06:45 Çary Nurymyň ruhuna ýüzlenme | |
ÇARY NURYMYÑ RUHUNA ÝÜZLENME
Ýatlamalar
Eziz dostum, seniň agyr derde ýolugyp, biziň aramyzdan gideniňe bäş ýyl geçdi. Sen togsan üçunji ýylyň birinji fewralynda ýagty ýalançynyň rehnedinden dynyp, gowgaly dünýäniň aladalaryndan hemişelik ara açanam bolsaň, agyr derdiňi deň bölüşmäge alaçsyz bolandygymyzy öwran-öwran terkrarlanymyz bilen seniň öňüňde borjumyzyň ýeňlemejekdigini bilýärin. Öýümde, iş stolumyň gapdalynda, diwara berkidilen suratyňa garap, oýlanyp otyryn. Sen ýüzüňi asmana tutup, ylhamyň humaryna gözleriňi ýumup, pianinoda saz çalýarsyň. Uzyn barmaklaryň çeýe, täsin hereketlerini göz öňüne getirýärin, gulagymda seniň döreden ajaýyp sazlaryň ýaňlanýar. Bu pursat sazdan, manyly owazlardan gaýry hiç zat ýok, dünýe-de, onuň aladalaram, adamlaram ýok. Diňe seniň bilen saz bar. Men bu pursady ýürek duýgularyna maýyl iki juwanyň arasyndaky pynhanlyk pursady bilen deňeşdirip biljek. Biz bir nesliň adamlarydyk. Altmyşynjy ýyllaryň başynda ideologiýanyň petiş howasyna aralaşan sergin şemal biziň neslimizi edebiýat hem sungat älemine getiripdi. Milli medeniýetimizi äleme ýaýmakda bu nesliň artykmaç hyzmatyny inkär etjekler tapylar öýdemok. Biz ilki Gurbannazar Ezizi ýitiripdik, onuň juda bimahal ölümini tötänlik hökmünde kabul edipdik. Soňra aňyrsy ýedi-sekiz ýylyň içinde Nury Halmämmet, Halyl Kuly, Italmaz Nury gitdi. Sen olardan biraz soň gitdiň, ýöne senem ýaňy ellini arka atmaga ýetişipdiň. Her biriňiziň ölümiňiz kalbymyza dert bolup çökse-de, tamamlanan döredijilik ýoluňyz gaýtalanmajak täsinligi äşgär edýärdi. Mahal-mahal ýekelikde durmuş hem ölüm hakynda oýlanyp otyrkam sizden galyp, artyk ýaşalan ýyllar üçin takdyryň peşgeşinden kanagat duýmaýandygymy aýdaýyn. Belki, beýle agyr duýgy biziň neslimiziň arzuw eden, soňra zehini bilen gazanan ruhy giňişlikleriniň daralyp barýandygy zerarly döreýändir? Biz turkmen şahyry, ýazyjysy, kompozitory, hudožnigi, artisti, režissýory bolup, dünýäniň altydan bir meýdanyny tutun ýatan SSSR-iňgiňişliklerine çykmagy başarypdyk, ondaky respublikalar, halklar bizi döreden eserlerimiz bilen tanapdylar. Ruhy birlik altmyşynjy ýyllarda ýaň salan nesliň wekilleriniň arasynda doganlygy, dostlugy berkidipdi. Biz Sowet Soýuzynyň çäginden çykyp, dünýä ýaýrap biljek eserleri döretmekdäki kämillik ölçegine ýetmäge dalaş edýärdik, birek-biregi okaýardyk, beýik nusgalary öwrenýärdik. Ýakymly bir fakta guwanýardym: Moskwa, Leningrada, Wilnýusa, Daşkende, Tbilisä, Almata, garaz, haýsy ýere barsamam, döredijilik ýygnanyşyklarynda Çary Nurymy, Nury Halmämmedi, Italmaz Nuryny, Gurbannazar Ezizi, Hoja Narlyny soraýardylar, täze näme döretdiler diýip, çyndan gyzyklanýardylar. Biz bilen gyzyklanmak türkmen bilen gyzyklanmakdy, biziň eserlerimiz arkaly biziň halkymyzy-da tanaýardylar. Biz nirede bolsagam öz halkymyzyň wekilleridik, dogduk mekana dolananymyzda bolsa, Rasul Gamzat aýtmyşlaýyn, dünýä medeniýetiniň wekilleri ýaly giň garaýyşly bolmaga çalyşýardyk. Bu uly, abraýly missiýa barada aýdyp, magtanmak hakydamyza-da gelmändir, durmuşyň kadasydyr öýdýärdik. Çary, döredijilik ykbalymyzyň ýakynlygy ýaly, biziň neslimiziň terjimehaly-da galapyn bir meňzeşdi. Men bu hakda golaýda seniň "Maru-Şahu-jahan” atly üçunji simfoniýaňy diňläp otyrkamam oýlandym. Ony Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri dirižýor Hojatowyň ýolbaşçylygynda çaldy. Bu simfoniýa ömrüň ahyrky ýyllarynda döreden iň kämil eserleriň biridi. Sazy diňläp otyrkam häzirki Baýramaly şäheriniň etegindäki gadymy Marynyň giň, harabalygy göz öňümden aýrylmady. Sen şol harabalygyň etegindäki obada urşuň öň ýanynda dünýä inipdiň, dört erkek doganyň kiçisidiň, agalaryň Durdy bilen Sapar sazyň janköýerleridi, kompozitor, sazanda hökmünde halk olaryň atlaryny tanapdy. Kakalaryny frontda ýitiren maşgalanyň gün-güzeran aladasy dünýä ýaň salan şäheriň at-owazasy bilen bir ýere sygyşmasa-da, geçmiş hakynda ululardan eşiden rowaýat-hekaýatlaryň zehiniňe sepilen tohum mysaly, şine urup, gögerjek möwritine garaşypdyr. Sen çagalykda seljuklar imperiýasynyň soltany Sanjaryň ägirt belent guburhanasyny her gün görüp ulaldyň. Ol saňa dogduk mekanyň adaty bir alamatydy, onuň hakyky belentligini göz öňüne getirmek saňa soň, kämillik ýyllaryňda başardypdyr. Muny ajaýyp simfoniýaňy diňlän adam bilýär. Taryh bilen bagly ýüze çykan duýgularyňdaky ýakymy sen çagalyk dünýäňden susup alan ekeniň. Seniň üçin beýik şäheriň golaýlygy dogduk obaň buýsanjyna öwrülipdir. Şol obada şahsyýet hökmünde kemal tapypdyň, topragyňa, il-günüňe kalbyňdaky mizemez söýginiň dury çeşmeden ganan ýeri şol obady. Dünýä taryhynyň beýik bir sahypasyny ýazan şäher bilen dogduk obaň ykbalyndaky baglanyşygy hakyky belentliginde sazyň dili bilen beýan etmek üçin saňa elli ýyllyk ömrüň tejribesi gerek bolupdy. Baky saýylan imperiýalaryň dabarasyny-da, möwriti ötüp, tepbedi okalandaky matamyny-da seniň simfoniýaňdan eşitse bolýar. Ýene bir gyzykly ýeri, bu simfoniýany döreden wagtyň baky diýlen Sowet imperiýasynyň pytrajak mahalyna gabat gelipdi. Elbetde, bu ýagdaý tötänlik däldi. Dörediji adamyň kalby Jemşidiň jamyna ogşaýar, kähalatda ol hakykata akyldan öň duýgy bilen ýetýär! SSSR-e giren respublikalaryň yzly-yzyna garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny jar eden pursatynda bu taryhy öwrülişikler hakynda ikiçäk söhbet ederdik, pikir alşardyk. Elbetde, milli garaşsyzlygymyza ýetmegimize türkmen bolanymyz üçin begenipdik, ýöne bir ýagdaý seni-de, meni-de howatyrlandyrýardy, eger biz milli garaşsyzlyga medeniýet babatda milli donumyza dolanmak hökmünde düşünäýsek, onda adamzadyň toplan ruhy gnmmatlyklaryndan üzňelik emele gelmelidi. Onlarça ýyl gazanylan ruhy giňişliklerimiziň örüsi daralmalydy. Muňa ýol bermeli däldigine, Çary, sen düşünýärdiň. Şonuň üçin hem türkmen sungatyny dünýä tanadyp biljek professional derejäni saklamagyň zerurdygyny prezident bilen geçirlen duşuşyklarda-da juda nygtap aýdanyňa men diri şaýat. Eziz dostum, sen juda bimahal gitdiň, häzir bize seniň ýaly sungat äleminde ady tanalan, ýüregindäkini düşündirip aýdyp biljek adamlar gerek. Seniň ornuň oýulup dur, mundan bu ýana ony seniň galdyryp giden kämil sazlaryň doldurmaly. Sen dirikäň şan-şöhratyň nämedigini bilipdiň. Seniň eserleriň Aşgabatdan başlap, Moskwanyň, Leningradyň, Kiýewiň, Wilnýusyň, Riganyň, Bişkegiň, Daşkendiň, Almatanyň, Londonyň, Alžiriň, Nýu-Ýorkuň konsert zallarynda çalanypdy. Sen Türkmenistanyň, SSSR-iň ýokary baýraklarynyň eýesidiň. Seni ýakyndan tananym üçin bir ýagdaýa güwä geçip biljek: wezipe, baýraklar, hormatly atlar seni gompartmandy, temegiňi dik tutan ýeriňe duş gelmändim, hoşgylyk, oba oglanlaryna mahsus geň galyjylyk seniň häsiýetiň esasy alamaty bolmagynda galypdy. Sende birine ýamanlyk etmek niýeti ýokdy. Sen dogry sözüňe düşünilmedik mahaly, ony ýamanlyk diýlip bilnende juda gynanardyň, ýarylmaly ýerinde-de saklanardyň, köp zady içiňe salardyň. Munuň örän zyýanlydygyny, düwüne öwrülýändigini saňa häli-şindi duýdurardyk. Nätjek, her kimiň bir ýaradylyşy bar! Sen on iki ýyl Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşigine baştutanlyk edipdiň. Döredijilik adamlarynyň irnik bolýandygyny, olara ýolbaşçylyk etmegiň uçursyz kyn pişedigini bilenim üçin kesäňden synlap, mahal-mahal ýagdaýyňa nebsim agyrardy. Her kim özüni geniý saýýar, her kimiň baýrak, hormatly atlar alasy gelýär, eserleriniň Soýuz möçberine çykaryny isleýär. "Men pylanydan kemmi?" diýen sowal bilen döşüne urýanlaram gyt däldi. Ol adamlar eseriň hili barada oýlanjak hem bolanokdylar, kähalatda nadaralyk olaryň esasy tutarygydy. Hemmäniň göwnüne ýetmek asla mümkin däl. Şonuň üçinem nadaralar öňi bilen başlyga topulýardylar, "Düýeden uly pil bar" diýlişi ýaly, Birleşigiň depesinde kompartiýanyň Merkezi Komitetiniň durandygyny, ol edaranyň her kim barada öz garaýyşynyň bardygyny hasaba almajak bolýardylar. Ideologlaryň emri bilen şowly eserleriň-de, zehinli awtorlaryň-da öňüne böwet basylýandygy üşügi bolan adama bellidi. Saňa olaryň käbirini halas etmek başartsa-da, eseriň hiline garap baha bermek prinsipini ornaşdyrmak Çary Nuryma-da, ýene birine-de başartjak mesele däldi. Boýun bolmalydy, alaçsyzlygyňa kösenýärdiň, ýene derdiňi içiňe salýardyň. Iň ýaman ýeri-de, saňa başartmadyk zady, hamala, öz etmişiň ýaly görüp, senden öýke ederdiler. Merkezi Komitete goll-u golsuz arza-şikaýatlar göndererdiler. Seniň eserleriň meşhurlygyny olaryň hilinden däl-de, seniň wezipäň emrine syrykdyryljak bolnanda sen juda gyýylardyň, nadaralyga gözüň ýetip duranam bolsa, gyýylardyň. Kämahal beýle adalatsyzlygy dost diýip, duz-emek bolup ýören, senden ýagşylykdan gaýry zady görmedik adamlardan eşideniňde uzak gijeler gözüňe uky gelmezdi. Ýöne iş başynda geçen gijeler bu hasaba girenok. Zähmetde geçen gijeler gaýta seniň kanagatyňy artdyrýardy, ýaşamaga isleg, umyt döredýärdi. Men seniň döreden eserleriň düzümine garap otyryn. Wezipäň hysyrdysyna garamazdan, munça kämil eserler döretmäge wagt tapanyňa haýran galýaryn. Sen "Epgegiň tepbeti", "Bakylyk", "Köýten nalasy" atly baletleri ýazdyň. 1967-nji ýylda Magtymguly adyndaky opera-balet teatrynda goýlan "Epgegiň tepbedi" baleti türkmenlerden ýetişen ýaşlaryň uly balet eserini goýmaga ukyplydygyny görkezipdi, hemem keseden awtor çagyrylman ýazylan ilkinji milli balet sazydy. Altmyşynjy, ýetmişinji, segseninji ýyllarda seniň türkmen şahyrlarynyň sözlerine döreden romanslaryňy, aýdymlaryňy tutuş Türkmenistan ürç edip aýdypdy diýsem öte geçmerin. Şol aýdymlaryň birnäçesi üçin saňa SSSR-iň Döwlet baýragyny beripdiler. Gara Seýitliniň sözüne "Näzlim uz maňa", Ata Atajanyň sözüne "Toý aýdymy", Italmaz Nurynyň sözüne "Duşurmazmyň", "Gitme sen", "Çapyksuwar" aýdymlaryňy, Magtymgulynyň sözüne "Armanym galdy", Mollanepesiň sözüne "Gaýtmaly boldum" diýen romanslaryňy bilmeýän, aýtmadyk ýa-da hiňlenmedik türkmen bir barmyka!? Sen telim spektakla, filme saz ýazypdyň. 1972-nji ýylda Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligi saňa balet sazyny ýazyp bermegi haýyş edip ýüz tutupdy. Gyrgyz halkynyň gerçek ogly, Sowet Soýuzynyň Gahrymany at berlen Çolponbaý Tulegberdiýewiň şanyna "Dirilik" baletini ýazypdyň, ony Gyrgyzystanyň opera-balet teatry sahnada goýupdy. Bu spektakl sahna eserleriniň Bütinsoýuz bäsleşiginde birinji baýraga mynasyp bolupdy, iki halkyň doganlyk hyzmatdaşlygyna berlen ýokary bahady. Dostum, sen goňşulyk hyzmatdaşlygyň hemişe dowam etmegini, geriminiň giňemegini isleýärdiň. Sen professional saz sungatyny ösdürmeli diýip, ýygnaklarda agzynda aş gatyklaýanlardan däldiň. Muny ýaş sazandalaryň zehinlilerini saýlap, Soýuzyň meşhur okuw jaýlaryna ugratmakdaky, türkmen kompozitorlarynyň eserlerini dünýä ýaýratmakdaky tagallalaryň subut edýär. Türkmen döwlet sungat instituty açylan gününden ýaş kompozitorlara tälim bermäge başlapdyň, soňra Türkmen Milli konserwatoriýasynyň professory bolupdyň, ömrüň soňky ýyllarynda mugallymçylyga has-da ymykly ýapyşdyň. Dünýä hakynda oýlanmaga, şol oýlardan döreýän duýgulary filosofiýa häsiýetli saz eserlerinde önjeýli teswir etmäge böwşeňlik tapypdyň. Soýuzyň möçberinde bolup geçýän wakalar seni biperwaý goýup biljek däldi. Şol döwürde ýazan naýbaşy eseriňe "Enigma" diýip at berdiň, ol matal diýen mana golaý, çarhypelegiň ýoly biziň üçin matala öwrülip barýardy, oňa düşünmek, bilmek barha kynlaşýardy. Onuň düýp mazmunyny başda Omar Haýýamdan alnan rubagy hem kesgitleýär: Geldigmiz, geçdigmiz bu döwrüň öňi, Kim bilýär, haçandyr, hem ýokdur soňy. Bu gelmek nireden, bu gitmek nirä, Aslynda ýetmedi hiç kimiň aňy. Saglygyňda bir näsazlygyň bardygyny duýup başlan döwrüňde öýüňde söhbet edip otyrkak taryhdan söz açyldy. Men okan kitaplarymdaky bilnäýmeli zatlar, şolar bilen bagly ýüzugra döreýän pikirlerim barada gür beremde, Çary, sen sözümi bölüp: "Şu aýdýanlaryňy ýazga geçirsene, bulary çagalarymyzam bilenok, köpüsinden özümizem bihabar" diýipdiň. Seniň janygyp aýdan islegiň maňa düşnüklidi, bir aý çemesi oturyp, "Merwden Mekgä çenli" atly kitabyma giren taryhy miniatýuralary ýazypdym. Soňra olar köpeldi, çuňlaşdy, uly kitaba öwrüldi. Men oňa “Kökler” diýen at berdim, ony seniň ýagty ýadygärligiňe bagyşlapdym. Başda seniň “Maru-Şahy-jahan” simfoniýaňdan söz açdym. Bu ajaýyp eser dogduk mekanyň taryhy bilen bagly döräpdi. Ýurdumyzyň indiki ykbalyna diňe özümiziň jogapkärdigimiz bu mekanyň taryhyny ymykly öwrenmäge bizi mejbur etmeli zerurlykdy. Çary, sen şol zerurlyga düşünýärdiň, öňki goýberilen säwliklere-de intelligensiýanyň, ýagny özümiziň goýberen hatamyz hökmünde garaýardyň. Şu hatany düzetmekden ötri, öz etmeli takyk işleriň barada oýlanýardyň. Sende zehinem, düşünje-de, elli ýaşyň goýalan paýhasm, tutanýerliligem, zähmet erjelligem bardy, saňa diňe tut ýaly saglyk gerekdi, emma saňa uçran dert bimöçber agyr ekeni. Derdiň basmarlan aýlary saňa syn edip, seniň çydamyňa, mertligiňe, haýranlar galypdym. Seniň ýaşamaga bolan islegiň güýçlüdiginden habarly ýaly, ganym dert ekjeşip, erkiňi syndyrmaga hüjümini günsaýyn beterledýärdi. Ol hasam seniň işläriňden howatyrlanýan ýalydy. Düşegiň gapdalyndaky roýalda nota kagyzy saňa garap durdy. Seň üflenip çalynýan saz gurallary üçin kwintetiňi gutarmagyň aladasy bilen wagtal-wagtal derdi unudana meňzeýärdiň. “Şu gün-a işledimem!” diýeňde bitiren işiň kanagaty solup barýan meňziňe birdem ýagtylyk çaýýardy. Seniň şojagaz begenjiňe-de nägehan kesel bolmajysy bolýardy, kükräp, agşamlyk oýun baryny turuzýardy. Gyzgynyňy galdyryp, bedeniňdäki agyryny artdyryp, ertir işlemäge milt etmez ýaly ýagdaý döretmäge çalyşýardy. Dert seniň bedeniň bilen däl-de, seniň zehiniň bilen darkaş gurýar diýäýmelidi. Ol seniň döretmän, zähmetsiz ýaşap bilmejegiňi bilýän bolarly. Ajal her hili ýowuz oýun gursa-da, seniň erkiňi syndyryp bilmedi, süňňüňi eretdi, şirin janyňy aldy, ýöne erkiňi alyp bilmedi. Ýaşaýyşa bolan beýik isleg seniň ruhuň bilen galdy. Bu islegiň synmazlygyny agyr derdi mertlerçe çekişiňden, agyr operasiýalara geňirgenmän boýun bolşuňdan, iň pajygaly pursatlarda-da ýaşasym gelýär diýip zarlamanlygyňdan çen tutup aýdýaryn. Dert basmarladygyça ýagty ýalançy bilen hoşlaşmaly pursadyň golaýlaşýandygyny, nähilem bolsa, aňansyň, ýöne ýoldaşlaryňa ol hakda ýaňzydybam aýtmandyň. Sen gitdiň, roýalyň üstünde üçden iki bölegi ýazylan kwintetiň galdy. Şu alamatam seniň ömrüň bimahal kesilendigini aňladýardy. Seniň ýüregiňde beslän arzuwlaryň köpdi, käbirini amala aşyrmagyň ugruna-da çykypdyň, goldaw bolmaly pul serişdelerini-de tapypdyň. Öz ýolbaşçylygyňda zehinli ýaş sazandalaryň orkestrini döretmekçidiň, professional saz sungatynyň binýadyny berkitmekçidiň. Täze bir balet sazyny ýazyp, opera-balet teatrynyň dargap barýan balet bölümini janlandyrmakçydyň. Merkezi Aziýa respublikalarynyň saz jemgyýetleri bilen gatnaşygyň täze ýollaryny gözlemekçidiň. Zehinli türkmen ýaşlarynyň Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň dünýä belli konserwatoriýalarynda tälim almaklaryna dörän päsgelçilikleri aradan aýyrmagyň ýollary biziň islegimize, erkimize bagly diýýärdiň. Seniň guramaçylyk ukybyňa göwnümiz ýetýärdi, kalbymyza çöken ynamsyzlyklary ýeňletmäge hemaýat berjegiňe-de ynanýardyk. Ajalyň kösti diňe bir seniň şirin janyňy alanlygynda-da däl ekeni, halkyňa zerur işleriňi togtadanlygynda ekeni. Şol işleri saňa mahsus erjellik bilen edip biljek adamyň örän azdygyny-da boýnumyza alýarys. Sen uzyn boýly, güler ýüzli, mylakatly, görmegeý ýigitdiň. Gelin-gyzlaryň saňa hyrydar seredişlerini synlamda ýaşaýyşyň kepi-sapasy barada gaýry bir düşündiriş gerek däldi. Seniň myhmanparazlygyň, saçagyňdaky süýji tagamlar, ýakymly söhbetdeşlik, aýdym-saz her birimiziň kalbymyzda ertekä çalymdaş lezzetli ýatlamalara öwrüldi. Maýda göriplerden başga seniň duşmanyňam bolandyr öýdemok. Görip diýen jandaryň hakyky dost bolup bilmeýşi ýaly, ol mert duşmanam bolup bilenokdy, sen ony tagama gaçyp, ýürek bulaýan siňege meňzederdiň, onuň işdä kesip biljegini-de unudaňokdyň. Dünýä saz sungatynyň ýollaryna kybapdaş dörän türkmen professional saz sungaty iki menzili geçdi diýip hasap edýärin. Birinji menziliň örküjinde Weli Muhatow bilen Daňatar Öwezow dur. Olar türkmen milli saz baýlygynyň ruhuny bize öňden näbelli bolan žanrlara siňdirip, onuň emosional güýjüni, mukam nepisligini milli çäklilikden halas giňişliklere alyp çykypdylar. Indiki wezipe, adamzat siwilizasiýasyna laýyk gelýän şol giňişligiň kämilligine ýetip, şonuň dili bilen halkyň ruhuny äleme ýaýmakdan, ony saz medeniýetiniň dünýä derejesindäki sütünine baglamakdan ybaratdy. Bu wezipäniň hötdesinden gelmek ikinji menziliň örküjine galan Nury Halmämmet bilen Çary Nuryma başardypdy. Çary, Nury ikiňiz bir döwrüň uçurymy, ikiňizem Aşgabatda orta saz bilimini alyp, soňra Moskwanyň dünýä belli ýokary okuw jaýlarynda professional sungatyň çylşyrymly tärlerini ele alypdyňyz. Siziň kämil saz eserleriňizi ilki bilen Moskwanyň, Leningradyň at-owazaly orkestrleriniň çalandygy geň däldi. Ol eserler ýerine ýetirijilerden ýokary ussatlygy talap edýärdi. Siz bir daragtyň iki sany merdem şahasydyňyz, siz babatda birinjidi, ikinjidi diýip, orun kesgitlemek bolmaýar. Umuman, orny san bilen aňlatmak sungata, edebiýata bap gelýän ölçeg däldir. Nurynyň öz orny, Çarynyň öz orny bar. Şolaryň biri bolmasa, ýa-da ýok hasap ediljek bolsa, daragtyň belent pudagy kesildi hasap edäýiň. Siziň döredijilik hörpüňiz, stiliňiz üýtgeşik, biri-biriňize meňzäňzok, bu şeýle-de bolmaly, edebiýat, sungat biri-birine meňzemeýän döredijileriň tagallasy bilen baýlaşýar. Ýöne ikiňiziň hem turkmeniň milli sazynyň çeşmesinden gözbaş alandygyňyzy hiç kim inkär etmez. Türkmen klassyk poeziýasynyň örküjinde Magtymguly bilen Mollanepes otyr. Men Nury Halmämmediň sazlaryny diňlänimde Mollanepesiň şygryýet dünýäsine mahsus süýjüligi, duýgularyň näzikligini duýýaryn. Elbetde, men şahsy pikirimi aýdýaryn, ony başgalaryň boýnuna atjak bolamok. Çary, seniň sazlaryňdaky duýgularyň filosofik öwüşgini, olaryň älem giňişligine mahsus ýaýrawy Magtymgula häsiýetli alamatlary ýadyma salýar. Nury ylham güýjüni ýerden gözlese, sen wagtal-wagtal şol güýji gözläp arşa göterilýärsiň. Men Magtymgulynyň ýubileý günlerinde aýdan bir pikirime dolanmakçy bolýaryn. Türkmen jemgyýetiniň häzirki kämillik derejesini kesgitlemekde Magtymgulynyň eserleri zerur ölçegdir, beýik şahyra, akyldara düşünişimize garap, biziň gözýetimimize baha beriler diýipdim. Bu ugurdaky uzak hem hupbatly ýoluň birgiden menzili bar, şolaryň biri-de Nury Halmämmet bilen Çary Nurymyň professional sungatyna çuňňur düşünmekdir. Çary, eziz dostum, sensiz geçen bäş ýylyň dowamynda biz seniň guburyň üstüne ýadygärligem galdyryp bilmän ýörüs. Sowetler döwründe bu aladany galapyn döwleriň özi bitirýärdi, indi zamana üýtgedi, gardaş. Dirikäň saňa dost diýenleriň biri eliýukalykdan kösenip ýör, beýlekisi dollaryny köpeltmegiň aladasy bilen haýdaýar, ýene biri wezipäniň keýpine maýyl. Biziň hatamyzy düzetjekler ahyr bir gün tapylar. Olar saňa-da, Nury Halmämmede-de Aşgabadyň merkezinde belent ýadygärlikler galdyrarlar. Dekabr, 1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||