21:28 Dantesiñ ölümi | |
DANTESIÑ ÖLÜMI
Goşgular
Iki ýaşyn artyk ýaşap Puşkiniñ, Dantes bu gün soñky demin sanaýar. Ejizläpdir ajal atly hazandan, Bu pursatlar, bu pursatlar gynaýar. Hany, körpe gyzy ýok-la ýanynda, Agla, dök sen gözýaşyñy şaglatda. Ok çenäni üçin beýik şahyra, Atasyndan ýüz öwürdi Şarlotta. Görsene bu şygyr diýilen zady, Oñ üçinem geçmek bormy atañdan? Ne sebäpden ogluñ sowuk garaýşy, Ah, gidilse gowy, beýdip ýatandan. Dantes indi näçe gündür yñranýar, Duýanok ol endamynyñ yzasyn. Iki ýaşyn artyk ýaşap Puşkiniñ, Çekip ýatyr ynsabynyñ jezasyn. Allaýar ÇÜRIÝEW. __________________________________ * Dantesiñ gyzy. Ol Puşkiniñ eserlerini rus dilinde okamak üçin ýörite bu dili öwrenýär. | |
|
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Dowamat / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |