21:08 Ballar / satiriki hekaýa | |
BALLAR
Satiriki hekaýalar
Biziň edaramyzda bir işgär bar. Öz ady Ballar. Lakamy – Igenji. Igenji diýseň, igenji. Oturýan ýerine suw çykan ýaly, stolunyň başynda oturjak gümany ýokdur. Işgärleriniň biriniň üstüne abanyp, şol dişiniň kirini sorup, nagarasyny döwüp durandyr. Ömür hammam garasyny görmänsoň, endamynyň kiri porsap, geýimleri şorlap, şokurdap durandyr welin, adama göwni ýetmez. Hamana, ol akylyň öýi. Sen bolsa, onuň ýanynda otlap ýören mal ýalysyň. Oturyşyňa, ruçka tutuşyňa, hat ýazyşyňa at dakar, geýim geýnişiňe, galstuk dakyşyňa, saçyňy daraýşyňa jort atyp, kemsider. Üç gezek profsoýuz ýygnagynda Ballaryň meselesine garalyp, ahyrky käýinji berildi. Emma peýda etmedi. Ertesi ýene öňküje bolşy. Beýnilerimizi guş çokasn ýaly çokup ugraýar. Onsoň işimiz ýazan zadymyzy ýalňyşyp, kagyz tokgalap zyňyp oturmak. Edaramyzyň işgärleri günde bir ýola Ballaryň eneden bolan gününi anyklap, onuň pensiýa çykjak möhletini ýakynlaşdyrjak bolýarlar. Emma wagty süýşürip bolýarmy? Şu ýerde men özümiň Ballar igenjiniň hupbatyny ilden iki esse artyk çekýändigimi hem ýatladaýyn. Sebäbi, ol biz bilen bir ýerräkde ýaşaýar. Işe gidişinem, işden gaýdyşynam, Ballar gysyremgek bolup, başymdan inýär. Dynç alynýan günlerem Ballar köçäniň çatrygynda garnyny sypalap durandyr. Daşarda bir zerur işiňe güýmenip duransyň welin, gapdalyňdan gelip, bir aljyradyp ugrar-ow! Işiň ýadawlygy bir ýaňadyr. Kelläň sorkuldap, işiňi taşlarsyň. Olam yzyň bilen öýüňe girip, içeriňe at dakyp ugrar: - Näme üçin diwanyňyz çep dulda? Bu taýda oturgyjyň nä geregi bar? Ýeri ataň-babaň garnitur alyp ýaşapmydy diýsene!.. “Bu musallatdan gutulma ýokdur” diýip ýördüm welin, bir gün obada ýaşaýan gaýyn enem Akyl daýza geläýmezmi! Gelnimem Ballar barada oňa gürrüň beräýmezmi. Çaý içip, gazet okap otyrdym welin, gaýyn enem aralykdaky gapyny batly açyp, ak gyňajynyň uçlaryny arkan taşlap, burunlak, garaýagyz, hyýrsyz ýüzüni öňküdenem kürşerdip, keçämizi ýumruklap ugrady: - Bir utançsyz bedasyla özüňizi horladyp, içiňizde janyňyz ýokmudy? Şu döwürde adamyň adama ezýet berip, rahat dynç almaga, pikirlenmäge, işlemäge, ýaşamaga goýman, durmuşyňyza, ömrüňize talaň salyp ýörenine kanagat edip oturyşyňyza men haýran!.. Akyl daýza-da igenere bahana tapsa, nan iýmän oňýanlardan. Uzyn gün Ballaryň igenjinden bezgek bolan halyma, indi gaýyn enem boragan bolup, üstüme küpürsäp ugrady welin, döw dursun öňünde. Kelläm hum ýaly çişdi. Şu ýerde ajap bir pikir kelläme geldi: “Ir bilen Ballar igenji bilen gaýyn enemi garpyşdyraýsam, öz ýagylarymyň birden biri-hä dep bolar!” - Biz-ä, daýza, halys agzy gowşak bolýasmy-nämemi. Ballardan basylýas! – diýdim. Akyl daýza tarsa ýerinden galdy-da, iki elini ýanbaşyna urdy: - Şol igenji “kellesi kesileni” maňa bir görkeziň, ikini islemez ýaly etmesem, gyňajym itiň guýrugyna! Irden Ballar hasapguşy ýaly gapymyzy garawullap dur eken. Ol hiç zatdan habarsyz bolansoň, hemişekisi ýaly, göwünli-göwünsiz elleşdi-de, ajymtyk ýylgyrmasyny edip, igenjine başlady: - Salam berşiň nähili-aýt? Medeniýetiň ýok, walla! Saňa diýip-diýip, özümde-hä zat galmady!.. “Arkaly köpek gurt alar” diýenleri-dä. Gaýyn enemiň gaýa ýaly bolup, arkamy tutjagyny bilipjik durun. Onsoň, bu gün Ballaryň igenjini çekjek gümanym barmy?! Ýagşyja gaýtargysyny berjek bolup, ýüzüne dogrulanyp seretdim welin, ol elini agzyma goýdy: - Sözüň agzyňda... Şol pursatda Akyl daýza peýda boldy-da, iki elini ýanbaşyna urup, Ballar bilen boýdaş boldy: - Amanmy welin, seň sözüň niräňdemiş? Ä? Ballar beýle oslagsyz garşylyga uçraryn öýtmänsoň, bada-bat haýalçyrap, ýan berdi: - M... men... men!. - Waý-waý, sakawlaýşyň näteňet, oglan seň? Medeniýetliräk sakawlarlar! Şlýapa geýşiň nä tüýsli? Ä? Heý şlýapanam bir şeýdip, äsgermeýän edip geýerlermi? Ýabaga ildiren ýaly depäňe taşlaýypsyň-la! Päpke göterişiň nähili, oglan? Ýene intelligentidirnem diýjekdir! Galstuk dakynyşyň nähili, oglan seň? Waý-waý-eý, edil çermegini oňarmaýan çagalaň uçgur daňyşy-da! Şuňa-da biri neçennik işgärim bar diýip ýörendir. Aýlygam töläp ýörendirler! Bu ýaşda garynjygyňy beýle ugruna goýbermezler, oglan! Waý-waý-eý, dişiniň kirinem ýuwmandyr! Nämäňe ýylgyrýaň diýsene! Burnuňy bir medeniýetliräk çekeweri!.. Weýş, aňyrsynyň hokurdaýşyny! Şuňa-da bir gelin ärim bar diýip ýörmükä?.. Dur, gaçma, oglan! Gyýw, nirä gaçyp barýaň? Ballar ýetişibildiginden maňlaýynyň derini çalyp, öýlerine garşy ökjäni göterdi... Şol günden soň Ballar gaýdyp biziň gapymyzdan geçmedi. Işde-de ýanyma geldigi sagadyma sereden bolup: “Akyl daýzam gelmelidi. Ýetip gelýändir öz-ä!” diýýän welin, ýüzüniň ugruna öz ýerine ýumlugyberýär. Berdimuhammet GULOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |