23:43 Zaratuştranyň nutuklary: Mertebe hakda | |
• Mertebe hakda Men tokaýy halaýaryn. Şäherlerde gowy ýaşalanok, ol ýerlerde gereginden artyk gyzyşan adamlar bar. Ganhoryň eline düşeniň gyzyşan aýalyň eline düşenden has gowy dälmi näme? Şu erkeklere seretseňizläň! Dünýäde aýalyň goýnuna girmekden has gowy zady bilmeýändiklerini gözlerinden bilýärin. Ruhlarynyň düýbüni batga tutupdyr. Waý halyňyza, şo bolşuňyz bilenem batgaňyzyň ruhy bar bolsa dagy. Iň bolmanda haýwan mysaly kemçiliksiz bolubam bilerdiňiz-ä. Emma haýwanlaryňam bir tarapy bigünä bolmaly. Size duýgularyňyzy öldürmegi ündeýärinmi? Mertebe käbirlerinde artykmaçlyk, ýöne köp adamda erbet hüý-häsiýet. Bular sabyr-kanagatly ýaşaýarlar, ýöne eden her bir işinde şöhwet diýilýän it gabanjaňlygyny görkezýär. Bu haýwan bimazalygy bilen bileleri artykmaçlyklarynyň çürbaşyna we sowuk ruhlaryna deňiç yzarlaýar. Şöhwet diýilýän ganjyk islän süňküni alybilmese, az-owlak ruh üçin dilegçilik edibem bilýär! Tragediýalary we ýüregi daglaýan her zady söýýärsiňiz, şeýlemi? Ýöne men siziň ganjygyňyza ynanmaýaryn. Gözüňiz beter zalym görünýär. Kösençlik çekýänlere şöhwet bilen seredýärsiňiz. Şöhwetiňiz tüýsüni üýtgedip, adyna merhemet goýdumy ýa? Size şu deňeşdirmäni-de bereýin: Içiňdäki al-arwahy kowjak bolup, boýuň bilen hapalyga batmak o diýen seýrek duşýan zadam däl. Mertebeli bolmak kyn düşýän adamlara mertebe ündelmeýär. Tersine bolanda bularyň ýoly dowzahdan çykýar, ruhlary-da batgalyk we azgynlyk bilen dolýar. Dilimi biraz salajyn goýberdim gerek? Meniň üçin-ä iň erbedi bu däl. Düşünýän adam hakyky salajyn däl-de, ýöntem bolsa, ol suwa girmäge çekiner. Hakyky mertebeliler bar. Оlaryň ýüregi has mylaýym. Olar sizden köp isleýärler we köp gülýärler. Olar mertebelilige-de gülýärler. “Mertebeli bolmak nämäni aňladýar?” diýip soramaga utanmaýarlaram. Mertebeli bolmak akmaklykmy? Emma biz onuň yzyndan gitmedik, ol biziň ýanymyza geldi. Bu myhmana gaçybatalga berdik, köňlümizi açdyk. Ol indi biziň ýanymyzda bolýar, isledigiçe myhmanymyz bolup galsyn, darykjak gümanymyz ýok. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |