10:12 Dag aýdymlary / goşgular | |
■ MYNAJAT «Gora!» diýip, deňizini, dagyny, Köllerini, çöllerini, bagyny, Her saba — dogalarym, Jigerim-janym, Eziz Türkmenistanym! Çal saçly eneleriň, Gül gaşly sonalaryň, Ýene we ýeneleriň... — Bolsun — diýip — başy aman, — Gora — diýip — herki zaman, Her saba — dogalarym, Jigerim-janym, Eziz Türkmenistanym! — Gora — diýip — mekanymy, — Gora — diýip — mukamymy, Dilimi hem dinimi, Gora gadym ilimi! Her saba — dogalarym, Jigerim-janym, Eziz Türkmenistanym! Halaldyr ojagyň, Halal saçagyň. Halaldyr gujagyň. Hiç kim saňa gezäp bilmez, Gynyndaky pyçagyn. Hakyň nazar salany, Halkyň halany. Her saba — dogalarym, Jigerim-janym, Eziz Türkmenistanym! ■ ASLYŇ GARA TOPRAKDANDYR... Gelmese gelmesin pikir, Gamlanmagyn, eýle şükür! Gülse çaga jykyr-jykyr, Şo seniň goşgy-gazalyň. Kimselere boş göründiň, Kimselere hoş göründiň. Kimselere gyş göründiň, Özüňdedir dert-azaryň. Görünmişdir älem-jahan, Sözlemişdir barça dahan. Gaýratyňdyr ilki bahaň, Şodur ynsanlyk azabyň. — Yssa — diýme — halym harap. Bolar melhem jana ýarap. Yssa ýaran hindi, arap, Şükür, bar Bahry-Hazaryň. Aslyň gara toprakdandyr, Ömrüň ýaşyl ýaprakdandyr. Gara gyş däl, ak gardandyr, Depesinde Sünt-Hasaryň. ■ DAG AÝDYMY Çykyp dagyň çür başyna, Kowup barýan dumanlary. Daga çykyp görüp galdym, Başda meni görmänleri. Eger bolsa keýpiň gowy, Gaýtararsyň gelse döwi. Piňiňe däl Göroglynyň Wellemşahly guran ýowy. Ýar jemaly ne owadan, Dag şemaly ne owadan, Ýar kelamy ne owadan, Ylham geldi joşa bu gün. Ne owadan älem-jahan, Şanyna saýraýar dahan. Oýa batdym mahal-mahal, Göwnüm geldi joşa bu gün. Gör-ä, bak-a syratyna, Atlandym men Gyratyma. Bulutdaky suratyna Garap, dagdan aşam bu gün. ■ ÝÜREK ARZUWY Uýam, bu gün toýuň ýürekde beslän, Bagt nury kalbyňyza eçilsin! Sen käte şadyýan, sen käte gamgyn, Gülkiňden, goý, dünýä nurlar seçilsin! Kalbyň Sumbar derýa deýin päkize, Gojaman daglar deý belentdir seriň. Hoşgylaw, hoşsyrat, hoşgylyk mydam, Hoşluklardan seniň altyndan zeriň. Bagt diýlen öz-özünden gelmeýär, Bagty gazanmaly azabyň bilen. Sen durmuş köşgüniň sahypjemaly, Girmelisiň muňa öz adyň bilen. Uýam, arzuw edýän saňa ak ýoly, Bagyşlaýan şu ýöntemje goşgyny. Sen perzendi bir mähriban enäniň, Alansyň durmuşa şondan yşkyňy. Közli ojak, bereketli saçagyň, Agzybirlik seniň täji-tagtyňdyr. Goşa gumry bolup ömür sürmegiň, Bilseň, uýam, Hudaý beren bagtyňdyr! ■ BILGIÇ AÝALA Elli ýaşan günüm bir bilgiç aýal Öňünden aýdypdy togsan ýaşymy. Çynmydyr ýa ýalan, şol günden bäri Ýaşap ýörün belent tutup başymy. Sabaýar hatary deňi-duşlaryň, Agyrdýar ýüregim hazan ýelleri. Käte göwün dünýä sygman halaty Sypap gidýär şol aýalyň elleri. Togsana çen entek-entek wagt bar, Käte-käte gussa gelýär ýanyňa. Şonda ýatlaýaryn bilgiç aýaly, Aýdan sözi kuwwat berýär janyňa! Megerem, bilgijiň togsan ýaş hakda Aýdanyndan ýokdur onuň habary. Sag bol, bilgiç, sag bol, mähriban aýal, Yzyna tesdirýäň şumluk çapary... ■ GARDAŞ Ýaş ötendir atamyzyň ýaşyndan, (Nämeler geçmedi onuň başyndan?!). Gam däl, söz açaly göwün hoşundan, Birsalym joş edip, göçeli, gardaş! Bize berlen ömür, bilseň, pursatdyr, Ömür ölçegiň-de halal gursakdyr, Halal bolsaň, gursak ömür urjakdyr, Bolmasa, ýyldyz deý öçeli, gardaş! Bolmaz ýaly ýaşan ýaşymyz haýp, Ýaşadyk atanyň pendine uýup, Ýöne weli gördüm kä zady aýyp, Indi giç, niräge gaçaly, gardaş?! Şo bir bolşy depeleriň, düzleriň, Hany obam, şo-ol öňküje gyzlaryň? Hany gyş, tomus, ýaz, hany, güýzleriň? Pasyllar göç eder, göreli, gardaş! Il bilendir şatlygymyz, derdimiz, Ili il edýändir gerçek merdimiz, Diýmäli: «Nä solak garry kendimiz?», Owurtlap çeşmeden içeli, gardaş! ■ ÇEŞME Oturyp men bu çeşmäniň başynda, Dolandym ýene-de gadym geçmişe. Ýaş-ýeleň içendir, garry içendir, Gör, kimleri gandyrandyr bu çeşme?! Pynhan-pynhan duşuşandyr aşyklar, Munda düşläp geçendirler mergenler. Soltanlar, ahunlar, çopan-u-daýhan… Pyraga ak pata bermiş erenler. Urup çykyp ýedi gat ýer astyndan, Paýlaýaň ynsana gönezlik paýyn. Sen dirilik suwy janly-jandara, Ak sen, ak, hiç haçan bolmasyn laýyň! Ak çeşmäm, ak, bulanmasyn gözbaşyň! Janly-jandar alýar senden rowgaty. Sen bir Nuh döwründen galan ýadygär, Tebigatyň bize beren sowgady. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |