10:25 Zaratuştranyň nutuklary: Ýaradanyň ýoly hakda | |
• Ýaradanyň ýoly hakda Ýalňyzlyga çekilesiň gelýärmi, doganjygym? Özüňe barýan ýoly tapasyň gelýärmi? Ýene biraz garaş we maňa gulak as! Süri “gözleýän adamyň hut özi ap-aňsat ýitirim bolup biler. Islendik ýalňyzlyk gowy zat däl” diýýär. Hem sen uzak wagtlap şol süride gezdiň. Süriniň sesi seniň içiňde-de şindizem ýaňlanyp durandyr. Hem sen “wyždanymyz indi deň däl” diýseňem, bu diňe zeýrenjiň we gynanjyň owazydyr. Seret, hut şu gynanjy şol wyždan döretdi we bu wyždanyň soňky ýalpyldylary şindizem seniň gussaňda öwşün atýar. Emma sen özüňe barýan ýol bolan gussaň ýolunda ýörejek bolýarsyňmy? Onda maňa bolan hakyňy we güýjüňi görkez! Sen täze güýç we hakmy? Ilkinji hereketmi? Öz-özi aýlanyp duran tigirçekmi? Ýyldyzlary-da öz daşyňdan aýlanmaga mejbur edip bilermiň? Wah, belentlige bolan ymtylyş uçursyz güýçli. Gara nebsiniň ýesirleri şeýle bir köp daljygýarlar welin, aýdar-goýar ýaly däl. Sen görümsizlerden we nebisjeňlerden däldigini subut et maňa! Wah, uçursyz köp beýik pikirler bar, ýöne bulary üýşürseň ýeke körükçe bolmaýar. Körükleýärler we içini mazaly köwýärler. Özüňi azatdyr öýdýärsiňmi? Boýunturykdan sypanyňy däl-de, hökmürowan düşünjäňi eşdesim gelýär. Boýunturykdan sypmagyna rugsat edilen biridiňmi? Käbirleri bar – eden hyzmatlaryny galdyryp zyňanlarynda iň soňky gadyr-gymmatyny-da galdyryp zyňýar. Sen nämä garşy azat? Zaratuştra munuň bildirýän ýeri barmy? Gözüň maňa ýalkymly uçganaklap esasan şuny aýtmaly: Näme üçin azat? Öz ýagşy-ýamanyňy özbaşdak kesgitläp we öz erk-ygtyýaryňy kanun mysaly öňüňde keserdip goýup bilemiň? Özüňe özüň kazy we öz kanunlaryň ar alyjysy bolup bilermiň? Öz kanunyň kazysy we ar alyjysy bilen galmak gorkunç zat. Ynha, ýyldyz şeýdip älemiň içgysgynçlygyna we ýalňyzlygyň buz öwüsýän demine taýdyrylýar. Häzirem köpçüligiň sebäp bolan kösençliklerinden ýeke özüň ejir çekýärsiň. Häzirem gaýduwszylygyň we umytlaryň püre-pür. Emma günleriň bir güni ýalňyzlyk seni irizer. Buýsanjyň iki epim bolar. Gaýduwsyzlygyň jibirdär. Günleriň bir güni “men ýalňyz ekenim” diýip perýat edersiň. Günleriň bir güni beýikligiňi görmän başlaňda, peslikler ýanyňa mazaly golaýlaşar. Beýikligiň seni gaýmalaýan ruh kimin eýmendirer. Günleriň bir güni “hemme zat ýalňyş eken” diýip perýat edersiň. Ýalňyz oturany öldüresi gelýän duýgular bar. Muny oňarmasalar özleri ölýär. Emma ganhor bolup bilermiň? “Äsgermezlik etme” diýen sözi eşdipmidiň, doganjygym? Hem seni äsgermezlik edýänlere garşy adalatly bolmagyň berýän jebrini? Birnäçe adamy täze zatlary aýtmaga mejbur edýärsiň. Muny jogapsyz goýarlar öýtme. Olara mazaly golaýlaşypsyň. Indem ýanlaryndan geçip gitdiň. Seň bu edeniňi bagyşlarlar öýtme. Sen olardan ozýarsyň. Emma sen beýgeldikçe göripligiň gözi seni has kiçi görýär. Uçýan adamy has beter ýigrenýärler. “Siz maňa nädip adyl bolup bilýärsiňiz? Men öz paýyma düşen ülüş bolan bolan adalatsyzlygyňyzy saýlap alýaryn” diýmeli. Ýalňyz adama adyl bolunmaýar. Oňa yzygiderli kesek atylyp durulýar. Ýöne sen ýyldyz bolasyň gelýän bolsa, şuglaňy olardan gysganmagyl, doganjan. Özüňi ýagşylardan we adyllardan gora! Olar öz gowy taraplaryny gözlýänleri haça çüýleýändirler we ýeke adamy ýigrenýändirler. Özüňi mukaddes sa:plykdanam gora. Sa;p däl islendik zat onuň üçin erbetdir we adamlary oda ýandyrmakdan keýp alýar. Özüňi söýgi nobatlaryndanam gora! Ýalňyz adam öňünden çykan adama pikirlenmän elini uzadýar. Käbir adamlara eliňi däl-de, penjäňi bermeli. Şeýle-de penjäňde ýiti dyrnaklaryň bolsa gowy. Gabatlaşjak iň erbet duşmanyň elmydama hut özň bolar. Öz-özüňe gowaklarda we tokaýlarda duzak gurmaly borsuň. Eý ýalňyz adam, sen özüňe barýan ýoldasyň. Ýoluň öz öňüňden we ýedi şeýtanyň ýanyndan geçýär. Öz-özüň kapyry bolarsyň. Hem-de köçesi, bilgiji, akmagy, gümançysy, ugursyzy, erbet adamy. Özüňi öz oduňda ýakasyň gelsin. Ilkibaşda küle öwrülmän nädip täzelenmegi islejek? Ýalňyz adam sen döredijiniň ýolundan barýarsyň. Ýedi şeýtanyňdan hudaý döretmek isleýärsiň. Ýalňyz adam sen söýýäniň ýolundan barýarsyň. Özüňi söýýärsiň. Şonuň üçinem diňe söýýänleriň edip bilşi ýaly özüňi pes görýärsiň. Söýýän adam pes görýändigi üçin döredesi gelýär. Söýýänini pes görmäge mejbur bolmadyk biri söýgä düşünjekmi. Söýgiň bilen bile ýalňyzlygyňa we döredijiligiňe bakan ýöre, doganjygym. Adalat soň bir gün keýtikläp yzyňdan geler. Ýalňyzlygyňa meniň gözýaşlarym bilen ýöre, doganjygym. Men özüniň aňyrsynda döredesi gelýäni we şeýdip ýok bolup gidýäni söýýärin. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |