18:13 Zaratuştranyñ nutuklary: Täze but hakda | |
• Täze but hakda Bir yerlerde şindizem halklar we taýpalar bar, ýöne, gardaşlar, bizde yok. Bizde döwletler bar. Döwletmi? Näme ol? Ýeri bolýa! Şindi gulaklaryňyzy gowja açyň, men size halklaryň ölüminden gür berjek. Döwlet bütin bu sowuk jandarlaryň içinde in sowugydyr. Ýalany-da sowuk, bu ýalan agzyndan "Men - döwlet, ýagny halk" gömüşinde çykýar. Ýalan! Halklary döredijiler döredipdir we olary ynanç we söýgi bilen gurşap alypdyr, aýratynam dumuşa hyzmat edipdir. Duzaklary gurýan we bulary döwlet diýip atlandyrýanlar bolsa ýok edijilerdir. Şindizem halklaryň bar ýerinde döwletiň näme many aňladýandygy bilinmeýär. Adamlar döwleti urp-adatlaryna we hak-hukuklaryna ýaramaz göz bilen garayan, günä iş edýän zat hökmünde ýigrenýär. Size şu yşaraty bereýin: Her bir halk özüne mahsus ýagşylyk we ýamanlyk dilinde gürleýär, bu dile onun gonşusy düşünmeýär. Halk bu diili urp-adatlaryna we hak-hukuklaryna sindirýär. Emma döwlet ýagşylygyň we ýamanlygyň ählı dillerinde yalan sözleýär. Onuň sözleýän her bir ýalany we eyelik edýän her bir zady ogurlykdyr. Hemme zady galp, agressiw bolýar we ogurlyk dişleri bilen dişleýär. Içegelerine çenli galpdyr. Ýagşylygyň we ýamanlygyň dil bulaşyklygyny size döwletiň görkezijisi hökmünde hödürleýärin. Hakykatdanam bu görkeziji ölüme bakan erada yşarat edýär we ölüm wagyzçylaryna gol bulaýar. Gereginden artykmaç çaga dünýä inýär, döwlet dereksiz zatlar üçin boldy. Serediň, bütin bu artykmaçlyklary nädip özüne çekýär. Olary nädip agzyna atyp çeýneýär we gäwmiş gaýtarýar. "Dünýäde menden uly zat ýok. Men Hudaýyň düzgünleşdiriji elidirin". Ine, şeýdip gygyrýar jandar. Onuň öňünde dyza çökýänler diñe salpy gulaklylar we gazan kelleliler däl. Wah, döwlet hüýt gara ýalanlaryny siziň ýaly uly ruhlaryňamgulagyna pyşyrdaýar özlerini söýe-söýe ýele sowran baý kalplylary-da tapyp çykarýar. Hawa, öňki hudaýyň eminden gelen sizi-de orta çykarýar. Sebäbi siz uruşda ýadadyňyz we ýadawlygyňyz häzir täze butuň bähbidine ýaraýar. Täze but daş-töweregini gahrymanlar we at-abraýlylar bilen gurşamak isleýär. Bu sowuk jandar arassa wyždanlaryň ýagtysynda güneşläp ýatmagy halaýar. Täze buta çokunsaňyz, size hemme zat berýär. Şeýdip mertebäňizin şuglasyny we buýsançły gözlerinizin bakyşyny satyn alýar. Bu artykmaçlyklary siziň bilen iýmläp saklamak isleýär. Hawa, dowzahdan çykma hünär hudaýtarapyn ar-namyslaryňbezegiiçre ýalpyldaýan ölüm atynyň üstünden barypdy. Hawa, özüni durmuş diyip hödürlän kpşöptaraply ölüm wagyzçylary üçin hakykatdanam ullakan nygmat. Gowy ýa erbet, hemmeleriň awy içýän ýerine döwlet diýýärin. Döwlet ýagşy ýa yaman hemmeleriň özüni yitirýän ýeridir. Döwlet hemmeleriň kem-kemden özüni öldürmegine "durmuş" diýýän ýeridir. Gowy serediñ şu biderekliklere! Oýlap tapyjylaryň desgalaryny we pähimdarlaryñ hazynalaryny ogurlap, ogurlyklaryny mederiýet diýip atlandyrýarlar. Olaryň elinde hemme näsaglaýar we kesele öwrülýär. Gowy serediň şu biderekliklere! Hemme näsaglar ödündäki ajy suwuny gusýar we muňa gazet diýýärler. Biri-birlerini iýýärler, gemrişýärler. Munuň bilen ylalaşmagy-da oňaranoklar. Gowy serediň şu biderekliklere! Baýlyk toplaýarlar, topladyklaryça-da garyplaşýarlar. Bu ulalyp oňalmadyklar güýç talap edýär we ilki bilen güýjüň gop berijisi bolan pul agöz dikýärler. Şu gözi oýnaklap duran maýmynlaryň dyrmaşyşyna serediň! Biri-birlerine aslyşyp dyrmaşýarlar. Şeýdip biri-birlerini batga we çukura iterýärler. Barçasy daliräne menzeş. Hamana bagt tagt da ýaly tagta ýetjek bolýarlar. Yogsam bolmasa tagtda köplenç hapa batga bar. Tagt köplenç şol hapa batganyň üstünde durýar. Bu maýmynlaryň hemmesi meniň gözümde däli we azgyn. Butlary bolan şol sowuk jandar juda porsaýar. Otüki but aýakçylarynyň hemmesi porsaýar. Gardaşlarym, bularyň agzynyň we tekepbilrtiginiň batgalygynda gark bolmak isleýärsinizmi! Penjireleri döwüň we arassa howa gujak geriň! Gaçyň bu porsy ysdan! Gaçyň şu bidereklikleriň but aýakçylygyny etmeklikden! Gaçyň bu porsy ysdan! Gaçyň adam gurbanlarynyň tüsselerinden! Uly ruhlara şindizem ýer ýüzi açyk. Ýalňyzlar we jübütler üçin sessiz deňizleriň ysynyň öwüsýän bimäçe boş yeri bar. Uly ruhlara şindizem azat durmuş açyk. Mal-mülki azyń daliligi-de az bolar. Garyplyga müň kere şükür. Döwletiñ gutaran yerinde dereksiz däl ynsan serleri dreklileriň aýdymy we şol deňsiz-taýsyz, ýerini dolduryp bolmajak yöriş başlaýar. Döwleti gutaran yerinde nämäniň gutarýandygyny görkezeýin size, gardaşlar. Serediň älemgoşara we Kämil adama barýan köprüleri göreňzokmy? Zaratuştra şeýle diydi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |