21:10 Derñewçiniñ jany / satiriki hekaýa | |
DERÑEWÇINIÑ JANY
Satiriki hekaýalar
- Adamlar, bazarda ýat adam ýok diýlen bir gep bar, şu ýere hemme özli-özümiz ýygnanan ekenik, mende zapas şaýlar bilen her dürli çalgy we ýangyç ýaglary bar. Aýtmady diýmäñ, ak bazaryñ bahasy bilen alyp bilersiñiz. Ýöne agzyñyza suw alan ýaly bolmaly. Ak düýäni gördüñizmi, göremok, wessalam. - Öwf! Başlyk aga!.. - Näme boldy?! - Dur, demimi dürsäýin. - Aýt ahyry?! - Dur, derman içeýin. Derñewçi gelýämiş! Derñewçi! - Päheý-de welinim, derñewçiniñem bir gürrüñini ederlermi. Gelse gelipdir-dä. Ikar gelen ýaly gaçar gider-dä. - Baý, onuñam gelip gidäýşini! - Hä, näme gelip gitmän. Derñewçi, barlagçy, komissiýa geler-de gider. Emma kemçilikler galar. - Eger ýeser derñewçi bolsa näderis?! - Ýesere ýeserlik bilen bilen ýeserlerçe dararys. - Nädip?! - Ýeseri ýesir alaýarys, baş buhum! - El-aýagyny dañaýjakmy, zyndana saljakmy?! - Ýok, dilini dañarys. Geplemez ýaly ederis. Lal-jim bolar-da gözüni mölerdip oturar. Üm bilen düşündirer. Ýüz eli görer, gapyrga syrar. - Başlyk aga, eger derñewçi arak-şeraby agzyna almaýan bolsa näderis? - Ýaşajyk çebşi süýndüreris-de täzeje bagyr-öýkeniñ börtmejigini öñünde goýarys. Etinem akaja bişiris. - Derñewçi berhizli bolsa nätjek? Sarylatmadan keselhanada ýatyp-ýatyp, ölümiñ öýünde çykyp gaýdan bolsa näderis? - Eti öýünde çagalary bilen iýer ahyry. - Çagalary ýok-da. Onda näderis? - Aýaly bardyr-a. - Ýeri, müjerret bolsa näderis? - Guda boljak ýerine galyñ eltip bereris. Özüne welwetden gowy kostýum dikdirip, serpaý beräýeris. Sygyryp seredip durmaly import köwüş, ondatda telpek, hakyky gaýyşdan kurtka we palto... - Şol etjek serpaýlaryñ onuñ özünde öñden bar bolup, güýe kertmesin diýip porsuderman sepilgi duran bolsa... - Baý, baş buhum, ýer ujuny göge basdyryp, kyýamat gopdurýañ-ow. Ýa içer, ýa-da iýer, iñ bolmanda geýer. - Şolañ hiçisinem etmese?! - Onda ony edarasy saklamaz ahyry. Ýagyrnysyna bir deperler weli, içinde bir taý köwşi galar-da. Bizem arz ederis. Derñewçiniñ ybalyragy ýokmy diýeris. Munuñ ýaly iýmeýän-içmeýän derñewçini bolsa o dünýä behişde iber. Gor derñesin diýeris. - Meniñ daş gulakdan eşidişime görä, geljek derñewçi demirdenmiş, robot diýdiler. Agzy ýokmuş. - Ýýak, senem-aý, oñ ýaly bolsa nämäñ gaýgysyny edýäñ, zapas şaýlar bilen çalgy ýaglary demiriñ janydyr. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |