23:14 Çopan | |
ÇOPAN
Goşgular
Şahyr ýigit, halys etdiň sen meni, Aýyt, näme hakda gürrüň bereýin? Bu gözel sährany, açyk asmany Senem görýäň, Menem görýän... Ýeri, näme hakda gürrüň bereýin? Baýlaryň malynam bakyp gezipdim, Depe – ýassygymdy, otlar – düşegim. Sütem, zulumlary çekip gezipdim, Maňa hemdem bordy ýalňyz eşegim. Baýlar hetden aşdy, Ýüregim çişdi. Ýok, diňe meniň däl, Bütin ýoksuzlaryň ýüregi çişdi. Ynkylap başlandy, söweş başlandy, Menem bäşatarmy aldym elime. Ganojaklar aýak asta taşlandy, Öz baýymy özüm itdim ölüme... Soňam näme, kolhoz, sowhoz guradyk, Menem bir kolhoza başlyk seçdiler. Biz işledik, balalarmyz okady. Tüweleme, olar tiz ýetişdiler. Görsem, başlyk bolmak meniň çakym däl, Haýýş edip, depdim durdum aýagmy. Hat-sowatly adam başlyk saýlansyn, Maňa bolsa beriň diýdim taýagmy. Faşistleriň guduz açan mahalam, Wolganyň, Oderiň suwundan içdim. Mähriban oglumdan hem bir golumdan Şu sähramyz üçin men jyda düşdüm. Şondan bärem goýun bakyp ýörün men Bu eziz, görkana, sähraýy çölde. Ýok, ýok, onuň üçin kemsinemok hiç, Adym çopan boldy bar ulus-ilde. Ine, meň gysgaça terjmehalym, Bu sözleri ýöne ýer aýdamok. Düşün ahyr, seniň käbir kärdeşleň Çopanyň taryham bardyr öýdenok. Kän gürletdiň, bizar etdim men seni, Ýene näme hakda gürrüň bereýin? Bu gözel sährany, açyk asmany Senem görýäň, Menem görýän... Gel gowsy, dymaýyn... ýalňyz arzuwym – Bu sährany gözellikde göreýin. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |