08:29 "Çörek bolmasa, tort iýiñ" sözüniñ başy türklermi? | |
"ÇÖREK BOLMASA, TORT IÝIÑ" SÖZÜNIÑ BAŞY TÜRKLERMI?
Taryhy makalalar
1789-njy ýylyñ 14-nji iýulyndaky Fransuz rewolýusiyasy üçin umumy düşündiriş "Täze taryhyñ we nasionalizmiñ başyny başlandygy üçin ýewropa we dünýä taryhynda uly öwrülişik sepgidi boldy" görnüşindedir. Gaýgylanmañ, Fransuz rewolýusiýasynyñ gürrüñini etjek bolamok. Taryhy üýtgeden bu uly wakanyñ türkler bilen baglanyşygy hakda aýtjak bolýaryn. Bu gürrüñi açmak bilen 14-nji iýulyñ baýram edilýän gününiñ öñüsyrasynda şindizem ulanylýan we dogrudyr öýdülýän bir ýalñyşy düzeltmek isleýärin. Emma bu gezek giñişleýin görnüşde we has köp okyjynyñ dykgatyna ýetirip bilerin umydy bilen sosial mediýada ýazmagy makul bildim. Fransuz rewolýusiýasyndan öñ "Wersal" köşgünde guralýan oturlyşyklar, keýpi-sapalar, şüweleñler, zyýapatlar garyplykda ýaşaýan parižlileriñ gulagyna ýetip durýardy. Lasyrdap gaýnaýan Pariž korol Lýudowik XVI-nyñ halk arasynda gowy görülýän ministr Nekeri 1789-njy ýylyñ 12-nji iýulynda wezipeden boşatmagy bilen bulaşdy. Bu ýagdaý Fransuz rewolýusiýasy tutaşdyran uçgun boldy. Parižliler ilki şäheriñ uly "Invalides", "Arsenal" ok-ýarag ammarlaryna dökülip ýaraglandy, soñam korola garşy gidenleriñ zyndanlara atylannwe akla-huşa sygmajak görnüşde gynamalaryñ berilen türmesi hökmünde tanalýan, oppozisionerleriñ çüýredilen Bastiliýa galasyna tarap ýörişe geçdi. 1789-njy ýylyñ 14-nji iýulynda parižlileriñ eline geçen Bastiliýada pikir edilişiniñ we halk arasynda ýaýran gep-gürrüñleriñ tersune, biri ruhy taýdan näsag bolan jemi ýedi sany suduñ hökümi bilen tussag edilen günäkärden başga hiç kim ýokdy. Parižliler Bastiliýanyñ zyndanlaryndan halas etjek gahrymanlaryny tapmazlygynyñ gaharyna bäs gelip bilmän, bu galany goramak tabşyrylan az sanly esgeri öldürdi. Rewolýusiýa ýyllarynda ýykylmagy makul bilnen Bastiliýa galasyndan sökülen daşlaryñ bir bölegi has soñra Seýn derýasynyñ üstünde gurlan Konkord köprüsiniñ gurluşygynda ulanyldy. 1791-nji ýylyñ 14-nji maýynda ulanyşyga berilen Konkord köprüsi daşlarynyñ üstünde ýöremegiñ monarhiýany depgilemek manysyny añladýandygyny aýdýanlaryñ täsiri bilen, aýratynam rewolýisiýa ýyllarynda parižlileriñ iñ köp geçýän köprüsi boldy. Ýene-de rewolýusiýa baradaky gürrüñe dolanyp gelsek, Bastiliýadan ýörişe geçen parižlileriñ bir bölegi şähere 20 kilometr uzaklykdaky "Wersal" köşgüne tarap ýöneldi. Şol wagt korolewa Mariýa-Antuanette ertirligini edinip oturan elen. Mariýa-Antuanette Hyzmatkärleriñ duýduryşy bilen köşgüñ töwereginde näme bolup geçýändigini bilmek üçin balkona çykan Mariýa-Antuanettäni gören parižliler "Biz aç, iýmäge çörek tapamzok" diýip gygyryşmaga başlatar. Ine, şol wagtam korolewa taryha giren meşhur teklibini aýdypdyr: "Çörek bolmasa, tort iýiñ". Elbetde, Mariýa-Antuanettäniñ geçmişini bilmeýänleriñ bu sözlere gahary geljegi belli. Korolewa hakykatdanam tort diýdimikä? Muña düşünmek üçin Wena gitmeli bolýar. Antonette awstriýa melikesidir. Ýewropa dinastiýalarynyñ arasynda gyz alyp-berişmek düzgüni hem-ä parahatçylygyñ ýola goýulmagyny, hemem ýaranlygyñ baglaşylmagyny üpjün edýändigi üçin giñden ulanylýardy. Awtsriýanyñ söýgüli şa gyzy Mariýa-Antuanette bilen Fransiýanyñ koroly Lýudowik XVI-niñ hem şu maksat bilen başy çatylypdy. Her bir awtsriýaly ýaly ertirlik edinende ýurdunyñ milli iýmiti bolan aýçöregini iýýän Mariýa-Antuanette Fransiýa gelip bolup gidende, ertirlikde hökman aýçöregiñ bolmalydygyny hem şert goýupdy. Şonuñ üçinem "Wersal" köşgüniñ aşpezleri we çörek bişirijileri aýçöreginiñ edilişini öwrenipdi. Mariýa-Antuanettäniñ bolsa Awtsriýada halkyñ gündelik iýýän aýçöreginiñ parižliler tarapyndanam añsat tapyp bolýandygyny pikir edip, "Çörek bolmasa, tort iýiñ" sözüni diýende "Croissant" (Круассан - kurasan) iýiñ diýmek isläpdi. Belki-de Antonettäniñ bu sözlerini eşdenler kurasanyñ taryhyny bilmänsoñlar, aýçöregini tortdyr öýdüpdir. Antuanettäniñ Pariže getiren bu çöregi diñe rewolýusiýadan soñky ýyllarda fransuz dilinde "ýarymaý" manysyny berýän “Croissant” (kurasan) ady bilen paýtagtdan başlap, bütin ýurda we Ýewropa ýaýrapdyr. Mariýa-Antuanettä nädogry düşünilip-düşünilmändigini bir ýana goýup, indem fransuzlaryñ köp magtaýan kurasanynyñ türkler arkaly nähili orta çykyşyny gürrüñ bereliñ. Aýçöreginiñ türkler bilen baglanyşygy onçakly bilinmeýär. Aslynda bilinmegi-de islenmeýär. Kurasanyñ kyssasy osmanly goşunlarynyñ 1683-nji ýylda Wenany ikinji gezek gabaw astyna almagy bilen başlaýar. Uzak wagta çeken gabaw wenalylary mazaly ysgyndan gaçyrypdyr. Şähere girmek üçin dürli ýollary synap gören türkler iñ soñky çäre hökmünde lagymçylaryñ, ýagny tunel gayzyjylaryñ açan ýerasty geçelgelerini ulanmagy müwessa bilýär. Ahyrynda garaşylan gün gelip ýetipdir, tunelleriñ bir ujy göz öñüne tutulan ýerlere baryp ýetipdir, bu ýerlere ýerleşen türk esgerleri hüjüm geçmäge beriljek buýruga garaşyp başlapdyr. Gije ýarymdan soñ tutuş şäher uzakly günüñ goranyjynyñ ýadawlygyndan ýaña uka gidipdir. Şol sagatlarda oýa bolankar we işleýänler diñe çörek bişirijiler eken. Lagymçylaryñ açan tunelleriniñ birinjisi ine şol pekarnýalaryñ biriniñ ortasyndan çykypdur. Tuneliñ agzyndaky toprak atylyp, türk esgerleri hamyr ýugrup oturanlaryñ ortasyndan çykan badyna aljyraññylygy ýeñen çörek bişirijiler şäheri aýaga galdyrýar we ukuda ýatan şäher oýanyp, täzeden goranyşa geçýär. Tunellerden has köp esger çykmagynyñ öñüni alan wenalylar az wagtda türkleri yza serpikdiripdir. Urşuñam ykbaly üýtgäpdir. Ine, şol günüñ hatyrasyna wenaly çörek bişirijier "ýarymaý" görnüşinde aýçöregini bişirmäge başlapdyr. Tunelden çykan esgerleriñ başgabynyñ üstünde we osmanly baýdagynda ýarymaýyñ bolandygy, şeýle-de şol gije asmandaky aýyñam orak şekilli bolandygy üçin çörekler ýarymaýa meñzedilipdir. Türkleriñ garşysynda gazanylan ýeñşi alamatlandyrýar pikiri bilen her gün irden aýçöregini iýmek awstriýalylaryñ arasynda däbe öwrülensoñ, aýçöregi baý bol-garyp bol, tapawudy ýok, hemmelere elýeterli azyga öwrülipdir. Bu wakadan birnäçe gün geçensoñ, wenalylaryñ kömegine ylgan Polşanyñ koroly Ýan III Sobeskiniñ serkerdeliginde, ýarsy polşalylardan, beýleki ýarsy-da nemeslerden düzülen 65 müñ adamlyk goşun gelip, türkleri gabawdan el çekip yza çekilmäge mejbur edipdir. Ýene bir gezek Mariýa-Antuanette barada aýdar bolsak, awstriýaly melikäniñ betbagtlygy heniz 14 ýaşyndaka 1770-nji ýylyñ 16-njy maýynda fransuz tagtynyñ mirasdüşer şazadasy ýañy 16 ýaşyna giren Lýudowik XVI bilen nikalaşanda başlapdyr. Toýuñ yzysüre häzirki Konkord meýdanynyñ ýerleşen ýerinde täze durmuş guranlaryñ hormatyna salýut atylýar. Salýutdan howsala düşen jemende basga düşüpdir we 132 adam basgylanyp ölüpdir. Heläkçiligi eşiden Mariýa-Antuanette we Lýudowigiñ uýasy Ýelizaweta gözýaş döküp aglaýarlar. Bolup geçenleriñ yzyndan parižlileriñ arasynda Mariýa Antonettäniñ betbagtlyk getirendiginiñ we özüniñem şu meýdanda gözýaş döküp öljekdiginiñ gürrüñi ýaýrapdyr. Birnäçe ýyldan soñ bu aýdylanlar bolup geçipdir. Belli bir wagta çenli "Rewolýusiýa meýdany" ady berilen by ýerde gurlan gilotinde ölüm jezasy berilen 1350 adamyñ arasynda Lýudowik XVI bilen onuñ aýaly Mariýa-Antuanette hem bar eken. Sözümi gutarmanka ýene bir zady aýdaýyn, käbir fransuz çeşmeleriniñ aýtmagyna görä, kurasan türkleriñ Ýewropadaky öñegidişlikleriniñ öñüniñ alynan we ýerlerini elinden aldyrmaga başlamaklarynyñ simwolydyr. Gürbüz EWREN / @Gurbuz_Evren Anna, 12.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |