19:27 O dünýä iberilen arza / satiriki hekaýa | |
O DÜNÝÄ IBERILEN ARZA
Satiriki hekaýalar
Kim men bu dünýäde adalat hem hakykat atly mukaddes daragtyň altyn ýapraklarynyň sanma-san saklanmagy ugrunda diş-dyrnak bolup, gaýduwsyz göreşip ýören, boiçak dogruçyl hem örän ak ýürekli, siziň uçmah diýen belent mertebeli, şypaly jaýyňyzyň töründen orun almaga mynasyp, halalhon Orak Aňňal oglunyň tarapyndan ol ýerde bolan gadyrdan garyndaşlarym hem penakärlerim Müňkür, Nekir hem o dünýäniň beýleki jogapkär kethudalaryna köpden-köp dogaýy salam bolsun! Şunuň bilen ýazyp, mälim edýärin ki, düýn sişenbe güni günortan çagynda duldegşir goňşym, gulagy göründen ýaňa, ile belli ýalançy, kezzap, oňşuksyz hem barypýatan gopbam, ozaldan ahyra meni ganym duşman okunyp gezen Annanazar Haknazarow diýlen näkes meni uly armanda goýup, ujyz gutuldy... ýagny, ýurduny täzeledi. Men entekler onuň aýagyndan alyp, ile betnam edip, nälet daşyndan ýüküni tutup, igledip arymy almakçydym. Bu dünýäde oňşuksyz hem yzgytsyz goňşymyň üstünden etmedik şikaýaty galmady. Emma dyny agzasam, girrik gaharlarymy oýarýan bedasylyň hemme ýerde tanyşlary otyr. Onuň tanyş-bilişleri hem özi ýaly ulumsy, görip hem tüýs köne pikirli, sowatsyz adamlar. Şonuň üçin olar meni mydama ýanap ýörler. Ugran ugrumda paltam daşa degip, lapym keç bolar ýaly ýagdaýa salýarlar. Halys gäbim azyp ýalşňyşyp, bir ýere ýazan arzamy gaýtalap göçürip, ikilenç iberen äwagtlarym hem boldy. Şeýlelikde, bu dünýäniň iňňän abraýly, päkize kişileriniň biri bolan meni dälilik hetdine ýetirdiler. Adyny tutasym gelmeýän, utançsyz goňşym bu dünýäde meni düýbünden äsgermedi. Meselem, meniň hemişe gök-sök hem süzme-gatyk satýandygymy aç-açan bilýänem bolsa, biziň hojalygymyzyň gurplanmagyna haýyr etmejek bolup, bilgeşleýin şol zatlary gök bazaryna gidip almak bilen, bizi ýek görýändigini uly ile äşgär etdi. Mundan başga-da, howlusynyň gabadynda sowlup geçmäge ýol bardygyna garamazdan, meniň harajat çykaryp, der döküp salan garažymy hem mal ýataklarymy ýanynyň iki küde oduny bilen bilelikde öz gabadymyza göçürdip, goňşuçylyga sygyşmaýan hokga çykardy. Munuň bilenem kanagatlanman, ýele tarapdan bize gelýän sergin howany gysganyp, biz bilen aralykdaky pessejik pahsa haýaty zyýankeşlik bilen ýykdyryp, öňküden ýarym metr çemesi beýik howly saldyrdy. Bu bolsa meniň olaryň howlusynda bolup geçýän käbir işlere gözegçilik etmegimi görnetin kynlaşdyrdy. Düşündirip aýtsam, bular ýaly ýaramaz goňşudan her haýysyny oslaýmaly, ýagny onuň öz howlusynda meniň hem-de meniň hojalygymyň garşysyna her hili pyssy-pyjur işleri taýynlamagy hem bolup biljek zat. “Bu dünýäde öňem bir sapar ýaşap giden” diýdirýän okumyş häsiýetli, jadygöý haramzada ekin-tikinlere hem-de haýwanat dünýäsine nähilidir bir ýol bilen täsir edýär. Mysal üçin, geçen ýyl geçimiz gysyr galdy. Emma onuň geçisi bolsa, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ekiz guzlady. Şah çykaryşyny göreňde jynyň atlanýan şol mor geçi hemişe bize bakyp çekreýär. Ýokarda ady agzalan goňşymyzyň narlary hem biziňkiden iri bolýar. Ýaz günleri bolsa, biziň güllerimiz heniz gunçaap ýetişmänkä, onuň daşky gapysyna, ýagny meniň mal ýataklarymdyr odun goýýan ýerime eken gülleri penje-penje bolup açylýar. Men ýazan şikaýatlarymda goňşymyň öz tamyny bilkastlaýyn biziňkiden belent saldyrmak bilen meniň mertebämi peseltmäge synanyşyk edýändigi barada ýazypdym. Geçen gyşda bolsa bu ýeksurun goňşym maňa içigaraçylyk edip, üzüm ýarmaşýan telärlerini hem beýgeltdi. Şeýlelikde, bu ýyl onuň üzümleri hem biziňkä garanyňda has köp getirdi. Bulardan başga-da, oňşuksyz hem netikaza goňşym howlularyna hapa kagyz ýa köne esgi taşlasagam, şol hapa-hupalary ýokuş görüp, olary yzyna, ýagny bize garşy oklamak bilen, howlymyzy hapalaýar. Geçen aýda gyzjagazym Şekgi jan olaryň kül atýan ýeriniň töwereginden ýanmadyk kömürleri çöpläp ýörkä, goňşymyzyň ýurtýykan ogly Jumaşka gyzymyň üstüne omaça, oňurga, pilçe, gapyrga ýaly süňk-saňklary hyýanatçylyk bilen zyňypdyr. Ady tutulan goňşymyzyň iti Gürji hem eýesi ýaly barypýatan utançsyz jandardyr. Ol öz howlularynyň gabadynda jaryň içinde ýabany ösümlikleriň bitýändigine bakman, mydama biziň gabadymyzdaky gamyşlykda ýatyp dynç alýar. Annanazar Haknazarow diýilýän bedasyl ýaşy boýunça menden has kiçidigine garamazdan, iki institut gutarmak bilen, bütin maşgalamyň, şol sanda eý görýän ýassykdaşym, ýagny keýwanym Enekütiniň ýanynda meniň dilimi gysga etdi. O dünýäde neneňsidigini bilemmok, bu dünýäde diplom diýen el ýaly gaty kagyz bar. Jübiňde şol bolmasa, ugran ugruň gömük, ýagny agzyň bilen ak guş al welin, bahaň bir jinnek. Tüýs içýakan, näletkerde goňşym hiç kime, hatda duldegşir goňşusy bolan maňa hem içki syryny aýtmazdy. Bir sapar onuň gijeler ýatman, näme ýazýanyny biljek bolup, bir bahana bilen öýlerine baryp, gapysynyň açar sokulýan deşiginden jyklap durkam, ol bilgeşleýin gabsany zarply açmak bilen, çat maňlaýymyň sakar ganyny sarkdyryp, maňa elhenç suratda ten ýarasyny saldy. Soňky ýyllarda ol göherdiň jyny meniň gaty sesli magnitofonyma hem ýeňil maşynymyň signalyna düşdi. Agşamlaryna oglum Sapbyşka deň-duşlary bilen magnitofon aýtdyrsa-da ýa-da özüm gije turup, özümiň oýadygymy ogrulara mälim etmek maksady bilen ýeňil maşynymyň signalyny uzyn-uzyn gygyrtsamam, ol öýkeläp, meni duşman okundy ýördi. Munuň özi, ol körzehin deýýusyň tehniki progrese garşydygyny subut edýän faktdyr. Iki ýyl mundan öň ol harsydünýäniň işiniň daşyndan ylmy iş ýazmak bilen meşgullanýandygy äşgär boldy. Onuň duýdansyz suratda dissertasiýa gorap, alym bolmagy meni moral taýdan halys çökerdi. Daş gulakdan eşidişime görä, ol näkes doktorlyk dissertasiýasyny hem gutaraňkyrlapdyr. Hernä adalatly ajal jan ýakasyndan ebşitläp tutup, dissertasiýasyny o dünýäde goramaly edäýdi. Soňky günlerde onuň bilgeşleýin meniň düýşüme köp girmegini hem halamadym. Aýdyşlaryna görä, ol bethany baýryň depesindäki seleň ýerde, Begli diýen özi ýaly hyýanatçy, içigara dostunyň mazarynyň ýanynda jaýlajakmyşlar. Eger şu çyn bolsa, onda baýryň üstünde bize oňly ýer hem galjak däl. Eýsem şu adalatlymy? Biziň ýaşaýan köçämize hem onuň adyny dakmagy haýyş etjeklermiş. “Onda köçäniň esasy ýaşaýjylarynyň, şol sanda meniň adymy nirä dakjaklarka?” diýen kanuny sorag gelip çykýar. Gepiň gysgasy, şu gün guşlukda ýokarda ady aýdylan haramzada siziň huzuryňyza barjakdyr. Haýsyňyzyň nobatçylyk edýän sagatlaryňyzda bolsa-da, meniň ganym duşmanym Annanazar Haknazar ogluny bu dünýäde eden günälerini hem-de maňa eden içigaraçylyklaryny nazara alyp, körüň eline büre düşen ýaly berk tutup, eger mümkin bolsa, tenine elektrik toguny goýberip, öliň soragyny bermek bilen, gürzüläp ýençmegi, soňundanam aňrujy boş ýer bar bolsa, şol utançsyzy dowzaha, onda-da sakar dowzaha ýollamagy özümizden uly bolan Sizden towakga edýärin. Men şu ýazgylarymy gizlin suratda merhuma kepen tikilýän pursatda bir bahana bilen onuň jesedine ýakynlaşyp, çatalbasyna gysdyryp ibererin. Özüňiz tapyp alyp, okap, degişli netije çykararsyňyz diýip, umyt edýärin. Onda hoş, sag boluň! Saglykda görşeliň! Saglyk bolsa, bizem bärden bararys. Ýöne ýaňky ady tutulan bozgak kezzaby, biziň öňümizden kepenini galgadyp çykaýmaz ýaly, dowzah oduna ýakyp, külüni göge sowraweriň! Şikaýatçy Orak Aňňal ogly. Berdimuhammet GULOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 04.08.1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |