03:59 Diwana / hekaýa | |
DIWANA
Hekaýalar
Men ol diwana ýol ugrunda ýüz gezeg-ä gabat gelendirin. Egnindäki sulba eşikleri, özüni saklap bilmän galdyrap barşy oňa bakanyň ýüregini awadýardy. Bolup barşyny görenler artan-süýşen ownuk pullaryndan sadaka bermek üçin elini kisä soksalarda onuň betnyşan sypatyndan elheder alyp gyra sowulýardylar. Onuň titir-titir edýän dodaklaryndan diňe: «Sadaka beriň, sadaka» diýen sözden başga zat eşdilenok. * * * Ýarmät brigädiriň ogly Meýlis çagajyk wagty hem özdiýenlidi. Ýaňy murty taban döwürleri nas satyp ulag almaga pul toplapdy. Ulag aljakdy, emma gulluga gitmeli boldy. Gullukdan gelýänçä ondan kän bir habar-hatyr bolmady. Ol gullukda wagty agasy Mekan onuň pullaryny hezil edip sowurdy. Meýlisiň nas satyp ýygnan puly ep-esli bar eken. Emma näçe baýlygam bolsa, üstüne damyp durmasa gutarmak bilen. Mekan inisiniň pulundan doly el ýuwup oturybermänkä köneje «Opel» edindi. Ulag edinensoň gar syrap dursada, ýagyş guýup dursada taksi edýän bahanasy bilen öz keýpi-sapasynda tozap ugrady. * * * - Baba traktyrçynyň öýi nirdekä? - Hä, kolhozyň permesiniň ýanynda ýaşaýan Sona daýzanyň ärini aýdýaňyz dälmi? - Aý, kimiň äridigini bilemok, Baba traktorçy diýdiler ýöne. - Başga Baba atly traktyrçy ýok. - Onda şol bolmaly. - Ýöne Baba traktyrçy türmede ýatyr ahyr. - Menem şony aýdyp durun-da inim...-kellesi kepkaly daýaw kişi garşysynda duran çepiksizje oglana uýatly ýaly garady-.-Inim bilen ýatyr Baba traktyrçy. Bir hatjagaz goýberipdi. Şol amanaty beräýjekdim. Çepiksizje oglan: -Ýörüň men size Baba traktyrçynyň öýüni görkezeýin. * * * Şeýle ýagdaý bütin ömre maňa ezýet berýär. Kämahal bigünä halyna azaba-güzaba galan adamlara gabat gelýärsiň. Soňky demlerini sanap ýatan agyr hassa ýa-da eklenjini ýitiren maşgalanyň hor-homsy ýaşaýşyna şaýat bolýarsyň. Olara eliňden gelen kömegi edesiň gelýär, emma özüňden bir teňňe hem artmaýandygyna janyň ýanyp aglasyň gelýär. Şol wagt «Bularyň ýagdaýyny Alla jan görmeýärmikä, ýardam etmek üçin gaýypdan perişdelerini zady goýberäýende bolmaýamyka» diýen ýaly bir geň oýlar kelläňe gelýär. Olara kömek edip bolmazmyka diýip alaç gözleýärsiň. *** - Meniň inim ýoldaşyňyz Baba aga bilen bir kamerada otyr eken. Baýak yzyndan gidip geldim. Baba agany hem gördüm. Hal-ýagdaýlary gowy eken. Oba barsaň biziňkilere hem aýlanyň, hal-ýagdaýlardan habar beriň diýip sargady. Sona gapydan girip gollaryny owkalap duran atýüzli kişä näme diýjegini bilmän aljyrady. «Geliň, gapyda durmaň ahyry, düşege geçiň» diýesi geldi Öýde erkek adamyň ýokdugyy ýadyna düşüp horluk basdy, hamsykdy. Habar getiren ýagdaýa düşünip gaýtmak bilen boldy. Gapydan çykyp barýarka säginip - Hä, neme gelin, Baba aga bir hatjagaz berip goýberipdi. Görýäňmi huşum galmandyr, şu hat üçin gelibem, ýene gowşurman gidip barýan, men aňy giden. Atýüzli kişiniň goltugyndan çykaryp uzadan kagyzyny eline alan Sona onuň çykyp gidenini hem bilmän galdy. Baba traktorçy hatynda «Sona, meniň zyndanda ýatmagyma Ýarmät brigädiň ogly Meýlis kezzap günäkär. Meni ýoldan uranam şol, kisäme gereýin salyp tutduranam şol eken. Men bu zatlara bu ýere gelen soň bildim. Siz bir olardan gaça duruň!» diýip ýazýardy. *** Mekan agşam goňşy oba oturyşma gidipdi. Şäherden bet gyzlar geljek diýip şepesi Batyr jaň etdi. Oturyşmada içilen içgi öte köp düşdi. Ertir irden turanda goňşy obadan çykan ýeriňde ýoluň gyrasynda ýatyrka özüne geldi. Maşynyň öň aýnasy düşdüşiň tory ýaly bolup ýatyr. Agşamky bolan wakalary ýadyna bulam-bujar bolup düşdi. Kellesi ýarylyp barýan Mekan sene-mene edişen oglanynyň tumşugyny gözöňüne getirjek boldy. Bolmady. Ýöne özüniň: «Näme bu gyzlar seň bajyňmydy? Bajyň bolsada agzyna berýän şularyň» diýen sözleri ýadyna üzlem-saplam düşdi. Şondan soň bolan wakalar ýadyna düşenok. Howa çigrekli eken. Ýol ýakada beýdip göz-gülban bolup ýatmaýyn diýip özüni rastlap dikeldi. Oba ýetip barýarka 6-7 ýaşlyja oglanjygyň elinden tutup ýoluň gyrasynda duran gyzyň gapdalyndan wazlap geçip barýarka: «Näme eliňi salgaýaň ýetimçe bajyňy...» diýip sögündi. *** Diwana şäheriň köçelerinde wagty-biwagty diýmän şol aýlanyp ýörşi. Ertir säher bilen bazara howlugyp barýan adamlar oňa söwdam oňsun diýip onuň gataňsy aýasyna teňňe tutdurýardylar. Ikindiniň gyzyl şapagy goýalyp iňrik garalyp barýarka hem ol sandyrap «Sadaka beriň, sadaka müň bir belany sowar» diýip nirädir birýana howlugyp barýandyr. Hon-ha, eli tor sebetli gelin çekilibiräk oňa teňňe uzatdy. Diwana teňňeleri garbap alyp, gelniň ýüzüne alarylyp bakdy: -Gelin, syrkaw ýatan ekizleriňi alada etme, basym taý ýaly bökjekläp giderler. Gelin tisginip gitdi. Çagalarymyň ýaraman ýatanyny nirden bilýärkä? *** Sona gyzynyň ýoluna garap oturşuna öz-özünden dowla düşdi. «Giden ýeriňde uzak eglenme diýip zynharlap aýtdym. Geläýmeli ahyr, ikindi bolup, iňrik garaldy. Baryndan beter Kemal jany ýanyna goşup goýberdim, howada sowuk, çaga doňandyr». Gapy açyldy, uýasynyň elinden tutup içeri giren Kemaljyk: - Eje, biž geldik, ýöne men ýaman üşedim meýdan buž ýaly sowuk eken-diýip jedirdedi. Sona: - Wah-wah balajygym, hany gel gujagyma-diýip, körpesini bagryna basdy. Körpejäni ezizläp otyrka gyzyna igendi-Näme wagtynda geläýmel-ä gün giçlänsoň howa sowaýar, bileňokmy! Uzuk ejesine naýynjar garap: - Eje jan, daýzam daýyň gelmese biziň çözjek zadymyz bolmaz, sandygyň açaryda şonda-diýdi.-Onsaň garaşmaly boldy. Öýe gaýdyşyn ýolda bir maşynam tapylmady. Bir Ýarmät birgadiriň ogly Mekan gara maşynyny gaty sürüp gapdalymyzdan geçip gitdi. Oňa el galdyryp hem ýetişmedik. Sona uludan demini alyp, rahatlandy: -Gowy bolupdyr, zyýany ýok-diýdi. Uzuk ejesiniň sözüne düşünmän galdy. Gyzynyň sözlerini diňläp oturan Sona, ýanýoldaşynyň diwardan garap oturan suratyna seredip, . «Doňzuň agy nä, garasy nä?.. Dogry dälmi Baba jan!» diýip, oňa sözüni makullatmk isledi. *** Diwana kişi keramat eýesi. Munuň şeýledigine özümem bir sapar şaýat boldum. Ýanýodadan pete-pet gelen iki sany geýnüwli kişä ýüzlendi: -Alla ýoluna aýdan-diýeniňiz bolsa bereweriň-diýip, hortap goluny serdi.-Allanyň dilegçisi, diwana geldi. Iki kişiniň daýawy agzyny gyşartdy: -Ikindinranyň kölgesi ýaly bolup kim-aý bi? Gymmatbaha bagana telpekli uzyn kişi: -Alkaş-daýt gezip ýören-diýdi.-Häzir bir manat berseň, derrew gidip wino içýär. Daýaw kişi ýoldaşyna garap diwanany itip ýoluny dowam etdi. -Pul bamy byň ýaly haramzadalara... Diwana olaryň yzyndan garap, titir-titir edip özüni saklap bilmän duruşyna: -Öýüňe ýetmän öljegiňden habaryň barmy, eý dowzahy –diýip, birhili gargaýan ýaly pyşyrdady.-Ýygnan haram pullaryňam haýry degmez saňa. Daýaw kişi bäş ädim hem ätmän sakga durdu-da, birden ýüregini tutup, gürpüldäp gaýtdy. Ýanýodanyň gyrasyndaky daşa degip maňlaýy ganjardy. Birden bolup geçen hadysa ör-gökden gelen uzyn kişi ýoldaşyny özüne getirjek bolýardy. Olaryň gapdalyndan biperwaý geçip barýan diwana bolsa: -Eşhedu ellä ilähä illallah, we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resulu...-diýip, öz ýanyndan kelemýi şahadat gaýtaryp barýardy. *** Meýis gullukdan geldi. Haňlap ýatan howluda ony garşy alan bolmady. Ata-enesi ýogalansoň, gelnejesem uzak saklanmandy. Narkoman äriniň döşüne at depen ýaly edip, öz getiren zatlaryny syryp-süpürip, bir iňňe hem galdyrman çykyp gitdi. Howla girip, biraz säginen Meýlis bu zatlar hakda aklynyň ýetdiginden oýlandy. Hemmesi gowy bolar, gazanan pullarym bilen düzeder ýaly zady düzederin, galanynam görübereris. Gapydan girip diwanda çäşerip ýatan agasyna seredip duruşyna: -Näm-ow aýynyň elinden sypan ýaly gök-ala bolup ýatyrsyň-diýdi. Mekan başyny galdyryp: -O-ho, inim jan gelipdir-diýip, ysgynsyzja ýylgyrdy.-Begenjimiň çägi ýok. Meýlis agasynyň ýasama begenjine kinaýa bilen ýylgyrdy: -Bilýän- begenensiň. Men gideňsoň öýdäki pullary pytradyp hezil edipsiň. Bu kellepatyrlygyň bilen gazanan zadyň boldumy?! Mekan inisiniň sowalyna hiç zat diýip bilmedi. Meýlis ýatan ýerinden galyp, iki bükülip oturan agasyna sowal bermesini dowam etdi: -Gelnejemem-ä goýberipsiň! -Özi günäkär kemçiniň. -Çagalaryň hakyna zat diýmeli däl ekeniň-dä! -Itden bolan gurbanlyga ýaramaz, inim, çagalaram owarra bolsun. Meýlisiň gahary geldi: -Baý, akylly bolupsyň-a. Ondan-a meň gazanan pullarymy tap, haramzada. Seň ýaly ysnat bolanymdan malýataga geçip özümi asyp ölerdim. Mekan ýerinden turup inisiniň alkymyna dykylyp bardy: -Näme diýýäň sen, agaň bilen şeýle gepleşmelimi?! Meýlis berdaşly gollary bilen oy itiberip goýberdi. -Barsan-aý, meň başyma horaz boljak bolma. Özem bilip goý men ýene pul tapyp geldim. Bir torba pul getirdim. Ýöne ýerden gulluga gidendir diýýäňmi. Ol ýerde diňe puluň içinde ýüzüp gezdim, emma indi saňa kör-köpük hem bermerin. Aç ölmejek bolsaň götüňi berip hem bolsa günüňi görersiň. *** Bulutlaryň arasyndan çala yşarýan Aýyň şuglasy şäheriň yşyklarynyň ýanynda hiç zatdy. Diwana ýagty köçeleriň gyrasy bilen şäheriň köne mähellesine girip barýardy. Bi ýerde dar köçeleriň iki tarapynda bir-birine ýapyşdyrylyp salynan jaýlaryň san-sajagy ýokdy. Diwana dar köçeleriň garaňkysynda hasasyny tyrkyldadyp barýar. Ol bu ýerde beýleki jaýlardan saýlanyp oturan belent jaýyň gapdalynda sägindi. Kaşaň howludan çişlik bişirilýänini buşlap mazaly ys bar urýardy. Diwana kaşaň jaýyň gabat garşysyndaky howluda bir zada güýmenip ýören göwreli gelne seretdi. Soň «Hudaýymnyň hasaby köp, durma geçiber diwana» diýip öz ugruna hüňňürdäp ýoluny dowam etdirdi. Gidip barşyna gapdalyna ýüzüni öwrüp, göwreli gelne gözüni alardyp: «Şeýtanyň lukmasy şirin görüner, haram lukmanyň ysyny alma, göterip ýören perzendiň ynjamasyn» diýip gaýtalaýardy. Emma gelin ony eşderden uzakda galypdy. *** Ýarmät birigadiriň Nurmät nasçy diýen inisi bir ermeni aýala öýlenip, şäherde galypdy ir döwür. Ony köne adamalar bilýär. Meýlis Nurmät kakasynyň ogly Artury gözläp tapdy. Arturyň şäheriň «Nahalstroý» diýen böleginde kaşaň howlusy bar eken. Bütin ömrüne nas-çilimden başlap, beň-tirýek ýaly neşeleri satan kakasynyň kesbi ogluna miras geçipdi. Ýeňil eklenç ony gaty baýnatdy. Sary saçlary ýörite buýra-buýra edip bejerdilen Arturyň özüne meňzäp duran ýöne garaýagyz doganoglan inisini görende ýüregi gobsunyp gitdi. Rusçadan başga dil bilmeýän Artur inisini bagryna basyp, oňa türkmençeläp bir zat diýesi geldi. Meýlis hem doganoglan agsyny halady. Ikisiniň jyny jyňkyryşdy garaz. Artur ýyljyraklap: -Gyzlar gelýä agşam - diýdi. -Täze towar hem getirerler şonda, dadyp görüp alybermeli, bratyşka. Meýlis: -Ýok men saňa ynanýan-diýdi-da diwanyň üstünde goýan torbasyny açyp görkezdi. Torba dürli pullardan agzyna çenli doludy. Artur guwanç bilen gözlerini güldürdi: -Ýo-maýo- diýip, başyny ýaýkady.- Sen hakykatdan hem meniň inim ýaly-la! Meýlis diwardan özüne garap oturan Nurmät kakasynyň suratyna seretdi. Nurmät kakam pahana meňzeş eken. Birden hemme zat duýdansyz bolup geçdi. Gapy kakyldy. Artur allaniçigsi boldy. Gapy ýene batly-batly kakyldy. «Içindäkiler gapyny açyk, daşyňyz gabaldy». Ses güýçlendirijiden eşidilýän ses Artury bilen Meýlisi tok urana dönderdi. Artur ejesiniň ene dilinde bir zat diýip, diwara bir ýumruk berdi. Soňam Meýlise: -Bratyşka bu gelenler oparetiwny gruppa, sen çorny hod bilen çykyp gaçmaga synanyş, belki bagtyň çüwer – diýdi. –Men bu musorlary saklajak bolaýyn. Meýlis ters tarapdaky gizlin gapydan çykyp, howlynyň daşyna ylgady. Emma köçede duran degenek ýaly polisýa işgärlerini görüp, saklandy. Säginip, özüni ele aldy-da, egnindäki bir torba puly howla girilýän ýerdäki ýabyň tokurtgasyna dykdy. Töweregine garady, hiç kimiň pul bukan ýerini görmändigine göz ýetirdi-de arkaýyn bolup polisiýa işgärlerine tarap gaýtdy. *** Men ol diwana müň gezek dagy gabat gelendirin. Her gezek hem kisämi sermenip ownuk-uşak şaýlarymy sadaka bereýin diýýän. Emma her gezek bir zat bolýar. Elbetde, nesibe däldir-dä... Bu gezek hem ol maňa şäheriň çola mähellesinde gabat geldi. Ýene öňküsi ýaly oda atsaň tütemejek köne-küşül sulbalaryny süýräp, sandyrap garşyma geldi-de: -Sadaka ber-diýip gorkunç sesi bilen dillendi.- Sadaka ber, Allanyň hakyna. Onuň özüme bakýan yşnaksyz gözlerini görüp tisginip gitdim. Derrew elimi kisäme sokup teňňe gözledim. Hiç zat geplemän oňa sadakalyk teňňämi uzatdym. Ol çalasyn hereket bilen şapba goşarymdan tutdy-da meni özüne çekdi. Men ör-gökden gelip tasdan gygyrypdym. Diwana alarýan gözleri bilen gözümiň içine garap: - Hol, ýabyň tokurtgasynda bir torba pul ýatyr-diýip, goşarymy sypdyrdy. Men zähräm ýarylara gelip honda towsup düşdüm. Ol bolsa hezil edip güldi. Men onuň agzynda ýekeje dişiň hem ýokdugyny gördüm. Diwana öz ýoluna gidip barşyna: - Indi näçe ýagşylyk etjek diýseň ediber - diýip hüňňürdeýärdi. Sylapberdi MUHAMOW. Daşoguz şäheri. 10.02.2018 ý. Surat: W.W.Wereşagin / "Türkmen" | |
|
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |