14:40 Zaratuştranyň nutuklary: Bazaryň siňekleri hakda | |
• Bazaryň siňekleri hakda
Filosofiýa
Gaç, dostum, ýalňyzlygyňa gaç! Beýik adamlaryň galmagalyndan ýaňa essiňden aýylandygyňy we maýda adamlaryň neşterlerinden eleme-deşik bolandygyñy görýärin. Tokaýlar we gaýalar agraslygy bilen seniň bilen deňine dymarlar. Ýene söýýän uly şahaly agajyňa meňze, ol agaç deňiziň üstünde asylgy ýagdaýda sessiz-sedasyz gulak gabardyp dur. Ýalňyzlygyň gutaran ýerinde bazar başlaýar. Bazaryň başlaýan ýerinde bolsa onuň bilen bile uly oýunçylaryň güwwüldisi we zäherli siňekleriň wyzzyldysy-da başlaýar. Dünýäniň iň gowy zatlarynyňam ýolgörkezijisi bolmasa hiç hili gymmaty ýokdur, halk bu ýolgörkezijileri beýik adamlar diýip atlandyrýar. Halk beýiklikden, ýagny bir zatlary emele getirýäne onçakly düşünip durmaýar. Emma uly zatlary görkezýänlere we oýunçykara yly gyzyklanma bildirýär. Dünýä täze gymmatlyklary oýlap tapyjylaryň daşynda aýlanýar. Görülmezden aýlanýar. Oýunçylaryň daşynda bolsa halk we şan-şöhrta aýlanýar. Dünýäniň gurluşy şeýle. Oýunçynyň ruhy bar. Emma ruhda az-kem wyždan bolýar. Ruh elmydama iň köp ynandyryjy ahwalat bolandygy üçin özüne ynandyryjy edilen zada ynanýar. Ertir ýene bir täze ynanja eýe bolýar. düşünjeleri şobir halkyňky ýaly çalt üýtgeýär. Syzyş duýgusy-da şeýle. Ýykmak onuň üçin subut etmek manysyny berýär. Däliretmek onuň üçin boýun etmek manysyny berýär. Gan onuň üçin iň gowy sebäpdir. Diňe eşitgir gulaklara ýeten hakykaty ýalan we ýok hökmünde atlandyrýar. Diňe dünýäde köp goh-galmagal turuzýan hudaýlara çyny bilen ynanýar. Bazarlar masgarabazlardan dos-doly. Halk beýik ogullaryny beýgeldýär. Halkyň pikiriçe bular şol pursatyň hojaýynlary. Emma wagt olary bir çüňke gysýar. Olaram seni. Senden hawa ýa ýok sözüni isleýärler. Waý seniň günüňe, oturgyjy peýda bilen zyýanyň arasyna ýerleşdirjek bolýarsyňmy? Eý hakykatlaryň muşdagy, bu hökmançylara we hötjetlere seretsene. Hiç darygaýma! Hakykat entek hiç bir hökmançynyň eline düşmedi. Bu “ýatanyň üstüne turan gelmesinlere” garşy howpsuzlygyňa gaýdyp gel. Adam diňe bazarda hawa ýa ýok hüjümine uçraýar. Durmuş bütin düýpsüz guýularda kem-kemden öňe gidýär. Guýular düýpsüzligine nämäniň düşendigini bilýänýä garaşmaly bolýar. Uly bolan her bir zat bazardan we şan-şöhratdan daşda durýar. Täze gymmatlyklaryň oýlap tapyjylary hemişe bazardan we şan-şöhratdan daşda oturypdyr. Ýalňyzlygyňa gaç, dostum. Zäherli siňekleriň seni kepgire öwrendigini görýärin. Şuwlap öwüsýän ýele tarap gaç! Ýalňyzlygyňa gaç! Maýda-çüýdeleriň we ýeňiýoluklaryň ýakynynda örän uzak wagtlap ýaşadyň. Olaryň göze görünmeýän öjünden gaç! Olar saňa garşy öçden başga hiç zat duýmaýarlar. Indi olara garşy eliňi galdyryjy bolaýma! San-sajagy ýog-a bu süplükleriň. Seniň takdyryňa siňek bolmak ýazylmandyr. Bu maýdalaryň we ýeňiýoluklaryň sany beter kän. Ylla ýagyş damjalary ýaly, ylla hapa-haşal otlar mysaly çakdanaşa köp. Sen ýerde ýatan bir tokga daş bolmasaňam, damjalar içiňi boşadypdyr. Bu damjalar seni ahyrynda owup, para-para etse gerek. Zäherli siňekleriň seni ýadadandygyny we ýüzlerçe gezek dişlenen ýeriňden gan akýandygyny görýärin. Olar neşterlerini mysapyrsyrap sokýarlar. Emma sen, çuňňur adam bolansoň kiçijik ýaralaryň üçinem çuňňur agyry duýýarsyň we entek gowulaşmankaň şobir zäherli soguljan eliň üstünden bagyrtlap barýar. Sen şu pohdamaklary öldürmejek derejede buýsançly biri bolsaňam, zäherli adalatsyzlyklary götermegiň takdyryň bolmagyna ýol beräýme! Töweregiňde seni öwen bolşubam wyzzyldarlar. Olaryň öwgüsi saňa ýakynlaşmakdyr we teniň bilen ganyňa ýakyn durjak bolýarlar. Hudaýa ýa-da şeýtana ýalbaryp-ýakaryşlary ýaly süýji dil bilen daşyňa geçerler. Öňüňde her tüýsli bolarlar. Näme ähmiýeti bar! bularyň bar bilýän zady ýalynjaňlyk etmek we tüýsden-tüýse girmek. Özlerini saňa göze gelüwlije edip görkezerler. Emma bu gorkaklaryň hemişeki mekirliginden başga zat däldir. Hawa, gorkaklar akylly bolýar. Ýöntem ruhlary bilen sen hakda köp pikir edýärler. Sňa hemişe şübhe bilen garaýarlar. Sen hakda iň köp pikir edýän zatlary şübhedir. Seni ähli artykmaçlyklaryň üçin jezalandyrýarlar. Bilmezden goýberen kemçiligiňi tapsalar dagy, olar üçin hakyky toý-baýram! Ýumşak we adalatlydygyň üçin “Maýda bolandyklary üçin hiç zada jogapkär däl” diýýärsiň. Emma olaryň ýöntem ruhlary “Ulular hemme zadyň jogapkäri” diýip pikir edýärler. Sen olara ýumşak bolsaňam, olar özlerini sen tarapyndan namysyna deglen hasaplaýarlar we eden ýagşylygyňa garaňka bukulyp oklaýan erbetlikleri bilen jogap berýärler. Seniň dymmak bilen jogap berýän beýikligiň olaryň hiç mahalam göwnüne ýaramaýar. Hondanbärsi hereket etjek derejede göwnaçyk bolanyňda begenýärler. Biz adamda görýän aýratynlygymyza ot berýäris. Şol sebäpden özüňi maýda-çüýdelerden aýa! Sen olaryň arasyna goşulanyňda dymyşlaryny we güýçleriniň sönen oduň tüssesi ýaly pytrap gidişini görmediňmi, heý? Hawa, dostum, sen ýakynyňdakylaryň ýaramaz wyždanysyň. Çünki olar saňa mynasyp däl. Şonuň üçin seni ýigrenýärler we ganyňy içesleri gelýär. Ýanyňdakylaryň elmydama zäherli siňek bolup galjakdygyny ýadyňdan çykarma. Olary gitdigiçe has zäherli siňege öwrüp taşlajagam seniň beýikligiňdir. Ýalňyzlygyňa gaç, dostum. Güýçli ýeliň öwüsýän tarapyna. Seniň takdyryň siňek bolup galmak däl. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |