ÇAWLY ADY ŞAMA, ŞARKA ÝAŇ SALAN
■ Türkmenleriň arap ýurtlarynda rowaç alan binagärçilik sungaty hakynda söhbet
Binagärçilik sungaty halkymyzy gurujy hem-de dörediji millet hökmünde dünýä tanadan gymmatlyklarymyzyň biri. Ynsan ýaşaýşynyň bezegi, onuň durmuş zerurlyklarynyň seresi bolan binaçylyk dessury, adamzat ösüşiniň ezeli ojaklarynyň hatarynda ady tutulýan türkmen topragynda iňňän gadymy zamanlarda ýüze çykypdyr. Gadymy hem müdimi topragymyzda ýüze çykan we dünýäniň ösen binagärçilik derejesine ýeten bu sungaty halkymyzuň dünýä dolmagy bilen zeminiň alys ülkelerine-de ýaýrapdyr. Gojaman Zeminiň dürli künjeklerinde ýerleşen türkmen döwletleri öz döwründe ylym-bilimiň, medeniýetiň, edebiýatyň we sungatyň gülläp ösen ýerlerine öwrülipdirler. Şanly taryhymyzyň Gadymy we Orta asyrlarda köp sanly türkmen döwletleriniň dörän hem-de rowaç alan ýeri bolan arap ýurtlarynda hem-de Hindistanda ata-babalarymyz tarapyndan baý maddy hem-de ruhy gymmatlyklar döredilipdir. Türkmenler tarapyndan bu ülkelerde döredilen binagärçilik sungaty hem şol ajaýyp mirasymyzyň iň kämil, iň nepisleriniň biridir.
Arap dünýäsiniň Bagdat, Damask, Halap, Kair we Iýersalim ýaly meşhur şäherleriniň binýat edilmeginde, şeýle hem Hindistanyň köp sanly ajaýyp şäherleriniň gurulmagynda, olaryň köp asyrlyk taryhynda, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni merkezlerine öwrülmeginde türkmenler uly işleri bitiripdirler. Munuň hakykatdan hem şeýledigine bu şäherleriň geçmiş taryhyny millilik nukdaýnazardan ugur alnyp içgin öwrenilende, doly göz ýetirmek bolar.
Taryh ylmynda öňler türkmen binagärçiligi arap ýurtlarynda seljuklaryň hökümdarlyk eden döwründe ýüze çykypdyr diýen düşünje agalyk edýärdi. Emma häzirki döwürde türkmen sungatynyň bu ugrunyň döreýşi, dünýä ýaýraýşy, şol sanda arap ýurtlarynda hem kemala gelşi we rowaç alşy baradaky pikirler düýpgöter üýtgedi.
Binagärçilik sungaty halkymyzy gurujy hem-de dörediji millet hökmünde dünýä tanadan gymmatlyklarymyzyň biri. Ynsan ýaşaýşynyň bezegi, onuň durmuş zerurlyklarynyň seresi bolan binagärçilik, adamzat ösüşiniň ezeli ojaklarynyň hatarynda ady tutulýan türkmen topragynda iňňän gadymy zamanlarda ýüze çykypdyr.
Türkmen binagärçiligi milli sungatymyzyň beýleki ugurlary ýaly, arap ýurtlarynda türkmenleriň beýik Parfiýa şalygynyň döwründen bäri bellidi. Parfiýa şalygynyň döwründen başlap, bu sebitlerde täşin gurluşyk çözgütlerini özünde jemleýän ymaratlar, gözel binalar gurlupdyr, jenneti seýilgähler, bag-eremler döredilipdir. Bu gurluşyk desgalary, olary gurmakda giňişleýin ulanylan haýran galdyryjy tilsimler, soňraky asyrlaryň yslam hem-de milli binagärçilik sungatlarynyň kemala gelmeginde möhüm orun eýeläpdir. Ençeme asyrlap türkmen döwletleriniň düzüminde bolan arap ülkelerinde köp-köp binalar gurlup, olaryň aglabasy halkymyzyň taryhynyň şöhratly döwürlerinden aýdyň nyşan hökmünde biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
Mälim bolşy ýaly, türkmenleriň beýik Parfiýa döwleti dünýä ýaň salan jahan şalyklarynyň biridir. Orta Gündogaryň ähli ýerleri diýen ýaly, ata-babalarymyzyň döreden bu kuwwatly döwletiniň düzümine girýärdi. B.e.ö. 140-njy ýyllar töweregi häzirki Yragyň ýerleri (Mesopotamiýa) Parfiýa şalygynyň düzümine girizilipdir. Demirgazyk Yragyň Mosul şäherinden 90 km uzaklykda ýerleşen gadymy Hatra şäheriniň ýadygärlikleri Parfiýa döwrüniň sungatynyň ajaýyp nusgalarydyr. Tegelek ülňi esasynda gurlan Hatranyň daşyna biri-birinden 400 metr aralykda ýerleşýän iki gat gala aýlanypdyr. Şäheriň içki galasynyň ini iki müň metre barabar bolup, onuň jahanyň çar tarapyna bakdyrylyp gurlan dört sany derwezesi bar eken. Hatranyň içinde köşgüň we dört sany ot ybadathanasynyň galyndylary saklanyp galypdyr. Köşgüň, ybadathanalaryň içi sütünler, nagyşlar, heýkeller bilen bezelipdir.
Hatradan tapylan täsin sungat eserleriniň biri-de, b.e. 138-nji ýylyna degişli melike (şa gyzy) Doşfarynyň heýkelidir. Parfiýa biçüwinde geýnen Doşfarynyň heýkelini göreniňde, türkmen gelniniň keşbi göz öňünde janlanýar. Melikäniň egninde türkmen zenanlarynyňky ýaly uzyn köýnegi, başynda bolsa üstüne başatgyç atylan milli zenan börügi bar. Doşfary owadan hereketi bilen ajaýyp nagyşlar bilen keşdelenen köýneginiň etegini epin-epin edip saklap, sag elini göterip, otparazçylyk dessury boýunça ak pata berip dur. Doşfarynyň gapdalynda ähli babatda melikäniň özüne meňzäp duran gyzynyň kiçeldilen görnüşindäki heýkeljigi hem ýerleşdirilipdir.
Dünýä taryh ylmynda «Musulman binagärçiligi» diýip atlandyrylýan nepis sungatyň kemala gelmeginde hem türkmen halkyna uly paý degişlidir. Abbasy halyflygynyň döwründen başlap, arap ülkelerinde türkmenler tarapyndan haýran galdyryjy gurluşyk çözgütlerini özünde jemleýän şäherler, galalar, oba-kentler gurlupdyr. Türkmen binagärçiliginiň yzlary Bagdat şäheriniň geçmiş taryhynda has hem gowy görünýär.
Halyflygyň paýtagty öň Kufa şäherinde ýerleşýär eken. Ägirt uly musulman döwletiniň kemala gelmegi bilen has amatly paýtagtyň zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin hem Orta Yrakda, Tigr bilen Ýewfrat derýalarynyň biri-birine has golaý gelýän ýerinde täze paýtagt gurmaklyk karar edilýär. Täze paýtagtyň düýbi 762-nji ýylda halyf al-Mansur tarapyndan tutulyp, onuň adynyň gelip çykyşyny gadymy Bagdat obajygynyň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Şäheri halyf «Medinat as-Salam» («Abadançylyk şäheri») diýip atlandyrypdyr. Emma halk arasynda barybir, «bagdat» («Hudaý beren») ady ýörgünli bolup galypdyr. Şäheriň Horasan, Kufa, Basra we Damask diýlip atlandyrylan dört sany derwezesi bolupdyr. Bagdat şäheri aýratyn hem al-Mansuryň agtygy Harun ar-Reşidiň (786-809) döwründe gülläp ösüpdir. Bu döwürde Bagdat dünýäniň iň owadan hem-de baý şäherleriniň birine öwrülip, halyf hem-de onuň wezir-wekilleri zynat içinde ýaşaýardylar.
Merwi wagtlaýynça abbasy halyflygynyň paýtagtyna öwren halyf Mamunyň türkmen gyzy bilen tutan durmuş toyy, halyf Mütewekgiliň (847-861) guran meýlisi Bagdatyň ilatynyň ýadyndan onlarça ýyllap çykmandyr. Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, Mamunyň türkmen begzadasy Boran weziriň on sekiz ýaşly gyzy bilen guran durmuş toý ençeme nesilleriň ýadyndan çykmajak waka öwrülipdir. Altyndan edilip, göwher daşlary we merjen däneleri bilen bezelen halynyň üstünde oturan Mamun bilen gelniniň üstüne altyn mejimelerden müňlerçe ululy-kiçili merjen dänelerini seçipdirler. Halyfyň köp sanly wezir-wekilleri bolsa, togalak müsküň daşyna çatynjalara niýetlän sowgatlarynyň atlaryny ýazyp, köşgüň ortasynda belent supada altyn halynyň üstünde oturan çatynjalara tarap togalap goýberipdirler.
917-nji ýylda oguz gyzy Garypdan bolan halyf al-Muktadir (908-932) Wizantiýanyň patyşasy Konstantin VII ilçilerini kabul edýär. Halyf öz kuwwatyny görkezmek üçin türkmenler tarapyndan serkerdelik edilýän 160 müň adamly goşunyny, 7 müň hyzmatkärini we 700 sany köşk adamlaryny ilçileriň öňünden nyzam bilen geçiripdir. Bu dabarada wizantiýaly ilçileriň öňünden ýüz sany eldekileşdirilen ýolbarslary hem geçiripdirler. Ilçiler al-Muktadiriň köşgüne agyzlaryny açyp tomaşa edipdirler. Köşgüň penjirelerine 38 müň tuty gerlip, onuň içine 22 müň sany haly düşelipdir we diwarlaryndan asyp goýlupdyr. Ilçileri aýratyn hem «Daragt köşgi» haýran galdyrypdyr. Köşgiň içindäki tegelek serhowzuň ortasynda altyndan we kümüşden edilen emeli daragt dikilip, onuň şahalarynda ýörite enjamlaryň kömegi bilen her dürli hereketleri edýän altyndan edilen emeli guşlar oturdylypdyr. Köşgiň içinde naýzasy bilen aw awlap duran 30 sany atly esgeriň heýkeli ýerleşdirilipdir. Gürrüňi edilen zynatlar al-Muktadiriň 23 sany köşgüniň diňe birindäki zatlar. Abbasylar köşgüniň baýlygy barada biz ýöne ýerden gürrüň etmedik, sebäbi onuň ýeten şeýle derejesinde türkmenleriň uly paýy bar.
Harun ar-Reşidiň hökümdarlyk eden ýyllarynda şäherde köp sanly köşkler, kitaphanalar, ylym öýleri, keselhanalar, metjit-medreseler gurlupdyr. Şu döwürde halyflaryň serkerdeleri, sakçylary hem-de halyf goşunlarynyň esasy zarba urujy güýçleri hökmünde Bagdatda türkmenler hem peýda bolup ugraýar. Soňra bagdatly türkmenlerden meşhur döwlet işgärleri, şeýle hem al-Farabi, al-Horezmi ýaly dünýä belli alymlar hem ösüp ýetişipdirler. Dogry, Harun ar-Reşit aradan çykandan soň, Amin bilen Mamunyň arasyndaky häkimýet ugrundaky göreşlerde Bagdat uly zyýan çekipdir. Emma 834-nji ýylda häkimiýete Harun ar-Reşidiň türkmen aýaly Meride Hatyndan bolan ogly al-Mutasimiň (833-843) gelmegi bilen Bagdat gaýtadan ösüp başlapdyr.
Harun ar-Reşidiň aýallaryndan üç sany ogly bar eken. Olardan al-Amin arap Zübeýda Soltandan, al-Mamun horasanly Marajal Hanymdan, al-Mutasim bolsa ýesir edilip getirilen, aý ýaly owadan oguz gyzy Meride Hatyndan bolupdyr. Ilki Amin, soň Mamun halyf bolýar. Halyf Mamun ejesiniň horasanly bolandygy üçin, ol enebaşga inisi, kakasy Harun ar-Reşidiň türkmen aýalyndan bolan ogly Mutasimi ýaşlykdan gowy görýär eken. Halyf bolanyndan soň, Mamun ony döwletiň baş serkerdeligine belleýär, halyf goşunlaryny dine türkmenlerden düzmegem oňa tabşyrypdyr. Dogry, Mamun özünden soň, halyflygy ogly Musa miras galdyrmak isläpdir. Emma Musa kakasy Mamun aradan çykandan soň, abbasylar nesilşalygynyň ýaşulusy hökmünde agasy Mutasimiň peýdasyna tagtdan el çekýär. Eýýäm belläp geçişimiz ýaly, mundan beýläk tä Abbasy halyflygy ýykylýança (1258) hökümdarlyk eden halyflaryň ählisi Harun ar-Reşidiň türkmen aýalyndan bolan Mutasimden örňän nesillerdir! Al-Mutasim ejesi türkmen bolandygy üçin, töweregine Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlanlaryndan getirilen türkmenlerden düzülen dört müňden gowrak köşk goragçylaryny jemläpdir, halyf goşunlaryna-da esasan, türkmenlerden bolan serkerdeleri belläpdir. Bu barada gündogarşynaslar O. Kowtunowiç bilen S. Hojaş: «Harun ar-Reşidiň üçünji ogly, sekizinji abbasy halyfy al-Mutasim (833-842) türk[men] ýesir gyzyndan doglupdyr. Tagta geçen dessine, ol Orta Aziýadan getirilip, türk[men]lerden düzülen dört müňlük şahsy goşunlary öz töweregine ýygnapdyr. Şeýdip, al-Mutasim halyflaryň parslardan düzülen şahsy nökerleriniň köşkdäki täsirini gaçyrmak islan bolsa gerek» diýip ýazýarlar.
Şu wakalardan soň araplar bilen parslar, türkmen harbylaryna hem-de köşk adamlaryna daýanýan al-Mutasimiň esasy bäsdeşine öwrülipdirler. Bu döwürde türkmenler Bagdadyň «al-Harbiýa» we «al-Balhiýa» mähellelerinde ýaşaýardylar. Şonuň üçin hem halyf paýtagty Bagdatdan göçürmegi we täze paýtagt gurmagy karar edýär. Şeýlelikde, 836-njy ýylda Bagdatdan 120 km daşlykda, Tigr derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän Samarra obajygynyň ýerinde täze paýtagt gurlup başlaýar. Paýtagtyň gurluşygyna türkmen harbylary hem-de döwlet işgärleri ýakyndan gatnaşypdyrlar. Araplara düşnüksiz bolan assiriýalalylaryň «Samara» adyny, al-Mutasim «Surra men raa» («[Ony] gören şat bolar») diýip üýtgedipdir. Halyflygyň paýtagty hökmünde «Surra men raa» ady teňňeleriň ýüzünde, resmi döwlet iş dolandyryş kagyzlarynda giňişleýin ulanylypdyr, ýöne halk arasynda şäheriň Samara ady barybir ýörgünli bolup galypdyr. Türkmenleriň halyflykdaky bäsdeşleri täze gurlan paýtagty göz öňünde tutup, «türk[men]leri Bagdatda däl-de, şol ýerde gören şat bolar» diýip, içleri ýanyp aýdýar ekenler.
Bagdatdan tapawutlylykda Samarra göni köçeli şäher bolup, onuň baş köçesiniň giňligi 100 metre uzynlygy bolsa 15 km barabar bolupdyr. Şu köçe bilen günde diýen ýaly halyfyň türkmenlerden düzülen goragçylary we goşunlary dabaraly nyzam bilen geçýär ekenler. Şähere köp sanly metjitler, halyfyň we onuň türkmen serkerdeleriniň köşkleri aýratyn bezeg beripdir. Aýratyn hem al-Mutasimiň «Jausak al-Hakani» («Han galasy») diýlip atlandyrylan köşgi owadan bolupdyr. Köşkleriň depesindäki howalanyp duran owadan gupbalar binalara aýratyn gelşik beripdir. Köşgüň öňünde meýdany 127 inedördül metre barabar bolan ajaýyp serhowuz hem bar eken. Tigr derýasyndan gelýän ýaplar arkaly bag-bakjanyň ölemen aşygy al-Mutasimiň seýilgählerine suw getirilipdir.
Samarranyň günortasynda halyf 53 inedördül kilometer barabar bolan daşky haýatly täsin haýwanat bagyny gurdurypdyr. Onda iki müňden hem gowrak görnüşli haýwanlar saklanypdyr. Haýwanat bagynyň meýdany şeýle uly bolansoň, al-Mutasim onda aram-aram aw hem edýär eken. Netijede, Bagdat şäheriniň binýat edilmeginde uly işleri bitiren abbasylaryň türkmen serkerdeleridir wezir-wekilleri ýurduň täze paýtagty Samarrynyň gurulmagynda-da hyzmatlaryny gaýgyrmandyrlar. Halyf al-Mutamit (871-892) döwletiň merkezini 56 ýyllap Abbasy halyflygynyň paýtagty bolup hyzmat eden Samarra şäherinden ýene-de Bagda-da göçürip getirýär.
Abbasy halyflygynda dünýewi häkimiýet türkmenleriň seljukly soltanlarynyň eline geçenden soň Bagdat şäheri has hem ulalypdyr. Bu döwürlerde gurlan ymaratlaryň ählisinde türkmenleriň Günorta Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda döreden ajaýyp binagärçilik sungatynyň yzlary mese-mälim görnüp dur. Halyf al-Muktafiniň türkmen aýaly Zümerret Hatyndan (ýa-da Zumrat Hatyn) bolan ogly an-Nasyryň döwründe (1180-1225) Bagdat berkidilipdir, onuň daşyna kuwwatly gala diwarlary aýlanylypdyr. Halyf az-Zahyryň türkmen aýalyndan bolan ogly al-Mustansiriň (1226-1242) döwründe bolsa, ajaýyp «al-Mustansariýa» medresesi gurlupdyr.
Bu medrese döwründe bütin musulman dünýäsinde şöhratlanan belli okuw mekdebine öwrülipdir. Alymlara, şahyrlara, suratkeşlere howandarlyk eden Mustansir medresesä şeýle bir köp kitaplary sowgat beripdir welin, olary köşkden medresä eltmek üçin 160 sany hammal gerek bolupdyr.
Mustansariýa medresesinden birneme aňyrrakda halyf al-Mustadiniň aýaly, an-Nasyryň bolsa ejesi Zümerret Hatynyň çykaran harajatynyň hasabyna we onuň ak patasy bilen gurdurylan al-Haffafin metjidi gurlupdyr. Zümerret Hatynyň metjidinden, onuň harabalyklary hem-de Bagdatda iň gadymy hasap edilýän minarasy saklanyp galypdyr. 1202-nji ýylda aradan çykan Zümerret Hatynyň aramgähi, onuň ogly halyf an-Nasyr tarapyndan gurlup, ol Tigr derýasynyň günbatar kenarynda, Berlin-Stambul-Bagdat demir ýolunyň ýanyndaky köne öwlüýäde ýerleşýär. Öwlüýäde ýerleşýän beýleki aramgählerden Zümerret Hatynyň aramgähi keşbi boýunça-da, göwrümi boýunça-da düýpli tapawut edýär. Aslyýetinde, bu ajaýyp bina meňzeş aramgähi musulman binagärçiliginden tapaýmak aňsat däl. Aramgäh sekiz burçly görnüşde gurlup, onuň üstüne süýnmek edilip galdyrylan üýtgeşik gupba bina edilipdir. Zümerret Hatynyň aramgähindäki süýnmek gupbany göreniňde, Orta asyrlarda oguz türkmen zenanlarynyň börüginiň üstünde berkidilýän, ýüzüne altyn çaýylan kümüş we altyn şelpeler dakylan özboluşly gupba göz öňünde janlanýar.
Yrakda türkmenleriň Osmanly we Sefewi döwletleriniň döwründe-de köp sanly köşkler, galalar, aramgähler, metjit-medreseler we başga-da köp sanly gurluşyk desgalary bina edilipdir, köne binalaryň ençemesi gaýtadan dikeldip, rejä salnypdyr. Osmanly we Sefewi türkmen hökümdarlarynyň guran binalary aýratyn hem Yragyň Bagdat, Mosul, Basra, Erbil, Kerkuk, Kerbele we Nejep ýaly uly şäherlerinde köpdir.
Arap dünýäsiniň ykrar edilen merkezleriniň biri bolan Müsürde-de türkmenler uly yz galdyrypdyrlar. Muňa dürli asyrlarda Kairde gurlan köp sanly ymaratlar şaýatlyk edýär. Türkmenler tarapyndan Kairde gurlan iň irki ymarat bagdatly türkmen begzadasy Dolan Aý Begiň (arap çeşmelerinde «Tulun») ogly Ahmet Tulun tarapyndan bina edilen metjitdir. 835-nji ýylda Bagdatda Dolan Aý begin maşgalasynda dünýä inen Ahmet Tulun örän edermen serkerde bolupdyr. Ol döwründe kämil söweş usullaryny, ylym-bilim öwrenýär we terbiýe alýar. Taryhy geşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, ol arap dilini suwara bilipdir, hatda Gurhany ýat bekläp, karylyga-da ýetişipdir. Ahmet Tulun medeniýete-de uly sarpa goýupdyr. Taryhy çeşmeler onuň şahyrçylykdan hem başynyň çykanlygyny habar berýär. Ahmet Tulunyň ogullarynyň biri Abbas bolsa tanymal şahyr eken.
Ahmet Tulun Bagdat halyfynyň belli türkmen emeldarlarynyň biri bolan Beg Başyň gyzyna öýlenýär. Köp wagt geçmänkä, Ahmediň gaýnatasy Müsüre häkim edilip bellenýär. Emma Beg Baş öz ornuna Müsüre giýewisi Ahmet Tulunyň iberilmegini gazanypdyr. Müsür ol döwürde paýtagty Bagdat bolan Abbasy halyflygynyň iň bir möhüm welaýatlarynyň biridi.
Arap ýazarlary Ahmet Tuluny edermen serkerde, başarjaň hökümdar hökmünde häsiýetlendirýärler. Onuň döwründe Müsürde ähli ylymlar ösüpdir, alymlara howandarlyk edilipdir. Müsüriň taryhçylary Tulunylaryň döwrüni ýurduň gülläp ösen döwri hökmünde häsiýetlendirýärler. Ahmet Tulunyň döwründe ymaratçylyga aýratyn uly üns berlipdir. 873-nji ýylda ol bütin Ýakyn Gündogara meşhur bolan hassahana gurdurypdyr.
Ahmet Tulun Müsüre garaşsyzlyk alyp beren türkmen hökümdarydyr. Özbaşdaklyk gazanandan soň Müsüriň taryhynda gurujy hökümdar hökmünde şöhratlanan Ahmet Tulun 870-nji ýylda halyfyň dikmeleriniň oturýan ýeri bolan Fustat şäheriniň gapdalynda garaşsyz Müsüriň täze paýtagtyny gurdurýar. Oňa arapça «Katar» – «Kataý» («Ýeriň bir bölegi») diýlipdir. Öň Müsürde arap serkerdesi Amr tarapyndan gurlan metjit bar eken. Emma juma namazynda Amryň esgerleriniň hemmesi bu metjitde ýerleşmändir. Şonuň üçin hem Ahmet Tulun täze paýtagtyň düýbüni tutanda, öňi bilen kaşaň metjit bina edipdir. Kairiň minaralarynyň hiç biri Ahmet Tulunyň gurduran metjidiniň minarasyna meňzemeýär. Kataý şäheri türkmen hökümdarynyň 876-879-njy ýyllarda gurduran metjidiniň daşynda emele gelipdir. Hökümdar şäheriň daşyna beýik gala, onuň aňyrsynda bolsa, mäkäm gorag guşaklygyny gurdurypdyr. Metjit gurlup gutarandan soň onda Ahmet Tulunyň esgerleriniň 20 müňüsi bir wagtda namaza durupdyrlar. Müsüriň ymaratçylyk sungatynda «Tulunylaryň» ýa-da «Tulun ogly Ahmediň metjidi» diýip at alan bu meşhur bina häzir hem bar.
Ahmet Tulunyň metjidiniň alysdaky köçelerinden görnüp ugraýandygyny we oňa golaýladygyňça, onuň erňekleri diş-diş, ýüzi tekiz diwarlarynyň şonça-da howalanyp görünýändigini dürli döwürleriň syýahatçylary belläpdirler. Göräýmäge ýönekeý, emma owadan durky «Tulunylaryň» metjidiniň türkmen binagärçiliginiň iň ajaýyp, gaýtalanmajak nusgasyna öwürýär. Metjidiň tutýan meýdany daşyndan 140X122 metr ölçege barabar bolup, onuň içki howlusynyň taraplarynyň uzynlygy 92x92 metre barabardyr. Metjidiň meýilnamasy dörtgyraň görnüşde bolup, onuň merkezinde dörtburç sekiniň üstünde sekiz burçly diwarlarynyň üsti hüjre bilen basyrylan täsin suw çüwdürimi ýerleşýär. Äpet howlyny ýada salyp duran metjidiň üç tarapy küňreli sütünler bilen bezelen. Peýkam görnüşli küňreler dörtgyraň sütünleriň üstünde bina edilipdir. Howlynyň dördünji tarapy namaz okalýan zala baryp birleşýär.
Öňler Müsürde binalar daşdan gurulýar eken. Ahmet Tulun bu ülkä bişen kerpiçden ymarat gurmak dessuryny getiripdir. Bu bina bişen kerpiçden Müsürde gurlan birinji ajaýyp ymaratdyr. Metjidiň sütünlerine, küňrelerine, penjireleriň daş-töweregine, erňeklerine ösümlik we geometric nagyşlar aýratyn nepislik bilen oýulup salnypdyr.
Bu metjit beýleki metjitlerden täze gurluşyk ülňüleri bilen tapawutlanyp, onuň gurluşygynda musulman binagärçiliginiň taryhynda ilkinji gezek diwarlary saklamak üçin sütünler, küňreler ulanylypdyr. Metjidi galdyrmak gerek bolan çig mallalary, enjamlary Fustatdan uzak bolmadyk Mukkatdan belentliginden ýörite getirdipdir. Gurluşygyň çig maly aýratyn seljerilip, iň ýokary derejede salnan bu metjit Kairiň ähli ilatyny diýen ýaly öz içine ýygnap bilipdir. Metjidiň daş-töwereginde ýerbe-ýer ekilen daglar, asmana göterilýän owadan suw çüwdürimleri görenleri haýran galdyrypdyr.
Meşhur arap taryhçysy Mukaddesi öz işlerinde Ahmet Tulunyň bu metjidi tapan hazynasynyň hasabyna gurduranlygyny öz işlerinde belläp geçýär. Ahmet Tulun bu hazynany özüne Allatagalla tarapyndan iberilen peşgeş hökmünde grörüp, puly metjidiň gurluşygyna – Allanyň öýüni gurmaga sarp edipdir. Bu metjit soňra Kataý şäheriniň emele gelen «Ýaşkur» diýlip atlandyrylan belentlikde gurlupdyr. Taryhçylar Ahmet Tulunyň metjit gurmak üçin bu belentligi saýlap almagynyň sebäbini, eger-de adamlar belent ýerde ýaşasalar, olaryň doga-dilegleri, arzuw islegleri Allanyň dergähine tiz baryp ýeter diýip düşündiripdirler. Köne ynançlara görä, bu ýer Musa pygamberiň hem doglan mekany hasap edilýärdi.
Metjidiň gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barlypdyr, sebäbi oňa hökümdaryň hut özi ýolbaşçylyk edýärdi. Metjidiň gurluşygy üçin 300 sany sütün gerek bolupdyr. Öňler zerurlyk ýüze çykanda, köne isaýy ybadathanalaryny ýykyp, olaryň sütünini ymarat gurmakda ulanýar ekenler. Emma Ahmet Tulun beýle etmändir. Sütünleriň ählisi berk dag daşlaryndan ýasadypdyr. Bu işde oňa hut Allanyň özi kömek edipdir. Saklanyp galan gürrüňlere görä, hökümdaryň metjit gurmak isleýändigini zyndanda ýatan bir isaýy binagäri eşidipdir we öz çyzgylaryny oňa ugradypdyr. Binagäriň çyzgysy Ahmet Tuluna ýarapdyr, ol binagäri zyndandan boşadyp, özünem gurluşygyň ýolbaşçysy edip belläpdir. Bu metjidiň gurluşygy üçin Ahmet Tulun 100 müň dinar harçlapdyr. Ahmet Tulunyň gurduran metjidi beýleki musulman metjitlerinden düýpli tapawut edýär. Aýratyn hem onuň minarasynyň gurluşy üýtgeşikdir. Minaranyň aýlaw-aýlaw bolup ýokarlygyna gidýän basgançaklary, minaranyň içinden däl-de daş ýuzünden gidýär.
Bu täsin ymaratyň peýda bolmagy özboluşly rowaýatyň emele gelmegine-de sebäp bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, Ahmet Tulun diýseň işeňňir adam bolup, ol wagtyny hiç haçan biderek geçirmeýändigine buýsanýar eken. Günlerde bir gün emeldarlaryň biri hökümdaryň bir bölek kagyzy towlap, güýmenip oturanyny görüpdir. Ahmet Tulun kagyzy towlam-towlam edip, bir zadyň pikirini edip outran eken. Emeldar oýunlyga salyp, hökümdaryň dynç alyp oturanlygyna begenýändigini aýdypdyr. Emeldaryň sözlerini ýokuş gören hökümdar, özüniň boş oturmandygyny, gurdurýan metjidiniň mirasynyň basgançagynyň taslamasy hakynda oýlanyp oturandygyny gahar bilen aýdypdyr.
Ahmet Tulun ýurduň suwaryş ulgamyny kämilleşdirmek we ekerançylyk ýerleriniň suwlandyrylyşyny kadalaşdyrmak maksady bilen Nil derýasyndan bölünip gaýdýan ýaplaryň başlanýan ýerlerinde täsin suw ötüklerini gurdurypdyr. Şeýle suwaryş desgalaryny ýewropalylar «akweduk» diýip atlandyrýarlar. Tulun ogullarynyň döwründe dokma senagaty, metaly işläp bejermek, ýarag ýasamak, hünärmentçilik gülläp ösüpdir.
Kairiň özboluşly binagärçiligine al-Azhar musulman uniwersitetiniň täsin ymaratly aýratyn bezeg berýär. Onda metjit, medrese ýerleşýär. Al-Azhary 970-972-nji ýyllarda fatimi serkerdesi Jöwher gurdurypdyr. Emma soňra memluk türkmenleriniň döwründe bu bina aýratyn şöhrata eýe bolupdyr. Al-Azharda 1468-1496-njy ýyllarda ajaýyp minara gurlupdyr. Memluklaryň döwründe al-Azhar musulman dünýäsiniň iň uly uniwersitetine öwrülýär. Metjitde memluklaryň döwründe XIV asyrda uly kitaphana esaslandyrylyp, onda altmyş müňden gowrak kitap we bäş müň sany golýazma saklanylypdyr. 990-1013-nji ýyllarda Kairde al-Hekim metjidi hem gurlupdyr. Emma 1302-nji ýylyň ýer titremesinde onuň minaralary ýumrulypdyr. Memluk hökümdary soltan Beýbars 1309-njy ýylda al-Hekim metjidiniň golaýynda, 1306-njy ýylda öz gurduran metjidiniňki ýaly minara galdyrypdyr.
Türkmenleriň eýýubi döwletiniň döwründe Kair has hem ulalypdyr. Soltan Salaheddin gala gurluşygyna uly üns beripdir. Sebäbi haç göterijiler Müsüre hemişe uly howp salyp durupdyrlar. Arap nesilşalygy bolan Fatimileriň döwründe Kairi ösdürmegiň we gurluşyk işlerini alyp barmagyň ýörite meýilnamasy bolmandyr. Şol sebäpli hem şäher demirgazyga tarap süýnmek görnüşde tertipsiz ulalypdyr. Soltan Salaheddin Kairi ösdürmegiň we şäher gurluşyk işlerini tertibe salmagyň anyk meýilnamasyny işläp düzüpdir. Munuň üçin bolsa, şäheriň daşyna berk gala diwarlaryny aýlamalydy. Şäher galasynyň gurluşygy 1175-nji ýylda başlapdyr. Salaheddinin daşdan guran galasynyň bäş ýarym müň metre barabar bolan bölegi häzirki güne çenli saklanyp galypdyr.
Salaheddiniň we onuň nesilleriniň döwründe Kairde dini ymaratlardan we gala diwarlaryndan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, köşkleriň, kerwensaraýlaryň, hammamlaryň, bazarlaryň gurluşygyna-da uly üns berlipdir. Müsürde memluklaryň döwründen (1250-1517) belentlikde, owadanlykda hem-de baýlykda biri-biri bilen bäsleşýän ajaýyp metjitler, aramgähler we köşkler saklanyp galypdyr. Musulman nesilşalyklarynyň, şol sanda türkmen hanedanlarynyň hem nesil şejeresini ilkinji bolup ylmy esasda düzen, meşhur gündogarşynas Stenli Len-Pul: «Gysga wagt hökümdarlyk edendiklerine garamazdan, memluklaryň dolandyryşy özüniň aýratyn abadançylygy bilen tapawutlanypdyr. Kairde häzir hem olaryň inçe sungata goýan sarpalaryna we binagärçilige bolan hyjuwlaryna şaýatlyk edýän subutnamalar dolup ýatyr» diýip, XIX asyryň ahyrlarynda ýazypdyr.
Kairiň günorta-gündogarynda her bir türkmen üçin mukaddes ýerleriň biri bolan gadymy öwülýä ýerleşýär. Ol ýerli ilatyň arasynda «merhumaryň şäheri», ylymda bolsa «Memluklaryň öwülýäsi» diýilip atlandyrylýar. Onda tas üç ýüz ýyllap diýen ýaly türkmen soltanlary, serkerdeleri we esgerleri jaýlanypdyr, olaryň mazarlarynyň üstüne köp sanly aramgähler gurlupdyr. Aramgähleriň köpüsiniň asyrlaryň geçmegi bilen bütinleý ýitip gidendiklerine garamazdan, bu ýerde olaryň henizem elliden gowragy saklanyp galypdyr. Aramgähleriň hemmesiniň gurluşy dörtgyraň, merhumyň ýatan ýeriniň üstünde bina edilen gupba, sekiz burçly diregiň üstünde gurlan, Memluklaryň döwründe Kairde onlarça metjitler gurlupdyr. Olaryň hemmesi hakynda gürrüň etmek mümkin hem däl.
Memluklaryň döwründe ilkinji gurlan ymarat soltan Beýbarsyň 1267-1269-nji ýyllarda gurduran metjididir. Üstünden ençeme asyrlaryň geçenligi zerarly metjit belli bir derejede ýumrulypdyr, onuň Kairiň gözelligine gözellik goşan owadan gupbasy hem saklanyp galmandyr. Emma metjidiň saklanyp galan desgalary, olaryň ýüzüne salnan dürli görnüşdäki nepis nagyşlar bu binanyň döwründe Kairiň binagärçilik görnüşine ajaýyp görk berendigine şaýatlyk edýär.
XIII asyryň ahyrlarynda memluk soltany Kalawunyň (1279-1290) metjitden, aramgähden, hassahanadan we medreseden ybarat binalar toplumy hem türkmenler tarapyndan Kairde bina edilen ajaýyp, bitewi ymaratdyr. Metjidiň täsin nagyşlar bilen bezelen iki ganatly küňreli eýwanyny emele getirýän içki howlusy aýratyn owadan. Bu ajaýyp ymaratlar toplumyny gurduran beýik soltanyň täsin ykbaly bar: ýaşajyk oglan wagty ony gül bazarynda müň dinara satyn alypdyrlar. Şol sebäpden hem oňa «al-Alfy» – «müňlük» diýip at goýupdyrlar. Gözleri ýanyp duran ýigdekçe tiz wagtdan goşunçylyga alnypdyr we ajaýyp üstünliklere eýe bolupdyr. Häkimiýeti eline alyp, soltan Kalawun Müsüriň iň şöhratly patyşalarynyň birine öwrülipdir.
Soltanyň özi bilen oglunyň jaýlanan aramgähiniň gupbasyny göterip duran, ýüzüne altyn çaýylan sekiz sany sütüni bar. Aramgähiň diwarlary we sütünleri reňkli mermer bilen örtülen. Aramgähiň ýüzüne oýma nagyşlar bilen bezelen mermer mähraby Müsürde duşýan mähraplaryň iň owadany hasap edilýär. Binanyň gözenekli penjirelerine gymmat bahaly çig maldan edilen reňkli aýna oturdylypdyr, onuň ýokary erňegine bolsa altyn çaýylypdyr. Soltan Kalawunyň we onuň oglunyň aramgähiniň merkezinde, gupbanyň aşagynda ýerleşýän guburlarynyň daşyna nepis nagyşly agaç haýat edilipdir.
Bu aramgähdäki reňkli mermeriň, altynyň, dürli maddalar çalnyp lowurdadylan agajyň, dürli reňkli aýnalaryň reňkleriniň özara baglanşygy, ony has dabaraly we bezegli görkezýär. Şeýle bolansoň, binagärçilik toplumynda giçki döwürleriň ymaratlary üçin häsiýetli bolan, bezeg işlerinde artykmaç ülňileriň ulanylmagy ýa-da bolmasa, binalaryň hetdenaşa baýlaşdyrylmagy ýaly kemçilikler duýulmaýar.
Soltan Kalawunyň aramgähindäki hassahananyň uly howlusy bar. Onda dürli maksatlar üçin peýdalanylan köp sanly otaglar gurlupdyr: hassalar üçin otaglar, aşhana, tebipler üçin hüjreler we başgalar. Hassa aýallar üçin niýetlenilen otaglar dürli nagyşlar we ýazgylar bilen bezelipdir. Döwründe hassahanada lukmançylyk ylmyna degişli gymmatly golýazmalar saklanylýan baý kitapna-da bar eken.
Kalawunyň gurduran ymaratçylyk toplumynyň owadan baş girelgesi aýratyn täsin hem-de dabaraly görünýär. Baş girelge daşlaryň iki reňklisi bilen küşt tagtasynyň görnüşinde bina edilipdir. Binalaryň diwarlary örülende ulanylýan şeýle gurluşyk usuly, memluklaryň döwri üçin häsiýetli bolan gurluşyk üňlüsidir. Umuman, sultan Kalawunyň gurduran ajaýyp binasy görenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
Türkmenleriň Müsürde guran täsin ymaratlarynyň biri-de 1356-1363-nji ýyllarda bina edilen memluk soltany Hasanyň (1347-1351 we 1354-1361) aramgähini, metjidini hem-de medresesini öz içine alýan binagärçilik toplumydyr. Soltan Hasanyň metjidiniň öň tarapynyň uzynlygy ýüz elli metre barabardyr. Äpet sütünler, metjidiň ähli gurluşygynda ulanylan köp sanly desgalaryň özara baglanşygy, binanyň öň tarapyny has hem gözel keşbe büreýär. Bu äpet gurluşyk toplumynyň açyk howlusynyň ortarasynda, mermer sütünlere daýanyp duran küňräniň üsti gupba bilen basyrylan suw çüwdürimi ýerleşýär. Gupbanyň daşyna owadan hat ýazylan tekiz bagjyk aýlanan. Açyk howlynyň daşyna dört tarapdan hem içinde talyplar ýaşap we okar ýaly gowy şertler döredilen hüjreli eýwanlar aýlanyp dur. Binagärçilik toplumunda ýerleşýän aramgähiň gupbasy XVII asyrda osmanly türkmenleriň döwründe sökülip, täzeden gurlupdyr. Häzirki döwürde bu binagärçilik toplumynyň içinde XIV asyrda nähili zatlaryň ulanylandygyny göz öňüne getirmek kyn. Sebäbi bar bolan ähli zatlar Kairiň yslam sungaty muzeýine äkidilip tabşyrylypdyr. Emma metjidiň howalanyp duran beýik gupbasynyň aşagynda durup, ýokarlygyna sereden her bir adam onuň daş diwarynyň ýüzüne oýulyp nagyş edilen belent diwarlaryny görüp, onuň mermer nagyşlarynyň, altyn haşamlarynyň ýakymyny aňynda jemläp, özüniň asly bitewiligi we ajaýyp bezegi bilen haýran galdyrýan bu gözelligi döreden beýik türkmen hökümdarynyň ussatlygyny duýup bilýär.
XV asyryň başlarynda soltan Berkugyň (1382-1399) iki sany aramgähi, medresäni öz içine alýan metjidi hem edil soltan Hasanyň binagärçilik toplumynyň aýratynlyklaryny gaýtalaýar. Soltan Berkugyň binagärçilik toplumynyň gurluşyk işlerine ýolbaşçylyk eden mimar (arhitektor) hem ibn-Tulun türkmendir.
Soltan Kaýt begin (1468-1496) döwründe-de Müsürde uly gurluşyk işleri alnyp barlypdyr. Ýurduň dürli ýerlerinde metjitler, galalar we köşkler gurlupdyr. Aýratyn hem Kairde gurluşyk işleri uly depginler bilen alnyp barlypdyr. Kaýt begiň 1472-1474-nji ýyllarda gurlan metjidi memluk türkmenleriniň binagärçilik ülňüleriň esasynda gurlandyr. Onuň gurduran bu binagärçilik toplumy dine bir Müsürde däl, bütin arap ýurtlarynda gurlan binalaryň iň ajaýyby hasap edilýär.
Müsürde memluklaryň döwri tamamlanyp, yurt osmanly türkmenleriň döwletiniň düzümine girizilenden soň hem bu ülkede köp sanly gözel binalar gurlupdyr. XVI asyrda gurlan Sinan paşanyň metjidi, Zeýnep Hatynyň köşgi, XVII asyrda gurlan Rydwan begin köşgi osmanly hökümdarlygy döwründen miras galan binalardyr. Türkmenleriň binagärçilik sungaty Seljuklar döwründe Siriýada has-da rowaç alypdyr. Türkmenleriň hökümdarlyk süren beýleki arap ülkelerinde bolşy ýaly, Siriýada hem türkmen hökümdarlary tarapyndan ajaýyp binalar gurlupdyr, aýratyn hem döwrüniň ýokary okuw mekdepleri bilen medreseler giňden ýaýrapdyr. Sebäbi Siriýany (Şamy) edara eden türkmen atabegleri ylym-bilimiň hakyky howandarlary bolupdyrlar. Atabegler tarapyndan gurlan medreselerde ylahyýet bilimleri bilen bir hatarda, dünýewi ylymlara hem uly üns berlipdir. Şeýle bolsansoň, XI-XIII asyrlarda türkmen hökümdarlarynyň hyzmaty bilen medrese okuw ulgamy özüniň ösüşinde ýokary derejelere ýetipdir. Medreseler aýratyn hem meşhur türkmen hökümdary atabeg Nureddin Zeňniniň döwründe köp gurlupdyr. Nureddinden öň Zeňňiler döwletiniň ýerinde 16 medrese bar bolsan bolsa, onuň hökümdarlyk eden ýyllarynda okuw mekdepleriniň sany 40-a çenli artypdyr. Ol hut öz serişdeleriniň hasabyna Damaskda, Halapda, Baalbekde, Hamada hem-de Homsda 20 medrese açylypdyr. Şol mekdeplerde atly musulman ulamalary sapak beripdirler. 1097-nji ýylda Damaskyň türkmenler tarapyndan gurlan medreseleriniň birinde meşhur musulman alymy al-Gazaly ders beripdir. Şonuň ady bilen baglanşykly şol medrese soňraky ýyllarda Gazaliýa ady bilen belli bolupdyr. Häzirki döwürde Siriýanyň ýerinde saklanyp galan Orta asyr medreseleriniň aglabasy türkmenler tarapyndan bina edilen ymaratlardyr.
Siriýada gurlan ajaýyp ymaratlaryň biri-de atabeg Nureddin Zeňňiniň (1146-1174) 1167-nji ýylda gurlan Damaskdaky aramgähidir. Aramgähiň üstündäki gupbasy arap ýurtlarynda gurlan aramgähleriňkiden düýpli tapawut edýär. Aramgähiň üçegi aşakdan ýokarlygyna inçelip gidýän gapyrgalary ýiti burçlygy emele getirýär. Uzakdan seredeniňde, bu ymaratyň gurluşy Köneürgençdäki II Arslanyň we Tekeşiň aramgählerini ýada salýar. Bir tapawudy Zeňňiniň aramgähiniň üçeginiň ýüzünde daşy güberçekläp duran, ölçeg taýdan biri-birine meňzeş köp sanly içi oýuk gurluşyk ülňüjikleri bar.
Siriýada türkmenler tarapyndan gurlan köp sanly galalar hem özüniň daşky gurluşynyň kuwwaty, bezeg çeperçiligi bilen tapawutlanýarlar. Bu babatda aýratyn hem Zeňňileriň döwründe gurlan Halap şäheriniň erkgalasy tapawutlanýar. Halap şäher-galasynyň içinde ýerleşýän erkgalanyň gurluşy diňe bir şol döwrüň binagärçilik tilsimleriniň ýeten derejesini görkezmän, eýsem ol ymaratçylygyň sungat derejesine çenli ösdürilendigine-de şaýatlyk edýär. Çünki, galanyň küti diwarlary, diňleri we öňe çykyp duran garymyň üstünden gurlan köprüli derwezesi bitewi bir gurluşyk toplumyny emele getirýär. Erkgalanyň diňleri hem aýratyn çeperçilik bilen gurlan. Adatça haýbatly galalar adamlaryň sustuny basýan bolsa, Halabyň erkgalasyndaky küňreler we her hili gurluşyk bezegleri, tersine bu desganyň haýbatyny peseldip, oňa dabaralylyk, owadanlyk häsiýetlerini berýär.
Hawa, arap ýurtlarynda ata-babalarymyz tarapyndan amala aşyrylýan binagärçilik işlerini öwrenip, Orta asyrlarda «Türkmen gudraty» atly täsin taryhy hadysa bolupdyr diýip aýdasyň gelýär. Bu hakykat türkmenleriň hokum süren ähli ülkelerinde öz beýanyny doly derejede tapypdyr. Gündogar halklarynyň arasynda «Jaý gurdurmak isleseň ermenä aýt, döwlet gurdurmak isleseň türkmene» diýen ýörginli söz bar eken. Emma ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda gojaman Zeminiň goýnunda gurduran gözel binalaryny synlap, böwrüňi diňläniňiňi duýman galýarsyň. Diýseň-diýmeseň, bina gurduruljak bolnanda-da, türkmenler çagyrylan bolaýmasa?!
Jumadurdy ANNAORAZOW,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar