02:44 Çyn şahyr | |
ÇYN ŞAHYR
Goşgular
![]() Dogry aýdýaň, şahyr galat sözleýär, Onuň bar aýdany galatdyr-galat. Emma nämüçindir wagty gelende Şahyryň aýdany bolýar hakykat? Sen adama at goýaňda rast sözle, Aýdymça ozan diý, aşyga Tahyr, Heýkelçä nakgaş diý, emma hemişe Diňe çyn şahyra diýginiň şahyr. Çünki şahyr diýmek- uly dünýäde Ylham bilen joşýan hakykat diýmek. Sebäp ol şat günüň bile şatlanyp, Gaýgyly günüňde bolar duzemek. Ençeler naýbaşy setirler ýazyp, Özlerine ussat şahyr diýerler. Emma olar ussat şahyrlar däl-de, Gynansakda ussat setirçidirler. Ýene birnäçeler kapyýa ýazyp, "Men çyn şahyr'' diýer jydyrda-jydyr. Emma giň dünýäniň şahyry däl-de, Olar ady meşhur kapyýaçydyr. Ýöne kä kişiler, dogrymy aýtsam, Ne kapyýa bilýär, ne-de bir setir. Olaň setirlerne kapyýa siňmän, Olaň setirlerne ýürek siňipdir. Şeýle kişilerden göwünler sowap, Diýýärler: "Zat bilmez, emelsiz pahyr''. Dogry, kapyýaçy ýa setirçi däl, Ol- ylhamdan joşan hakyky şahyr. 02.09.2017. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||