16:09 Zaratuştranyň nutuklary: Ölüm wagyzçylary hakda | |
• Ölüm wagyzçylary hakda Ölüm wagyzçylary bar. Dünýä durmuşdan bir gyra çekilmeleri üçin öwüt bermeli adamlardan doly. Dünýä gereksiz adamlardan doly. Durmuş şular ýaly biderek adamlaryň aşa köplüginden ýaňa çüýräbildigine çüýräpdir. Bulary “müdimilik durmuş” bilen ukladyp, bu dünýäden aýyrmaly. Ölüm wagyzçylaryna “sarylar” ýa-da “gyzyllar” diýilýär. Ýöne men olary size başga reňklerde-de görkezeýin. Içinde ýyrtyjy haýwan göterýan we şöhwete özüni aldyryp, öz-özüni parçalamakdan daşgaryn hiç bir çykalgasy bokmadyk gorkunçlar bar. bularyň şöhwetleri-de öz-özlerini parçalamagy aňladýar. Şeýle gorkunçlar entek adam sypatyna giribem ýetişmändir. Goý, olar durmuşdan çykyp gitmegi wagyz etsin we özlerinden biliip göçüp gitsinler! Soňam ruhy inçekeselliler bar. bular doglup-dogulmanka ölmäge başlaýar. Olar hemişe ýadaw we dünýewi zowky-sapalardan el çekmek taglymyny esas edinýär. Ölesleri gelýär. Muny-da biziň makullamagymyza garaşýarlar. Birdenkä-birden şeýle ölüleri oýandyrjak ya şeýle janly tabytlara zyýan berjek bolaýmalyň! Bular haýsydyr bir syrkawa, garra ýa-da meýide gözi düşen pursatynda “Durmuşyň çüýränligi subut boldy” diýip gygyrýandyrlar. Emma çüýränligi subut bolan zat – aslyýetinde olaryň özi we ýaşaýşyň diňe bir ýüzüni görýän gözleridir. Düýpsüz gam-gussa gark bolup we ölümi getirýän ownuk tötänlikleri küýsäp dişlerini gysýarlar, şeýdibem garaşýarlar. Ýa-da dillerini süýjeden bolarlar, şohsuran bolup gören zatlaryny ýaňsa alarlar, durmuşa sypal bilen aslyşarlar we sypaldan dalda gözleýänleri ýaňsa alarlar. Bar bilýän zatlary-da şundan ybaratdyr: “Durmuş akmaklykdyr we ondakylar akmakdyr. Biziň akmaklygymyzam şolarça bar. Bulam durmuşyň iň uly akmaklygy”. Başgalar “Durmuş agyr, şonuň üçin ömrüňizi soňlandyryň. Diňe agyr durmuşy soňlandyryň” diýse, bu sözlerde ýalan ýok. Ärdemlileriniň ündeýän zady-da şu: “Özüňi öldürmeli, güm bolup gitmeli!” Ölümi ündeýanleri: “Şöhwet günädir, bir gyra çekileliň, çaga ýasamalyň” diýýärler. Käbirleri bolsa: “Çagany dogurmak hupbatly iş. Betbagt adamlary dünýä indermekden başga dogurmagyň näme manysy bar?” diýýärler. Bularam ölümiň wagyzçylarydyr. Käbirleri-de şeýle diýýär: “Merhemet hökman gerek. Eýe bolan hemme zadymy alyň! Men näme bolsam, şonam alyň, goý, durmuş bilen bolan baglanyşygym gowşasyn!” Olar hakyky manyda merhemetli bolan bolsadylar, iň ýakynlaryna durmuşy zyndan ederdiler, hakyky gowulyklary-da şol bolardy. Emma olar durmuşdan halas boljak bolýarlar, özgeleriň durmuşa zynjyr we sowgatlary bilen has berk baglanmagy bolsa piňlerine-de däl. Eý, siz, durmuşy wagşy iş we agzalalyk saýýanlar, eýsem-de bolsa durmuşdan ýadamadyňyzmy? Ölüm wagyzy üçin iň soňky menziliňize ýetmediňizmi? Eý, siz, wagşy işi, çakgany, täzäni we kesekini söýýänler, siz özüňiz bilen dil tapyşyp bilmänsoň, gallawlygyňyz öz-özüňizi ýatdan çykarmak üçin ýüzlenen gaçybatalgaňyz we niýetiňizdir. Durmuşda has köp zada ynanýan bolsaňyz, özüňizi ýeke pursata az bererdiňiz. Emma garaşmaga ýeterlik taýýarlygyňyz ýok, ýaltalyk etmek üçinem ýok. Çar ýandan ölümi wagyz edýänleriň sesi batlanýar. Dünýä ölüm ündelmeli adamlardan doly. Ýa-da “müdimilik durmuş” wagzy edilmeliler bilen. Ikisi-de meniň üçin şol bir zat, hernä salymyny bermän güm bolup gitseler bolýar. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. Surat: Pablo Pikasso / "Kasamegasyñ ölümi", 1901 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |