18:12 Zaratuştranyň nutuklary: Dagdaky agaç hakda | |
• Dagdaky agaç hakda Zaratuştra bir ýaş ýigidiň ondan gaçyp çete çykandygyny gördi. Ol bir gün “Reňkli sygyr” diýilýän şäheri gurşap duran daglarda gidip barýarka, şol ýigidiň agaja söýenip, ýadaw halda deräni synlap oturandygyna gözi düşdi. Zaratuştra ýigidiň söýenip duran agajyna elini diredi we şeýle diýdi. - Şu agajy elim bilen goparyp zyňyp bilýänem bolsam etmerin. Emma biziň gözümize ilmeýän şemal ony islän ugruna egip-bükýär. Biziň gözümize görünmeýän eller bizi iň köp janymyzdan irizýär we egip-bükýär. Muny eşiden ýaş ýigit hasanaklap ýerinden turdy-da: - Zaratuştrany eşidýärin, ýaňam şony pikir edip otyrdym – diýdi. Zaratuştra oňa şeýle jogap berdi: - Mundan nämüçin gorkýarsyň? Adamyň ýagdaýam agajyňkydan enaýy däl. Ol ýokary belentlige, aýdyňlyga ýetjek bolsa, kökleri topargyň bagryna, garaňkylyga, çuňluga, erbetlige tarap uzaýar. - Hawa, erbetlige uzaýan eken. Meniň ruhumy nädip açybildiň? Zaratuştra gülümsiredi-de şeýle diýdi: - Käbir ruhlar hiç haçan hiç zady açyp bilmeýär. Bulary açmagyň ýeke-täk ýoly – olary ilkibaşda özüň ýasap-ýugurmaly. - Hawa, erbetlige uzaýan eken – diýip, ýaş ýigit ýene ýaňky aýdanyny gaýtalady. – Dogry aýdýarsyň, Zaratuştra. Beýgelesim gelip başlany bäri özüme ynanamok, hiç kimem maňa ynananok. Bu nähili beýle bolýarka? Çalt üýtgeýärin, şu günüm düýnümi püçege çykaryp taşlaýar. Ýokary çykanda, köplenç basgançaklary ätläp geçýärin we muny maňa hiç bir basgançak bagyşlamaýar. Ýokaryk çykandan soň özümi ýalňyz duýýaryn. Hiç kim meniň bilen gürleşmeýär, ýalňyzlygyň sowuklygy içimi gagşadýar. Beýle belentlikde näme etsemkä? Içimdäki kemsinme we küýsew bile ulalýar. Ýokaryk galdygymça ýokaryk çykan gözümde hasam kiçelýär. Ýokarda näme isläp bilerkä? Ýokaryk galmakdan we başym aýlanmakdan utanýaryn! Demim demime ýetmän durşumy ýaňsylaýaryn! Uçýanlary şeýle bir ýigrenýärin! Ýokaryk galdygymsaýy ýadaýaryn! Ýaş ýigit birden dymdy. Zaratuştra agaja seretdi-de şeýle diýdi: - Agaç şu ýerde – dagyň çürbaşynda ýeke özi dur, ol adamlardan we haýwanlardan has belende galypdyr. Eger ol gürlemekçi bolsa, şular ýaly belentlikde oňa hiç kimem düşünmezdi. Häzir ol garaşýar, garaşýar... Ýogsa-da ol nämä garaşýarka? Bulutlara eňek diräp durşuna birinji bolup çakjak ýyldyryma garaşýarmyka? Zaratuştra muny aýdanda ýaş ýigit elini kelemenledip: - Hawa, Zaratuştra, dogry aýdýarsyň. Ýokarlara çykasym gelende batyşymy talap edýärdim, sen bolsa meniň garaşýan ýyldyrymym bolduň. Sen gözüme gören pursatyňdan bäri meniň nä hala gelendigimi görýärsiňmi? Saňa bolan görübilmezçiligim meniň aldym-berdime saldy – diýip, gynanç bilen aglamaga başlady. Emma Zaratuştra elini onuň eginlerinde goýup, özi bilen bile äkitdi. Biraz wagtlap bile tirkeşip ýörediler. Zaratuştra ýene gürlemäge başlady: Ýüregim para-para bolýar. içiňdäki howp-hatary gözüň sözüňden has gowy aýdyp berýär. Sen heniz azat däl, sen heniz azatlygy gözleýärsiň. Bu gözleg seni ukudan goýupdyr we juda eserdeň edipdir. Azat belentliklere çykasyň gelýär, ruhuň ýyldyzlara suwsapdyr. Emma ýaramaz duýgularyňam azatlyk üçin ýanyp-tutaşýar. Ýarak itleriň azatlyga goýberilesi gelýär, ruhuň zyndanlary böwüsjek bolyp dyzanda, itler ýatagynyň agzynda şatlykly üýrýärler. Sen meniň üçin heniz azatlyga hyýal eden bendiden öňde dälsiň, beýle bendileriň ruhy baý, emma şol bir wagtyň özünde hilegär we ýaramaz bolýar. Ruhuňy azatlyga çykarmak üçin ilki arassalanmaly. Içiňde şindizem birgiden zyndan, birgiden gurum bar, gözüňi-de arassalamaly. Hawa, men seniň uçran howpuňy gowy bilýärin. Emma saňa söýginiň we umydyň adyndan haýyş edýärin, söýgiňden we umydyňdan hijem el çekäýme. Özüňi häzirem asylzada biri saýýarsyň, sňa gaharlanýan we erbet garaýan başgalar-da seni häzirem asylzada saýýar. Şuny ýagşy bil, kimem bolsaň, ýoluňy ilki bilen asylzada biri baglaýandyr. Ýagşylaryň ýoluny-da asylzada biri baglaýar, oňa ýagşy adam hökmünde baha berýänem bolsalar, şol berýän bahalary bilen aradan aýyrjak bolýandyrlar. Asylzada adam täzelik etjek bolýar, täze hoşgylawlyk getirmek isleýär. Gowy adam gowy zatlaryň bolmagyny isleýär we köne gowy zady ýitirmejek bolýar. Emma asylzada kişiniň ýüzbe-ýüz bolýan howpy onuň ýagşy biri bolmagynda däl-de, ýüzi ýyrtyk, göreniň üstünden gülüp ýören, öňünden çykan zady ýok edip ýören bolmagyndadyr. Wah, iň belent umytlaryny ýitiren asylzada kişileri tanaýaryn häzir olar şol iň belent umytlarynyň ýüzüne gara sürtýärler. Häzir geldi-geçer keýpi-sapalarda bihaýalyk bilen döwran sürýärler. Şu günleri bilen ýaşap ertiriniň gaýgysyny edenoklar. “Ruh – şol bir wagtyň özünde şöhwetdir” diýýärdiler. Munuň netijesinde ruhlarynyň ganaty döwüldi we ruhlary häzir ýerde süýrenip, tutuş süňňüni hapalap taşlady. Wagtyň geçmegi bilen gahryman bolarys öýdýärdiler, emma barsy şöhwetiň ýesiri boldy. Gahryman olar üçin görgä we eýmençlige öwrüldi. Emma saňa söýginiň we umydyň adyndan haýyş edýärin, ruhuňdaky gahrymany ýok edäýme! Iň belent umydyň mukaddesligini gorap sakla! Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |