21:11 Zaratuştranyñ nutuklary: Müň bir maksat hakda | |
• Müň bir maksat hakda Zaratuştra ençeme ýurdy we halky gördi. Ençeme halkyň ýagşy-ýaman taraplaryna aň etdi. Zaratuştra dünýäde ýagşydan we ýamandan uly güýç tapmady. Hiç bir halk ilkibaşda gymmatlyklar üýtgewsiz hala gelmezden ömrüni dowam etdirip bilmez. Emma dowamlylygy üpjün etjek bolsa, gymmatlyklary goňşusynyň gymmatlyklaryndan tapawutlanmaly. Bir halk üçin gowy zadyň başga bir halk üçin ýaňsyny we masgaraçylygy aňladýandygyny gördüm. Köp zada bu ýerde erbet diýilýändigini we ol ýerde hormat goýulýandygyny bildim. Hiç mahalam bir goňşy başga bir goňşusyna düşünmeýär, onuň bolgusyzlygyna we erbetligine geň galýar. Her bir halkyň barlyklar löwhasy bar. Bu löwhada ol halkyň üstünlikleri ýer alýar we güýç eradasynyň sesidir. Oňa kyn düşýän mazamlanmaga mynasypdyr. Ýüz öwrüp bolmaýany we kyn düşýäni gowy. Halk iň uly kynçylyklaryň ahyrynda gazanan seýrek we arzuw edilip ýetilen azatlygy mukaddes saýýar. Ony häkimiýete getiren, şan-şöhratly ýeňişleri gazandyran, goňşularyny eýmendiren we görübilmezçilik etmegine sebäp bolan hereketler onuň gözünde uly, birinji, ölçegli we hemme zadyň manysydyr. Hakykatdanam, halkyň zerurlyklaryny, ýerini, asmanyň ýüzüni, goňşularyny aň etseň, öňe saýlanmak üçin eden tagallalaryň kanunyny we bu ýolda nämüçin arzuw-umytlaryňa ýetmäge synanyşandygyňy çak edip bilersiň. “Hemişe birinji boljak we beýlekilerden ozjak bolmaly. Gabanjaň ruhuň ýeke dostdan başga hiç kimi saýlamaly däl”. Bu sözler beýikligiň ýodasynda gyrmyldap barýan gregiň ruhuny titretdi. “Hakykatlary agzamak we ok-ýaý bilen dil tapyşmak”. Ine, şol bir wagtyň özünde götermek ýakymly hem-de agyr ady maňa dakan halka hem-ä ýakymly, hemem agyr düşýär. “Ene-ataňy syla. Olara janyň-teniň, ruhuň bilen ytagat et”. Bu ýokardalyk löwhasyny başga bir halk boýnuna sypdy we şunuň bilen güýçlenip ebedileşipdi. “Wepalylygyňy görkezmek we wepalylygyň hatyrasyna şan-şöhratyňa, şirin janyňa howp abandyrmak”. Başga bir halkam muny öwrenip, öz nebsini ýeňdi we beýik umytlara hamyla boldy. Işiň düýbi şeýle, adamlar ähli ýagşylygy we ýamanlygy özlerine edýär. bulary ne-hä başga ýerden aldylar, ne-de başga ýerden tapdylar. Bular asmandan ses bolubam inmedi. Adamlar närselere ilkinji gezek gymmatlyk ýöňkäpdir we şeýdibem dowamlylyk gazandyrypdyr. Adam şeýdip närselere adama mahsus many-mazmun gazandyrypdyr. Şonuň üçinem özüne “adam” diýipdir, ýagny gymmatlyk ölçäp-biçýän. Gymmatlyk ölçäp-biçmek döretmekdir. Eý, döredijiler, meni diňläň! Gymmatlyk ölçäp-biçmek ähli ölçäp-biçilen närseleriň hazynasy we jowahyrydyr. Gymmatlyk gymmatlygy ölçäp-biçeniňde döreýär. Gymmatlygy ölçäp-biçme bolmasa barlygyň hozunyň içi pak çykardy. Eý, döredijiler, meni diňläň! Gymmatlyklaryň üýtgeşmesi döredijileriň üýtgeşmesidir. Döredijiligi boýnuna almaga mejbur bolan kişi elmydama ýok edijidir. Ilkinji döredijiler halklardy. Şahslar has soň orta çykdy. Şahsyň hut özi iň soňky eserlerdendir. Halklar wagtynda öz üstlerine ýagşylyk löwhasyny asypdy. Şeýdibem löwhalary dolandyrmak isleýänler söýmek we ytagat etmek isleýän söýgi bilelikde dörederdiler. Sürüdäki zowk Mendäki zowkdan has könedir. Arassa wyždana süri diýildigiçe, diňe hapa wyždan “Men” diýýär. Işiň aslyýetinde peýdasyny köp adamyň peýdasynda arzuwlanan söýgüsiz, zehinli Men süriniň gözbaşy däl-de, batyşydyr. Ýagşylygy we ýamanlygy elmydama söýýänler we döredijiler döretdi ähli hoşgylawlylyklarda söýginiň we ýigrenjiň ody ýanýar. Zaratuştra birnäçe ýurdy we halky gördi. Ol dünýäde muşdaklarynyň eserlerinden uly güýji ykrar etmedi. Bu eserleriň ady “ýagşy” we “ýaman”. Hakykatdanam öwginiň we satiranyň gorkunç güýji bar. Aýtsaňyzlaň, gardaşlar, kim munuň hötdesinden gelip bilerkä? Aýtsaňyzlaň, kim bu müň boýunly boýunturygy kim dakarka? Häzire çenli müň dürli maksady bardy. Çünki müň dürli-de halk bar. Diňe müň dürli boýnuň boýunturygy we ýeke maksat kemter galdy. Adamzadyň heniz belli bir maksady ýok. Emma saňa bir zady aytsaňyzlaň, gardaşlar, eger adamzadyň heniz belli bir maksady ýok bolsa, özi-de ýok saýylmaýarmy? Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |