23:55 Dag bürgüdi | |
DAG BÜRGÜDI
Goşgular
Agtygy men Hudaýberen serdaryň, Il-gün üçin jan berip-jan alan ol. Gyzylbaşlar kän gezipdir kastynda, Duşman üçin başa agyr talaň ol. Öz iliniň topragyna baş goýan Adam, heý-de halka duşman bolarmy? Onuň daglaryny, daşyny söýen Heý-de, halka duşman bolup bilermi? Otuz ýediň gara gijelerinde Duşman diýip baglapdyrlar goluny. Yzynda çarpaýa galyp bedewi Urupdyr ol gaýalara nalyny. Bu gün gözläp çykdym mazarma-mazar, Duşmadym men mazaryna babamyň. Birje gezek görsem onuň keşbini Melhem bolsam azaryna babamyň. Ölendir ol namartlaryň golundan Bilýän, eden däldir ýüregi çydam. Dikilmese-de oň ýadygärligi, Serdaryny mydam ýatlap ýör obam! ▶ DAGDA Döwletgeldi Ökdürowa Oba bardym ýürek küýsäp arada, Bulutlara başyn diräp dag otyr. Çeşmäniň başynda aýagyn sallap, Garagözli, garaýagyz çaga otyr. Gudratyna oglanlykda sežde eden, Seleňläp görünýär bossan çynaryň. Ýazda däli jeýhun bolup çyrpynan Sumbar syryp-süpüripdir kenaryn. Kerkawyň ysyndan doýabilmedim, Men doýabilmedim roýundan dagyň, Otyr ana kibtin gysyp Şyhattar, Niçik bu ahwala tutmasyn agyň?! Oba bardym, bulutlardan ýol ýasap, Bir ýigitde gördüm gara gözüňi. Garagaja çykyp, bakdym Darzowa, Gören ýaly boldum seniň özüňi. Bu pany dünýäge sygmady göwün, Ynanmadym munda ýoklugňa seniň. Şonda göz ýetirdim iň soňky sapar, Bu illerde ýeke-täkligňe seniň! ▶ KÖNEKESIRIM Myhmana açykdyr mydam gujagy, Sahawatly iliň, Könekesirim, Naz-nygmatdan bereketli saçagy, Mähribandyr ogluň, Könekesirim. Gaýasyndan böwsüp çykar çynary, Ne ajap baharda Sumbar kenary. Duşuryp goýnuňda ýar bilen ýary, Saýraýar bilbiliň, Könekesirim. Daglaryň başynda garyň eremez, Ojagyňda kerkaw oduň köremez, Görmesin gözlerim halyň ýaramaz, Öwser saba ýeliň, Könekesirim. Jahyllaryň öz hakyna kaýyldyr, Gelin-gyzyň gözellige gaýymdyr. Barsam mydam ýyly mähir paýymdyr, Şirin-şeker diliň, Könekesirim. Gorasyn hudaýym iman gözlerden, Gorasyn awuly ýalan sözlerden. Bu nama ýadygär galsyn bizlerden, Aýra salmaz ýoluň, Könekesirim. ▶ DÖWÜRDEŞIME HÄSIÝETNAMA Sen birneme sögünjeň, Hem birneme öwünjeň. Sen birneme ynanjaň, Hem birneme gynanjaň. Sen birneme soranjaň, Birneme-de goranjaň. Hem birneme ýaranjaň, Bar sende tireçillik. Hem ýatsaň-tursaň oýuň: Bolsam diýýäň neçellik. ▶ ZAMANA GALAR Başyňa döneýin Gyratym, şaýlan, Ýogsa aýlaw sowmak çamana galar. Eý, oglum, ýagşylaň pendin unutma, Ýogsa nowça ömrüň ýamana galar. Ýagşy bil, düz bolsun niýetiň, päliň, Haýry bolmaz bir gün altynyň, käniň. Deriň döküp orsaň, ýazda ekeniň, Her dänäň müň bolar, harmanda galar. Bagşysyna muşdak bolar öz ili, Har etme bagyňda saýran bilbili. Diýseler diýsinler damana ýoly, Ýene-de müň ýyldan damana galar. Çarkandakly bolsun, goý, bolsun öwrüm, Men saňa baş egýän, eý, beýik döwrüm. Şatlygym, hasratym – razy men, ömrüm, Sürdügiň bäş günlük zamana galar! | |
|
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |