13:30 Dolanmak / hekaýa | |
DOLANMAK
Hekaýalar
Gadyryň köne derdi täzelenip, halys basmarlapdy. Indi oňa içýän däri-dermanlarynyňam nepi degmeýärdi. Çagalaram töwereginde hozanakdy. Ol agyrylara çydaman, töweregindäkilerden dalda gözleýärdi. Ýogsam hut öten agşamam uly oglunyň: — Kaka, lukmanlara sala saldym, ýagdaýyňy düşündirdim. «Gyssagly hassahana girip, bejergi almagy gerek» diýdiler — diýenine-de gulak gabartman, ör-gökden gelipdi. Çünki ömrüne hassahana girip görmedik adam üçin ol ýer içgysgynç bolup görünýärdi. Bu gün welin onuň ahyna-wahyna seredilmedi, asyl onuň özüniňem garşylyk görkezmäge haly bolmady. Çagyrylan dessine daş işikde peýda bolan «Tiz kömek» ony hassahana alyp gitdi. Ol şäher hassahanasyna ýerleşdirilende, demini sojap-sojap alýardy. Şepagat uýalarynyň ikisi onuň ýanyndan aýrylanokdy. Aslynda, hassalyga uçran adam ynjyk bolýar. Gadyr bolsa hasam ynjykdy, was-wasdy. Lukmanlaryň: «Operasiýa etmeli boljak» habaryny eşidende aljyrap: «Öwezi çagyryň, agamy çagyryň! Ol gelmese bolmaz» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryberdi. * * * Öwez aga Gadyrdan üç-dört ýaş çemesi uludy. Gadyr maşgalasy bilen köpden bäri şäherýaka obalaryň birinde ýaşaýardy. Agasy bolsa dogduk obasynda mugallymçylyk edýärdi. Olaryň biri-birini görmänine esli ýyl bolupdy. Dogan doganyň didaryny görende, ikisiniň hem ýürekleri gowzapdy. Olar gujak gerip salamlaşdylar. Gadyr gözýaşa boguldy, Öwez aga welin merdemlige saldy. Inisini uzak wagtlap görmäninemi, nämemi, onuň göwnüne Gadyryň birmahalky dolmuş göwresi çekilip, duluklary salparypdy, gözleri gamly görünýärdi. Hassanyň göwnüni galkyndyrmak, ruhuny götermek häzir ähli zatdan möhümdi. Oňa ýap-ýaňy lukmanyň beren tabşyrygam şeýledi. Öwez mugallym muňa gowy düşünýärdi. — Gadyr, inim. Maňa üç sagat mundan öň habar etdiler. Iş-güýç gözüme görünmedi. Gaýdyberendirin. Gadyr birbada geplemedi, agasynyň ýüzüne mölterilip seretmek bilen oňaýdy. — Men lukmanlaryň bilenem gürleşdim. Olaram: «Gorkuly zat ýok» diýdiler. — Sag bol, agam. Ýagdaýym erbet däl-le, ýöne ur-tut «Operasiýa etjek» diýseler, gyssanjyma: «Öwez gelsin, çagyryň, agamyň razylygyny alman rugsat bermen» diýdim. — Çagyryp dogry edipsiň. Ruhdan düşme. Ökde lukmanlar bar. Hemmesem: «Iniňiz basym gutulyp gider, birneme wagt gerek» diýýärler. — Öwez, agam, biziň aramyzda düşnüksizligem bolupdy. Görseň, herki zadyň ahyry geljek ekeni. Gözümi ýumsam, düýşümde seni görýän. Seni ynjydanyma dünýä sygyp bilemok. Ýersiz-ýere öýkeläpdirin. Sen meniň günämi öt, bagyşla. — Inim, biziň aramyzda bagyşlap-bagyşlamaz ýaly bolan zat ýok. Häzir o gürrüňleriň wagty hem däl. Maňa häzir ähli zatdan beter seniň dertden saplanyp, maşgalaň arasyna aman-sag gowuşmagyň zerur. Şol wagt lukmanlar gelip, Öwez aga zala çykmaly boldy. Lukmanlaryň biri Gadyra golaý geldi-de, onuň bilen hal-ahwal soraşdy. Soňam: — Ýaňky ýaşuly agaňmy? — diýdi. — Hawa — diýip, Gadyr onuň sözüni soňlaryna garaşdy. — Şeýledirem öýtdüm. Gowy agaň bar, ýüregi ýumşak, dözümsiz. Hemme kişä-de şular ýaly aga nesip etsin. Bu gün ähli barlaglaryň jogaplaram geldi. Gowy habarymyz bar, edilen emler endamyň çişini aýyrdy. Ýüregiň urşy hem kadaly. Operasiýa edilmegine päsgel berjek zat ýok. Gadyr elleri bilen dyzyny owkalaşdyrdy-da: — Hawa, lukman, dem alşymam gowulandy. Näçe wagt iýip-içibem ugrum ýokdy. Işdämem açyldy. Ýöne içimde bir agyry bar, tutan mahaly çydar ýaly däl — diýdi. — Bizem şol agyryny aýyrmagyň gürrüňini edýäs-dä! Häzir agyryň aýrylar ýaly sanjym ederler, esasy zat, gutuljagyňa öňi bilen özüň ynanmagyň gerek. Ynam bar ýerinde, alynmajak gala, ýetilmejek menzil ýok. Aslynda, sen bu ýere agyr haldakaň getirilipsiň. Operasiýa ertir öýläne bellenildi. Hassahanadan çykyp baraňsoňam, lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. Aram-aram hassahana girip, bejergem almaly borsuň. Indi bolsa ýat, dem-dynç al. Lukmanlar çykyp gidensoň, Gadyr başyny ýassyga goýdy. Durmuşa umytly garady. * * * Operasiýa etmeli wagty ýetip geldi. Öwez agany hassanyň ýanyna saldylar. — Agam, geldiňmi? — Biziň hemmämiz şu ýerde. Enşalla, şowly geçer, basym aýaga-da galarsyň. Gadyr bozuldy. — Agam, meni... meni oba äkitgin! Söz berýäňmi? — Elbetde. Näçe ýyldyr oba gara bereňok. Göwnüň obanyň dagyny-düzüni küýseýändir, bilýän. Äkiderin, ähli çagalaryňam alarys. Entek şu dertden bir dynaly. Öwez aga Gadyryň sözlerinden başga many almady. Ýogsa Gadyryň: «Meni oba äkit» diýmegi, «Bolmasyz bir iş bolaýan ýagdaýynda, meni bu ýerlerden göter, obama aşyr, dogduk obamyň topragyna tabşyrylaýyn» diýdigidi. Muňa ol soň düşünip galdy. Operasiýa esli wagta çekdi. Birhaýukdan lukmanlar çykdylar. Öwez aga ilki bolup çykan professordan: — Lukman, hassaň haly niçik? — diýip sorady. Professor ýadaw halda gürledi: — Operasiýa gowy geçdi. Alada edere zat ýok. — Sag boluň, lukman. Ony görmek bolarmy? — Häzir bolmaz. Özüne gelýänçä, garaşmaly bolarsyňyz. Öwez aga begençli habary Gadyryň çagalaryna ýetirmäge howlukdy. Öwez aga Gadyryň çagalaryny aram-aram öýlerine gaýtarýardy, özi welin soňky iki gijäni hem şu ýerde geçiripdi. Ol gözleri bilen şol bir ýapyk gapyny nyşanalap otyrdy. Birdenem şepagat uýalarynyň biri gapydan çykdy-da, göni bularyň ýanyna geldi. — Gözüňiz aýdyň, hassaňyz özüne geldi. — Şükür, Alla dileglerimizi kabul etdi — diýip, hemmeden öň Bessir eje dillendi. — Gyzym! — Öwez aga şepagat uýasyndan sorady — Men hassany görüp bilerinmi? — Elbetde, ýörüň, men sizi hassaň ýanyna elteýin. Siz Öwez aga-ha dälsiňiz, ýaşuly? — Hawa, Öwez, hassaň agasy. — Hassanyň gözüni açyp, ilkinji aýdan sözem Öwez boldy-da! Öwez aga ak halady egnine atdy-da, şepagat uýasynyň yzyna düşdi. Inisini görüp, Öwez aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. — Gözüň aýdyň, inim! Gadyr çalaja baş atdy. — Indi hemme zat gowy bolar. Sag-salamat çykyp, öýe baraly, toý sadakasynam uludan ederis. Gadyryň kalby goş basyp ýatan gussa-gaýgylardan saplanana meňzedi, özüni rahat duýdy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |