14:21 Saçakçy / satiriki hekaýa | |
SAÇAKÇY
Satiriki hekaýalar
- Bu näme boldugy? Bu nä äsgermezlik? Bifşteksiň üstüne atyp äberýärler! Masgaraçylyk!.. Günortanlar şowhun-şagalaňdan ýaňa güwläp duran işçiler naharhanasynda garbanyp oturan kyrk ýaşlaryndaky, ýüzi kürşügräk, burny burç ýaly gyzaran, inçemik işçi ýüzüni bolşundanam beter kürşerdip, ýerinden galdy. Pah, hemme zady bilesigeliji dowulçylaryň diýeni boldy. Taýyn tomaşa tapylanyna begenişip, bir-biriniň ökjesini basyp, tarelka düşen saçakçyny görmäge çozdular. Aňry çetki stollardanam iýip oturan naharlaryny taşlap, üýşüp geldiler. Ertir naharhananyň içini uly basgy eden bu “beýik” hadysany ýer titremesi diýip hasap etsek, onuň onuň düýp merkezi inçemik işçiniň sandyrap duran elindäki tarelkada arkan düşüp ýatan sargylt saçakçydy. Başy ak ýaglykly, egni gyzyl koftaly dolmuş aýal tarelkanyň üstüne eglip, saçakçynyň aýaklaryny sanaýardy: - Hakyky saçakçy-da! Bir, iki, üç, dört... Çal köýneginiň açyk ýakasyndan gür tüýleri çykyşyp duran, uzynak işçi tarelka äýnegini degräýjek bolup, saçakçyny synlady-da, ýüzüne yzgytsyz sypat berdi. Onuň gödeňsiz ýumrugy stola gütläp indi: - Işçi naharhanasy diýip, asyl muň ugruna seredýän ýok! Naharhanaň içi haçan görseň, sygyr giren ýaly, başly-barat. Üstesine-de, hapa. Stollaryň üstünde burç, duz, gorçisa görjek gümanyň ýok. El süpürer ýaly kagyzam goýlanok. Aşpezler müşderileri aýaklaryna ýelmeşen palçykça-da görenoklar. Olaryň edeni öňünden gidýär. Mesaňa fakt! Akt ýazmaly, akt! Başga gürrüň ýok! Adamlaryň howsalaçylary akt ýazyljak bolsa, jemgyýetçilik iýmiti edarasynyň, sanepidstansiýanyň, halk kontrollygynyň wekillerini çagyrmaly diýip teklip edýärdi. Ştatdan daşary lektor süýem barmagyny seňrigine ýetirip, äýnegini ýokary süýşürdi. Süýem barmak äýnegi ýokaryk süýşürmek ýumşuny berjaý edenden soň, howada galgap ugrady: - Ýoldaşlar, bu ýerde ýene bir zady anyklamak gerek. Saçakçy – munuň özi, ýoldaşlar, saçakda ýaşaýan jandarlara degişlidir. Diýmek, jemgyýetçilik iýmitiniň aşhanasynda saçak saklanýan bolsa – munuň özi barypýatan köneçillikdir we-de antisanitariýa... Onuň üsgülewügi tutdy. Aşpezler inçemik işçiniň egninden, çigninden sypalap oňa ýalbarýardylar: - Ýaşuly, günämizi geçiň! Bu bir tötänden bolaýan zat. Häzirjik başga nahar guýup getirip beräýeli! - “Bir ýazykdan är ölmez” diýipdirler. Ýazygymyzy geçiň, ýaşuly. Siz neneňsi gowy adama meňzeýärsiňiz. Ýüzüňizden nur ýagyp dur!.. Gursagynyň tüýleri çykyşyp duran daýaw işçi stoly ýumruklaýardy: - Ylalaşyk bolmaz! Ak ýazmaly! Wessalam! Şu sapar baş aşpez bizden sypsa, Ezraýyldanam sypar! Getiriň kalam-kagyzy! Gök stola ak kagyz gaýyp düşdi. Tüýlek işçi stolda ykjam oturyp, galamyň ujuny dili bilen ölläp: “Akt” diýen sözi örän rejeläp ýazdy. Edil şol wagt semizliginden ýaňa çişik ýaňaklary ýarylaýjak bolup ýagjaryp duran ak geýimli, keltejik pyýada aşhanadan arkaýyn pallap çykdy-da, ýag içeniňki ýaly dury sesi bilen epeý-epeý ardynjyrady. Bu baş aşpez Halym agady. - Galmagal näme-aýt? Hany şol saçakçy diýýäniňiz? Hany? Tüýlek işçi baş aşpezi ogurlykda tutan ýaly, oňa kinaýaly hem gopbam nazar salyp, tarelkany ýokary göterdi: - Görüň! Öz aşpezlik sungatyňyzyň önüminden lezzet alyň! Halym aga ajymtyk ýylgyrdy: - Ýýak-heý! Bu zat görmedik jemendä serediň-ä! Ol-a gowrulan sogan ahyry! Saçakçy bilen gowrulan sogany seljerip bilmeýän adamlara näme diýjek-näme aýtjak! Gowrulan sogan haram däl ahyry! Ynanmasaňyz, ine!.. Adamlar baş aşpeziň göz açyp-ýumasy salymda, bifşteksiň üstüne sepilen soganlary sargylt saçakçy bilen bilelikde süpleşdiräge-de agzyna atanyny, birem onuň ýuwutgyjynyň gulkuldanyny görüp galdylar. Baş aşpez garnyny tutup, läh-läh edip güldi. Onuň gülküsinden bütin zal ýaňlanyp gitdi. Ol hiç bir üýtgeşik hadysa bolmadyk ýaly, aşhanasyna sümlüp gitdi. Giň zalyň gowruna suw sepilen ýaly boldy. Berdimuhammet GULOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 01.05.1977 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |