03:07 Dag goçy hakynda hekaýat | |
Dag goçy hakynda hekaýat
Goşgular
Bolýar dag goçunda şu hili endik, Saýlap gaýalaryñ nirde belendin. Aga-ýana gezer, hüşgärdir, sakdyr, Özün daşda tutar gaplañdan, okdan. Her öñýeten awça añsat aw bolman, Abanýan howplardan sypar ol aman. Golaýyna baryp bilmäni üçin, Awçylar kömegne daýanýar geçiñ. Goç ho-ol pesde dag geçisin gördügi, Ýatdan çykyp, önki saklyk endigi. Serin duman alyp, gözi ümezläp, Taýyna gowuşmañ çäresin gözläp. Bolup oñ ugrunda her zada taýyn, Şuwlap gaýdýar depesinden gaýanyñ. Awçylar belet oñ bu gylygyna, Jadylanyp yşkyñ çakylygyna. Guran hilelerine aldanjagyny, Özlerine ap-añsat aw boljagyny. Bilenleri üçin güldürip için, Başyna ýetýärler olar dag goçuñ. Gözsüz batyrlygy kä gahrymanyñ, Açyk howpdan kän ýetirýär zyýanyn. | |
|
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |