10:17 Dagly gelin | |
DAGLY GELIN
Goşgular
Özüne wepaly ýar saýlap bilen Gerçek, meger, iň bagtly gerçekdir. Elmydama öçmez ody ojagyň, Gerekmi, ýar üçin janyn berjekdir. Şemşat kamat, gül roý, eý, wepaly ýar, Dilegim – görmegeý hiç jepany ýar. Gysganmasyn ýara gül sapany ýar, Waspyňy söýläýin goşa tar bile. Baharda dogulan baharyň gyzy, Ak nurdan ýasalan säheriň gyzy. Deňemeli bolsa deňärin ýazy, Nesip etgeý ömür sürmek ýar bile. Daglaryň deý elýetmez sen, beýik sen, Dagda doglan dag maraly – keýik sen. Şükür huda, bir ýürege seýik sen, Ýene ýüz ýyl bir ojakdan ör bile. Dagyň öwsen şemaly deý mylaýym, Taňrym muny köp görmesin ylaýym. Şonuň bilen dogsun mydam Gün-Aýym, Diýýän: "Ömür sürgeý belent ser bile!“ Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||