21:37 "Däde Gorkut" dessanynda türkmenleriñ ýarag-esbaplarynyñ atlary | |
«DÄDE GORKUT» DESSANYNDA TÜRKMENLERIŇ ÝARAG-ESBAPLARYNYŇ ATLARY
Taryhy makalalar
Türkmen dilinde ýazylan iň meşhur gadymy eserleriň biri-de «Däde Gorkut» kitabydyr. Oguz türkmenleriniň dürli taryhy döwürlerdäki durmuşyny görkezýän hekaýatlary özünde jemleýän bu türkmen dessany örän irki dowürlerden bäri dilden-dile geçip, biziň şu günümize gelip ýetipdir. Dessan takmynan XV asyryň başlarynda ýazga geçirilipdir. Dessanyň ýazga geçirilen golýazmalarynyň biri Drezdende (Germaniýa), beýlekisi bolsa Watikanda saklanylýar. «Däde Gorkut» dessanynyň Drezden nusgasynda on iki, Watikan nusgasynda bolsa alty hekaýat bolmak bilen, nusgalaryň ýazylyş diliniň biziň şu döwürdäki gepleşikde ulanýan dilimize has ýakynlygy üns bererliklidir. Ýazgylardaky tapawut diňe gaty hem ýumşak harplaryň parhly ýazylmasynda görünýär. «Däde Gorkut» dessanynyň ýazylyş dili biziň türkmen dilimiziň öz gadymylygyny şu günlerimize çenli saklap galandygynyň bir subutnamasydyr. Biziň esasy gürrüňimiz «Däde Gorkutda» duş gelýän, onuň Drezden hem-de Watikan nusgalarynda ady geçýän türkmenleriň söweşde ulanan ýara-esbaplary hakynda. Eseriň özünden görnüşine görä, häzirki günde biziň gepleşik dilimizde ulanýan «ýarag» görnüşli adalgamyz; «Däde Gorkut» kitabynda hem «ýarak» gornüşinde gelýär. Dessanyň Drezden nusgasynyň «Uşun Koja ogly Segrek boýuny beýan eder» bolümindäki: «... Altmyş ýaraklu adam seçdiler» diýilmesi muňa mysal bolup biler. «Däde Gorkut» kitabynyň iki nusgasynda hem türkmenlere mahsus birtopar ýarag-esbaplarynyň atlary agzalyp geçilýär. Atyjy ýaraglaryň içinden, ady biziň milli eserlerimde ýygy-ýygydan agzalýan ýaraglaryň esasy biri-de ok-ýaýdyr. Ýaýyň ady dessanyň köp ýerinde «ak tozly, gaty ýaý» görnüşinde geçýär. Meselem: «... bir ag tozlu katy ýaý aldylar» (Drezden. sah. 70; Watikan. sah. 22); «... ag tozlu katy ýaýum» (Drezden. sah. 109, Watikan. sah. 44); «Ag tozluja katy ýaýuň wergil maňa ...» (Drezden. sah. 49). Dessanda ýaýyň berkligini görkezmek üçin «... demir ýaýlu ... », «Erdil teke buýnuzyndan katy ýaýly...» (Drezden. sah. 6-, 221) we beýleki sypatlandyrmalar ulanylypdyr. «Däde Gorkut» dessanynda ýaý ýaragyna örän ähmiýetli orun berilen bölümleriň biri-de «Baý Bugranyň ogly Bamsy Birek boýuny beýan eder, hanym heý» şahasydyr. Bu şahada esasy gahryman Bamsy Beýrek duşmanlara ýesir düşýär. Yzynda adaglysy Baý Begjanyň gyzy Banu Çeçek galýar. Beýregiň ýesir düşen wagtyndan on alty ýyl geçeninden soň, Baýyndyr hanyň diwanyna gelen gyzyň gardaşy Däli Garçaryň islegi boýunça, Beýregiň «diri habaryny» getirene köp-köp buşluk paýyny «öldi habaryny» getirene Beýregiň adaglysy Banu Çeçegi bermeli edilýär. «Bu işi men bitirerin» diýip, orta Ýalançy ogly Ýaltajuk çykýar. Ol Beýregiň özüne peşgeş beren bir köýnegini gana batyryp, onuň «öldi» habaryny getirýär. Gyzy Ýaltajuga bermeli edilýär. Adaglysynyň durmuşa çykarylýandygyny Bezirgenlerden eşiden Beýrek kapyr beginiň gyzynyň kömek etmegi bilen, ýesirlikden gaçyp çykyp, däliniň sypatynda, gedaýyň eşiginde toý gidip duran ýere gelýär. Hekaýatyň dowamy dessanda şeýle aňladylýar: «Sürdi dügüne geldi. Gördi dügüne (toýda) güýewü ok atar. Karagüne ogly Pudak, Kazan beg ogly Oraz, begler başy Ýigenek, Gaflat Koja ogly Şir Şemseddin, kyzyň kardaşy Dälü Karçar bile ok atarlar idi. Haçan kim Pudak atsa Beýrek elüň war olsun diýr idi, Oraz atsa elüň war olsun diýr idi, Ýigenek atsa elüň war olsun diýr idi, Şir Şemseddin etsa elüň war olsun diýr idi, güýewü atsa elüň kurysun, barmaklaruň çüýrüsin, haý, toňuz ogly toňuz, diýr idi... Ýalançy ogly Ýaltaçukyň ajygy tutdy, aýdur: «Mere kawat, Däli ogly kawat, saňa düşer mü maňa bunyň kibi söz söýlemek, gel mere kawat menum ýaýumy çek, ýoksa şimdi boýnuňy oraryn» diýdi. Böýle diýgeç Beýrek ýaýy aldy, çekdi, kabzasyndan ýaý iki para oldy. Götürdi öňüne byrakdy, «düz ýerde torgaý atmaga ýagşy» diýdi. Ýalançy ogly Ýaltaçuk ýaý ufandugyna katy kakyndy, aýdur: - Mere Beýregüň ýaýy wardur, getürüň, diýdi. Wardylar getürdiler. Beýrek ýaýy gördüginde ýoldaşlaryn aňdy, aglady, aýdur: - Aýgyr werup aldugym ag tözlü katy ýaýum, Buga werup aldugym bogma kirişüm Buňlu ýerde ko/ý/ dum geldüm Otuz tokuz ýoldaşum, iki argyşum - diýdi. Andan Beýrek aýdur: - Begler siziň yşkuňyza çekeýim ýaýy, ataýym oky diýdi. Meger güýewüniň ýüzügine nyşan atarlar-idi. Beýrek ok-ile ýüzügi urdy, paralady. Oguz begleri buny görinçek el-ele çaldylar, gülüşdiler» (Watikan, 43-44 sah; Drezden, 107-109 sah.). Bu zatlary görüp, göwni hoş bolup oturan Gazan beg Beýregi ýanyna çagyryp, «ýaý atmaklykda ussatlygyň üçin näme islegiň bar bolsa aýt, ýerine ýetireli» diýýär. Gazan beg oňa toýda edesi gelen hereketi etmäge rugsat berýär. Beýrek toýy bozýar, ýaryna gowuşýar, bäsdeşinden dynýar. Onuň bu işleri amala aşyrmasynda ok-ýaýy uly rol oýnaýar. Dessandaky ýazgylardan: ýaý gabyna «tirkeş», ok salynýan gaba «sadak» ýa-da «sagdak», sudury üýtgeşigräk başga bir ok gabyna «bilük», «kiş», ýaýyň ortadaky tutulýan ýerine «kabza», okuň demirden ujyna «temren» ýa-da «demren» diýlendigi görünýär. Ýaýyň ak tozly bolandygyny, onuň ýüpüne «kiriş» diýlendigini, okuň özeniniň gargy gamyşyndan ýa-da altyndyr beýleki magdanlardan ýasalandygyny, okuň yzky boz tarapyna üç ýelek goýulandygyny bilse bolýar. Dessanda aýdylanlary tassyklaýan şeýle sözlemler bar: «Sagdaguňda seksen okuň wergil maňa»; «Üç ýeleklü kaýyn oklar atyldy, demreni düşdi»; «Ýidi kişi-ý-ile kurular-idi menim ýaýum, kaýyn taly ýelegindeni som altunlu menüm okum»; «Ol gün kargu dillü kaýyn oklar atyldy»; «Ok atdylar, Beýrek kyzyň okyn ýardy»; «Bilüginde toksan okyň ne ögersiň Mere Käfir» (Drezden, sah. 49-64-208-132-79; Watikan, sah. 67-89-27-56). «Däde Gorkut» dessanyndaky ýazgylardan ýaýdan ok atylýan nyşana «puta» diýlendigi hem görünýär. «Meger sulatanym Dälü Karçar ýoldaşlary ile puta atup oturur idi» (Drezden. sah. 83; Watikan. sah. 29). Türkmenlerde «Sapandan sypan ýaly...» diýlen meňzetme bar. Bu meňzetme türkmenleriň atyjy ýaraglarynyň biri bolan «sapan» bilen baglanyşyklydyr. «Däde Gorkut» dessanynda agzalýan ýaraglaryň biri-de türkmenleriň gadymy döwürlerden tä XX asyryň başlaryna çenli iň ýaýgyn ulanan ýaragy bolan sapandyr. Bu ýarag barada dessanyň «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýuny beýan eder» atly bölüminde giňişleýin gürrün edilýär. Eseriň gahrymany öz «sapanyny» beýleki ýaraglardan has ýakyn görmek bilen şeýle diýýär: «Bilügüňde toksan okuň ne ögersiň mere käfir, ala kollu sapanumça gelmez maňa, Yraguňdan ýakynuňdan bäri gelgil...» (Watikan, sah. 56) Dessanyň gahrymany sapany ulananda örän ussatlyk bilen ulanýar. Awtoryň ýaragy ulanyş hereketlerini örän beletlik bilen gürrün bermegi bolsa, dessany ýazan kişiniň bu ýaragy has ýakyndan tanandygyny görkezýär. «...Karaçuk Çoban üç ýirde depe kibi taşýygdy, ala kollu sapanyny eline aldy» (Drezden. sah. 40). «Erenler ereni Karaçuk Çoban sapanynyň aýasyna taş koýdy, atdy. Birin atanda ikisin-üçün ýykdy, ikisin atanda üçün-dördün ýykdy. Käfirleriň gözüne korhu duşdi. Karaçuk Çoban käfirüň üç ýüzüni sapan taşy-ý-ile ýire byrakdy. Iki kardaşy oka düşdi, şehit oldy. Çobanyň taşy dükendi, koýun diýmez, keçi diýmez, sapanynyň aýasyna gor, atar, käfiri ýykar. Käfirüň gözi korkdy» (Drezden. sah. 42). Dessanyň içindäki giperbolik äheňdäki ulaldylan ýazgylardan, bu ýaragyň näçe bölekden emele gelýändigini, onda nahili okuň atylýandygyny we beýleki maglumatlary hem almak mümkindir. «...Çobanyň üç ýaşar tana derisinden sapanynuň aýasy-ý-idi, üç keçi/niň/ tüýünden sapanynuň kollary-ý-idi, bir keçi tüýünden çatlagujy-ý-idi. Her atanda on iki batman taş atar-idi. Atdugy taş ýire düşmez-idi, ýire dahy düşse toz kibi sawrylur-idi, ojak kibi obrylur-idi. Üç ýyla tek taşyň düşdügi ýirunyň oty bitmez-idi. Semiz koýun, aruk tokly baýyrda kalsa, kurt gelup iýmez-idi, sapanynuň korkusyndan. Eýle olsa soltanum, Karaçuk Çoban sapan çatlatdy, dünýä älem-käfirüň gözüne karangu oldy» (Watikan. sah. 64; Drezden. sah. 57). Eserde agyr atyjy ýaraglarda «manjylyk» hem birnäçe ýerde agzalýar. «Kanly Koja ogly Kan Töreli boýuny beýan eder, hanym heý» şahasynda ýigitler Kan Törelini öwüp, «Çal-kara kuşa» (bürgüde) meňzedip, «guşuň asmandan aşak ineninde hyzzyldap manjylygyň agyr daşyndan hem gaty inýändigini» görkezmek bilen şeýle diýýärler: «Kap Kaýalar daşynda ýuwa tutan, Kadir ulu Taňryýa uçan, Manjylygy agyr taşdan hyzzyldaýyp katy inen, Jümle kuşlar sultany çal-kara kuş ...» (Drezden. sah. 188) Ikinji bir ýerde, «Besediň Depegözi öldürdigi boýuny beýan eder, hanym heý» şahasynda, gözi oýulan Depegöz aýdýar: «Kalyň Oguz begleri üzerime ýykylyp geledir-idim, Kaçubani Salahana Kaýasyna giremdim-idim, Agyr manjylyk taş(y)-ile atamdyr-idim, Inüp taş başuma düşübän ölemdir-idim, Ala gözden aýyrduň ýigit meni, Tatly jandan aýyrsun, Kadyr seni» «Manjylyk − agyr daşlardyr beýleki oklary gala diwarlarynyň üstünden ýa-da beýleki ýerlerden belli bir aralyga atýan agyr ýaragdyr. Türkmenleriň manjylyk ýaragyny ulanmakda örän ussat bolandygy barada maglumatlar bar. Orta asyrlarda täze döredilen daş atyjy ýaraglaryň işleýişi synag edilip görülende, hökmany suratda bu meslegi gowy bilýän, ökde kişileriň biri çagyrylypdyr. 1432-nji ýylyň güýzünde, Hyrat şäherinde täze bir oýlanyp tapylan harby maşyn synagdan geçirilende, hökümdar Şahruh tarapyndan Garagoýunlylar neberesinden bolan soltan Isgenderiň ogly, türkmen şazadasy Ýar-Alynyň gatnaşdyrylmasy muňa mysal bolup biler. Synag edilýän «manjylyk» bilen 400 man agyrlykdaky daşlary uzak aralyga zyňyp bolýar eken. Şol döwürde I Töwriz many = 1200kg, Şah many =2400kg, I Reý many 4800kg deňdir. Türkmenleriň sanjylýan ýaraglaryndan eseriň içinden agzalyp geçilýäni−«gönder» «sunu», «jyda» atlandyrylýan naýza tipli ýaraglardyr. Agzalyp geçilýän ýaraglar öz göwrümleri boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Dessanda ýazylan häsiýetnamalardan netije çykarsak, bu ýaryglaryň ulusy, alty-ýedi metrlik naýza bolan «gönderdir». «Gönder» hakynda oguznamada şeýle diýilýär: «Demür kany Derwendindäki demür kapyýy depin alan, altmyş tutam ala gönderiň uçundan är bönürden Kyýan Selçuk ogly Däli Döndere çapar ýetdi. (Drezden. sah. 60). «Altmyş tutam ala gönderiň koltukna kysdy. Aruza bir gönder urdy. Göksünden ýalabedäk keçdi» (Drezden. sah. 302). «.... Dürtüşer iken ala gönderiň ufanmasyn» (Drezden. sah. 35; Watikan. sah. 20.) «Altmyş tutam gönderiňi ne wersiň mudar käfir» (Watikan. sah. 56). Bu ýazgylardan çen tutup, bir tutamy 10 sm. hasap etsek, altmyş tutam 6 metre deň bolýar. Dessandaky sanjylan ýaraglaryň içinde öňündäki atlyny dürtüp, atyndan agdarmaga uýguny - «gönderdir». Dessanda agzalýan sanjyjy ýaraglaryň ýene biri «süňi»-dir. Süňi gönderden biraz tapawutlanýan, sapy gargy talyndan edilýän ýaragdyr. Dessanda «süňi» bilen baglanyşykly şeýle setirler bar: «Kargu tally süňüme ne begenmezsiň, Göksüň dilüp göge pyrlap» (Drezden. sah.246) «Kargu tally süňüni maňa wergil. Göksüňden är sançaýym seniň içün» (Derezden. sah. 246). «Süňüsin eline alup at saldy. Kazany sançam diýdi, sançmady, öte keçdi. Kazan at depdi, süňüsin çekip elinden aldy, depesine urdy» (Drezden. sah. 288). Ýöne, eseriň «Içoguza Daşoguzyň asy olup Beýrek öldügi boýuny beýan eder» şahasynda «gönderiň» «süňi» atlandyrylan ýerleri-de bar. Belki-de bu aşakdaky ýazgy, «süňüniň» uzynlygynyň «gönderiň» uzynlygy bilen deňdigini görkezýän subutnamadyr. «Kargu tally altmyş tutan süňümi elime alur-idim» (Drezden. sah.297). «Däde Korkut oguznamasynda» agzalyp geçilen sançma ýaraglarynyň biri-de «jydadyr». Käbir eserlerde «jyza» görnüşinde ady geçýän bu ýarag, ala höwren ýylanyň uzynlygynda /bir metr töweregi/ ýerleşdirilipdir. Söweş gidip durka, gyssanylyp, duşmana dürtülen jydany yzyna çykarman, ikinji bir jydany gynyndan çykaryp, söweşi dowam etdirilen bolsa gerek. Eserde «jyda» bilen baglanyşykly şeýle setirler bar: «Ala ewren jydalar süsüldi» (Drezden. sah. 132) «Ala ewren (Ala höwren) süwri (süýri) jydamy saklar-idüm seniň içün» (Drezden. sah. 129) «... altyn jydasyn koluna aldy» (Drezden. sah. 31). «(buganyň) buýnuzy almas jyda kibi» (Drezden. sah. 182) «Kargu jyda oýnadana wardy-geldi, Altyn jyda oýnadana Ýa Reb, ne oldy» (Drezden. sah. 137; Watikan. sah 76) «... gädilmiş jydaň ile ardyna düşesiň» - diýdi. (Drezden. sah. 141) Ýöne eseriň «Kazylyk Goja ogly Ýegenek boýuny beýan eder, hanym heý» şahasynda: «Altmyş tutan süwri jydasyn koltuk kysyp, ol käfiri karşusyndan süsem diýdi, süsmedi...» (Drezden. sah. 209, Watikan sah 90) diýilmek bilen, «gönderiň» «jyda» diýlip atlandyrylan ýeri-de bar. «Däde Gorkut» oguznamasynda «naýza» adalgasyna duş gelmedik. Bu sözüň şol döwürlerde ulanyşda bolmadyk bolmagy-da mümkin. Dessanda ady geçýän urulýan ýaraglardan − «gürzi», «çomak», «degenek», «çöwgen» we «gamçy» bar. Eserde «gürzüniň» tarypy şeýledir: «...alty perlü gürz ile depesine katy urdy»; «ol altmyş batman gürz ile Kazylyk Kojaýy depere tutup çaldy»; «Ýügrük atyň ýügürdip Kan Töreli gürzün göge atar, inip ýire düşmeden karwar tutar» (Drezden. sah. 64-203-177; Watikan. sah. 67-86). Alty perli «gürzüden» tapawutlylykda, ýokarky tokga ujy hiç hili çykyntgysyz ýa-da dügme tiken görnüşli çykyntgyly urujy ýaraga «çomak» diýlipdir: «Dedem Korkut himmet kylyjyn biline baglady, çomagy omuzyna koýdy, ýaýy karusyna kiçurdi» (Drezden sah. 237); «Çala bilen ýigide ok-ile kylyçdan bir çomak ýeg» (Drezden. sah. 4). Dessanyň «Salur Gazanyň öýi ýagmalandygy boýuny beýan eder» atly boýunda Karaja Çopan: «Altmyş tutam gönderüňi ne ögersiň, murdar käfir, Kyzyljyk degenegümçe gelmez maňa. Kylyjyňy ne ögersiň, mere käfir, Egri başly çöwgenimçe gelmez maňa...» (Drezden. sah. 42; Watikan. sah. 56.) − diýmek bilen, urulýan ýaraglardan «degenegi» we «çöwgeni» agzap geçýär. Biziň pikirimizçe, «degenek» − taýagyň ujuna ýüp dakylyp, ýüpe-de degende seňseledeýän bir ýa-da birnäçe älet tokça daş dakylan ýarag bolsa gerek. «Çöwgen» bolsa, «çöwgen» oýnunda-da ulanylýan, çöwrülen užy tokgaryp duran taýakdyr. Onuň ady hem «çöwrülgen» sözünden gelip çykan bolsa gerek. «Gorkut ata» dessanynda ady örän köp agzalýan kesiji ýarag − «gylyçdyr». Eseriň başyndan, tä soňuna çenli ähli bölümlerde «gylyjyň» ady agzalýar. Öz gylyçlaryny dostlary ýaly gowy gören «çalasyn» ýigitler; «Gara polat uz gylyjym» − diýmek bilen, ony taryplapdyrlar. Taryh menzilleri içinde türkmenler sudury dört görnüşde bolan gylyçlary ulanypdyrlar. Bu gylyçlar, «dogry gylyç», «egri gylyç», «ýatagan gylyç», «pala gylyçlar» XVII asyrdan başlap giňişleýin ulanylypdyr. Ujy ikä aýrylýan «zülfikär gylyçlary» türkmenler kän ulanmandyrlar. Dessanda agzalýan kesiji ýaraglaryň ýene biri «pyçakdyr». «Altun byçagym» görnüşde taryp edilýän «pyçak» eseriň birnäçe ýerlerinde duşýar. Dessanda goraýjy ýarag bolan «galkanyň» hem ady agzalýar. «Kazan Beg ogly Oraz begiň tussag oldugy boýuny beýan ider, hanum heý» atly boýda: «Ala kalkan bagyny kysa dügdüler, kylyç syýyrdylar, ... çok söweşdiler» diýlip ýazylypdyr (Drezden. sah. 133; Watikan. sah. 74). Bu goraýjy ýarag, eseriň beýleki ýerlerinde-de agzalýar. Mundan başga-da, eseriň içinde «demir don, eşik (demir eşik), tuwulga» ýaly goraýjy eşik-esbaplara-da uly orun berilipdir: «Egni berk demür tonum geýer-idüm Kara polat uz kylyjum bilüme baglar-idüm Alyn başa kunt işüküm urur-idüm» (Drezden. sah. 297) «Için kara tonlu gök temürli alty ýüz käfir seçdi» (Drezden. sah. 192) «Egni bek temür tonum saklar-idüm, bu gün içün, Güni geldi. Ýeň-ýakalar dikdireýim senüň içün, Başumda kunt işükler saklar-idüm bu gün içün, Güni geldi» (Drezden. sah. 10). «Başuňdaky tuwulgaňy ne ögersiň, mere käfir. Başumdaky börükümçe gelmez maňa» (Watikan. sah. 56). Bulardan başga-da, dessanda «tolduran topdur» ýa-da «teber aşa...» görnüşindäki ýazgylar bar. Birinji sözlem, «doldurylan, ýagny içi letdeden doldurylan top (pökgi)» manysynda bolup, bu sözlemiň atyjy top ýaragy bilen hiç-hili dahyly ýok bolsa gerek. Ikinji sözlemiň-de kesiji ýarag bolan «teber» (palta, aý palta) ýaragy bilen baglanyşygy ýok bolmagy mümkin. Bu sözlemiň manysy «depmek» sözi bilen baglanyşykly «deper aşa» diýmek bolsa gerek. «Däde Gorkut» dessanynda şeýle bir adat bar. Eseriň gahrymanlarynyň her biri esbaplaryny özleri saýlap-seçip alýarlar we hut şol ýaraglary ulanmakda ýokary ussatlygy alýarlar. Ýaragy ökde ulanmaklygy her bir ýigidiň başarmaýanlygyny, oguznamanyň başynda Gorkut atanyň özi-de belläp geçýär: «Çala bilmez ýigide ok-ile kylyçdan bir çomak ýeg». Eseriň baş gahrymanlary bolan çalasyn ýigitler: Bamsy Beýrek-«gürz» bilen «ýaýy»; Garaja Çopan − «sapany», «degenegi», «çöwgeni»; Gazan ogly Oraz beg − «žydany», «gylyjy»; Däli Dönder − «gönderi»; Gazan − «gylyjy» we beýleki gahrymanlar hem belli-belli ýaraglary örän ussatlyk bilen ulanypdyrlar. Dessandan görnüşi ýaly, bu batyr, çalasyn ýigitleriň birikmesi esasynda (kyrk-kyrkdan) goşunlar emele gelipdir. «Däde Korkut oguznamasynda» - «Alaýlar baglandy, koşunlar düzüldi, borular çalyndy, tawullar döwüldi» (Drezden. sah. 302) − diýilmek bilen goşunda orkestriň (mehteriň) ulanylanlygy-da agzalypdyr. Dessanda, «akynjylar» atlandyrylan (desantçylar) goşun bölümi, «çarkajylar» atlandyrylan, söweşde duşman bilen ilkinji garşylaşyp, söweşýän esgerler bolan (awangard) goşun bölümi-de agzalyp geçilýär. Umuman aýdanyňda, bu eserden harby tema degişli maglumatlary susup almak mümkindir. Bu sebäpden hem «Däde Korkut oguznamasynyň» Türkmenistanyň täze döredilen milli, harby goşuny üçin örän ähmiýetli gadymy çeşme bolup biljekdigini belläp geçmek isleýäris. Kakajan BAÝRAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |