14:07 Myrry Ýekegulagyñ başdan geçirenleri: Myrrynyñ gemrijiler bilen söweşi | |
• MYRRY GEMRIJILER BILEN AÝGYTLY SÖWEŞE GIRÝÄR
Çagalar edebiýaty
Myrry gije bir ol egnine, bir bu egnine agdarylyp, krowadynyñ çalamydar söýesini aşak gaçyrdy. Garañkyda ony ýerine eltip bilmedi. Düşeklerini ýere düşürip, düýpdäki keçäniñ üstünde ýatdy. Ol kellesini ýassyga goýanda gulagyna bir üýtgeşik galmagal geldi. Myrry diñşirgendi. Ýeriñ aşagynda syçanlar, alakalar deprek kakyp, tans edýärler. Şol barmana olar köplük bolup aýdym aýdyp başladylar. Myrry, Myrry myrryldar, Uzak gije horruldar. Myrry janyñ garnynda Gurbagalar gurruldar. Myrry janyñ öýünde Garynjalar gyrmyldar. Myrry janyñ tüýünde Bit-büreler ýörmüldär!.. Myrrynyñ gahary geldi. Ol çyrasyny ýakdy-da, stola geçdi. Gemrijilere gazaply hat ýazmaga oturdy. Ol hatynda goñşuçylyk hatyrasyny saklap, şu çaka çenli syçanlara, alakalara dözümli daryşmandygyny, indi bolsa sabyr käsesiniñ dolandygyny, gemrijilere garşy aýgytly hüjüme geçjekdigini ýazdy. Hatynyñ soñuny: "Bir gije-gündiz pursat berýärin. Ýigrimi dört sagadyñ içinde meniñ goraýan ýerimden gümüñizi çekip, göçüp gitmeseñiz, onda men rezin turba bilen hiniñize suw goýberip, baryñyzy gark ederin!" diýip gutardy. Myrry hatyñ aşagyna goluny çekdi. Onsoñ hatly bukjany togalap burçdaky hine dykyp goýdy. Soñ ýerine geçip ýatdy. Öz bitiren işinden hoş bolup uka gitdi. Ertesi ol oýanan badyna burçdaky hine garady. Onuñ haty äkidilipdir. Diýmek, Myrrynyñ gazap bilen ýazan haty Köralaka baryp ýeten bolarly. Myrry turup, düşeklerini ýygnady. Ýuwunmak üçin daşaryk çykyp barýarka stolda ýatan hatjagazy gördi. Myrry syçan dilinde ýazylan bulaşyk setirleri okamaga oturdy: "Eý, Ýekegulak! Sen bize murtuñy pezzerdip, boş haýbat atma! Sen arpañ gylçygy ýaly murtuñdanam, boş haýbatyñdanam gorkýan ýok. Eger uruşmak isleýän bolsañ, biziñ begler begimiz Alakabeg seni söweşe çagyrýar. Seniñ masgara bolup ýeñlip, söweş meýdanyndan guýrugyñy gysyp gaçjak pursadyñ daşda däl. Eger gaýratyñ bar bolsa, şu gün ir sagat onda Güllidepäniñ añyrsyndaky takyra çyk! Gözüñ näme görýär! Eger uruşmaga gorksañ, onda şu bolşuña geziber. Gaty gitseñ, abat gulagyñy goparyp, eliñe bereris. Onsoñ adyñ Myrry Gulaksyz bolar! Söweş meýdanynda garaşýarys!" Myrry ýuwundy, ertirlik naharyny edindi. Onsoñ dostlaryny maslahata çagyrdy. Ol ýagdaýy mälim etdi: - Dostlar, men gemrijiler bilen söweşmäge gidýärin. Elbetde, olar köplükdir. Eger dolanyp gelmesem, razy boluñ! Aýy pälwan Myrrynyñ arkasyna kakdy: - Dost, senem ýeke dälsiñ! Biz seniñ diri ýeriñde diri, öli ýeriñde öli! Nirä gitseñ, ýanyñ bilen gideris! Horazguly hem guşagyndan asylgy pyçagynyñ sapyny sypady: - Hawa, dost, biz ýanyñda borus. Asgynlasañ, arkañda durarys!.. Beýleki dostlary hem Myrry bilen söweş meýdanyna gitjekdiklerini aýtdylar. Myrry aşpyçagyny guşagyna gysdyrdy. Onsoñ dostlar göçgünli aýdym aýdyşyp, Güllüdepä bakan ýöriş etdiler. Güllüdepäniñ aşak tarapyndaky ala meýdanda syçanlardyr alakalar sap-sap bolşup nyzama düzülipdirler. Syçanlar, alakalar ýeke-ýekeden nyzamdan çykyp, bir düýp çerkeziñ düýbünde çarh aýlap oturan garry syçanyñ ýanyna baryp gaýdýardylar. Ol ýerde urşa girjek nökerler dişlerini çarhlaýardylar. Olaryñ käbiriniñ dişin dyngysyz aýlanýan çalgy daşyna degende uçgun syçraýardy. Ortaradaky şor tümmekde tutulan gyzyl çadyryñ öñünde otuz sany syçan ýüzüne dişleri saññy, başyna täç geýen Köralakanyñ şekili çekilen gara baýdagy dik tutup durdy. Şol ýerde söweş depregi kakylýardy. Myrry Güllüdepäniñ üstünde bir hatar bolup dostlaryndan saýlanyp, takyr meýdana iýndi. Ol ilki özüniñ aşpyçagynyñ sapyny gysymlap, gaýşaryp üstlerine barýanyny görenlerinde agyr goşun basga düşüp gaçyp başlar öýtdi. Elbetde syçanlaryñ, alakalaryñ arasynda sandyraýanlar, gözjagazlaryny tegeläp, bir-biriniñ yzynda bukulýanlar bardy. Ýöne nyzamy bozulman durdy. Birden gyzyl çadyryñ işik kilimi syrylyp aýryldy. Ol ýerden kemsiz ýaraglanan Köralaka ýanynyñ janpenalary bilen çykdy-da, nyzama duranlaryñ ortarasynda goýlan boşluk bilen bärligine ýöriş etdi. Ol Myrrynyñ duran ýerine ýakynlaşanda egine atylgy oýlugyny sypyryp taşlady. Murtlaryny taýly gezek sypalady. Onsoñ egri gylyjyny gynyndan sogurdy-da, galkanyny ykjam tutup, Myrra topuldy. Söweş depreginiñ sesi güýçlendi. Köralakanyñ yza galan janpenalary dürbi bilen öz serdarlarynyñ hereketlerini sypdyrman synlap durdular. Olar Körlalakanyñ ýeñiş gazanjakdygyna ynanýardylar. Köralaka körmüş gözlerini ýyldyradyp, gylyjyny Myrrynyñ depesinden iýndermek üçin galdyrdy. Myrry munuñ üçin gözünem gyrpmady. Ol pezzerip duran murtlaryny iki ýanlaýyn sypady-da, dişlerini syrtardyp, haýbatly seslendi: - Ma-aw! Köralakanyñ gylyçly goly asmanda doñup galdy. Ol indi bütin durky bilen sandyraýardy. Myrry penjesi bilen Köralakanyñ gulagynyñ düýbüne bir ýapdy. Duşman gylyjyny, galkanyny ýere gaçyryp, aýaklarynyñ üstünde zordan saklandy. Ol guşagyna gysdyrylgy iki ýüzli gamasyny sogrup alyp, täzeden hüjüme geçdi. Myrry Köralakanyñ bilinden gujaklady-da, onuñ aýaklaryny ýerden saýlady. Onsoñ bar güýji bilen duşmanyny takyr ýere pylçap urdy. Köralaka señseledi. Bir haýukdan özüne gelip, hasyrdap ýerinden galdy. Ol üstüne abanyp gelýän Myrryny gördi-de, gaçmak bilen boldy. Myrry onuñ guýrugyndan gysymlap tutdy-da, aýlap-aýlap göge zyñyp goýberdi. Myrry Köralakany şeýle bir batly zyñdy welin, syçanlaryñ serdary şol bada asmanda gözden ýitdi. Asyl ol gaýdyp ýere gaçmady. Ol ýa-ha orbita çykdy ýa-da geçip barýan bürgüdiñ penjesine düşdi. Sap tutup duran syçanlardyr alakalaryñ nyzamy bozuldy. Olar ýerli-ýerden hasyrdaşyp gaçyp başladylar. Özlerini guma uran syçanlaryñ, alakalaryñ dabanyndan göterilýän tozan asmana göterildi. Günüñ öñi dumanlady. Güllüdepäniñ üstünde duranlar şowhun bilen gygyryşdylar: - Ur-ha! Myrry ýeñdi! Söweşde ýeñiş gazanan gahrymana berekella! Olar gelip, Myrryny gujaklap, ony ýeñiş bilen gutladylar. Kirpigeldi öz teklibini aýtdy: - Geliñ, ýeñiş toýuny toýlalyñ! Towşanmyrat hem öz ýüregindäkini aýtdy: - Ýeñiş toýuny etmek gowy zat. Ýöne toýy ertir Myrrynyñ täze kepbesinde oturyp toýlalyñ! Ynha men size düşündireýin welin, size aýan bolar. Syçanlar, alakalar ýerli-ýerden gazyp, Myrrynyñ külbesini tozdurdylar. Şu gün biz üýşüp, kepbäniñ içini-daşyny suwalyñ, hek çalyp agardalyñ. Poluny bejerip, reñkläliñ. Ertir agşamlyk bolsa Myrrynyñ goşlaryny ýerbe-ýer goýuşdyryp, onuñ köne tañkasynyñ deregine satyn alan semawarynyñ daşynda üýşüp, toý toýlalyñ! Bu teklip hemmeleriñ göwnünden turdy. Olar uly şatlyk bilen işe başladylar. Berdimuhammet GULOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |