00:15 Zaratuştranyñ nutuklary: Okamak we ýazmak hakda | |
• Okamak we ýazmak hakda Ähli ýazylanlaryň içinde gan bilen ýazylanlary gowy görýärin. Gan bilen ýaz, şonda ganyň ruhdugyna düşünersiň. Okaýanlary tanaýan adam olar üçin ýeke tüýünem gymyldatmaýar. Okaýanlaryň bolan ýene bir asyry geçsin, ruh porsamaga başlar. Hemmeleriň okamagy-ýazmagy öwrenmegi wagtyň geçmegi bilen diňe ýazuwy däl, pikirlenmegi-de bozup taşlar. Wagtynda ruh hudaýdy, soň adam boldy, şindi bolsa süýrenijiler ýaly ýer bagyrtlaýar. Kim gan bilen we çelgi görnüşinde ýazýan bolsa, okamagy däl-de, ýat tutmagy talap edýär. Dagdaky iň ýakyn ýol pelleden pellä gidýän ýoldur, ýöne munuň üçin uzyn aýaklaryň bolmaly. Çelgiler pelle bolmaly, sözüň dolandyrýan adamlary bolsa irimçik, uzyn boýly bolsa gowy. Howanyň mymyjak we arassa bolmagy bilen howpuň ýakynlygy we ruhuň keýpihon şumlukdan dolup-daşmagy biri-birine utgaşyklydyr. Daş-töweregimde al-arwahlaryň bolmagyny isleýärin, çünki meniň birjigem gorkym ýok. Hyýalyýetleri kowýan batyrgaýlyk özüne al-arwahlary döredýär, batyrgaýlygyň gülesi gelýär. Indi men özümi siziň bilen birdir öýdemok, aşakda gözüme ilýän we maňa gülkünç görünýän bulut şeýle garaňky, agyr. Ien, siziň tupan bulutyňyzam edil şo-da. Siz belentlik talap edende, ýokaryk bakýarsyňyz. Men bolsa belentlikde bolandygym üçin aşak bakýaryn. Içiňizden haýsyňyz bir wagtyň özünde hem belentlikde bolup, hem gülüp biler? Kim iň beýik daga çykanda ähli ýas oýunlaryna we ýas agraslygyna gülüp biler. Gaýduswyz, gaýgysyz, degişmeçi, diýdimzor danalyk bizi, ine, şolar ýaly göresi gelýär, danalyk akyldan daşgaryndyr we elmydama diňe bir urşujyny isleýär. Maňa “Durmuşyň şatysyna döz gelmek kyn” diýýärsiňiz. Emma öýleden öňki buýsanjyňyz we agşamky boýunsunujylygyňyz nämä ýaraýar? Durmuşyň şatysyna döz geläýmek aňsat däl, ýöne olar ýalam nalajedeýin bolmaň-a! Biziň hemmämiz arkasyna ýük urulan erkek we urkaçy eşeklerdiris. Üstüne bir damja nem degendigi üçin titir-titir edýän gül tohumjygy bilen nähili umumylygymyz bar? Durmuşy gowy görýändigimiz ýalan däl, ýöne oňa öwrenişendigimiz üçin däl-de, söýmäge öwrenişendigimiz üçin söýýäris. Söýgüde hemişe az-owlak däli-diwanalyk bolýar. emma däli-diwanalykdanam hemişe az-owlak mantyk tapsa bolar. Durmuşa oňyn garaýan men pahyra kebelekler, sabyn köpürjikleri, adamlaryň arasynda gabat gelýän şunuň ýaly zatlar bagtlylygy iň gowy bilýänler bolup görünýär. Şeýle ownuk, samsyklaç, ejizje, zyňyndy zatlaryň ganat kakyşyny görmek Zaratuştrany gözýaş dökmäge we aýdym aýtmaga höweslendirýär. Diňe tans oýnamaga dogry düşünýän hudaýa ynanyp bilerin. Şeýtanymy görenimde ony agras, tutuksy, aladaly we resmi ýagdaýda gördüm, onda agraslygyň ruhy bardy. Hemme zat şonuň tagallasy bilen peselýär. Gahar-gazap däl, gülmek öldürýär. Geliň, agraslygyň ruhuny öldüreliň! Ýöremäni öwrendim, şondan bäri özümi gyssamok. Uçmany öwrendim, şondan bäri ýerimden gymyldamak üçin yzdan dürtgülenmäge hajatym ýok. Şindi kiçeldim, şindi uçýaryn, şindi aşakda özümi görýärin, şindi içimde hudaý tans oýnaýar. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |