13:21 Çekimçi / satiriki hekaýa | |
ÇEKIMÇI
Satiriki hekaýalar
Arada men kinoteatra bardym. Film görmek üçin bilet alaýyn diýip, nobata durdum. Bilet aldym. Sagadyma seretsem, seans başlamagyna entek ep-esli wagt bar. Bir stakan gazly suw içdim, birem moroženoýe iýdim. Seretsem, kinoteatryň işiginde çaklaňrak bir gapan dur. Ýanynda biri oturgyçda otyr. Gel, özümi çekdirip göreýin-le diýip, gapana emaý bilen mündüm. ― 74 kiogram ― diýip, çekimçi maňa netijäni aýtdy. ― A-haw, halypa, 84 kilogram bolmaly ahyry. Bir hepde mundan öň özümi, hol, «Mir» kinoteatrynyň ýanyndaky çekimçä çekdiripdim ― diýip, men bu on kilo tapawudyň näme üçindigini biljek boldum. ― Han ogul, beýle bolup bilmez. Bir hepde mundan öňki öküzçe indi nädip göle bolsun ― diýip, çekimçi ap-arkaýyn jogap berdi. ― Ýok, siziň gapanyňyz näsag bolaýmasyn. Men bir hepde mundan öňkimden köp iýsem iýýän weli, az-a iýemok. Özümem şondan bäri syrkawlamogam. Hiç kimden igenjem eşidemok ― diýip, çekimçä ýagdaýymy bolşy ýaly aýtdym. Ol gaýtam maňa: ― Hany, göle... han, wiý, bagyşla gardaş, özüňi çekdiren bolsaň, saraýa, wiý, bagyşla, zala gir ― diýdi-de, öz işi bilen boluberdi. Men harçaňlaşyp durmagy özüme uslyp bilmedim-de, çete çekildim. Meniň yzymdan bir aýal özüni çekdirip boldy-da, agram meselesinde çekimçi bilen ylalaşmady. ― Bu nähili beýle bolýar? Men üç günüň içinde nädip 8 kilo horlanyp bildimkäm?! ― diýip, ýaňky aýal gaýta-gaýta gapana münýärdi. Çekimçi oňa şeýle diýdi: ― Tüwe, wiý, bagyşla, uýam, ýalňyşdym, tüweleme diýjek boldum. Siz narza bolsaňyz, başga kombinatda... diý, bagyşlaň, başga gapanda özüňizi çekdirip bilersiňiz. Häzirem howla, diý, zala geçiň! Men bu çekimçiniň ýanynda 10-15 minutlap durdum. Özüni çekdirýänleriň ählisi howpurganyşyp, aňk-taňk bolşup gidýärdiler. ― Be, maňa nä döw çaldyka? Kurortdan gaýdyşymam-a düýn. Şondan bäri on bir kilo alty ýüz segsen üç gram ýeňläpdirin ― diýip, agajetli, uzyn boýly adam öz-özi bilen gepleşip barýardy. Onuň yz ýanyndan ýaşy durguşan bir adam özüni çekdirdi-de, sessiz-üýnsüz meniň ýanyma gelip, hüňňürdäp gürrüň bermäge başlady. ― Ýak, öwrenilen gylyk, örkleseňem galjak däl-ow! Bu adam öň et kombinartynda çekimçidi. Kolhozdyr sowhozlardan, bazarlardan gelýän mallary çekip alardy. Sürekçileriň içinden urup, bu adam aýyplandy, işden kowuldy. Zähmet depderçesi görer ýaly däl. Aý, bizem näme, ýalbaryp duransoň işe alaýypdyk-da. Bolşy beýle bolsa ony uzak saklap bolmaz. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |