18:28 Döredijilik öwüşgini | |
DÖREDIJILIK ÖWÜŞGINI
Edebi makalalar
Milli edebiýatymyz hem halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary bilen bilelikde ösýär, özgerýär, döwrebaplaşýar. Bu şeýle bolaýmalam. Çünki edebiýatam, jemgyýetçilik ýaşaýyşynyň beýleki ugurlary ýaly, halkymyzyň medeniýetiniň, dünýägaraýşynyň bütewi düzüm bölegi bolup durýar. Häzirki döwürde milli edebiýat, sungat, jemgyýetimizi jebisleşdirmäge, şonuň netijesinde-de jemgyýetimiziň ähli döredijilik kuwwatynyň bir ugra gönügen ägirt uly akyma jemlenmegine ýardam berýär. Şeýle hem edebiýat we sungat, tutuş jemgyýetiň aňyýetiniň arassalygyna, şol jemgyýeti edara edýän döwletiň ruhy-medeni binýadynyň berkemegine düýpli goşant goşýar. Şol bir wagtda-da edebiýat hem sungat, tutuş halkyň aň-düşünjesiniň, ahlak derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmegiň netijeli serişdesidir. Mälim bolşy ýaly, milli edebiýat we sungat eserlerinde gözellik, ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, arassalyk, halallyk, sagdyn ýaşamak, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan, türkmeniň “sary maňyz ýaly” diýýän päk garaýyşlary çeperçilik bilen şöhlelendirilýär. Şeýle garaýyşlar halkyň aňyýetinde näçe köp boldugyça jemgyýetiň ruhy dünýäsi, medeniýeti, ahlagy şonça-da kämil bolýar we jemgyýetiň hem şahsyýetiň ahlak, adamkärçilik taýdan yzygiderli kämilleşmegine getirýär. Döredijilik adamlary bolsa gönüden-göni jemgyýetiň şol ruhy dünýäsini döredýän, ony döwrebaplaşdyrýan we özgerdýän adamlardyr. Ýazyjylaryň biri öz kärdeşleri hakda “ynsan kalbynyň inženerleri” diýen ýörgünli adalgany oýlap tapanda hem döredijilik adamlarynyň hut şu aýratynlygyny göz öňünde tutýar. Ýazyjy-şahyr, suratkeş, nakgaş, heýkeltaraş, aýdymçy-sazanda, artist ýa-da alym, tapawudy ýok, olar edil türkmeniň hakdan içen şahyry Gurbannazar Ezizowyň sungat hakynda şygryndaky ýaly, eline ýiti keseri alýarlar-da, ynsan kalbynyň ähli artyk lokga bölegini ýonup, ondan “ajap eseri” döredýärler. Elbetde ähli döwürlerde-de ömrüni edebiýata, sungata ýa-da döredijiligiň başga ugurlaryna bagyşlan adam özüni “eline galam beren illeriň” öňünde borçly duýupdyr. Şu günüň türkmen jemgyýetiniň döredijilik adamlarynyň baş wezipesi hem öz eserlerinde jemgyýetimiziň, döwrüň keşbini çeper beýan etmek bilen bir hatarda, halkymyza gadym döwürden bäri mahsus bolan asylly häsiýetleri açyp görkezmekden ybarat. Şonuň bilen birlikde-de her bir döredijilik adamsy öz eserinde mukaddes saýylýan ynsan kalbynyň ymaratyny gurmakda, ony ajaýyplaşdyrmakda öz “çeper binagärlik” ussatlygyny sünnäläp ulanmaly. Bu ugurdan yhlasly zähmet çekýän, ýazyjy hem şahyrlaryň biri-de Sylapberdi Muhamowdyr. S.Muhamow edebiýat bilen meşgullanýan adamlarda seýrek duş gelýän ýagdaý – birwagtda çeper edebiýatyň kyssa hem şygyr görnüşlerinde ýazýar. Şol birwagtda onuň 2010-2019-njy ýyllarda “Daşoguz habarlary” gazetiniň Syýasy-jemgyýetçilik habarlary bölüminde uly habarçy wezipesinde işläp toplan tejribesi, onuň ýurdumyzda galamyny ezber ýöredýän žurnalist hökmünde tanalmagyna-da getirdi. Netijede onuň 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy, onuň birnäçe ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli zähmetiniň mynasyp serpaýy we guwandyryjy miwesi boldy. Sylapberdi Muhamowyň döredijilik işine ýaňy on sekiz ýaşy dolup-dolmanka, 1997-nji ýylda başlandygyny we häzirki wagtda onuň çeper döredijilik ýolunyň çärýek asyrdan gowrak wagty öz içine alýandygyny göz öňünde tutup, onuň soňky ýyllarda ýazýan şygyr hem kyssa eserleriň many we mazmun taýdan has baýlaşandygyny nygtamak bolar. Elbetde, Magtymguly atamyzyň: “Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat” diýşi ýaly, Sylapberdi Muhamowyň döredijiligine onuň orta ýaşa ýeteňkirläp, öz döredijiligine, durmuşyna täzeçe, has goýazy nazar bilen garap başlamagy-da täsirini ýetirýändir. S.Muhamowyň dürli ýyllarda ýurdumyzyň döwürleýin neşirlerinde yzygiderli çap edilen kyssa we şygyr eserlerini seljerip, bir zada göz ýetirýärsiň. S.Muhamowyň çeper döredijiliginiň mazmuny we gerimi juda giň hem köpugurly. Watan, güýz, dostluk, söýgi, bakylyk, ynsanperwerlik, wepalylyk, türkmen sährasynyň ajaýyplygy ýaly onlarça temalar onuň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mysal üçin, S.Muhamow “Watan” goşgusynda özüniň çeper gahrymanyny şeýle “gürledýär”: Söwer ýary mundan boş gitmesin diýp, Ýarlar serpaý etse ogul bäbegi, Ata ojagyndan daş gitmesin diýp, Bosaga gömýäler onuň göbegin. ...Bosagaň astyna göbegmi däl-de, Käbäm ýürek urşumy gömen ýaly-la?!. Ýa-da S.Muhamowyň “Güýz duýgulary” atly goşgusynda onuň liriki gahrymany şeýle “sesli oýlanýar”: Duýgularym boýnyýogyn hyzmatkär, Sus otyrlar, dilin dişläp, syr saklap. Bu giçki güýz per berenok paýhasa, Döşün tutup noýabrda gaýlara. Lemmer-lemmer bulutlaryň göçüni, Ýel oýnaýar, kä dagydyp, üýşürip. Hol aşakda köle düşýän suduryn, Synlap, görýär öýdýä güýz öz düýşüni. Edil şonuň ýaly, S.Muhamowyň “Keremli sähra” atly goşgusy, ajaýyp ülkämiziň seleň sährasynyň päkizeligini açyp görkezýän şu täsirli setirler bilen tamamlanýar: ...Salgy bermeseňem gitjek, Ýolbelet bolar yhlasym. Hekimiň ýanyna gitjek, Keşt edip türkmen sährasyn. Ak gülli çygly ýodadan, Giň äleme aşyk deýin, Atym münmän, pyýadaja, Men seleň sähra gideýin. Ýokarda bellenip geçilişi ýaly, S.Muhamow çeper edebiýatyň diňe bir şygryýet görnüşinde däl, eýsem kyssa ugrunda-da galamyny işjeň ýöredýär. Ýigrimi ýyla golaý wagt bäri onuň ownukly-irili kyssa eserleri ýurdumyzyň dürli neşirlerinde yzygiderli çap edilýär. S.Muhamow kyssa eserlerem okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşy alynýan ýazyjy. S.Muhamowyň kyssa eserleriniň häsiýetli aýratynlygy, ol esasanam özüniň hekaýalarynda durmuş hakykatyny çeper hyýal bilen çakdan aşa bezemän, wakalarydyr gahrymanlary mümkin boldugyndan durmuşa ýakyn edip şekillendirmäge ýykgyn edýär. Onuň eserleriniň esasy beýan edýän wakalary ynsan gatnaşyklaryna, söýgi meselesine bagyşlanýar. Mysal üçin, S.Muhamowyň şeýle eserleri hökmünde “Iň soňky aw”, “Toýda”, “Nebis”, “Marala meňzeş gyz”, “Päk söýgüniň ak gülleri”, “Tüweleý” atly hekaýalaryny görkezmek bolar. Şonuň ýaly-da ýeri gelende S.Muhamowyň kyssa eserleriniň kiçi görnüşi bolan diňe hekaýa ýazmak bilen çäklenmän, “Jadylanan daglar” atly romanyň, “Kaknus guşlar” we “Gijäniň öýi” ýaly iri göwrümli eserleriňem üstünde işleýändigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, islendik çeper eser üçin ilkinji jümläň – ilkinji sözlemiň iňňän wajyp ähmiýeti bar. Çünki, ilkinji jümle, iň bolmanda ikinji jümläni okamaga imrikdirýär. Olam gyzykly, özünçekiji bolsa, indikini... Hut şonuň üçinem kyssa eserini döretmek bilen çynlakaý meşgullanýan ýazyjylarda “ilkinji jümle duýgusynyň” bolmagy möhümdir. Sylapberdi Muhamowyň kyssa eserleriniň aglaba köpüsiniň ilkinji sözlemini okanyňda, ýazyjyda şol zerur duýgunyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Mysal üçin, onuň “Päk söýgüniň gülleri” atly hekaýasy, ine şeýle ilkinji sözlem bilen başlanýar: “Al-asmandan gaýmalap gelýän gar tozgajyklaryny gözigidijilik bilen synlap duran Nowruz: -Megerem, bu ýagýan gar, gyşyň iň soňky gary bolmaly,-diýip çak etdi”. Göräýmäge adaty bolan bu ilkinji sözlem, hekaýany okap başlan badyna, okyjynyň hyýalynda nähilidir birhili penje-penje gar latgalary asmandan gaýyşyp gaçýan garlyk, sowujagam bolsa mähriban manzarany (şekili, peýzažy) emele getirýär. Nowella görnüşinde ýazylýan hekaýalar hakykatda şeýle bolmalam. Şeýle hekaýalaryň sözlemleri edil ezber nakgaşyň elindäki inçesüýüm çotgajyk deýin, öz beýan etmekçi bolýan wakalaryny örän gysby, sada, duýgudan dyňzap duran nepislik bilen şekillendirmeli. Elbetde munuň ýaly gysgajyk synda hiç bir ýazyjyň ýa-da şahyryň döredijilik usullarynyňam, döredijilik dünýäsiniňem doly seljermesini geçirip bolmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Şonuň üçinem milli edebiýatymyzyň zehinli ýazyjylarynyň hem şahyrlarynyň biri bolan Sylapberdi Muhamowyň döredijiligi hakyndaky pikirlerimi şu sözler bilen jemläsim gelýär. Edebiýaty öwreniş ylmyndan belli bolşy ýaly, çeper hyýal bilen durmuş hakykatyny biri-biriniň içinden eriş-argaç geçirip taýýarlanan hamyrmaýasyny, ynsanyň iň ýagty duýgularyna ykjam eýläp döredilen eser hakykatdan hem adamlary özgerdýän eser bolýar. Şeýle eserlerem bir ýa-da iki adamy däl-de, adamlaryň aglaba köpüsini özüne imrindirýär, olaryň kalbyny gozgap, olary özüne ýürekdeş tutunýar. S.Muhamowyň şygyrlarydyr, kyssasy hem adamlary özüne ýürekdeş tutunmagy başarýan eserleriň hataryna girýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň: “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgelerine esaslanyp, günsaýyn pajarlap ösýän ýurdumyzda milli edebiýatymyzyň ähli görnükli wekilleriniň il-günümize ýagty duýgulary paýlaýan eserleriniň höwri köp bolsun. «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň elektron goşundysy «7/24.tm». №08 (143), 20.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||