10:09 Dil-bedew | |
DIL-BEDEW
Oýlanmalar
Dil – edil, hemmeje zady örän çalt özüne siňdirip, şondanam iýmitlenip, ösüp-örňäp boý alýan çaga mysaly. Iňňän çalt üýtgeýär, özgerýär. Çaga bilen nähili?! Ine, sen, nirädir bir ýere iş saparyna gidýärsiň-de, bary-ýogy iki-üçje gün öýüňde bolman, körpäň seniň gözüňden uçýar. Dolanyp gelýärsiň welin, ol eýýäm başga adamjyk... Eýýäm azajygam bolsa ulalypdyr, üýtgäpdir... “Bu gün göreniň ertir ýok” diýip, türkmenler ynsan ömri barada aýdýarlar-la welin, ýöne bu aýtgy dile has ýiti degişli ýaly bolup dur. Munuň şeýlediginem her onýyllykda ýazylan eserleri deňeşdireniňde has düýpli duýýaň. Şol bir wagtda-da özüňem şunça zähmet siňdirip, sünnäläp ýençgilän özboluşly diliň düýn täze öwüşginli bolanam bolsa, bu gün köne hem gowuşgynsyz eşidilýändigini duýýarsyň... Syýagalamy (“ruçka” diýseň dogry welin, onda-da başaryp bolsa, diýmeseň ýagşy) barmaklaryňa ýelmeşdirip-batyryp, kükregiňi ýassyga mäjerläp, gözüň köküni gyryp, diňe seniň özüňe mahsus, özgeleriňkä meňzemäýen öz çeper diliň her bir jümlesini syntgylamak üçin çeken abyrsyz zähmetiň... Haýp saňa! Ýene-de bihuda... Ýene-de özgermeli... Kynam bolsa, islemeseňem, ýaltanyplar ölüp barsaňam, nijeme ýyllaryň dowamynda çeken bihuda zähmetiňe gynanjyňdan ýaňa içiň tütäp alyp barsa-da, ýene-de özüňi ele almaly-da, bolanja erkiňi bir ýere jemläp, şol geçile-geçile torç edilen ýoldan alyslara uzap gidýän öz çarkandagyňy tapmaga gönükdirilen, dirilikde bigadyr işe başlamaly... Ýene-de bir wagtyň özünde, öz körzehinligiňe, emelsiz ebeteýsizligiňe lapykeç umytsyzlykdan hem-de belki-de bu gün ýa-da ertir däl, ýene-de on ýyldan, ýigrimi ýyldan...halkyň hakydasynda galjak şol ýeke-täk hekaýajygyňy, iň bolmanda birje setirjigiňi haçanam bolsa bir wagt ýazjakdygyňa bolan hantamaçylykly arzuwdan püre-pür bolup, gözlemeli, tapmaly, has takygy tapandyryn öýdüp begenmeli, soňam tapmandygyňa düşünip, öz lapykeç takatsyzlygyňy üç-dört günläp göwnüňde gaýnatmaly-da, onuň şol bir wagtda ajy hem süýji toşabyny başyňa çekmeli... Ýene-de gözlegiňi dowam edere azda-kände güýç-kuwwat alar ýaly... Sebäbi, edil seniň ýigrimi bäş – otuz ýyl mundan ozalky özüň ýaly, dil meselesinde hiç kimi özüne jedelsiz nusga hasap etmeýän ýaş, hyjuwly, dyzmaç gözleýjiler, täze-täze jümleleri, täze-täze öwüşginleri tapýarlar... Müňlerçe ýyl bäri halkyň ulanyp gelýän diline, sözlerine olaryň aňsatlyk bilen täzeçe jadyny çaýyşlaryna-da gözüň gidýär... Gowulygyňa ynansalar-ynanmasalaram, gaty çynyň bilen, tüýs ýüregiňdenem şol dyzmaçlaryň gözleginde şowlulyk, zähmetlerinde abraý, ýollarynda bagt, pellehanalarynda-da kanagatlanma dileýärsiň... Niýetiň ýagşy, emma... “Owalybaşda garaňkylykdan emele gelen bahyllygyňam bir ýagşysy bolarmy?” diýilýä... Kim bilýär?! Bu jahanda ýok zadyň-a ýokdugyna, bar zadyňam bardygyna diňe ony Ýaradan – onuň Eýesi kepil geçip biler... Ynsanyňky bolsa diňe gümän... Ýöne, eger-de şol “ýagşy bahyllyk” ýa-da “ak bahyllyk” bar bolsa, onda ol megerem... Ýöne, şol pille-de, adamyň mahsuslygy, özüňi köşeşdirmäge-de özüňdäki “meniň” teselli tapýar... Hamana: “Menem bir mahallar şeýledim! Aňsatlyk bilen täze öwüşginli, jadynyň ysy kükäp duran jümlelerem tapýardym, üýtgeşik, ajaýyp, owadan ertekili sözlemlerem döredýärdim...”... Indi bolsa, kyn... Çünki, dil – ýyldyrym çaltlygynda üýtgeýär, özgerýär... Hasam, ýaşamaga-da, döretmäge-de, akyl ýetirip düýbüni deşip, bahymrak hemme zatdan göwnüni geçirmäge-de howlugýan şol dyzmaçlaryň, öňem bar güýji bilen çapyp barýan sarç bedew mysaly DIL-e ýetişibildiginden gamçy çalyp, ony ok kibi öňe süýnmäge mejbur edýändikleri sebäpli... Birmahallar öz ýanyňdan: “Ind-ä Dil-bedewiň tozanyna garylyp, yzyndan ylgaman, onuň üstünde joňkarylmagyň hötdesinden geldim öýdýän!” diýip, şahyr aýtmyşlaýyn: “öz-özüňden monça bolup, ýeňlän” sen bolsa, ýene-de ýolaýyrtda çaňa-kirşene garylyp, hol allaowarradan çapyp barýan dilbedewiň yzyndan ahmyrly hem umytsyz garap durandygyňa, birdenkä düşünýärsiň... Ýene-de zähmet... Ýene-de özgermeli... Şoňa-da şükür... Şuňa düşünilýändigine-de... Islegiňem, erkiňem, her niçik-de bolsa, heniz şoňa ýeterlik güýç-gaýratyň bardygyna-da... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |