22:13 Şum habar / hekaýa | |
ŞUM HABAR
Satiriki hekaýalar
Ir bilen edaramyzyň işgärleri ýaňy ýerli-ýerine geçip, işe başlaýanda biz bilen bir kabinetde oturýan Jora taýpy öňdenem salyk ýüzüni boz-ýaz edip, gapydan girdi. Papkasyny stolunda goýup, grafinden suw içen bolup, barmaklary bilen gözüniň owasyny ölledi-de, top atylan ýaly etdi: - Siziň zatdan habaryňyz ýok. Başlyk keselhanada demini sanap ýatyr! Bu ýakymsyz habary eşidip, beýleki otaglardanam ylgaşyp gelenler boldy. Elbetde, gynanyldy. Günortan jemlenişip, başlygyň yzyndan baralyň, sorap gaýdalyň diýşildi. Bazardan başlygyň agzyna ýaraýjak zatlary almagyňam maslahaty edildi. Ýöne birden Jora taýpy ýene topuny gümmürdetdi: - Sorarlygy galmandyr-la! Baran-geleni tananok. Men-ä “Ýoldaş, Goçgulyýew, ýagdaýyňyz niçik?” diýdim welin, çala iňňildäp: “Sesiň-ä gelnejemiň sesine meňzeş. Annasoltan gelneje-e-e!” diýdi. Onsoň biliberiň-dä, adam bolarmy-bolmazmy! Täze başlyk gözläberiň! Joranyň soňky sözleri işgärleriň birenteginiň böwrüni diňletdi. Öňdenem wezipe hantamaçylygy bilen gezip ýören işgärleriň merkezi organlarynda neneňsi öwrüm-çöwrümleriň bolandygyn-a biljek däl welin, günortan işgärleň başy jemlenmän, başlygy soramagy soň bir gün goýmaly etdiler. Işgärleriň özüne göwni ýetýänleri umumy gürrüňçilige-de goşulman, agras, salyhatly görünmäge ýykgyn edip ugrady. Dek düýnüň özünde degşip ýören ýoldaşlarymyz bu gün oturyp-turanlarynda, ýöränlerinde gomparyşyp, “pöhe-pöhe” edişip, elýaglyk bilen ýüzlerini ýelpeşip, hondanbärsireýärdiler. Pugta syn eden adam işgärleriň käbiriniň bir-biriniň geýnüwine, çendenaşa sypaýysyramagyna göriplik bilen garaýandyklaryny duýjakdy. Munuň özi edaramyzda eýýäm wezipe ugrundaky şol aýbygadym göreşiň şineläp ugrandygynyň alamatydy. Başlyk bolmaga darkaş edýänleriň barynyň bagtynyň çüwmejegi belli. Bagt guşy bir adamyň başyna gonar. Şolam Goçgulyýewiň stoluny eýelär. Adam bary bir-biriniň ädimini sanap ýördi. Bu göreşde ýekeje ýalňyşlygyň seni çyzykdan çykaraýmagy bolup biljek zatdy. Edarada derdinişmek, biri-biriňe syryňy aýtmak galdy. Öňki ýaranjaňlar indi jansyzlara öwrüldi. Bir ýerde degşip aýdan sözleriňem şol günüň özünde maglumat hökümnde tamakinleriň bloknotlarynyň sahypalarynda daşa ýazylan ýaly bellenilip goýulýardy. Bir-biriňi göreňde ýöneje: “Kim bolar öýdýäň-aýt!” diýilýärdi. Şol indi saglyk-amanlyk soraşyldygy. Basdaşlyk edýänleriňi agsatmagyň, ony “oýundan” çykarmagyň ähtibarly ýoly ýokarlardan tanyş tapynmak hem-de şikaýat ýazmak hasaplanýar. Indi şol ýazylýan şikaýatlarda: “Pylanyýew ölen başlygymyzyň guýrugydy” ýa-da “Pylanyýewiň başlyk bolmaga ukyby ýok. Ol ölen başlygymyz Goçgulyýew pahyryň süňňüni agardypdy” diýen ýaly jümleler peýda bolýardy. Adam bary was-was boldy. Tamakinler gije ýatman, plan biçýärdi, kelle döwýärdi. Nädip başlyk bolmaly? Nädip? Nädip? Edaramyzyň gabadynda galtaklyja gelip, derman satýan kempirde öňler gözi eglenmeýänler indi ony başyna täç edinjek bolýardylar. Çakyza, kellagyry, ýüregagyry, guragyry... dermanlary aldygyna alynýardy. “Şu dermanlary içen adamlar neneň däliräp, düze çykaýmaýarka?” diýen howatyrly pikirler kelläňe gelýärdi. Ýöne şol dermanlary içýänler kellelerine taýak degen ýaly saňňyldaşyp ýörselerem, gaýrat edip ýaşap ýörler. Gaýtam, özünden pesräk işgärleri görenlerinde tüýs azyýaran başlyklaryň edişi ýaly, ýalandan ýylgyryp: “Gurawjamysyň, pylany? Näme kemçilik bar? Bizden bitmeli işiň bolsa, çekinmegin-de, ýüz tutaýgyn! Men sen hakda gowy pikirde!” diýmäni-zadam başarýar. Sahawatly adam diýdirjek bolup, janly soýup, gizliginje oturylyşyk gurýanlaram bardy. Elbetde, şol soýulýan mallaryň wezipä geçmek üçin sadaka aýdylan janlylardygyny hemmämiz aňýarys... Işgärleriň arasynda tamakinleriň biriniň ýarmarkada sygan aýala täleý garadandygy hakda myş ýaýrady. Palçy: “Öňki başlygyňyz-a basym amanadyny tabşyrýar. Onuň ýerine egni çal kostýumly, galstukly, goşary altyn sagatly, al köýneginiň ýeňleri altyn ilikli uzynak, dolmuş, çal saçy iki bölünip, köprägi depesinde birýana agyp duran, ýüzi nurana kişi başlyk bolýar. Täze başlyk giň kabinetde beýik stolda gaýşarylyşyp, gözi irişmeli äýnekli arz sorap otyr!” diýenmiş. Pah, palçynyň beren sypatyna girjek bolup, tamakinleriň gören külpetlerini! Elbetde, karz-kowal alnyp, altyn sagada, altyn ilige, çal kostýuma ýetildi. Ýöne yssyda penjekli, galstukly gezmek kyndy. Boýy kelteräkler uzynagrak görünjek bolşup, ökjesi beýigräk köwüşli gezdi. Inçemigräkler dolmuş boljak bolşup garynlaryna ýukarak ýassyk daňdy. Negözel garasaçlar çalymtyk reňke boýaldy. Saçy düşenler, keller sargyt edip, Moskwadan, Kiýewden, Daşkentden oturtma saç getirtdi. Hantamaçylyk gursun! Öňler irişmeli äýnek görsem, ýüregim bulanýar diýip ýörenlerem indi şol äýnegi dakynýar. Şol äýnekleriň gelişýäni bar, gelişmeýänem. Käbiri jylaw salnan gäwmişe meňzese, birenteklerini görende aw iti ýadyňa düşýärdi. Palçynyň aýdyşy ýaly, stolda gaýşarylyp oturmak tamakinleriň hemmesiniň ýadyndady. Ýöne welin, ýüzi nuranalyk! Ah, şol nuranalyk bar bolsun! Gijeler uklaman, ýowuz kesellere ýolugyp, saňsar bolşup ýören pyýadalarda hany ol aýdylan nurana ýüz? Hernä himiýa bularyň maňlaýyndan diredi. Tamakinler özleriniň erkek kişilerdigini unudyp, aýallaryň ýüze çalýan her dürli reňklerini, pudralaryny tapyp, şoňa zor beriberdiler. Mahal-mahal “Birden Goçgulyýew sagalyp, ýene işine geläýse, şu adamlar näderkä?” diýen gyzykly sowal hakydaňa gelýärdi. Ýöne şol demde: “Eý-how, wezipeparazlyk keseli bilen däli-porhan bolan adamlar indi Goçgulyýewiň müň janyndan birini goýjakmy? Ol ölmese-de, şu adamlar bogup öldürer welin, pällerinden gaýtmaz” diýen jogap zompa çykýardy. Ine, bir gün irden şol öňki ýaly, säher çagy, işgärleriň bir-birine göz edip, stolda gaýşarylyp oturan mahaly Jora taýpy gapydan girdi. Onuň iç işikde agaç ýuwdan ýaly sömelip durşy gorkunçdy. Onuň ýüzi ölüm habaryny getireniňkä meňzeýärdi. Gara galdaw zöwwe ýerinden turdy-da, gijen gözlerini yşyga çykan syçanyňky ýaly edip, ýeserje ýylgyrdy: - Ölüpmi bende? Ahyry amanadyny tabşyrypdyr-da. Jaýlamaga-da gitmeli bor-ow ony! Päheý, gel-gel şu yssyda öläýşini! Jora taýpy özne gelişmeýän irişmeli äýnegini sypyryp, tahyla taşlady-da, ýarak it ýaly jabjyndy: - Ölermi, ol? Halha, kabinetinde işläp otyr öňküsi ýaly! “Işgärler bilen görüşmänimize-de köp wagt boldy. Göresim gelip gitdi. Günortan bäş minutlyk ýygnansynlar meň ýanyma” diýdi. Agşamam öýüne oturylyşyga çagyrjakmyş! Goçgulyýwiň “öldi” habary gelenem bolsa, mundan gowy bolardy. Näçe aý bäri gijelerini gündiz edip, wezipe ugrunda janserek bolşup ýören pyýadalar serpmeden gaýdan ýaly boldy. Uzyn boýlar peseldi. Oňurgalara agram salnyp, arkan gaýyşýan göwreler salparyp, stola ýelmeşdi. “Nurana” ýüzleriň persi şol demde bozulyp, kürşerildi, mürşerildi. Garaz, bolubileni boldy. Berdimuhammet GULOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 19.07.1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |