04:23 Çykalga / satiriki hekaýa | |
ÇYKALGA
Satiriki hekaýalar
Gazetiñ habarçysy daýhan birleşigiñ başlygy bilen gürleşýär: - Başlyk, ýygymyñ ýagdaýy nähili? - Oñat, plan dört müñ tonna. Bäş müñi bereris. - Hawa. Zähmet, yhlas, hyjuw, agrotehnika bilen alaýdyk. - Kynçylyklar bolupdyr-ow onda? - Tebigy şertler gönençlik bermedi. Ýogsam biz gowaçany baryp-ha martda ekdik. Salkyn bolup, tohum şinelemänjik çüýredi. Ýöne ýaýdanyp durmadyk. - Ikilenç ekipsiñiz-dä, diýmek? - Aprelde ýene ekdik. Gögermesine gögerdi. Guýdy ýagyş, eñterdi jala, buz gar, boragan, soñam jöwenek sepeledi. Diñe bir gurbaga ýagmady. Nebir gowaçañ ýaprajyklaryny aldy. Baldajygy otluçöpüñ çöpi dürtülen ýalyjak seteran bolup otyr. Şofýorymdan ýüzümi beýläk sowup agladym. - Haý, ol-a bolmandyr-ow! - Bolmasa-da ruhdan düşmedik. Biz bir türkmen adamsy-da. Aprelde ýene ekdik. - Üçülenji sapar? - Hawa. Oña çenli gün birneme gyzdy. Doly gögeriş gazandyk. - Daýhanyñ yhlasy ýerine düşüpdir-ow... - Bolmady. 2-nji maýa geçilen gijesi sowuk urdy. - Aglaba hojalyklarda şeýle bolupdy. - Ýöne işden elimkzi sowatmadyk. Ümzügimizi öñe tutduk. - Dördünji sapar ekmeli bolupsyñyz-da? - Maýda-da gün gyzdy. Ýeri suwaryp, taba getirip, sürýänçäk eýýäm birküç hepde geçdi. On ýedinji maý diýlen güni guşluk çagy "meñ elim däl, babadaýhanyñ eli" diýip, ýere tohum atdyk. Onýança-da gaýramyzdaky gum otly tamdyr ýaly gyzdy. Epgek ýeri guradyp ataýdy. Berk durduk. - Bir zat gögerdimi özi? - Meñ saçymdan-a seýreg-ow. Mañada obamyz Ata kel diýýär. Biliber onsoñ - Başlyk aga, telpegiñizi çykarmasañyzam bor. Men telewizor üçin däl, radio, gazet üçin interwýu alýan. - Hawa, onsoñ, gowaçany aýny öz wagtynda otagdan çykaryp bilmedik. Okuwçy işletmeli däl bir nysak tapdylar. Ýöne gowaçamyz ýekelemesiz-ä boldy. Şolam bize tebigatyñ eden uly kömegi boldy. Ota basdyraýdyñyzmy? - Ota basdyrsagam öte basdyrdyk. Gamyş. Tokaý. Hatda traktorly girmäge-de gorkdular. Daýhan gyzlar-a ýekegapan bilen öwrenişäýdilerem. Doñuzlar meýdan düşelgesine gelip paçak iýip gidýärler. - Başlyk, ýañy ýygymyñ ýagdaýy oñat diýdiñiz. - Elbetde oñat diýmeli. Umydy elden bermeli däl. - Oñat sözi diñe ýatan syrkawa aýdylýar-a. Indi oktýabr aýy. Wagt gugaryp barýar. - "Almany göge at, ýere düşýänçä ýa Alla, ýa pelek" diýen bir sözem bardyr. - Ata aga. Ýañy siz bäş müñ tonna tabşyrarys diýdiñiz. Otdanmy ýa pagtadanmy? - Elbetde, pagtadan. - Nädip berjeksiñiz? - Tagalla diýlenem bir zat bardyr. - Ony gapana goýub-a bolmaz. - Zähmet, yhlas, hüjüm, agrotehnika uly zatdyr. - Ol dogry. Ýöne edil şu pursatda siziñ ýagdaýyñyz çykgynsyz. Meñ elimde ýygymyñ gündelik maglumaty bar. Depginiñiz pyşdylyñ öñüni dolap bilenok. - Bu ýagdaý bizu ruhdan düşürip bilmedi. Biz gaty oñat çykalda tapdyk. Ummasyz kän rezerwiñ üstünden bardyk. - Nähili çykalga, neneñsi rezerw? - Gowaçalary kärendesine beräýdik, potratçylara paýladyk oturyberdik. Indi olar pagta taýýarlaýyş bazalar bilen dil taparlar-da. - Gijä galypsyñyz. - Hiçden giç ýagşy. - Giçden hiç ýagşy bolaýmasyn?! Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||