18:18 Men magnitofon däl / gysga ýumor | |
MEN MAGNITOFON DÄL
Satiriki hekaýalar
("Satira we ýumoryñ" duztorbasyndan) Mary şäheriniñ üçünji mikroraýonyndaky kioskdan gazet alyp durkam Ata Köpekmergen gabat geldi. Ol ilki bilen-ä: "Bu dükançylar "ýok" satýar. Näme sorasañ, "ýok" diýmäni bilýär bular" diýip zeýrendi. Soñundanam hemişekisi ýaly, bir söwda işgäriniñ üstünden düşüp, gyzykly wakany gürrüñ berdi. Göwnaçyk şahyr gürrüñiniñ soñuna çykyberende bir tanyş adam geldi. - Ata kaka, näme zeýrenip dursuñ-la? Ata aga hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady: - Ýañky aýdanlarymy ýañadan ýene gaýtalap aýdyp bermeli boldy-da! - diýip, kyn görmän, ýañky gürrüñini gaýtalady. Ol gürrüñini gutaran dessine "häh-de mäh" diýlen ýaly, ýene bir ýoldaş peýda boldy. - Ata aga, bir gülşükli gürrüñ-ä edýäñ. Bile gülşeliñ-le! Ata Köpekmergen onuñ göwni üçin dükançynyñ başyna düşen işi täzeden aýdyp berdi. Ata aganyñ tanşy, dosty-ýary kän-dä! Ol gürrüñini soñlaýanda gopbamja bir kişi elini suwa gideniñki ýaly edip, barymyz bilen görüşdi. - Hol, garagörnüm ýerden Ata kakamyñ bir gyzykly gürrüñ aýdýanyny añdym-la! Ata kaka, menem eşideýin-le, walla! Ata Köpekmergen ýa-ha şol ýigide jyny atlandy, ýa-da özüni oýnatgy ýaly duýdy - garaz, gaşyny çytyp, ýüzüni kese sowdy. - Indi bes ediñ, hawa, şabazlar! Men näme siziñ magnitofonyñyzmy gulagymy towlap gaýtaladyp durar ýaly! Baryñ, işiñiz bilen boluñ! Ol garaýagyz ýüzüne gelşip duran garaja gulakjynyny mañlaýyna süýşürdi-de, ýeñsesinden gyzyl tahýasynyñ çetini görkezip, dört gat jaýyñ öñüni syryp gidiberdi. Berdimuhammet GULOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |