14:33 Çölüñ alyslyklaryna pyşyrdan tilki: Erwin Rommel | |
ÇÖLÜÑ ALYSLYKLARYNA PYŞYRDAN TILKI: ERWIN ROMMEL
Taryhy şahslar
Ölümi-de ömri ýaly sensassion bolan nemes serkerdesiniñ kyssasy Germaniýadan kän uzakda Afrikanyñ ýakyp-ýandyryjy yssysynyñ astynda başlapdy. Faşistik Germaniýanyñ taryhynda ýagşylykda ýatlanýan ýeke şahsyýet ýok. Adamzat taryhynyñ gören iñ zalym dolandyryş formalarynyñ biri hökmünde kabul edilen gitlerçi diktaturada Rommeliñ ady bolsa bulardan aýratyn öwrenilmäge mynasyp. Gitleri öldürmäge synanyşandygy (belki-de, synanşypdyr diýen ýöne bir çaklamasy) sebäpli simpatiýa bilen garalýan Erwin Rommeliñ ömri we ölümi häli-häzirlerem syrlylygynda galýar. Onuñ Afrikadaky göreş ýoly, liderlik garaýşy we faşistik partiýanyñ arasyndaky ýolbaşçylardan tapawutlanýan iş metodikasy ünsi özüne çekmegi başarypdy. Biziñ günlerimizde häzirem ABŞ-daky we Ýewropadaky barlagçylaryñ köp sanlysy Rommel hakda täze-täze makalalary ýazýarlar. Hatda Golliwudda nasistleriñ arasynda başgaça görkezilýän ýeke-täk nemesiñ Rommel bolmagy nemesleriñ belli bir derejede wyždanlaryny aklamagyna sebäp bolýar. Ölümi-de ömri deý sensassion bolan nemes serkerdesiniñ kyssasy Germaniýadan kän uzakda Afrikanyñ ýakyp-ýandyryjy yssysynyñ astynda başlapdy. • Rommeliñ sergüzeşti 1891-nji ýylyñ 15-nji noýabrynda dört çagaly maşgalanyñ ikinji çagasy bolup, Ulmda dünýä indi. Maşgalasynyñ oña beren doly ady Erwin Johannes Eugen Rommeldi. Kakasy-da matematika mugallymy bolan Rommeliñ matematikadan uçursyz zehinliligi bilen tapawutlanýardy, emma ylmy taýdan welin o diýen ukyp-başarnykly okuwçy däldi. Onuñ bu ýagdaýyny duýan maşgalasyny ony sporta gönükdirdi. Gimnastika ugrundan giden Rommel 16 ýaşyndaka öz höwesi bilen goşunyn hataryna goşuldy. Maşgalasy diñe aristokratlaryñ kabul edilýän gwardiýa geçmegine garaşsa, Rommelij gözi harby toplardan başga zady görenokdy. Ýetişigi pes Rommel harby durmuşynda we okuw sapaklaryny ortagürp derejä hem çykaryp bilmedi, muña garamazdan serkerdeleri onuñ üýtgeşik zehininiñ bardygyny syzypdylar. Okuw sapaklarynda tapawutlanyp gidibermeýän ýaş Rommel türgenleşik meýdanlarynda az duş gelinýän liderlik ukyplarynyñ bardygyny görkezip bilýärdi. Birinji jahan urşunyñ ilkinji aýlarynda ýaralanandygy sebäpli wagtyndan öñ harby gullukdan boşadylan Rommel az wagtyñ içinde bejergisini tamamlap, front meýdanyna dolandy. Rommeliñ adyny birinji eşitdirjek üýtgeşmesi mundan soñ bolup geçdi, çünki 1915-nji ýylda goşuna dolananda bu gezek öz rotasyna serkerdelik edip başlapdy. Rommeliñ rotasynyñ hem bolan fronty fransuzlaryñ töwerekleýin hüjümi bilen gabawa alyndy. Bu gabawy duýan ýeke-täk nemes serkerdesi Rommeldi we ol gabawy böwsüp, fransuzlaryñ doly ýeñiş gazanmagyna ýol bermedi. Bu üstünlik arkaly Argonne hem wzwod serkerdesi bolupdy, emma Rommeliñ liderlik etmek meselesindäki okgunlylygy ony söweş meýdanynda duşmanyñ açyk nyşanasyna düşürýärdi. 1917-nji ýylyñ oktýabr aýynda bu gezek aýagyndan ýaralanyp, gaýtadan gospitala ugradyldy. Urşuñ soñy golaýlap gelýärkä Rommel gospitaldan çykdy, bu gezek ol Rumyniýa frontuna ýollandy. Bu frontda Rommel has öñ görmedik uruş düzgüni bilen garşylaşdy. Ol belli bir derejede gerilla taktikasy diýip boljak "ur-da gaç" operasiýalaryny üns bilen yzarlady. Garamagyndaky rotalary ownuk toparlara bölüp, köptaraply operasiýalary dolandyrma tejribesini edindi, bu tejribe bilen ol Afrikada ýeñişden ýeñişe äkitjek strategiýanyñ düýbüni tutupdy. Rommel gabaraly we koordinasiýasyz tradision düzgüniñ ýerine çakgan, çeýe we döredijilikli uruş modelini oýlap tapdy. • Rommeliñ Afrika başdan geçirmesi Ikinji jahan urşunyñ gyzgalañly dowam edýän günlerinde Adolf Gitler Rommeli Afrika goşun birikmeleriniñ serkerdebaşysy edip belledi. Şeýtmäge başga bir esasy sebäp Gitleriñ oña bolan garaýşydy. Gitler uruş gahrymany Rommele haýsy goşun birikmesine ýolbaşçylyk edesiñ gelýändigini soranda, Rommel şobada tank birikmeleriniñ başyna geçmek isleýändigini aýdypdyr. Afrika gitmezden öñ 1940-njy ýylda Belgiýanyñ we Fransiýanyñ üstüne edilen hüjümlerde uly hyzmatlary bitiren Rommel iñlisleriñ "Matilda" kysymly tank güýçlerine garşy bütinleý şahsy ukyp-başarnygy gazanan ýeñişleri iñlis tanklary hakyndaky rowaýatpisint gep-gürrüñleriñ aradan aýrylmagyna getirdi. Iñlisleriñ Dunkirke garşy başlan operasiýasynda kanalyñ günorta tarapynda Rommeliñ tanklary 6 müñ 849 ýesir aldy we 48 "Matilda" tankyyny ýol etdi. Üstesine bu üstünlik bary-ýogy bir günde gazanylypdy. Yzysüre gelen aýlarda bolup geçen Somme söweşinde bu gezek 12 müñ 674 iñlisi ýesir aldy. Iñ möhümi bolsa, Çerbourgda bolan çaknyşyklarda Rommeliñ tank birlikleri 97 müñ fransuz esgerini ýaraglary bilen bile ýesir aldy. Bu Fransiýanyñ azat bolmagy üçin iñ soñkuja umytlarynyñ hem ýok bolýandygyny añladýardy. Rommel dem salymda Berliniñ iñ beýik gahrymanyna öwrüldi. Şeýle üýtgeşmeleriñ bolýan wagtynda ýaran güýçlerden Italiýa, esasanam Sirenaýka ýaly ýerlerde iñlisleriñ öñünde diýseñ kyn ýagdaýa düşüpdi. Mussolininiñ uly umyt bilen bellän marşaly Rodolfo Graziani Afrikada urgy üstüne urgy alýardy. Afrikada urşy ýeñiş bilen tamamlamagyñ öñüsyrasynda bolan Antanta güýçleriniñ işi pyrrykdy. Beýleki bir ýandan iñlisleriñ indiki maksadynyñ Tripolini almakdygy bellidi. Gitler muña päsgel bermek maksady bilen gorag halkasyny gurmagy makul bildi. 1941-nji ýylyñ 3-nji fewralynda "Deutsches Afrikakorps" ady bilen tanalýan Afrika güýçleriniñ başyna Rommel bellendi. 12-nji fewralda Rommel sessiz-üýnsiz Afrika aýak basdy. Rommeliñ birlikleri birinji nobatda Sirenaýkadaky iñlis howpuny aradan aýyrdy. Yzyndan Tobrukdaky iñlis güýçlerini derbi-dagyn etmegi başardy. 1942-nji ýylda Tunisde ýerleşen Rommele gazanan üstünlikleri üçin Berlin tarapyndan "Rysar haçy" berildi. Rommeliñ ýeñişleriniñ yzysüre Angliýada Obşinalar palatasy toplandy we Çerçillden bolýan zatlar hakda doly maglumat bermek talap edildi. Münbere çykan Çerçill Rommel hakda şeýle diýdi: - Güýçlerimiz Antanta güýçlerinden kän öñdedi. Elli müñi nemes togsan dokuz müñ adama garşy ýüz müñden gowrak esgerimiz bardy. Üpjünçilik taýdanam ýagdaýymyz gowudy we täze toplarymyzy fronta sürüpdik. Muña garamazdan Tobruk goragymyz bir günde çökdi. Duşman bilen aramyzy 200 km daşlykda saklap, Marsa Matruha çenli çekildik. Rommel diýilýän adam bäş günden soñ ýene garşymyza çykdy. Uruşmakdan ikilenç gaçyp Müsüriñ El Alemeýn diýilýän ýerine çenli yza çekilmäge mejbur bolduk. Ullakan 5-nji goşun birikmämize näme boldy, düşünemok?.. (Seret: Paul Karrel - "Rommel Çöl Tilkisi") Birliklerini kenarýaka ýerde ýerleşdiren Rommel içlere aralaşmagyñ ýerine "ur-da gaç" taktikasy bilen iñlis birliklerine uly ýitgileri çekdirdi. Çöli eliniñ aýasy ýaly bilýän Rommele duşmanlary "Çöl tilkisi", nemesler bolsa "Çöl panseri" lakamyny beripdi. • Terakt we syýasy ýykylyş Rommeliñ Afrikada gazanan ýeñişlerinden soñ Gitler oña ýene bir jogapkärli wezipäni ynandy. Nemesleriñ iñ uly ýarany Mussolini Italiýada häkimiýetini elden gidermegiñ öñ ýanynda durdy. Rommel indi Italiýa gidip gerekli öñüni alyş çärelerini almalydy, emma Rommel hakda ýaýran gep-gybatlardan soñ Gitler bu kararyndan el çekip, ony 1944-nji ýylyñ ýanwarynda Demirgazyk Fransiýa ýollady. Rommel bu ýerde bolanda ABŞ Normandiýada giñ gerimli halas ediş operasiýasyny başlajak bolup ýördi. Şol ýylyñ 17-nji iýunynda bolup geçen howa hüjüminde awtoulagy nyşana alnan Rommel kellesinden ýaralandy. Alan şikesini bejertmek üçinem Berline ugradyldy. Afrikada gazanan ýeñişleri arkaly heniz dirijä duşmanlarynyñ arasynda diri rowaýata öwrülen Rommeliñ ölümi-de sarsgyn döretdi. Iñlisleriñ 1941-nji ýylda Afrikada ýeñiş gazanjak bolup durka, ýeñilmeginiñ ýeke-täk düşündiriş bardy: Çöl tilkisi Rommel. Onuñ bu ýeñişi uruşyñ Afrikada iki ýyl, esasy gury ýerde bolsa dört ýyl uzamagyna getirdi. Ýöne Rommeli ýok edesi gelýän diñe iñlisler däldi. Onuñ günbe-günden artýan şöhraty duşmanlarynyñ sanyny Berlinde-de ep-esli köpeldipdi. 1944-nji ýylyñ iýulynda Rommeliñ ady Gitleri agdarmak isleýän toparyñ arasynda görkezildi. Ýogsam bolmasa Rommel syýasat bilen hiç bir babatda gyzyklanýan adam däldi, onuñ bar bileni-biteni front meýdanydy. Belkäm şonuñ üçindir, onuñ Berlinde özüne garşy herekete geçen toparyñ bardygyndan habary-da ýokdy. 7-nji oktýabrda Marşal Wilgelm Keýtel telefon arkaly jañ edip, Gitleriñ Berlinde geçirjek ýygnagyna gatnaşmagyny teklip etdi. Bejergiden soñ Ulme giden Rommeli ýörite otly Berline getirmelidi, emma heniz ýaralary bitip ýetişmedik Rommel bu teklipden sypaýylyk bilen ýüz öwürdi. Şondan soñ general Burgdorf Rommeliñ öýüne gelip oña Berlinde kimdir birileriniñ 20-nji iýulda Gitleriñ janyna kast etmäge synanyşanlaryñ arasynda adynyñ bardygyny habar berdi. Rommel Gündogar frontynyñ serkerdebaşysy wezipesine geçmäge garaşyp ýördi. Beýleki bir ýandan Gitleriñ garşysyna gurnalan terakt üstünlikli geçen bolsa, olaryñ özüni Gitleriñ ýerine goýmak isleýändiklerini eşitdi. Elbetde, Gitleriñem bu plandan habary bardy, meseleden habarsyz galan ýeke-täk kişi bolsa Rommeliñ özüdi. Az wagtdan soñ Gitlerden Rommele hat geldi. Rommel aýalyna ýagdaýy şeýle düşündirdi: - Hoşlaşmaga geldim. Gitler maña derman ugradypdyr. Eger islesem, muny inžektirleme ýoly bilen berip biljekdiklerinem aýtdylar. Üç sekuntda täsirini görkezýän zäher... Tersine bolanda halk sudunda jogapkärçilige çekilenimden soñ atylmaly bolaryn. (Seret: Lewin R: Rommel as Military Commander London: Batsford) Maşgalasynyñ gaçmagy ýa-da suda çykmagy ündelenem bolsa, Rommel munuñ mümkin däldigini bilýärdi, çünki Gestapo onuñ öýüniñ töweregini bireýýäm gabawa alypdy. "Afrika Krops" harby lybasyny geýen Rommel maşgalasy bilen hoşlaşandan soñ öýünden çykdy. Awtoulagy bilen birnäçe ýüz metr ýöränden soñ açyk meýdana geldi. Rommel kömekçisini we sürüjisini awtoulagdan düşürdi. On minuda golaý wagtdan soñ gapy açylanda Nasistik Germaniýanyñ iñ güýçli serkerdesi Rommeliñ jansyz bedeni awtoulagda süýnüp ýatyrdy. 1944-nji ýylyñ 15-nji noýabrynda operasiýanyñ şowly geçendigini eşiden Gitler döwlet derejesinde ýas yglan etdi we Rommeli uly harby dabara bilen jaýlamagy buýurdy. Rommel çüýrän häkimiýet sistemasynda gahrymanlaryñam güýç söweşinde pida bolup biljekdiginiñ iñ aýdyñ mysalydy. Mehmet Mazlum ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com 19.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |