14:07 Çatrykda | |
ÇATRYKDA
Goşgular
"Bu – men, bu-da – ol..." Aly Kerim Bu – men, Bu-da – ol, Senem ortada dursuň, Öwrüljegňi bilmän haýsy tarapa. Beýtmäge hakyň ýok, düşünmelisiň Sen iki ýürekden çykan talaba. Biziň birimizi saýlamalysyň, Ýokdur indi seniň üçin aralyk, Ikimizem aşyk... Ol-a çişip dur, Durun menem seň öňüňde saralyp. Dur ol-a bagtyndan razy bolup, Alkyş aýdyp saňa duşuran ýola. Diýýär: «Bu gün ömür çykmaz ýadymdan, Sataşdyrdy sen deý sahypjemala». Durun menem ähli ýoly yzarlap, Seň ýanyňa gelýär olaryň bary. Hem diýýän: «Birhili üýtgäpdir günlem Saňa ilki synym düşeli bäri». Ol diýýär: «Çagyran bolsadyň, uçup Gelmezmidim şol minudyň özünde?» Men diýýän: «Kowsaňam galmadym senden, Dogry bir ýyl selpäp ýörün yzyňda». Ol diýýär: «Gözel gyz, seniňki bolar Tükenmez hazynam, baýlygym-barym». Men diýýän: «Ynan, gyz, seniňki bolar Ygrarym, päkligim, namysym – arym». Ol diýýär: «Öýümi bezärsiň, gül gyz, Seniňem hemraň bor gülküdir şatlyk!» Men diýýän: «Gussaňy özüm alaryn, Sen barsaň öýümde bolar abatlyk». Ol diýýär: «Gör, näçe ejir çekerin, Ýüz bermeseň, kowup goýberseň sen ýa». Men diýýän: «Manysy ýok ömrüň sensiz. Siz söýmek üçin indim men dünýä». Ol diýýär... Men diýýän... Sen diňläp dursuň, Kä çytylýar, Käte ýazylýar gaşyň. Bu gün birimizi saýlamaly sen. Haýsymyzy? Bilmen, Ol seniň işiň!.. * * * Bäsdeşime göwün bereliň bäri, Diňe ýatlamalaň bolup dost-ýary, Söweşde ýeňilen ejiz biçäräň Aldyran baýdagna bakyşy ýaly, Käte ogryn garaýmasam men saňa, A gyz, başga alaç galmandyr maňa. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |