22:56 Zaratuştranyñ nutuklary: Dost hakda | |
• Dost hakda Molla “töweregimde hemişe artykmaç biri bar” diýip pikir edýär. “Hemişe bir gezek, soňunda iki bolýar”. Men we içimdäki menim zol ikiçäk söhbetde gezýär. Dostum bolmasa muňa döz geler ýalymy? Molla üçin dost hemişe üçünji biridir. Üçünji adam ikiçäk söhbetiň peselmeginiň öňüni alýan kömelekdir. Mollalar üçin gereginden artyk çukur bar. Munuň üçin olar hakyky dostuň we belentligiň zaryny çekýärler. Başgalara bolan ynanjyňyz haýsy meselede özümize ynanasymyzyň gelýändigini äşgär edýär. Dost küýsegimiz içimizdäki haýyndyr. Adam mähir-söýgi bilen köplenç gabanjaňlygy aşjak bolýar. Adam köplenç hüjümlere açykdygyny gizlemek üçin hüjüm edýär we birini özüne duşman edýär. “Iň bolmanda duşmanym bol!” dostluk towakgasyny etmäge milt etmeýän hakyky söýgi şeýle diýýär. Adam dost küýsese onuň üçin söweşe girip bilmegi-de göz öňüne tutmalydyr. Biri bilen söweşe girmek üçin duşman bolmak gerek. Adam dostunyň şahsynda duşmanyny götergilemelidir. Dostuň tarapyna geçmezden oňa mazaly öwrenişip bilermiň? Adam dostunda iň gowy duşmanyny tapmaly. Dostuňa garşy gidende, oňa kalp taýdan hasam ýakynlaşan pursatyň bolmaly. Dostuň öňüne doglanyňdaky ýaly çuw-ýalaňaç çykasyň gelýärmi? Bolşuň ýaly görünmegiň ony götergiläp biler. Ýöne şonda-da ol seniň dowzaha gitmegiňi isleýär. Hiç zat gizlemeýän adam gaharlandyrýar. Ýalaňaçlykdan gorkmak üçin şunça köp sebäbiňiz bar. hudaý bolan bolsaňyz eşikleriňiz sebäpli utanyp bilerdiňiz. Dostuň üçin näçe bezenip-beslenseňem az bolar. Çünki sen onuň üçin Kämil adama atylan ok, Kämil adama duýulýan küýseg bolmalysyň. Nämä meňzeýändigiňi bilmek üçin dostuňa uklap ýatyrka seredip gördüňmi? Dostuň ýüzi nämä meňzeýärkä? Dostuň ýüzi bir bölek döwük aýnada gören öz ýüzüň bilen birdir. Dostuňy uklap ýatyrka gördüňmi heý? Gorkmadyňmy onuň bolup ýatyşyndan? Wah, doganjygym, adam üstünden aşyp geçilmeli närse. Dost aňşyrmada we syr saklamada ussat bolmaly. Hemme zady görmeseňem bolýar. Dostuň oýakaň näme edýändigini düýşüň saňa aýtmaly. Dostuň merhemet isläp-islemeýändigini öwrenmegiň üçin, goý, aňşyrmagyň merhemetiň bolsun. Belki-de, dostuň seniň ýiti nazaryňy we ebediligi görşüňi halaýandyr. Dostuňa duýýan merhemetiň berk gabygyň astynda bolmaly. Gabyk döwlende dişiňem döwülsie, hereketiň näzik we göze gelüwli görüner. Dostuň üçin arassa howa, ýalňyzlyk, bir döwüm çörek, dowa bolup bilýärmiň? Käbirleri öz zynjyrlaryny üzüp bilmese-de dosty üçin hakyky halasgärdir. Sen gulmy? Onda dost bolup bilmersiň. Ýa tiranmysyň? Onda dostlaryňam bolmaz. Uzak wagt bäri aýalyň içinde gul we tiran gizlenip ýatyrdy. Şonuň üçin aýal heniz dostlaşmakdan ejiz gelýär, aýal diňe söýüp-söýülmegi bilýär. Aýalyň söýgüsinde söýmeýän zatlaryna garşy alagözlük we körlük bolýar. bilnikli söýgüsinde-de şindizem basyşyň, ýyldyrymyň, ýagtylygyň yzysüre garaňky gije bar. Aýal heniz dostlaşmakdan ejiz gelýär. Aýallar şindizem it-pişikler we guşlar ýaly. Ýa-da iň gowy meňzetmede sygyrlar ýaly. Aýal heniz dostlaşmakdan ejiz gelýär. Ýöne maňa aýdyň, erkekleriň arasyndan dostlaşyp biljegiňiz barmy? Wah, siziň şu pakyr-pukaralygyňyz we ruhy husytlygyňyz ýokmy, erkekler! Siziň dostuňyza berýäniňizi men duşmanyma bererin. Muny edende zerre ýaly-da garyplaşmaryn. Şepe çawuşlygy bar. Dostlugam bolsun onda! Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |