23:47 Degişmeden soñky sözüm | |
6. DEGIŞMEDEN SOŇKY SÖZÜM
Ýatlamalar
Italmaz hakynda 1992-nji ýylda-da ýazypdym. Ol “Ýaş kommunist” gazetinde, “Merwden Mekgä çenli” kitabymda, rus dilinde neşir edilen “Aşgabat” žurnalynda çap bolupdy. Italmaz hakynda dürli röwüşde ýazmaga esas bar. Oturlyşyk Italmazsyz geçse, käşirsiz palaw iýen ýaly bolýardy. Ol degişmä çydaýardy. Özi hakynda jüpüne düşen toslamany eşidende hezil edip gülerdi. Bir mysal. Italmaz pasportyny ýitirýär, täze pasport alaýyn diýip gyssanjak hem bolanok. Ol mahal SSSR Ýazyjylar soýuzynyň agzasy diýip berilýän gyzyl bilet köp halatda pasportyň ýerini tutup bilýärdi. Italmaz üçin näihili zerurlygyň ýüze çykandygyny bilemok, garaz, ol ýazyjylar soýuzynyň partorgy, podpolkownik, ýazyjy Aşyr Nazarowyň ýanyna baryp, pasport almaga kömek etmegini soraýar. Kömek edilmände-de düzgüne görä oňa pasport beriljek, diňe biraz jerime çekmeli boljak, pasportyňy nähili ýagdaýda ýitireniňi düşündirmeli boljak. Hudaý bilýär nirede ýitipdir! Umuman, Italmazyň milisiýa gatnasy gelenok. Aşyr aga polkownik dosty Aman Rozyýew bilen täze pasport ýazdyrmaga Italmazy milisiýa alyp gidýär. Soň general çinine göterlen Aman aga Italmazy, umuman, ýazyjylary gowy görerdi, degişgen, kalby açyk adamdy. Milisiýada pasport ýazyp oturan adam Italmazdan doglan gününi soraýar. Italmazyň doglan güni ýadyna düşenok. Birdenem 25-nji oktýabr diýýär. Bu sene meniň pasportyma ýazylandy. Men her ýyl sypdyrman şol güni belleýärdim. Garyndaşlarym, dostlarym, goňşularym öýi doldurýardy. Italmaz hem hökman bolaýmalydy. Italmazyň meniň doglan günümi ýazdyryp, täze pasport alanyndan men bihabar. Doglan günümiň nobatdaky bellenşigine ýygnan adamlar iýip-içip başlaýarlar. Men arak içemok, çilim çekemok, içýänler bilen oňly sözüm alşanok. Italmaz welin, iýip-içip hezil edýär. Iki gaýra tost göterlenden soň ol: şu gün meniňem doglan günüm diýýär. Italmaz doglan gününi adam çagyryp belläp ýörmänsoň, pasportyna serediläýmese ony bilýän barmy! Ine, Italmazyň sözünden soň, seri dumanlamaga ýetişen adamlar onuň doglan gününi gutlap tost göterýärler. Asyl, olar meniň öýümde, meniň saçagymyň başynda otursalar-da, meni unudýarlar. Soňra oturlyşyk Italmazyň toýuna öwrülýär gidiberýär. Men doglan günümiň Italmazyňky bilen bir günde däldigini bilýärdim. – Ýa sen hakyky doglan günüňi ýazdyr, ýa-da meniň doglan günüme gelme – diýýärin. Italmaz ýene pasportyny çalyşmaly bolýar. Ýagdaýdan bihabar adam, heý, şu gürrüňe toslama diýermi! Hakykatda welin, toslamady, pasport almaga Aşyr aga dagy bilen gidişinden galany toslamady. Hemişe degişmä ýakyndygyny Italmazyň özi-de bilýärdi, boýundy. Gülkä sebäp bolaýjak delil garaşman durkaň döreýärdi. Bir gün üç-dört bolup ýazyjylar soýuzynyň jaýyndan çykyp, birinji şäher bagynyň belent daragtlarynyň saýasy bilen gelýärdik. Italmazyň egninde täze kostýum bardy. Depämizde gargalar gagyllady. Şol barmana-da guşuň pohy Italmazyň egnine patylap düşdi. Ýeri, ol ala-böle Italmazyň egnine düşäýmelimi diýsene! Eger haýdan-haý täze kostýumyňy biz bilen ýuwmasaň, sen pohdan çykmarsyň diýdik. Nätsin, Italmaz kisesini boşatmaly boldy. Üssesine-de bu tötänlikden dörän gülki ile ýaýrady. Italmazyň “Awtoportrete ştrihler” atly goşgusyndan setirler: Anekdotmy, degişmemi, nämemi, Bir zatlar-a sebäp bolýan käte men. Ýöne onuň üçin örtäp bu jany, Özümi oklaman ýanar oda men. Goý, aýtsynlar degişmesin, ýenesin, Agzyboşlar, nätjek, gepläbersinler. Diňe setirlerdir sözleň seresin, Meniň üçin aýap saklawersinler. Biraz öýke-kine bilen ýazlan bu setirleriň esaslydygyna düşünýärin. Bu ýerde biziň, ýagny, onuň ynamdar ýoldaşlarynyň ýazygy bardy. Italmazdan ýasalan degişmelere, gülkä aşa üns beripdiris, onuň gowy goşgularynyň ikinji hatara geçýän mahaly bolupdy. Hakyky döredijilik gatnaşygyna ram etdirilen duşuşyklar, oturlyşyklar babatda biziň nesilimiz öňki hem soňky nesil üçin özüne dartyjy güýje ee bolmagy başarypdy diýse bolar. Ýaşuly ýazyjylar biz bilen gatnaşmakdan lezzet alýardylar, döwre başgarak garamak meselesinde täsirlenýärdiler. Soňky nesil öz arasyndan daşyna jebisleşer ýaly adamlary çykaryp bilmändi. Olarda bizi özlerine deň-duş tutunmak meýli bardy, şondan ugur alyp, olar hem Italmaza degişme äheňinde çemeleşjek bolýardylar, olaryň bu islegini Italmaz halamazdy, ýokuş görerdi. Italmaz sözleriň seresini saýlap ýatlanmaga mynasyp şahyrdy, ýoldaşdy, adamdy. Şahyr Gurbannazar Ezizow hem altmyşynjy ýyllaryň neslinden. Ol hem gülşüp, degşip oturyşmagy, goşgy okaşmagy diýseň halardy. Degişmä, ironiýa düşünýärdi. Gödegräk hem bolsa, bir mysal aýdaýyn. Şol döwürde Gurbannazaryň gazetde çap edilen bir goşgusyndan iki setir bada-bat ýadymda galypdy: Barýaryn “Watana”, görýärin kino, Içýärin siropy, iýýän eskimo. Ol başga dillerden alynýan sözleri goşga salmagy gowy görýärdi, başarýardy. Gurbannazary bir ýyllyk harby gulluga alypdylar, Samarkant şäherine iberipdiler. Onuň bilen häli-şindi saçak başynda oturyp– turuşýan şahyr Öwezmyrat Babaýew Nury Baýramyň öýünde otyrkak, Gurbannazaryň hat bilen ýollan salamyny ýetirdi. Ol ýüregim gysýar diýip ýazypdyr. Ýokarky goşgyny ýatladyk. Men dilime gelen setiri aýdyp goýberdim: Barmarsyň “Watana”, görmersiň kino, Soldatlykda s...k iýersiň eskimo. Gülüşdik. Öwezmyrat: – Eý, men şuny hata ýazyp ibereýin-le – diýdi. Ýazma, göwnüne alar diýdik. Öwezmyrat eňek berenok, ýok, gaýta gülüp hezil eder diýýär. Diýeni ýaly-da bolupdyr. Gullukdan gaýdyp gelende Gurbannazar meni görenden gülüp başlady. – Sagja bol! – diýdi. – Gülüp-gülüp, heziller etdim. Bir gezek tualetde otyrkamam ýadyma düşdi-de, güläýdim. Seržantymyz tualete gelen ekeni, gülenimi eşidipdir. “Rýadowoý Ezizow, näme hezillik bar, bu ýerde ses agyzdan çykmaly däl, başga ýeriňden çykmaly” diýdi. “Günortanky berlen nohutdan soň bir deşik azlyk edýär, ýoldaş seržant” diýdim. Ikimizem güldük. Oňa-da seň iki setiriňi aýdyp berdim, ýene güldük. Moskwalylara öýkünjek bolardyk. Olar ýazyjy-şahyrlaryň, hudožnikleriň, sazandalaryň, artistleriň gatnaşmaklarynda degşip, parodiýa, epigramma aýdyşyp oturmaga ýykgyn edýärdiler, döredijilik intelligensiýasynyň erkin pikire höwesek wekilleri ýygnanyşýardylar. Şu hyýal bilen hudožnikler soýuzynyň başlygy Yzzat Gylyjow birinji ýola ýygnanyşyk gurnady. Elbetde, bizde haýsydyr bir erkin pikir aýtmaga niýet bolmasa-da, dörediji adamlaryň ýygnaksyz-da duşuşyp biljekdiklerini tekrarlamak islegi bardy. Çaý başynda Sahy Jepbar aýdym aýtdy, Gurbannazar goşgy okady. Soňra ol ýanyma gelip, ýalbarmaga durdy: – Sadagaň bolaýyn, Tirkiş, birine öýkünsene, gülşeliň-le! Hol-ha, Seýitnyýaz Ataýewiç otyr, şoňa öýkünäý, ssenariý ýazyşyna öýkünýäň-ä... – Seýitnyýazyň özi rugsat bersin, öýküneýin – diýdim. Gurbannazar Seýitnyýazyň ýanyna baryp, gülüp, sakawlap, ondan rugsat sorady, soňra haýdap maňa tarap gaýtdy, ýetmänkä gygyrdy: – Bolýa diýdi, öýküniber!.. Arman, ikinji ýygnanyşyga rugsat berilmedi, ýogsa, indiki ýygnanyşyk ýazyjylar soýuzynda bolmalydy. Soňra men telewideniýeden “Çeşmeler” ady bilen gepleşikler toplumyny gurnamakçy boldum. Döredijiligiň erkin ugruna ýykgyn edäýjek adamlaryň gatnaşmaklarynda söhbetler, diskussiýalar etmegiň niýetindedim. Bir gepleşikden soň ony hem ýatyrdylar. Ýogsam bolmasa, bizden gorkup, ätiýaç edip ýörmeli hem däldi. Moskwada ýüz beren erkinlik öwüsgini alysdaky Türkmenistana ýetip, biziň gul ruhuna halys ram eden beýnimizi ýumşadýança juda köp wagt gerekdi. Şol ruh altmyşynjy ýyllaryň nesliniň hem beýnisini gysyp durdy. Gurbannazaryň şerap dostlarynyň biri Annaberdi Agabaýew şahyryň ölenden soň “Serpaý” ady bilen neşir edilen ýygyndysyna ýazan sözbaşysynda şeýle diýýär: “Dogrusy, Gurbannazar Ezizowyň gözellik dünýäsine gadam basyp, öz ylhamy, zehini bilen taraşlan zatlary, “ýapan serpaýlary” has ir wagtda, şindi ol 16-17 ýaşlaryndaka il gezip ugrapdyr diýse-de boljak. Şahyryň arhiwinde, ine, şeýle täsin bir golýazma bar: “1956-57-nji ýyllarda men kiçijik gülýaka ýasadym, ortaky gaşynyň aşagynda Leniniň suraty ýerleşdirilen şol gülýaka ilki mekdep okuwçylarynyň Bütinsoýuz sergisine, soň bolsa, Hindistanda guralan Bütindünýä sergisine gatnaşdy. Maňa ýeten habarlara görä, gülýaka yzyna gaýdyp gelmedi.” Ýetginjegiň gülýaka Leniniň şekilini salmagy tötänleýin däl. Subutnama üçin Gurbannazaryň şahyr hökmünde adygan mahaly “ýapan serpaýyndan” bir mysal getireli. “Lenin” atly goşgusynda şeýle setirler bar: Nirede bolsam, gaýda, şatlykda, toýda, Bulutly gün, ýa-da güneş saçsa nur, Iliçiň çalaja süzülen gözi Elmydama meň depämden garap dur. Leniniň ullakan kellesi deýin Oňat niýet bilen aýlanyp dur Şar. Her baýdakda, her ýürekde, her işde Wladimir Iliç Leninimiz bar! Bu setirlerdäki ynanç altmyşynjy ýyllarda edebiýata, sungata gelen nesliň kalbyna siňdirilen ynançdy. Özümden mysal alaýyn. Studentkäm ýazan kiçijik hekaýamy ýatlaýaryn. Düýş görüpdirin. Lenin maňa bir kitap sowgat berýär. Onuň ýüzüne “Bagt” diýlip ýazylypdyr. Men begenýärin, begenjime-de oýanýaryn. Oýansam Leninem ýok, kitabam ýok. Muňa juda gynanýaryn. Wagt geçýär, gynanmaly däldigime düşünýärin. Seredip otursam, Leniniň maňa sowgat beren “Bagt” kitaby serdaryň bize beren bagtly durmuşy ekeni.” Ýyllar ötdi, zaman üýtgedi, ynanç üýtgedi. Häzir Gurbannazar hakynda ýazylýan waspnamalarda ondan altmyşynjy ýyllarda Moskwada dörän dissidentlere mahsus häsiýeti, garaýyşlary gözlemäge ýykgyn edilýän äheňler duýulýar. Eger döwre görä üýtgäp duran şol waspçylar altmyşynjy ýyllary anjaýyn öwrenip, şonuň häsiýetli alamatlary esasynda Gurbannazaryň döredijiligini çyndan derňäp bilsediler, olar esassyz pikirlere baş urmazdylar, Gurbannazaryň döredijiliginiň hakyky derňewi üçin hem peýdaly iş etdikleri bolardy. Onsuz-da soňky ýyllar Türkmenistanda at çapmadyk, gylyç tutmadyk adamlardan Görogly ýasajak bolmak meýli gülki döredýär. Gurbannazar muňa mätäç däl. Biz onuň ömür ýoluny, goşgularyny bilýäris. Bu ýerde tapylmadyk, agtarylmadyk zat ýok, hemmesi aýdyň. Dissidentlik meýillerini Gurbannazaryň goşgularyndan-da, jemgyýetde özüni alyp barşyndan-da tapmarsyňyz. Men onuň bilen bir döwürde ýaşadym, edebiýatda işledim, janly şaýat. Syýasy tarapdan yrga, ýa-da zyýanly eser döretdi, döretjek boldy diýip, ýeke gezek tankyt edilmändi, redaksiýalardan goşgusy gaýtarylmandy, ýa-da şeýle äheňli eserler şahyryň arhiwinden tapylmady. Bolan bolsady, waspçylar olary baýdak edinerdiler, Gurbannazar sowet ideologiýasynyň garşysyna barlyşyksyz göreşen şahyr diýip gygyrardylar. Şol ýyllar “Iliçiň gözi bilen depeden garap oturan” ideologiýa işgärleri respublikada birinji orunda goýulmaly ýaş şahyrlar hökmünde Gurbannazar bilen Annaberdi Agabaýewi öňe sürüpdiler. Türkmenistanda Lenin komsomoly baýragy döredilende baýrak jedelsiz bada-bat şolara berlipdi. Dissidentlere, dissidentlige meýilli adamlara beýle sylag-serpaý edilmeýärdi. Gurbannazar şol baýragy aljak bolup ýazýardy diýmek düýpden ýalňyşlyk, hatda töhmet bolardy. Gurbannazar pylan hili bolaýyn diýip goşgy ýazan adam däl, onuň goşgulary onuň häsiýetinden, dünýägaraýyşyndan, ahlagyndan döreýärdi. Ony bolşy ýaly kabul etmelidi. Näme sebäbe Gurbannazar dile düşdi diýersiňiz. Bu eýýäm başga sowal. Bu sowala jogap bermek maňa kyn däl. Bu ýerde üç ýagdaýy göz öňünde tutsa bolar. Olaryň ikisi döredijilige bagly däl. Men şolardan başlaýyn. Birinjisi. Ýatlamalarymyň öňdäki sahypalarynda belläp geçişim ýaly, sowet zamanynda resmi taýdan aýdylmasa-da, jemgyýete duýar ýaly derejede kimiň birinji ýazyjy, birinji kompozitor, birinji hudožnik, birinji artist... garaz, hemme ugur boýunça kimiň birinji orundalygy äşgär edilýärdi. Atlar, baýraklar ilki şolara berilmelidi. Makalalarda, çykyşlarda olar diňe položitel baha mynasypdylar. Ýaş şahyrlar babatda birinji orun Gurbannazara degişlidi. Ýazyjylar soýuzynda ýaş ýazyjylar bilen iş alyp barmak oňa tabşyrylypdy. Heý, dissident meýilli adama beýle ynam boljakmy! Çemeçil adamlar oňa golaý durmaga çalyşýardylar, onuň ynamyndan şahsy bähbit gazanmak isleýärdiler. Ol adamlaryň bilýän ýeke-täk serişdesi – adamy öwmelidi. Şahyryň öwgüsi onuň eserinden başlanyp, soňra şahsyýetine geçýärdi. Ine, şu topar Gurbannazaryň döredijiligini iň gowşak bilýänlerdi. Olar zehinli adama zyýanly elementlerdi. Ikinjisi. Ýaşlara, aýratyn hem şahyrlara, aýdymçylara göwün hem kelle göçgünligi häsiýetli alamat. Töweregiňi gurşap alanlaryň mahabaty, üssesine-de arak-şerabyň keýpi seni belende göterýär, ýüregiňi telwasa getirýär. Gurbannazaryň gysga ömrüniň ajaýyp pursatlary oturlyşyklarda geçipdi. Ol töweregindäkilerden öwgä garaşýardy diýsek öte geçildigi bolar. Olardan akylly söze, jaýdar pikire garaşýardy diýmeli. Gurbannazar zehin, düşünje babatda olardan ýokarda durýardy. Garaşýanynyň bolmajak pursatynda ol öz hyýalyna maýyl bolýardy, köpüň ortasynda oturan-da bolsa, ýalňyzdy. Nätjek, ýorganyňa görä aýak uzatmaly-da! Gijeki ýazan goşgusyny okap bermäge adam gözleýärdi, olaryň pikirini bilmek üçin hem däl, goşgynyň täsirini barlamak üçin hem gerekdi. Näme-de bolsa, barha olara öwrenişip gidilýär, olaryň tutanýerlilik bilen aýdýan öwgülerine birdem maýyl bolýarsyň, içilýän şerabyň berýän keýpine keýp goşulýar. Olar bolsa, Gurbannazar bilen şerap içişlerini, onuň täsin goşgy ýazanyny ertesi duş gelene buşlaýarlar, şeýdip özleriniň mertebesini götermekçi bolýarlar. Kimiň nähili maksada gol ýapyp mahabat aýdýanyny Gurbannazar bilýärdi, soň şoňa görä-de goşgusyny gaýtadan okaýardy. Olara gaty-gaýrym söz diýmegiň derkary ýokdy, olar keýpli pursat üçin şahyra gerek adamlardy. Şuňa göz ýetirip bilýänligi Gurbannazaryň artykmaçlygydy. Üçünji sebäp has möhüm. Gurbannazaryň altmyşynjy ýyllarda poeziýa gelen ýaşlaryň iň zehinlileriniň biridigi äşgär. Gurbannazary parhlandyran ýene bir ýagdaý aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ol okumyşdy, kitapçyldy. Dünýä hem rus klassyk edebiýatyny çagalykdan okap başlapdy. Şu ýagdaý ony türkmen sowet poeziýasynyň halys torç edilen ugurlaryny gaýtalamazlyga, täze äheňleri, kapyýalary, rifmalary gözlemäge iteripdi. Goşgy setirine salyp informasiýa aýtmagyň poeziýa däldigine ir düşünipdi. Öňden belli didaktik äheňli pikirlerden daşda durmaga çalyşýardy. Olary beýan etmeli bolan halatynda-da öz durmuş tejribesi, öz şahsy duýgulary bilen baýlaşdyrýardy, janlandyrýardy. Tebigaty suratlandyrýan goşgusyndan žiwopis kartinasyny döredip boljakdy. Şol kartinadaky güýzüň keşbinde şahyr ýüreginiň pynhanlygy, gussasy agdyklyk eder. Gussa Gurbannazaryň tutuş poeziýasyna häsiýetli alamatdyr. Poeziýa häsiýet berip bilýän şahyrlar köplük edenok, bu babatda az sanlylaryň arasynda Gurbannazaryň hem adyny ynam bilen tutsa bolar. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |