00:18 Dellalyň oýny / hekaýat | |
DELLALYŇ OÝNY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Öňem biri hiç bir ýörişi ýok, çaman atyny bazara çykarypdyr. Alyjylar aty synlap, onuň daşyndan aýlanyp ýörmüşler. Ýöne alarman bolup, onuň bahasyny soraýan ýokmuş. Şonda atyň eýesi dellala bir teňňe berip: -Gaýrat edip, atymy öwüp bersene!-diýipdir. Dellalam hemme eşider ýaly edip: -Öwjek däl. Atyň nämesini öweýin. Ýedi depeden aşyp, ýedi gulany kowup alanyňda awuňdan bir jyzzyk dadyrmadyň. Tapan ekeniň, öwdürjek adamyňy-diýip, alagoh bolupdyr. Hemmeler ýedi gulany kowup alan ata hyrydar nazar bilen seretmäge başlapdyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |