21:55 Dariniñ harby ekspedisiýasynyñ synmagy | |
DARINIÑ HARBY EKSPEDISIÝASYNYÑ SYNMAGY
Taryhy makalalar
Bu wakanyñ başy pars patyşasy Dariý I-iñ massagetleri /olaryñ bir bölegine ''skifler'' hem diýýärler/ derbi-dagyn etmek we ägirt uly territoriýa eýelik etmek pikirinden başlanýar. B.e.ö. 515-nji ýylda Dariý I ägirt uly güýç toplap, Uzboý taraplara ýöriş edýär. Massagetleriñ üç patyşasy ㅡ Tomiris, Omar, Sakesfar gysga wagtyñ içinde öz goşunlaryny birikdirip, duşmany garşylamagyñ umumy planyny işläp düzýärler. Türkmenleriñ güýçleri, goşunlary deñ däldi. Ýöne olaryñ ähli ýere bäş barmagy ýaly beletligi, şeýle-de düzlüklerde we çöllerde uruş başarjañlygy beýleki goşunlara seredende köp artykmaçlyklaryny görkezýärdi. Ylmy barlag geçirýän Ý. A. Razin öz işlerinde şeýle belleýär: ''Skifler öz tarapynyñ güýçleriniñ deñleşmegi üçin ilkinji bolup strategik yza çekilmegi ulanan goşundyr''. Massagetler Darini öz planlaryna çolaşdyrýarlar. Plan boýunça parslara urşy başlatmaly däldi, olary ymgyr çölüñ jümmüşine äkitmeli we ýol ugrundaky ähli guýulary gömmeli, gögerip oturan ösümlikleri bolsa düýp-teýkary bilen otlamaly edildi. Suwdan, azykdan we atlar üçin ot-iýmden kesilen parslaryñ ägirt uly goşuny ele düşmezek massaget atlylarynyñ yzyndan kowup ýetmäge dyrjaşýarlar. Emma, bary biderekdi. On bäş günläp suw ýaly akýan çägäniñ içinde netijesiz aýlanyp ýörme pars goşunlaryna ruhy taýdan örän uly urgy döredýär. Dariý massaget şalarynyñ birine şeýle habar berilen öz çaparyny gönderýär: ''Akmak! Saña mümkinçilikleri saýlap almaga ýol berlen hem bolsa, näme üçin durman gaçýarsyñ. Eger sende meniñ goşunyma garşy durmaga ýagdaý ýeterlik bolsa, onda öz hökümdaryña / Dariý özüni massagetleriñ hökümdary hasap edipdir ㅡ Ö. G./ ýeri we suwy peşgeş ber-de, onuñ bilen gepleşik geçir''. Gahar-gazaba münen massaget patyşasy şeýle jogap beripdir: ''Meniñ bolşum şeýle, şa! Men öñde-soñda hiç kimden gaçmandym, indem gaçmaýaryn, häzir sendenem gaçamok. Men parahatçylyk döwründäki ýaly hereket edýärin. Näme üçin men seniñ bilen bada-bat söweşe girmedim, häzir onuñ ýagdaýynam düşündireýin. Bizde gözüñ gyýlar ýaly şäherler, mes toprakly ýerler ýok. Bize olaryñ kül bolmagyndan we boşap galmagyndan gorkara esas bolmandygy üçin siziñ bilen bada-bat söweşe girmedik. Eger siz hiç zada seretmän, biziñ bilen uruşmakçy bolsañyz, onda bu toprakda pederlerimiziñ guburlary ýatyr. Şolary tapyñ, ýagdaýyñyz çatsa bolsa olary ýykjak boluñ, ine, siz şondan soñ biziñ şol guburlar üçin söweşi nähili gurýandygymyzy görersiñiz. Ýöne şoña çenli, eger birden añymyz üýtgemese, siziñ bilen söweşe girmeris. Bu meniñ söweşmek barada aýdanlarym. Men özümiñ hökümdarym diýip diñe Zewsi we Gestini hasaplaýaryn... Saña suw hem ýer peşgeşine derek öz gazanan peşgeşgiñi berýärin. Sen özüñi meniñ hökümdarym diýip hasap edeniñ üçin meniñ bilen juda gymmat hasaplaşmaly bolarsyñ''. Barýan ugurlarynda boýdan-başa massaget atlylary Dariniñ goşunlaryna howp salyp gelipdir. Hatda olar garañky gijelerde-de parslaryñ lagerine çozupdyrlar. Bir gezek massagetler Dariý üçin guş, syçan, gurbaga we bäş sany peýkam iberýärler. Pars patyşasy bu iberilen zatlary şeýle ýorýar: guş-at, syçan-ýer, gurbaga-suw, bäş sany peýkam bolsa ㅡ boýun egmeklik. Ýöne Gobriý diýen ady belli pars onuñ bilen ylalaşmaýar. Bu zatlaryñ başgaça çözgüdiniñ bardygyny aýdyp, şeýle düşündirýär: ''Eger-de siz, parslar, guş ýaly asmana uçmasañyz ýa-da syçan ýaly ýere sümülmeseñiz, gurbaga ýaly batgalyga towusmasañyz, onda şu peýkamlar bilen derbi-dagyn edilip, öýüñize dolanmaly bolarsyñyz''. Emma Dariý Gobriniñ ýorgutlaryna ynanmaýar. Pars goşunlary ýörişlerini dowam etdirýärler. Dariý çölüñ içinde iki aýa golaý massagetleri gözläp aýlanýar. Parslaryñ goşunynda kesel ýüze çykýar we ol giñişleýin ýaýrap ugraýar. Adamlar ýadawlykdan hem açlykdan halys surnukýarlar, atlar bolsa duran ýerlerinde ýykylýardylar. Ahyrsoñy massagetler söweşmegi ýüreklerine düwýär. Olar dury kelle we ähli zat bilen üpjün halda uly ruhybelentlik bilen söweş nyzamyna düzülýärler. Ine, şol wagt garaşylman durka ähli parslary haýran galdyran bir waka Dariniñ öz urşujysy Gobriniñ aýdanlarynyñ hakykatdygyna ynam etmäge ýer goýmaýar. Massagetleriñ aýaklarynyñ arasyndan bir çal towşan atylyp çykýar. Parslara barmysyñam diýip üns bermeýän çöl urşujylary gakuwlaşyp, towşanyñ yzyndan eñýärler. Bu dabarany synlap duran Dariý şeýle diýýär: ''Bu adamlar bizi çyn ýürekden ýigrenýärler. Indi maña bir zat aýan boldy. Gobriý skifleriñ beren peşgeşleriniñ ýorgudyny dogry aýdypdyr. Biziñ ýagdaýymyzyñ nähilidigini görüp durun. Maña öýe dolanmaga howpsuz ýodalary salgy berjek örän gowy maslahatçy gerek''. Gobriý hem oña şeýle jogap berýär: ''Patyşahym! Men bu taýpany ele salyp bolmaýandygyny öñem eşidýärdim. Bu ýerde bolsa men ony gözüm bilen gördüm. Görýäñizmi, olar biziñ üsümizden nähili gülýär''. Dariý haly gowşaklary we kesellileri taşlap, gyssagly yza çekilýär. Masagetler bolsa parslara hiç hili dem-dürsemäge maý bermän, urýarlar. Diri galan parslar az sanlyja atlylary bilen öz ýurtlaryna zordan özlerini atýar. Dariniñ Turana guran ýörişi hakda Ktesiýa şeýle ýazýar: ''Olar /massagetler we parslar ㅡ Ö. G./ biri-birine ýaý iberýärler: skifleriñ ýaýy örän berk bolup çykýar. Şonuñ üçinem Dariý gaçmak bilen bolýar''. Grek taryhçysy Polien /b.e. II asyr/ öz işlerinde turanly gahryman Siragyñ /Şiragyñ/ görkezen mekirlikleri we edermenlikleri barada şeýle hekaýaty ýatlap geçýär. Haçanda Dariý massagetleriñ garşysyna söweşe başlanda, atbakar Sirak Sakesfara, Omara we Tomirise öz hyzmatyny hödürleýär. Ol: ''Eger-de meniñ çagalarymyñ aladasyny etseñiz, olary aç-hor saklamasañyz, men parslary ýok edip bereýin'' diýýär. Patyşalar atbakaryñ çagalarynyñ gözden salynmajakdygyna söz berýärler. Şondan soñ Sirak özüniñ gulagyny we burnuny kesip Dariniñ gaşyna barýar. Öz garyndaşlarynyñ ony maýyp edendigini çyna berimsiz edip aýdyp, öz aryny alyp berseler pars goşunlaryny massagetleriñ jümmüşine äkitmäge taýýardygyny ynandyrýar. Dariý Siragyñ sözlerine ynanyp, ýörişe başlaýar. Parslar çölüñ içi bilen uzak ýöreýärler. Olaryñ suwlary we azyklary gutarýar. Emma çöl gutarar ýerde gutarmaýar. Siragyñ hem ähli syrlary açylýar... Sirak: ''Men öz halkymy halas etmek üçin basybalyjylary ýok etdim'' diýip, uly buýsanç bilen dillenipdir. Ony öldürýärler. Emma Dariniñ goşuny mese-mälim ýagdaýda ýitip, ýok bolup ugraýar. Ýöne tötänden gelen çagbaly ýagyş olara az-kem suw ätiýaçlygyny edinmäge ýardam berýär. Ine, Dariniñ ýörişi şeýdip, derbi-dagyn bolýar. Parslaryñ türkmeniñ pederleri bolan massagetleriñ ㅡ Turanyñ gadymy ýaşaýjylarynyñ üstüne eden şowsuz ýörişi barada bütin gadymy dünýäde ýüzlerçe ýyllaryñ dowamynda ýatlanyp gelnipdir. Öwez GÜNDOGDYÝEW Taryh ylymlarynyñ kandidaty. Esger gazet, 16.10.1997. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |