20:45 Derekleriň kyssasy / hekaýa | |
DEREKLERIÑ KYSSASY
Hekaýalar
Köne Aşgabadyň ýerinden mikroraýon düşüp, oba ileri süýşdi. Ilat täze ýerden ýurt tutundy. Şeker eje bilen Tugur aga göçmediler. Olar "Tugruň derekleriniň" ýanynda galdylar. Olar owal arkaýyndy. Oba dereklere "öwlüýä agajy" ýaly garaýardy. Indi bolsa beýle däl. Mikroraýon. Adamlaň her tüýslüsi bar. Ýykary bar, keseri bar, döweri bar... Gowusy, özüň üstünde bolan diýip, olar hökümet jaýyna girdiler. Men aspiranturada okaýardym. Maňa şol garrylaryň ýaşaýan otagynyň gabadyndan jaý berdiler. Tugur agalar bilen bahym öwrenişdim. Günaşa, üçaşa öýlerine barardym. Oturardyk gürrüňleşip. Gülüşerdigem. Ýöne tukat günlerden welin ne Tugur aga gürrüň açardy, ne-de Şeker eje. Garry Tugur geçenden gürrüň etmäge hiç bir delil goýmansoň, derekler hakda belli bir zat sorap bilmeýärdim. "Bu garrylar üýtgeşik adamlar! Iliň ýaşulusy ýaly ýerim-ýurdum, ekin-tikinim diýip ýörenoklar" - diýerdim. Sebäbini soň-soňlar bilip galdym. Uruş ýarasy gozgady-da, Tugur pahyr birden ýan beräýdi. Uzaga çekmänem öldi. Täze ili, köne ili bolup ýerlediler. Üçi geçdi, kyrky geçdi. Şeýdip, öňki tanyşlaram, soňky tanyşlaram Tugur agaň ýoklugy bilen öwrenişip gitdiler... Derekler köpeldi. Bäşinjisi entek nahal, her zadam bolsa, indi olar bäşdi. Olaryň atlaryny indi "Şeker ejäň derekleri" diýip tutýardylar. "Göwnüne alaýmasyn" diýip, men ýygy-ýygydan Şeker ejäň ýanyna baryp durýardym. Bir gün çaý içip otyrkak, ol maňa içini dökdi. - Hawa, guzym, Tuguram geregesini ýükledi-de, gidiberdi-dä. Haý, bolýa-da, ýatlamaýyn diýseňem bolanok. Ýusubyň kyssasy ýalydyr-la... Öýüň bar hysyrdysy meň başymdady. Kelep agajy ýalydym. Elmydam aýak üstünde - garynja ýaly gydyrdanyp garaňkyny düşürerdim. Bir ata bilen ýetişen dört ogully öýüň ownuk işine ýeke jan bolup gaýrat edäýmek kyndy. Günde iki wagtynadyr. Ertirdäki çöregini ýapamda "döwletliň maşgalasy irden işli-işine gider" diýip yrym edip, tikejimi çöregiň ortasyndan daşyna urardym, agşamlyk "döwletliň maşgalasy agşam öýüne ýygnanar" diýip çörege gyrasyndan ortasyna bakan dürterdim... Ähli bela Tugur pahyryň oarkdan gaşy çytyk gelen agşamsy başlandy. Şol agşam onuň seňriginde dörän çylgymlar soň hiç aýrylmady. Onuň gürrüň bilen seri bolmady. Iýlip-içilenden soň men oglanlaň düşeklerini atdym. Olar ýadawdy, başyny ýassyga goýsalar bes - ýatjakdylar. - Heý bu dünýede gorky-ürki, gaýgy-alada bolmalydyr öýtsünler-le! - diýip, Tugur pahyr ogullary gidenden soň başyny ýaýkapdy... Hawa, şol agşamdan soň biziň görenimiz görgi boldy. Tugur pahyr daňyň alagaraňkysynda ogullaryny alyp giderdi-de, garaňkyny düşürmän gelmezdi. Wah, şoňa-da kaýyldy-la weli, o-da uzaga gitmedi. "Uruş turdy" gürrüňinden soňam biz iki gün bile bolduk. Üçünji gün daň agarmanka, elim barmasa-da, çöregimi dürtdüm. Dilim barmasa-da, "döwletliň maşgalasy..." diýip oturyp agladym. Gün dogmanka-da çöregimi bişirip boldum. Hemişekim ýaly çaý goýdum, gowurdak goýdum öňlerinde. Hiçisiniň iýip ugry bolmady. Ne meň bokurdagymdan geçdi, ne-de olaň. Bişirinje çöregimi küýzedäki gowurdak bilen bäş bölüp "goş haltalaryna" salyp ýola düşdük. wahzal obadan uzak däl. Pyýadalap gitdik. Üýtgeşik bir gürrüňem etmedik. Otlyň boýy wag berýär. Aglaýanam bar, saz çalýanam. "Il bilen gelen toýda baýram" diýleni-dä. Gaýgyň ýeňlän ýaly bolýan eken seň derdiň uly başyndadygyny göreňde. Näbileýin, nirden geldi maňa kanagat, şomat eger-eger gözüme-de ýaş aýlamandyryn-da. Çagajyklammyň (meniň ýeke galýanymadyr-da, elbetde!) gözüni balkyldadýany-da bardy. Tugur pahyram (ýatan ýeri ýagty bolsun, ýuka ýürekdi, garabagyr) bozuljak bolupdy. - Häýk, enesi, şulaň biri bir gyz bolsa bolmaýamy, saňa höwür bor ýaly - diýeni şu günki ýaly ýadymda. - Ejem seni, tüweleme, "aňsadyna bakyp", utandyrmandyr... Ejem bilipdir-le - diýip ulujamyň degşip aýdanyny, oň degişmesine barymyzyň gülenimizem şu günki ýaly ýadymda. Ýöne olardan birem ýok-da... Hawa, şol gidişleri boldy. Ilki-ilkiler hatlary geldi. Soň ondanam kesildim, hersi hakda sygryň dili ýaly kagyz gelensoň. Ogullamyň ölzminiň yzyna galaryn, olaň "öldi" habary sygryň dili ýaly kagyzda getiriler öýdemokdym. Tänen ömürleň habary geldi durdy obamyza. Millet atasynyň agysyny aglap bolmaka, agasynyň agysyny aglady. Haýaý, garaz, name, adam başy daşdan gaty ekeni, guzym. Dört oguldyr ärimden tamamy üzüp, kelläme urlan ýaly bolup ýörkäm, birden Tugur çykaýdy bir ýerden. Begenipler iki bolup bilmedim. Tugur pahyr gürlemezek boldy. Ol dereklerem maňa "ekjek" diýip ekmändi. Bir ýerden tapyp getirip, meni ýöne oturdyşmaga çagyrypdy. Bu derekler bizi birneme köşeşdirdi. Tugur pahyr agşam çaýyny şolaryň aöagynda içerdi. Olaryň pyşyrdysyny diňlärdi. Her gün diňlärdi. Bu ýerler köne obamyzyň ýeridi. Mikroraýon bolup, derekleň gögerip oturan ýerindenem jaý düşdi. Şonda olary goparyp aýyrmaly etdiler. Tugur pahyr bir gep;inde "Gerek deregi ýykar" diýipdirler, ogullarymyzy gurban bermedimmi näme?.." diýerdi, bir gepinde-de "Bolmaz ahyry gögerip oturan agajy köwläýmek" diýip, olary çapdyrmazlygyň alajyny edip, ugruna çykardy. Pahyryň şü ugurda kakmadyk gapysy galan däldir. Ahyry çapman goýdular. Jaýy beýleräkden saldylar. "Gerek" deregi ýykmady... Abdy KULYÝЕW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1965 ý. | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |