11:55 Zaratuştranyñ nutuklary: Uruş we urşujylar hakda | |
• Uruş we urşujylar hakda Ne-hä iň gowy duşmanlarymyz tarapyndan, ne-de hakykatdanam bizi söýýänler tarapyndan goldanmak isleýäris. Munuň üçin size hakykaty aýtmagyma rugsat ediñ! Uruş içre gezip ýören doganlarym! Sizi hakykatdanam söýýärin. Menem siziň ýaly biri, häzirem şeýle. Şol bir wagtyň özünde siziň iň gowy duşmanyňyzdyryn. Munuň üçin size hakykaty aýtmagyma rugsat ediň! Kalbyňyzdaky ýigrenji we göripligi bilýärin. Ýigrenji we göripligi äwmejek derejede beýik dälsiniz. In bolmanda şu sebäpli utanmazłyk üçin beýik boluň! Eger bilimiň genisi bolup bilmeýän bolsaňyz, iň bolmanda onuň urşujylary boluň. Bular şeýlekin geniligiñ hemrasy we buşlukçysydyr. Köp sanly nöker, köp sanly urşujy görmek islärdim. Üstlerindäki zada "harby lybas" diýilýär. Harby lybas bilen üsti örtülen zat birsydyrgyn bolmasa bolýar. Gözleri hemişe duşman gözleýänlerden boluň, özüňiziň duşmanlaryňyzy. Käbirlerinizde bolsa ýeke seredişde ýigrenç bolar. Pikir-düşünjeleriñiz üçin duşman gözlemeli, uruş etmeli. Pikirleriniziň ýeňlen ýagdaýynda dogruçyllygyňyz ýeňiş gazanmaly. Ýaraşygy täze uruşlara galkan hökmünde ulanyň. Gysga wagtlaýyn ýaraşygy uzaga çekjek ýaraşykdan has köp söyüň. Size işlemegi däl-de, uruşmagy ündeýärin. Size ýaraşygy däl-de ýeňşi ündeýärin. Her bir edýän işiniz uruş, ýaraşygyňyz ýeňiş bolsun! Ok-ýaýyňyz bar bolsa, diñe dymyp bilersiniz. Ýogsa än sypdyrylyp, dawa-jenjel turar. Ýaraşygyňyz ýeňiş bolsun! Ýagşy dawanyň urşy-da mukaddesleşdirýändigini aýdýarsyňyz. Men bolsa gowy urşuň islendik dawany mukaddesleşdirýändigini aýdýaryn. Uruş we batyrgaýlyk adam söýgüsinden has uly zatlaryň hötdesinden geldi. Heläkçilige uçranlary şindize çenli siziň merhemetiñiz dal-de, gahrymançylygyňyz halas etdi. "Ýagşy näme?" diýip soraýarsyňyz. Batyrgaý bolmak gowy. Goý, kiçijik gyzlar "Hem owadan, hem dolmuş bolany ýagşy" diýsinler. Size ýüreksiz diýýärler. Emma siziň ýüregiňiz galp däl. Men siziň dogruçyllygyňyzyň ýygralygyny söýýärin. Siz suwlaryň göterilmeginden utanýarsyňyz, başgalar bolsa suwlaryň peselmeginden utanýar. Siz bedroýmy? Ýeri onda, doganlarym! Özüñizi belentlige saraň, bedroýlygyň possunyna! Ruhuňyz beýgeldigiçe tekepbirleşýändir we belentliginizde erbetlik bar. Sizi gowy tanaýan-a men. Diñe ýigrenmäge mynasyp duşmanlaryňyz bar bolup biler, emma äsgerilmeýän duşmanlaryňyz bolmaly däl. Duşmanyňyzyň bardygyna buýsanyň, şonda duşmanyňyzyň gazanan üstünligi sizin üstünliginiz bolar. Gozgalaň guluň artykmaçlygydyr. Siziň artykmaçlygyňyz ytagat bolsun! Buýrugyňyzam ytagat bolmaly! Gowy urşujynyň gulagyna pyşyrdap aýdylan "oňararsyň" sözi "isleýärin" sözünden has ýakymly eşdiler. Söýýän her bir zadyňyzy ilki bilen özüňize buýruň. Durmuşa bolan söýgiňiz iň belent duýgyňyza bolan söýgiňiz bolsun. Iň belent umydyňyz durmuşyň in belent pikiri bolsun. Emma iñ belent pikiniňizi size meniň buýurdygym bolsun: Adam üstünden aşylmaly närsedir. Ytagatdan we uruşdan ybarat durmuşyňyzy şeýdip ýaşaň! Uzak ýaşamakdan ne peýda! Haýsy urşujy goldanmagyny isleýär? Eý urşuñ içindäki doganlarym, men sizi goldap bilmerin, sebäp men sizi hakykatdanam söýýärin. Zaratuştra şeýle diydi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |