöýer adamdy. Her gezek men onuň ýanyna salama baramda, ýitirip-tapan ýaly garşylaýardy. Törden orun berýärdi. Şonda ol geçen günlerini ýatlardy. Geljekden söz açardy. Her gezegem maňa halypa maslahatyny berýärdi. «Ganly saka», «Lalyň ogly», «Gökýaýlanyň ýigitleri» ýaly okyjylaryň söýgüsini gazanan poemalaryň, on bir sany romanyň awtory Çary Aşyrowda aýdara zat köpdi. Çary aga ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, pajygaly Gökdepe urşy hakynda ýazan romany barada şeýle gürrüň berýärdi: «Esere gatnaşýan adamlaryň köpüsi meniň öz tanaýan adamlarym, olar maňa ýaş wagtlarym şol pajygaly wakalar hakynda köp gürrüň beripdiler. Gökdepede meniň kakamyň dogany wepat boldy. Gökdepe urşuna meniň ejem gatnaşypdyr. Gökdepede urşa gatnaşan adamlaryň gürrüňlerini men köp eşitdim. Ors ýazyjysynyň ýazan zatlaryny köp okadym. Indi, şol taýda bolan zatlary bolşy ýaly ýazmak taryhçylaryň işi, edebiýatçylaryň işi, ony güýçlendirip, gözüňe görner ýaly edip ýazmaly bolýar. Ana, şonuň üstünde men häzir işläp otyryn. Olam, belki, birki ýyldan gutarar. Ýaşam geçip barýar, oňa garaman, men gije-gündiz işläp otyryn». Çary aga örän ýatkeş adamdy. Ol 30-njy ýyllaryň ortalarynda instituty tamamlap, Moskwada aspiranturada okan ilkinji türkmenleriň biridi. Ol özüniň aspirantura synag ekzamenini tabşyryşy babatda şeýleräk gürrüň beripdi. – Şol ýyllarda Moskwada aspirantura girmek aňsat däldi. Şol ýeriň alym kätibi maňa: «Şu wagt başararyn öýtseň, ekzamen aldyrjak» diýdi. Menem: «Bolýar» diýdim. Taryhdan hemem pedagogikadan professorlary çagyrdy. Ondan öňinçä men taryhdan Batinskiniň, pedagogikadan hem Şemsarýowyň ýazan kitaplaryny alyp, şolardan taýýarlyk görüpdim. Ilki biri taryhdan sorag berip başlady. Menem soraga jogap berýän. Meniň jogabyma gapdalymyzda oturan alym-kätip ýyrşarardy. Nämä ýyrşarýanyny bilemok. Ondan soň pedagogikanyň taryhyndan başga bir adam ekzamen alyp başlady. Men hem oňa professor Şemsarýowyň kitabyndan jogap berýän. Alym-kätip has beter ýylgyrýardy. Soň olar maňa «Oňat» baha goýdular-da, gitdiler. Soň alym-kätip: «Sen gaty mekir adam» diýdi. Sen olaryň soraglaryna öz kitaplaryndan jogap berdiň» diýdi. Men: «Batinskinem, Şemsarýowam tanamok. Moskwa birinji gelşim» diýdim. Görüp otursam, menden ekzamen alan professorlar meniň taýýarlyk gören okuw kitaplarymyň awtorlary bolsa nätjek! Aspiranturany tamamlap, dissertasiýa ýazmaga girişmeli wagty, Türkmenistanyň şol wagtky hökümet başlygy Gaýgysyz Atabaýew Çary Aşyrowy Aşgabada işe çagyrypdyr. – Men Aşgabada gelenimde, eýýäm Atabaýew bilen Aýtakow dagy tutulan ekeni. Aşgabada gelip işe başladym weli, «halk duşmany» diýip meni üç sany adam ýamanlap arza ýazdylar. Meniň meseläme seretdiler. Bolsa-da, meni basmadylar. Şol wagtlar men nohurly gyz Annajemal bilen durmuş gurdum. Kireýine bir jaýda ýaşaýas. Annajemal lukmançylyk institutynda okaýardy. Eger-de men basylsam, onda Annajemalyň güni kynlaşjakdy. Okuwdan kowlup, soňunyň näme bilen gutarjagyny hiç kim bilenok. Şonuň üçinem Annajemalyň gamyny iýmelidi. Men Annajemala aýtman, onuň bilen nikamyzyň bozulandygy hakda kagyz aldym. Ol wagtlar üç manat berseň, «Nikadan aýrylyşdy» diýip hat berýärdiler. Annajemalam: «Sen ýene Moskwa gitjeksiň. Başga birine öýlenjeksiň» diýip aglaýar. Men oňa: «Şu haty komsomol biletiň içinde sakla!» diýip tabşyrdym. Annajemaly «halk duşmanynyň» aýaly hökmünde komsomol hataryndan we okuwdan çykarmaly edýärler. Haçan-da, ol ýygnagy alyp baryja komsomol biletini uzadanda, içinden ýaňky hat çykýar. «Bular aýrylyşypdyrlar, är-aýal däl ekeni» diýip, ony okuwda hem komsomol hatarynda galdyrýarlar. Men soň özümi ýamanlanlaryň üçüsiniň hem kimlerdigini bildim, ýöne üçüsine-de syr bildirmedim. Şolaň biri neşirýatda işleýärkäm, meniň golastymda işledi. Şonda-da: «Sen meni ýamanladyň» diýip, ýekeje gezegem azar bermedim. «Halk duşmany» bolup gezip ýören wagtym men birinji kitabymy ýazdym. «Aýralyk» diýip at goýdum... Çary Aşyrow Beýik Watançylyk urşuna meýletin gidýär. Öz agasy şahyr Şaly Kekilow bilen bir günde harby komissarýatyna baryp, özlerini Watan goragyna ugratmaklaryny haýyş edýär. Şaly Kekilow söweş meýdanynda mertlerçe söweşip, wepat bolýar. Çary Aşyrow jeň meýdanyndan ýeňiş bilen dolanmak miýesser edýär. Gazaply söweşleriň birinde agyr ýaralanan Çary Aşyrow şepagat uýasy, ermeni gyzy Nina halas edýär. Onuň «Ermeni gyzy» atly meşhur goşgusy şonda döreýär. Çary Aşyrow özüni halas eden ermeni gyzy Nina Sagunýan bilen geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrlarynda Ýerewan şäherinde duşuşýar. 1989-njy ýylda Çary aga, ýanýoldaşy Ogulnabat gelneje, režissýor Çerkez Şamyradow dagy bilen biz Moskwa gitdik. Ninanyň ejesiniň aýal doganynyň Moskwadadygyny eşidip, görme-görşe bardyk. Şo wagtam Ninanyň ejesi Zinaida Prokofýewna, Ninanyň aýal dogany Margarita Artýomowna Aşgabatdan baran myhmanlary gadyrly garşyladylar. Bu duşuşygy tolgunman synlamak mümkin däldi. Duşuşyk meniň ýadymda berk galypdy. Margarita şonda öz dogany hakynda şeýle diýipdi: – Nina 1942-nji ýylda öz jorasy bilen meýletin fronta gitdi. Siz soň Ýerewanda, ýazyjylaryň gurultaýyna geleniňizde biziň bir ýakyn garyndaşymyz Türkmenistandan gelen bir ýazyjynyň Ninany gözleýändigini habar berdi. Nina şonda front wakasyny bada-bat ýadyna saldy. Soň ony siziň ýanyňyza alyp bardylar. Nina gaty mähriban adamdy. Ol lukman bolansoň, hemmelere kömek berýärdi. Ol 1961-nji ýylda, bary-ýogy 39 ýaşynda aradan çykdy. Çary Aşyrowyň döredijiliginiň ýene bir tarapy halallyk. Şu «halallyk» sözi Ç.Aşyrowyň bütin ömrüniň we döredijiliginiň içinden uly bir akaba ýaly bolup geçýär. Şol halallyk bu mähriban adamyň öz durmuş gatnaşyklaryna ikilik etmänliginden, artykmaç, ýasama şöhrata kowalaşmanlygyndan gelip çykýar. Halkyň içinde Çary aga hakynda ýakymly gürrüňler ýaşamagyny dowam edýär. Onuň eserleri biziň ýadymyzda, goşguly setirleri kalbymyzyň töründe. Biz onuň bilen gözel Sumbar jülgesine aýlananymyz, göwnüme bolmasa, düýn ýaly bolup dur. Ondan bäri ýigrimi ýyla golaý wagt geçipdir. Indi, näçe ýyldyr, Çary agasyz ýaşap ýörüs. Öz wesýet edişi ýaly, ony ejesiniň ýanynda, Gökdepäniň Ýaňgala obasynda jaýladylar. Togsan üç ýaş ömür sürüp, öz käbäň ýanynda baky uka gitmek her kim-her kime miýesser etmeýär. «Diýar» žur., № 8, 2008 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |