12:43 Dädem jan | |
DÄDEM JAN
Goşgular
Ajy habaryň geldi, duýdum – ölüm aýylganç, Aramyzdan sogrulyp, «Baka» giden Dädem jan. Ynanasym gelenok, beýle bir beter gynanç, Tä, ölýänçäm görmerin, sebäpleden, Dädem jan. Ýüregim gyýym- gyýym, dözmen, derdim artykdyr, Kalbym boşana döndi, ýüzüm gara örtükdir, Awap dur, bagyr-böwrek, közden dürtük-dürtükdir, Ruhuma sarsgyn berip, täsir eden¸ Dädem jan. Ýadymdasyň, eziz sen, baramda garşy alan, Soňky sapar ogşapdyň, ugradyp, ýola salan, Düýndi ahyr, görenim, ogluň – öwelip galan, Boljak zada göz aýlap, öň sereden Dädem jan. Barmy maslahat berjek jaýdar-jüpüne düşjek, Akyl, many-maňyzda, seniň ornuňa geçjek, Ýokdur, indi, dünýäme «Ata mährini seçjek», Elli bir ýyl, höwrügip, gözden giden, Dädem jan. Durdyhana bezegdiň, şorta sözi söýerdiň, Lellimleri göreňde, ýanyp-bişip, köýerdiň, Başarjaňlar müzzermez, olar: «Tüýs är» diýerdiň, Toý-tomaşa, baş bolup özi äkiden, Dädem jan. Daýhandyň, bagbandyň sen, gaýratly batyrgaýdyň, Işden lezzet almagy, bize hem, wesýet goýduň, Halallyk, sahylygyň, seni tananga aýdyň, Dünýäni pula alman – bir «Berk beden» Dädem jan. Ýaşlykda ýetim galyp, durmuş bilen synaldyň, Inženerdiň, suw ölçäp, hasap edip, san aldyň, Jülgede «Sapar ýomut», lakam bilen tanaldyň, Öň gelmedik, soranda, Sumbar ilden, Dädem jan. Şygyrlaryň okaýan, guwanyp, her sözüňe, Setirlerde nakyl bar, altyn ýaly gözüme, Ýürekde arman galmaz, meňzäp bilsem özüňe, Meger şejerämizi sen beýgelden, Dädem jan. «Emgenmedik eýikmez», halal gazan malyňy, Öňünden seljerip gör, ömür geçjek ýoluňy, «Bir özüň, bilip gezme, sora iliň halyny», Öwredip edebimi, sen, gülleden, Dädem jan. Soňky sapar soradyň, aýtdym saňa ýaşymy, «Elli bir ýaş güldür bu, gaýşardyp gez döşüňi, Segsene ser salansoň, şonda görýär işiňi», Diýdiň: «ysgynyň alýar, dyzdan, bilden», Dädem jan. «Müňde bir şükür, razy, Allam meni gow gördi, Maksadym wysal edip, bagta ýetmä şow berdi, Bir gün towum gutarar, ýaşamaga tow berdi», Ýaňzydyp, kän diýipdiň, ýat bekleden, Dädem jan. Halallygy eý görüp, haram rysky iýmediň, Myhman gelse, söwş edip, saz-söhbete güýmediň, (Çyndan ýatyp nähoşlap, «o-tam-bu-tam» – diýmediň), «Nätjek garrylykdyrda», oz erkiňe geýmediň, Ajal donun lybaslap, galdyň dilden, Dädem jan. Ömrüň mana ýugrulan, tanş-u dost-ýar gatnady, Iki müň onunjy ýyl, gelşi maňza batmady, Ýanwar aýyň on biri, daň seň üçin atmady, Döwranyň soňa döndi, şu pilleden, Dädem jan. «Ejizlemäň» diýipdiň, bagyr-bagyr bozlaýan, Geçmişe nazar aýlap, seni şondan yzlaýan, Her sekunt ýatlap seni, men bagrymy duzlaýan, Çete çykyp, erkimi, berýän elden, Dädem jan. Bolşum bolşuňa meňzäp, säginip, sakga durýan, Hereketlem ýatladýar, özümde seni görýän, Ogullarma lak atsam, men, saňa meňzäp barýan, Geň-taňlyk däl, bilýärin, çünki, «genden» Dädem jan. Illi aýdar, şükrüm bar, ýetdiň segsen ýaşyňa, Ýedi ogul, iki gyz, üýşüripdiň daşyňa, Kaýyl, Allaň işidir, ahyr, gelýär başyňa, Atam-babam neslini, dowamladan, Dädem jan. | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ýar / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |