07:46 Degişme äheñinde | |
DEGIŞME ÄHEÑINDE
Goşgular
Gyzlar köýnegini täzeçe geýýär, Matasy, goý, bolsa bolsun nämeden. Ýigitler gyzlary has beter söýýär, Gözüñi sowmak kyn taýly mämeden. Gyzlar köýnegini täzeçe tikýär, Howa ýok beden-u köýnek arada. Ýaşlygy geçeniñ ünsüni çekýär, Oýlanýar giñ köýnek gelni barada. Gyzlar köýnegini täzeçe tikýär, Köçeler dolup dur serwi kamatdan. Jadyly bakyşlar özüne çekýär, Ýene oda salýar, çykaryp otdan. Öýlenen "biçäre" aýalyn söýýär, Öýünde oturyp gün görýär kileñ. Gyzlar köýnegini täzeçe geýýär, Göhi gelýär öýlenmedik ýigitleñ! Gyzlar köýnegini täzeçe biçýär, Gyzlar köýnegini tikýär täzeçe. Ýakasyny towlap, baş ýaýkap geçýär, Dünýä dek giñ köýnek, çal saçly eje. * * * Ynanýaryn men Tañrynyñ täkligne, Oña sähel şübhäm ýokdur göwnümde. Güwä geçýän ynamymyñ bekligne, Üýtgäp durmaz asla hiç bir öwrümde. Ynam diýilen zat duýgynyñ beýgi, Kalbym bilen jogap berýän şu sözme; Ynsanyñ Tañrysy söýgüdir söýgi, Asla Tañry ýokdur söýgüden özge! Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |