17:11 Ata gapjyk / ýumoreska | |
ATA GAPJYK
Satiriki hekaýalar
Obada Ata atly kän bolansoñ, il-gün olaryñ hersini lakamy bilen aýyl-saýyl edýär. Onsoñam, bilip goýuñ, türkmenler "Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz" diýýändir. Adamlaryñ hersine bir sebäp bilen lakam galýar, ýagny her adamyñ lakam alşynyñ özboluşly, gyzykly taryhy bar. Bu hekaýaty men obadaşym Ata gapjygyñ öz dilinden eşitdim. - Nätjek-dä, şo gezek şeýdip... bir söý bilen lakam galdy-da! Marynyñ mal bazarynda göleli sygrymy diýen bahama satyp, puluny teletin gapjyga urdum. Içi sap ýüzlükden, ellilikden doly gapjygymy gaçyraýmaýyn diýip, penjegimiñ goltuk jübüsine saldym. Bazardan saýlandym. Päliýamanyñ biri timisgenip yzyma düşýän bolaýmasyn diýip, assyrynlyk bilen yzyma garadym. Hudaýa şükür, yzarlaýan ýok. Güýz gününiñ salymy ýok-da. Gün ýaşmanka, obamyza gidýän awtobusa ýetişjek bolup, näçe ylgasamam, gijä galdym. Bu gijäni şäherde geçirip, obamyza ertir irden gitmegi ýüregime düwdüm-de, köne bazaryñ ýakynynda ýaşaýan Kakajan daýymlara ugradym. Pyýada iki ýana selpäp ýörseñ, ýadalýar, iki aýagyñ gurap gidýär. Suwsap, agzym tapbat ýaly boldy. Murgabyñ üstünden geçýän Pyýadaköpriniñ agzyndaky piwohana sowlup, bir kürüşgäni ýelmedim. Şonda-da ganmadym. Bular ýaly ysy bark urup duran tagamly piwo nirede gören zadym! Ýene-de bir kürüşgäni alyp, çaýyrlykda çökdüm. Gün ýerine girende, men üçünji kürüşgäñ daşyna geçip, ony ýarpylapdym. Egrem-egrem bolup, boz bulanyp akýan tereñ derýa syn edip otyrkam, özüm ýaly bir ýaş ýigit "Dünýä haýran galyp otyrmyñ? Görseñ, bu dünýäñ añyrsyna ýetip bilýän dälsiñ! Gaty çylşyrymly gurlandyr!" diýip, kürüşgesini alyp ýanyma geldi. Gury çaýryñ üstünde gazet düşenip, aýbogdaşyny gurup oturdy. Çilim hödür etdi. Şol ýigit bilen gümür-ýamyr edişip, garañky gatlyşýança oturypdyrys. Men gaty gijä galman, Kakajan daýymlara ýetmek üçin ýerimden galdym. Aşak eglip, köwşümiñ bagjygyny berkitdim-de, gürrüñdeşim bilen hoşlaşyp, ýola düşdüm. Daýymlar bilen aralykda äteñet garañky, çola köçe bar. Şol köçe bilen köwejekläp, üýşenip, köne haýatlaryñ, agaçlaryñ düýplerine gorka-gorka garap, haýdap barýarkam, yzymda bir aýak sesi peýda boldy. Gañrylyp seretdim. Hakyt bir gara yzymdan ylgap gelýär-dä! Ol ylgaşlap, meni tutjak bolýana meñzeýärdi. Meniñ gaçyp ugranymy bilip, "Dur! Eý, dursana!" diýibem gygyrdy. Göleli sygryñ giden bir bahasy jübiñdekä, bular ýaly garańky köçede hiý-de durup bolarmy?! Allany çagyryp, Kakajan daýymlara bakan ýazzyny berdim. Yzymdan gelýänem ýyndam eken. Ökjämi sydyrdyp, barha golaýlaýardy. Ol tutuk ses bilen zol-zol "Dur!" diýip gygyrýardy. Bir sapar ol "Dur! Gapjygyñy..!" diýen ýaly boldy. Meni howsala basdy. "Äh-ä, gördüñmi, bu haramzada meniñ ýanymda pully gapjygyñ bardygyny bilýän eken. Megerem, bazarda sygyr söwdasyny edenimizdw meni göz astyna alandyr! Şondan bäri yzyma düşüp ýören talañçydyr bi. Ýa piwo aljak bolup gapjygymy çykaramda, pulumyñ kändigini görendir-de, "Çola ýere çykaýsañ bor!" diýip, yzyma düşendir! Garaz, her zat etmeli welin, gapjygy halas etmeli!" Indi aýaklarym ýer galtanok. Soñabaka aýaklarymyñ ysgyny gaçdy. Dabanym dagy zerzaw boldy. Ahyry çyraly çatryga ýetdim. Şol ýerde eli taýakly daýylaryñ birem gezim edip ýör eken. Şoña arkalanyp, ýagtyrak ýerde aýak çekdim. Meni kowalap gelýän milisioneri görüp, yzyna ökje göterer öýtdüm. Ol gorkman, ýagty ýere çykdy. Ýanyma geldi. Demi demine ýetmän, zordan gepledi: - Dost, nätdiñ-aýt?! Bolsa-da ylgadyp, janymy aldyñ! Al gapjygyñy! Görsem, onuñ elinde meniñ pully gapjygym. Müýnürgäp, ýüzüne seretdim. Asyl ol ýap-ýañyja meniñ bilen bile oturyp, piwo içen ýigit bolsa nätjek! Ýañy köwşümiñ bagyny berkitjek bolup aşak eglemde bir zat çaýyrly ýere gaçan ýalam bolupdy-la! Men bu bolan işe haýran galyp, gapjygy elime aldym. Ýigide minnetdarlyk bildirip, elini gysamda, utanyp ýüzüne garap bilmedim. Ertesi oba geldim. Kimiñ görüp, kimiñ ýaýradýanyny Alla bilsin. Gapjykly gürrüñ öz gelmänkäm, oba dolan eken! Päheý-de welin! Berdimuhammet GULOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |