23:29 Zaratuştranyň nutuklary: Adam söýgüsi hakda | |
• Adam söýgüsi hakda Ýakynlaryňyzyň ýanyndan aýrylmarsyňyz we olar üçin owadan sözleri taparsyňyz. Ýöne size bir zady aýdaýyn, adama bolan söýgiňizem aslynda özüňize duýýan söýginiň erbet görnüşi. Özüňizden gaçyp ýanyňyzdaka sygynjak we muny hoşgylawlylyk hökmünde görkezjek bolýansyňyz, ýöne men siziň “erjelligiňiziň” iç ýüzüni görýärin. Sen Mendenem köne. Sen mukaddesleşipsiň, ýöne Men heniz däl. Munuň üçin adam ýanyndaka ýakynlaşýar. Size iň ýakynyňyzdakylary söýmegi ündeýärinmi? Gaýtam tersine, olardan gaçmagyňyzy we iň daşdakylary söýmegiňizi ündeýärin. Gardaşym, öňüňde ýöreýän şu kölege senden has owadan ýaly-la? Nämüçin oňa etiňi-süňküňi bereňok? Gaýtam gorkýarsyň we iň ýakynyňdakylaryň ýanyna gaçýarsyň. Siz özüňize-de takat bildirip bileňzok we özüňizi ýeterlik söýeňzok. Indem iň ýakynyňyzdakyny söýgi bilen çoçgara çolaşdyrmagyň we sizi ýalňyşy bilen ýaldyratmagynyň ugrunda gezýärsiňiz. Özüňiz hakda gowy zatlary aýtjak bolanyňyzda, bir şaýat çagyrýansyňyz we ony siz hakda gowy pikir etmäge boýun edeniňizde sizem özüňiz hakda gowy pikir edýänsiňiz. Diňe öz bilýän zadynyň tersini aýdýan däl, bilimsizliginiň tersini aýdýanam ýalançydyr özem iň soňky derejede. Özüňiz hakda şeýle gürrüň edip, özüňiz bilen bile goňşyňyzy-da aldarsyňyz. Mahaw şeýle diýer: “Adamlar bilen gatnaşmak häsiýeti bozýar, hususanam häsiýetsiz bolsaňyz”. Käbiri ýanyndaka özüni gözleýändigi üçin, käbiri-de özüni ýitiresi gelýändigi üçin gidýär. Özüňize duýýan erbet söýgiňiz ýalňyzlygyňyzy zyndana öwrer. Ýanyňyzdaka duýýan söýgiňiziň agramyny alysdakylar çekýär. Bäşiňiz bir ýere üýşeňizem elmydama altynjy adam ölýär. Siziň şüweleňleriňizi-de halamaýaryn. Bolgusyz oýun görkezýänler köp bolýar. Tomaşaçylaryňam köpüsiniň oýunçy ýaly hereket edýändigini gördüm. Size ýakynyňyzdakyny däl-de, dosty öwredýärin. Dost size dünýäniň şüweleňi we Kämil adamyň buşlukçysy bolsun. Size dosty we daşgyn ýüregi öwredýärin. Ýöne daşgyn ýürekleriň söýmek isleýänleri ilki çotga bolmagy öwrenmeli. Size içinde dünýäniň taýýar bolan dostuny, ýagşylyk käsesini, hemişe sowgat edip boljak dünýäsi bolan dörediji dosty öwredýärin. Dünýä onuň elinde nädip halkalara bölünen bolsa, ýagşynyň ýamandan emele gelýän, maksatlaryň tötänden emele gelşi ýaly ýene halkalar görnüşinde bir ýere üýşýär. Öz sebäbiň hökmünde Kämil adamy söýer ýaly, ertirki er iň uzak gün şu günüň sebäbi bolsun dostuňda. Doganlar, siz ýakynyňyzdakylary söýmegiňizi ündemeýärin, alysdakylaryňyzy söýmegi ündeýärin. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |