23:06 Diňläň, lezzet alyň! / satiriki hekaýa | |
DIŇLÄŇ, LEZZET ALYŇ!
Satiriki hekaýalar
Raýonlaryň birinde ýerli radionyň guramaçy-habarçysy wezipesinde işleýärkäm, şeýle bir waka bolupdy. Guramaçy-habarçy ýerli radioda berilmeli materiallary taýynlap, diktora tabşyrýar-da, nobatdaky gepleşikleriň aladasy bilen bolýar. Gepleşigi saz bilen bezemek, ony okamak, konsert programmasyny geçirmek diktoryň işi. Öňki diktorymyz işine ökde ýigitdi. Moskwadan, Aşgabatdan, bakuwdan radioda berilýän konsert programmalaryny magnitofon lentasyna ýazyp alyp, uly fonoteka edinipdi. Gepleşikleriň arasynda ýa-da soňunda diňleýjileriň halaýan aýdym-sazlaryny radioda ýaňlandyryp, raýonyň adamlaryna hezil bererdi. Öňki diktorymyz okuwa gitdi-de, ýerine bir ýaş oglany işe aldyk. Täze diktoryň öz ady Atalakdy, atasynyň ady Potalakdy. - Atalak han, kabinetem, studiýa-da seň ygtyýaryňda. Han özň, soltan özüň. Ýöne gepleşikleri, konsertleri gowuja geçirjek bol! – diýdim. Öň beýle elpe-şelpeligi görmedik agajet, uzynak ýigit dylym-dylym edip, elleriniň aýalaryny owkalady: - Ygtyýar berseňiz bolýa-la! Indi özüm oňararyn, Sähet aga! Bir gün kolhoza gitdim. Meýdan düşelgeleriniň birinde kolhozçylar bilen çaý içip, radio diňläp otyrdyk. Ýerli radionyň esasy gepleşikleri gutardy. Diktor Atalak Potalakowyň sesi täzeden ýaňlandy: - Hormatly radiodiňleýjiler! Indi bolsa siziň silegleriňiz boýunça düzülen konsertimize başlaýarys! “Aýdaý, adyň näme, halyçy gelin?” Sözi hem sazy zehinli kompozitor Atalak Potalakowyňky. Ýerine ýetirýär awtor. Diňläň, lezzet alyň, eziz radiodiňleýjiler! Ilki gyjagyň zyk-zygy ýaňlanyp ugrady. Birdenem Atalak Potalakow erän, bagryňy daş edip barýan çirkin sesini aýnadyp, gözüne urlan ýaly zowladyp ugrady welin, kolhozçy gelinleriň biri: - Bu ne belady, gyz? – diýip, iki gulagyny tutdy. Konsert diňlejek bolup, demli çäýnegini basyryp, ýaňy ýanyny ýassyga beren ösgün ak sakgally Ýusup aga laňňa ýerinden galdy: - Bolsa-da, agzymyza zäk atylan ýaly etd-wo! Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, “Diňläň, lezzet alyňam” diýýär-ä! Baý, lezzet alýas-ow! Ýag siňen gara gulakçynyny gapdalyna taşlap, tirsekläp, aýagyny uzyn salyp, çaý içýän traktorçy ýigit hem aýagyny ýygnady. Ol goýun gözlerini gyrpyp, kinaýaly ýylgyrdy: - Şol kelpeň oglana emel ýeten bolsa, ol-a gyjakly aýdym aýtmak eken, tüýdük çalyp aýdym aýdar diýselerem ynanaýyň, adamlar! Şol günüň agşamy radiouzele bardym. - Atalyk han, gepleşigi geçirişiň-ä ýaman däl. Ýöne konsert bereňde, iliň halaýan aýdym-sazlaryny goýbereweri! Tagamsyz aýdymlar adamlara lezzet berenok. Gaýtam olaryň lapyny keç edýär. Bizde klassyky sazlar, häzirki zaman aýdym-sazlary kändir! – diýip, Potalakowa düşündirdim. “Düşündirdim” diýen bolýan-da! Näbileýin, düşünendir öýtdüm-dä! Şondan bir hepde töweregi geçdi welin, öýde radio diňläp otyrdyk. Ýene diktor Atalak Potalakowyň sesi radioda ýaňlandy: - gadyrly radiodiňleýjiler! Häzir hormatly diňleýjilerimiziň islegleri boýunça düzülen konsert programmamyza gulak asyň!.. Öý hojalykçy aýal, ejem Annasoltan Potalakowa “Annasoltanym meniň” diýen aýdymy diňlemäge isleg bildirip, bize hat ýollapdyr. Hormatly Annasoltan Potalakowa! Siziň islegiňizi höwes bilen kanagatlandyrýarys! Halk aýdymy “Annasoltanym meniň”. Ýerine ýetirýär raýinymyzyň meşhur bagşysy, kakam Goşalak Potalakow. Sazandarlyk edýärler: dutarda Begelek kakam Potalakow, gargy tüýdükde Tegelek daýym Togalakow, gyjakda Atalak Potalakow. Hormatly diňleýjimiz Annasoltan Potalakowa, reproduktora golaýrak süýşüň-de, öz isleg bildiren söýgüli aýdymyňyzy diňläň! Lezzet alyň!.. Ýaplanyp ýatan ýerimden tarsa galypdyryn. Ädigimi gowallaň geýip, razdiouzele bakan ylgadym. Wagtynda ýetişen ekenim. Jaýa giräýen wagtym Atalak täze bir kassetany magnitofona oturdyp durdy. - Ýeri, zehinli kompozitor Atalak Potalakow! Indi haýsy “meşhur bagşyň” aýdymyny goýbermekçi? - Ejemiň!.. Ýagny radiodiňleýjileriň islegi boýunça Annasoltan Potalakowanyň ýerine ýetirmeginde “Hüwdüler” toplumyny... Demimi dürseýänçäm, onuň eline ýapyşyp durdum. Onsoň üstüme abanyp duran uzynak ýigidiň garajygyna garadym: - Han ogul, şol lentada ejeň sesi bar bolsa, ony kakaň islegi boýunça öýüňizde aýtdyryber! Baryň, diňläň, lezzet alyň! - Sähet aga, siziň bolşuňyz nä tüýsli? Öň özüňiz “Han özüň, soltan özüň” diýip, bu zatlaň ygtyýaryny maňa tabşyrmadyňyzmy? Gaharym gelip, Potalakowyň alkymyna dykylyp bardym: - Ygtyýar berlende edýäniň şu bolsa, hany şu ýerden goşuňy göter! Gaýdyp, şu gapydan giräýme! Berdimuhammet GULOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |