13:10 Myrry Ýekegulagyñ başdan geçirenleri: Myrrynyñ Jokjoky awlaýşy | |
• BU BAPDA MYRRYNYÑ JOKJOKY AWLAÝŞY GÜRRÜÑ BERILÝÄR
Çagalar edebiýaty
Güýzüñ güni süýr günortanlar gökden bir süri serçe aşak indi-de, bugdaýy orlup ýygnalan meýdanyñ ortasyndaky harman ýerine gondy. Serçeler jürküldeşip, gaty ýeriñ jaýryklaryna siñip galan däneleri çokýardylar. Olaryñ üstlerine howp abanandygyny bilenokdylar. Ýöne olaryñ ýakynjagynda gür sypalyñ içinde garnynyñ aşagy, burny, murty ak, galan ýeri zolak-zolak garamtyl goñur, ýekeje gulagyny dikgerdip oturan Myrry dilini ýalmandyryp, serçeleriñ üstüne towusmaga taýýarlanýardy. Serçeleriñ harman ýerinde ýaýrap, galan-gaçan samanlary, jarlary gyzyldörjük edip ugran pillesi Myrry bat alyp, olaryñ ortarasyna bökdi. Ol böken mahaly, hamana gujagyny serçeden dolduraýjak ýaly gulajyny gerip topuldy. Emma serçeleriñ biri hem Myrrynyñ penjesine düşmedi. Bary gürre ördi-de, ganat ýaýyp göge galdy. Olar ät galyp, dilini ýalmandyryp, goçak gözlerini petredip duran Myrrynyñ üstünden gülýän ýaly: "Myr-ryk! Bar işiñ pyr-ryk!" diýşip, ýene bir sapar ýerläp aýlandylar-da, uçup gitdiler. Myrry ýüzüni göge tutup, tä guşlar gözden ýitýänçä ýalmanyp oturdy. Ol öz-özüne käýindi: - Özüm bir akmak. Hemmesini birden tutjak bolup, ortara bökdüm. Birjigini göz astyna alyp, şoña topulan bolsam, onda bu wagt şorja serçe etini çekelärdim. Bu masgaraçylygy hem edil tañkany kellesine geýip, ile gülki bolşy ýaly, dostlarynyñ baryna äşgär bolar öýdüp, Myrry daş-töweregine göz aýlady. Oñatlyk. Bäri-bärde janly-jemende görnenokdy. Birden onuñ ýakynjagynda biri jakyrdap güldi. Myrry tisginip, şol tarapa garady. Çiliñ üstündäki ýeke çykan ýylgynyñ depesinde alahekek heşelle kakyp gülýärdi: - Jakyr-jakyr! Hä-ä, Ýekegulak pälwan, sen ýene ganatlylara erjeşgin! Görseñ, ganatlylar señ çakyñ däldir. Olar çalasyndyr! Edil agzyñy gum garbadaýýandyr! Agzyñ gumuny bir süpür. Murtuña ýelmeşen samanlary çöple! Jakyr-jakyr! Myrry alahekegiñ öz üstünden gülmegine namys etdi. Içini hümletdi. Oña haýbat atdy: - Eý, jakyr, elime düşäýseñ, ýelekleriñi ütüp, etiñi tüýt-müýt ederin. Süñküni gemrerin! Alahekek öñküsindenem beter jakyrdap güldi. Myrry ondan ýüzüni sowdy-da, başga aw gözlemek üçin Güllüdepäniñ añyrsyndaky sypallyga gitdi. Ýolda ol öz-özüne göwünlik berdi: - Geçen işe ökünme, Myrry han! Aw diýeniñ bagt işidir. Bagtyñ çüwse, aw ganly bolar. Bagtyñ çüwmese, muña etjek alajyñ barmy? Aslynda Myrrynyñ guş awlamaga ukyby ýokdy. Ol her bir işe ýaýdanjañ çemeleşýän, ejiz jandarlara dözümsiz pişikdi. Ol uklap ýatyrka atýalmanyñ çagasy onuñ guýrugyny dişläp gaçsa-da, şony gorka kowalaýardy. Eger ejizje atýalman, uly ili bilen möññüriberse, Myrry ony kowalamasyny bes edip, aşak oturyberýär. Onuñ bir gulagy kesikdi. Elbetde, ony ýaltalykda aýyplaýan gopbam jandarlar onuñ gulagy barada her hili gülkünç gürrüñler ýaýradýardylar. Olaryñ käbiri, hamana Myrrynyñ gulagyny sarygarynjalar iýenmiş diýen ýaly toslamalar tapýardy. Ýene biri Myrry uklap ýatyrka garagol syçanlaryñ biri gaýçy bilen onuñ gulagyny kesipdir diýýärdi. Hakykatda welin, Myrrynyñ gulagynyñ birini gapan kertip alypdy. Ol aw gözläp ysyrganyp ýörką gurulgy gapanyñ üstünden barýar. Gapan tas onuñ boýnundan düşen eken. Ýöne Myrry çalasynlyk bilen yza tesýär. Şonda gapanyñ goşa saly onuñ çep gulagyny gapjaýar... Beýik Aladagyñ etegindäki gür tokaýyñ çetinde akar çeşmäniñ boýunda ýaşaýan Myrryny bu jelegaýlarda tanamaýan ýokdy. Ol ýuwaşja pişik bolansoñ, goñşulary, deñ-duşlary ony gowy görýärdiler. Onuñ bilen bileje oýnaýardylar. Käte olar Myrrynyñ öýüne myhmançylyga gelerdiler. Kämahal bolsa, ony özleriniñkä myhmançylyga çagyryp, alyp giderdiler. Myrry hiç wagt ogurlyk etmän, öz awyny özi tapyp ýören jandar bolansoñ, dostlary häli-şindi onuñ hojalyk işlerine-de kömekleşýärdiler. Aýy pälwan ony peçde ýakar ýaly odun bilen üpjün edýärdi. Towşanmyrat, Horazguly, Kirpigeldi ýylda Myrrynyñ jaýyny remont edip berýärdi... Myrry şol gidişine Güllüdepäniñ töwereginde aw gözläp, güni ikindi etdi. Ahyry mydama atyzlara sepilen bugdaý tohumlaryny şinelänsoñam dörjeşdirýän Jokjoky Myrrynyñ girisine düşdi. Jokjoky dok bugdaý başyny tapyp, ony çüñküne gysyp, ganatlaryny ýaýdy. Birden onuñ çüñkündäki bugdaý başy aşak gaçdy. Jokjoky şony aljak bolup, ýene ýere gondy. Şol demde Myrry ony gabyrdadyp basdy. Onsoñ agzyna aldy-da, öýüne bakan gaýdyberdi. Ol tutan awyny Alahekege görkezjek bolup, harman ýeriniñ ýanyndan aýlanyp gaýtdy. Emma alahekek uçup giden eken. Her niçik-de bolsa, Myrrynyñ awy oñdy. Ol tutan awyny goñşulara görkezjek boldy. Eger goñşular onuñ guş tutandygyny göräýseler, ertiriñ özünde "Myrry asmandan uçup barýan ganatly guşlary tutup bilýän, erjel awçy eken" diýen mahabatly gürrüñiñ bütin tokaýa doljakdygy ikuçsyzdy. Emma, içiñi ýakaýyn diýen ýaly, goñşularyñ bary gün ýaşanyndan öýli-öýüne sokulypdyr. Jokjoky görgüli Myrry Ýekegulagyñ ýiti dişleriniñ awysyna çydaman köp urundy. Ol Myrra ýalbaryp gördi. Oña ýaranjañlyk etdi. Myrrynyñ edermenligini taryplady: - Myrry, sen zor! Sen örän ökde awçy. Entegem ösersiñ. Ýogsa-da, Myrry, sen näçinji ýylda doglan-a? Menddn ululygyñ-kiçiligiñ nähilikä? Ä? Ol her edip-hesip edip, Myrryny gepletjek bolýardy. Myrry hem ahmal däldi. Agzyny açaýsa, jokjokynyñ sypyp gitjekdigi ýadyndady. Şonuñ üçinem, agzyny ýarman, onuñ bir sowalyna-da jogap bermän, sag-aman öýüne geldi. Ol daş işikde guşuñ ýeleklerini ütüp başlady. Jokjoky jögülige ýüz urdy: - Eý, wäk! Myrry, näme agyrýan däldir öýdýärmiñ-aýt! Her ýelegimi sograñda janym çykara gelýä! Soñea ol Myrrynyñ dyrnaklary syh-syh penjesine ýapyşyp, ony saklady: - Myrry, eşidişime görä, sen halal süýt emen bolmaly. Hiç wagt ýalan sözlemeýärmişiñ. Ogurlyk etmeýärmişiñ. Haram ete agyz urmaýarmyşyñ. Örän adalatly, gerçekmişiñ! Myrrynyñ başy aýlanyp ugrady. Ol murtuny sypalady: - Ýogsam näme! - Eger şeýle bolsa, şu ýerde sen ýalñyş iş edýäñ. Elbetde men indi ölümimi boýnuma aldym. Ýöne ölüm jezasy berleniñem iñ soñky sözi diñlenýändir! Eşidişime görä, sende bir uranda gara daglary para-para edýän jöwher pyçak barmyş. Eger meni iýjegiñ çyn bolsa, şol pyçak bilen meniñ damagymy çalyp, ýagşyja halalla! Şonda men senden razy bolup, arkaýyn gözümi ýumaryn! Men dyzasamam sypmaz ýaly, ilki goýun güýlen ýaly iki aýagymy mäkäm çat! Bu sözler Myrrynyñ göwnüne jaý göründi. Dogrudanam, jokjokynyñ etini pudarlap, ýuwup-ardyp, gazana salsañ onuñ tagamynyñ üýtgeşik boljakdygy çyn. Myrry bir ýerden ýüpjagaz tapyp, guşuñ iki aýagyny berk çatdy. Onsoñ aşpyçagyny almak üçin öýüne girdi. Pyçagy çalgy daşyna çalyp ýiteltdi. Pyçagyñ ýüzüne penjesini degrip, onuñ kemsiz ýitelendigine göz ýetirdi. Ol pyçagyny alyp arkaýyn daş çykdy. Jokjokyny güýlüp taşlan ýerine bardy. Guş ýerinde ýokdy. Myrry hyrçyny dişläp, töwerege göz aýlady. Bir görse, jokjoky hol günebakarlaryñ üsti bilen ganat ýaýyp uçuo barýar. Myrry özüniñ aldananyna gynanyp, köp ahmyr etdi. Berdimuhammet GULOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |